Işaýa
6 Uzyýa patyşanyň aradan çykan ýyly+ men görnüş* gördüm. Şonda Ýehowa beýik we belent tagtda otyrdy+, donunyň etegi ybadathanany doldurýardy. 2 Onuň huzurynda seraplar durdy. Olaryň hersiniň alty ganaty bardy. Olar iki ganaty bilen ýüzüni, iki ganaty bilen aýaklaryny ýapýardy, iki ganaty bilen uçýardy.
3 Seraplar biri-birine batly ses bilen:
«Serkerdebaşy Ýehowa
Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!+
Bütin ýer ýüzi onuň şöhratyndan doludyr!» diýýärdiler.
4 Olaryň sesinden ýaňa gapylaryň söýeleri titredi we ybadathana tüsseden doldy+.
5 Şonda men şeýle diýdim: «Waý meniň halyma!
Indi men ölerin*,
Sebäbi men agzy haram adam,
Agzy haram halkyň arasynda ýaşaýaryn+.
Men Patyşany, Serkerdebaşy Ýehowany gördüm!»
6 Şonda seraplaryň biri ýanyma uçup geldi. Elinde gurbanlyk ojagyndan*+ ätişgir* bilen alan dym gyzyl közi+ bardy. 7 Ol közi dodagyma degrip:
«Ine, köz dodagyňa degdi.
Indi sen ýazykly dälsiň,
Günäň geçildi» diýdi.
8 Soňra men Ýehowanyň: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?»+ diýen sesini eşitdim. Şonda men: «Men giderin! Meni iber!»+ diýdim.
9 Ol maňa diýdi: «Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý:
„Siz gaýta-gaýta eşidersiňiz,
Emma düşünmersiňiz.
Siz gaýta-gaýta görersiňiz,
Ýöne hiç akyl ýetirip bilmersiňiz“+.
Gulaklaryny ker et+,
Gözlerini kör et.
Goý, gözleri bilen görmesinler,
Gulaklary bilen eşitmesinler,
Ýürekleri bilen düşünmesinler,
Sagalmak üçin yzyna dolanmasynlar»+.
11 Men: «Ýehowa, haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle diýdi:
«Şäherler weýran bolýança,
Öýler boşap galýança,
Ýurt haraba bolup, çöle öwrülýänçä+,
12 Ýehowa adamlary uzak ýurda sürgün edýänçä+,
Tutuş ýurt harabaçylyga öwrülýänçä şeýle bolar.
13 Ýurtda halkyň ondan biri galar, ýöne ony ýene-de oda ýakarlar. Beýik agaç, dub agajy çapylanda töňňesiniň galyşy ýaly, onuň hem töňňesi galar. Şol töňňeden mukaddes nesil* dörär».