Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 39
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Äjit goşuny bilen ýok ediler (1—10)

      • Hamon⁠-⁠Äjit deresindäki mazar (11—20)

      • Ysraýyl dikeldiler (21—29)

        • Hudaý ysraýyla ruhuny inderer (29)

Hyzkyl 39:1

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:2
  • +Hyz 27:13; 32:26

Hyzkyl 39:2

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:4, 15

Hyzkyl 39:4

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:21
  • +Ylh 19:17, 18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 182

Hyzkyl 39:5

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:33

Hyzkyl 39:6

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:22

Hyzkyl 39:7

Parallel aýatlar

  • +Işa 6:3
  • +Hyz 38:16

Hyzkyl 39:9

Çykgytlar

  • *

    Sowuk ýarag hökmünde ulanylýan ujy ýogyn taýak.

Parallel aýatlar

  • +Zb 46:9

Hyzkyl 39:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Äjidiň goşunynyň deresi.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:2
  • +Hyz 39:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 182

Hyzkyl 39:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 21:22, 23

Hyzkyl 39:13

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:16

Hyzkyl 39:15

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ölini jaýlaýanlar.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 39:11

Hyzkyl 39:16

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Köpçülik.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 39:12

Hyzkyl 39:17

Parallel aýatlar

  • +Işa 34:6—8; Ýer 46:10; Sep 1:7
  • +Ylh 19:17, 18

Hyzkyl 39:20

Parallel aýatlar

  • +Hyz 38:4—6; Hag 2:22; Ylh 19:17, 18

Hyzkyl 39:21

Parallel aýatlar

  • +2Ms 7:4; 14:4; Işa 37:20; Hyz 38:16; Mel 1:11

Hyzkyl 39:23

Parallel aýatlar

  • +2Tr 7:21, 22
  • +5Ms 31:18; Işa 59:2
  • +3Ms 26:24, 25; 5Ms 32:30; Zb 106:40, 41

Hyzkyl 39:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: adyma ýürekden wepaly bolaryn.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 30:3; Hyz 34:13
  • +Hoş 1:11; Zek 1:16
  • +Hyz 36:21

Hyzkyl 39:26

Parallel aýatlar

  • +Dan 9:16
  • +3Ms 26:5, 6

Hyzkyl 39:27

Parallel aýatlar

  • +Ýer 30:10; Ams 9:14; Sep 3:20
  • +Işa 5:16; Hyz 36:23

Hyzkyl 39:28

Parallel aýatlar

  • +5Ms 30:4

Hyzkyl 39:29

Parallel aýatlar

  • +Işa 32:14, 15; Ýow 2:28
  • +Işa 45:17; 54:8; Ýer 29:14

Umumy salgylar

Hyz. 39:1Hyz 38:2
Hyz. 39:1Hyz 27:13; 32:26
Hyz. 39:2Hyz 38:4, 15
Hyz. 39:4Hyz 38:21
Hyz. 39:4Ylh 19:17, 18
Hyz. 39:5Ýer 25:33
Hyz. 39:6Hyz 38:22
Hyz. 39:7Işa 6:3
Hyz. 39:7Hyz 38:16
Hyz. 39:9Zb 46:9
Hyz. 39:11Hyz 38:2
Hyz. 39:11Hyz 39:15
Hyz. 39:125Ms 21:22, 23
Hyz. 39:13Hyz 38:16
Hyz. 39:15Hyz 39:11
Hyz. 39:16Hyz 39:12
Hyz. 39:17Işa 34:6—8; Ýer 46:10; Sep 1:7
Hyz. 39:17Ylh 19:17, 18
Hyz. 39:20Hyz 38:4—6; Hag 2:22; Ylh 19:17, 18
Hyz. 39:212Ms 7:4; 14:4; Işa 37:20; Hyz 38:16; Mel 1:11
Hyz. 39:232Tr 7:21, 22
Hyz. 39:235Ms 31:18; Işa 59:2
Hyz. 39:233Ms 26:24, 25; 5Ms 32:30; Zb 106:40, 41
Hyz. 39:25Ýer 30:3; Hyz 34:13
Hyz. 39:25Hoş 1:11; Zek 1:16
Hyz. 39:25Hyz 36:21
Hyz. 39:26Dan 9:16
Hyz. 39:263Ms 26:5, 6
Hyz. 39:27Ýer 30:10; Ams 9:14; Sep 3:20
Hyz. 39:27Işa 5:16; Hyz 36:23
Hyz. 39:285Ms 30:4
Hyz. 39:29Işa 32:14, 15; Ýow 2:28
Hyz. 39:29Işa 45:17; 54:8; Ýer 29:14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 39:1—29

Hyzkyl

39 Ynsan ogly, Äjide+ garşy pygamberlik et. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Meşeh bilen Tubalyň+ baştutany Äjit, men saňa garşy söweşerin. 2 Seni yzyňa öwrerin. Uzak demirgazykdan çykaryp+, Ysraýyl daglaryna getirerin. 3 Çep eliňdäki ýaýyňy, sag eliňdäki okuňy urup gaçyraryn. 4 Sen Ysraýyl daglarynda heläk bolarsyň+. Sen-de, ähli goşunlaryň-da, halklaryň-da heläk bolar. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam ederin“+.

5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Sen açyk meýdanda ölersiň+, sebäbi muny men aýdýaryn.

6 Men Mäjidiň we adalaryň asuda ýaşaýan halkynyň üstüne ot ibererin+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler. 7 Ysraýyl halkyma mukaddes adymy tanadaryn; mundan beýläk mukaddes adyma dil ýetirtmerin. Şonda halklar Ysraýylda Mukaddes Hudaýyň+ mendigimi, Ýehowadygymy bilerler+.

8 Pygamberlik amala aşar, ol gün hökman geler! Men şol gün hakda öňünden aýdypdym — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 9 — Ysraýyl şäherleriniň ilaty daşary çykyp, ýaraglary ýakarlar. Ululy-kiçili galkanlary, ýaýlary, peýkamlary, serdesseleri*, naýzalary üýşürip ýakarlar+. Ýaraglary ýedi ýyllap ýakarlar. 10 Olar çölden ojar ýygmazlar, tokaýdan odun daşamazlar, sebäbi ýaraglar odun bolar.

Olar özlerini talanlary talarlar, olja alanlardan olja alarlar. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

11 Şol gün men Äjit+ üçin Ysraýylda, deňziň gündogar tarapyndaky derede mazar gazaryn. Ol ýerden köp ýolagçylar geçerdi, indi bolsa hiç kim geçmez, sebäbi şol derede Äjit goşuny bilen jaýlanar. Adyna Hamon-Äjit deresi*+ diýerler. 12 Ysraýyl halky ýurdy arassalamak üçin ýedi aýlap jesetleri gömer+. 13 Ýurduň bütin ilaty olary jaýlap, şöhrat gazanarlar. Menem şol gün şöhratlanaryn+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

14 Bütin ýurdy arassalamak üçin, ýurduň içine aýlanyp, galan-gaçan jesetleri gömjek adamlary bellärin. Olar ýedi aýlap ýurda aýlanarlar. 15 Ýurduň içini aýlanýanlar adam süňküni görüp, ýanyna bellik goýarlar. Soňra gölegçiler* süňkleri Hamon-Äjit deresinde+ gömerler, 16 ýanynda Hamona* atly şäher hem bolar. Olar tutuş ýurdy arassalarlar“+.

17 Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Dürli guşlara we ýabany haýwanlara jar et: „Geliň, üýşüň! Siziň üçin beriljek gurbanlygyma geliň. Ysraýyl daglarynda beriljek uly gurbanlyga+ geliň. Siz et iýip, gan içersiňiz+. 18 Siz ýer ýüzüniň batyr esgerleriniň etini iýersiňiz, baştutanlarynyň ganyny içersiňiz. Olaryň ählisi Başanyň baga bakylan mallary: goçlary, guzulary, geçileri we öküzleridir. 19 Siz üçin soýlan gurbanlyk malynyň ýagyndan gerk-gäbe bolýançaňyz iýiň, ganyndan serhoş bolýançaňyz içiň.

20 Siz meniň saçagymdan atlaryň, arabakeşleriň, batyr ýigitleriň we esgerleriň etini iýip doýarsyňyz+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

21 Ähli halklaryň arasynda özümi şöhratlandyraryn. Ähli milletlere çykaran hökümimi we güýçli golumy görkezerin+. 22 Şol günden başlap ysraýyl halky meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy biler. 23 Ysraýyl halkynyň eden günäsi we dönükligi üçin+ sürgün edilendigini ähli milletler bilerler. Şonuň üçin ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp+, olary duşman eline tabşyrdym+, ählisini gylyç bilen gyrdym. 24 Olara haram işlerine we günälerine görä jeza berip, olardan ýüz öwürdim“.

25 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ýakubyň ýesir düşen adamlaryny gaýtaryp getirerin+, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin+. Mukaddes adymy gabanjaňlyk bilen goraryn*+. 26 Olar maňa dönüklik edip, masgara boldular+. Indi olar öz ýurdunda asuda ýaşarlar, hiç kim olary gorkuzmaz+. 27 Olary halklaryň arasyndan ýygnaryn, duşmanlaryň ýurdundan yzyna getirerin+. Ysraýyllara rehim edip, köp milletleriň öňünde mukaddes Hudaýdygymy äşgär ederin+.

28 Olary halklaryň arasyna sürgün edipdim. Indi olaryň hiç birini galdyrman watanyna getirerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy bilerler. 29 Ysraýyl halkynyň üstüne ruhumy indererin+, indi olardan ýüz öwürmerin“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş