RUT KITABY
1 Serdarlaryň+ höküm sürýän döwründe ýurtda açlyk boldy. Şonda Ýahudanyň Beýtullaham+ şäherinden bir adam aýalyny we iki ogluny alyp, Mowap+ ýurduna gitdi. 2 Onuň ady Alymälikdi*, aýalynyň ady Nagomy*, ogullarynyň ady bolsa Mahlon* bilen Kilýondy*. Olaryň asly efratlydy. Olar Ýahudanyň Beýtullahamyndan gaýdyp, Mowap ýurdunda ýaşap başladylar.
3 Birnäçe wagtdan Nagomynyň äri Alymälik aradan çykdy. Şeýdip, ol iki ogly bilen ýalňyz galdy. 4 Nagomynyň ogullary mowap gyzlaryna öýlendi. Gelinleriniň ady Orpa bilen Rutdy+. Olar şol ýurtda on ýyla golaý ýaşadylar. 5 Soňra Mahlon bilen Kilýon hem aradan çykdy. Şeýdip, Nagomy ärinem, iki oglunam ýitirdi. 6 Ol gelinleri bilen Mowapdan dogduk mekanyna dolanmagy ýüregine düwdi, sebäbi Ýehowanyň öz halkyna bereket berýändigini eşitdi.
7 Olar ýaşaýan ýurdundan çykyp, Ýahuda ugradylar. Ýolda barýarkalar, 8 Nagomy gelinlerine ýüzlenip: «Baryň, ejeňiziň öýüne dolanyň. Siz maňa-da, aradan çykan ogullaryma-da wepaly bolduňyz*. Goý, Ýehowa size-de wepaly bolsun+. 9 Ýehowa size täze gurjak maşgalaňyzda parahatlyk bersin»+ diýdi. Soňra Nagomy gelinlerini ogşady we olar zaryn-zaryn aglaşdylar. 10 Gelinleri özelenip: «Ýok, biz siziň bilen gitjek, siziň halkyňyzyň arasynda ýaşajak» diýdiler. 11 Emma Nagomy: «Gyzlarym, yzyňyza dolanyň! Meniň bilen gitmek nämä gerek? Men size är boljak ogul dogrup bilmerin ahyryn+. 12 Gyzlarym, yzyňyza dolanyň! Indi men äre barardan garrapdyryn, şu gije äre barsam, ýene-de ogullarym bolsa, 13 olar ulalýança, garaşyp bilersiňizmi? Siz durmuş gurman oturyp bilersiňizmi? Ýok, gyzlarym, size ýüregim awaýar. Ýehowa maňa garşy çykdy»+ diýdi.
14 Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Soňra Orpa gaýynenesini ogşap, yzyna dolandy. Rut bolsa Nagomynyň ýanyndan aýrylmady. 15 Nagomy Ruta: «Dul galan eltiň öz halkyna, öz taňrylaryna dolandy. Gyzym, senem onuň bilen gidiber» diýdi.
16 Rut gaýynenesine: «Sizi taşlap gitmegi, yzyma dolanmagy haýyş etmäň. Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin. Siz nirede ýatsaňyz, menem ýanyňyzda ýataryn. Siziň halkyňyz — meniň halkym, siziň Hudaýyňyz — meniň Hudaýym bolar+. 17 Siz nirede ölseňiz, menem şol ýerde ölüp, ýanyňyzda jaýlanaryn. Ölümden başga zat meni sizden aýra salsa, goý, Ýehowa maňa has beterini görkezsin» diýdi.
18 Nagomy Rutuň yzyna dolanmajagyna göz ýetirip, hiç zat diýmedi. 19 Olar ýoluny dowam edip, Beýtullahama+ baryp ýetdiler. Olar şähere girenlerinde, adamlar geň galyp seredişdiler. Aýallar bolsa: «Ol Nagomy dälmi näme?» diýişdiler. 20 Nagomy olara şeýle diýdi: «Indi maňa Nagomy* diýmäň, Mara* diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa ajy durmuş berdi+. 21 Men bärden gidenimde, köp zadym bardy, emma Ýehowa yzyma boş getirdi. Ýehowa maňa garşy çykdy, Gudratygüýçli betbagt etdi+. Siz indi maňa nädip Nagomy diýjek?»
22 Şeýlelikde, Nagomy gelni Rut bilen Mowap+ ýurdundan çykyp, Beýtullahama gaýdyp geldi. Şol wagt arpa oragy başlanypdy+.
2 Nagomynyň äri Alymäligiň Bowaz+ atly juda baý garyndaşy bardy.
2 Mowaplardan Rut Nagoma: «Rugsat berseňiz, men ekin meýdanyna gideýin. Maňa rehimi injek adam tapylsa, yzyndan hoşa çöpläýin»+ diýdi. Nagomy: «Gidiber, gyzym» diýdi. 3 Rut ekin meýdanyna gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Ol tötänden Alymäligiň+ garyndaşy Bowazyň+ ekin meýdanyna bardy. 4 Şol wagt Bowaz Beýtullahamdan ekin meýdanyna gelip, orakçylaryna: «Ýehowa kuwwat bersin!*» diýdi. Olar hem: «Ýehowa ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.
5 Bowaz orakçylara gözegçilik edýän ýigitden: «Ol gelin kimlerden bolar?» diýip sorady. 6 Ol hem: «Mowaplardan+, Nagomy bilen Mowapdan+ geldi. 7 Ol orlan* arpalardan gaçan hoşalary çöplemäge+ rugsat sorady. Ol ertirden bäri işläp ýör, edil ýaňyja dynç almak üçin çatma gelip oturdy» diýdi.
8 Bowaz Ruta: «Meni diňle, gyzym! Sen hoşa çöplemäge başga biriniň ekin meýdanyna gidip ýörme. Bärde galyp, meniň elimde işleýän gelin-gyzlaryň ýanynda boluber+. 9 Olar hasyly nirede ýygnasalar, senem olar bilen git. Orakçylarym saňa azar bermez. Suwsan wagtyň olaryň küýzelerinden arkaýyn içiber» diýdi.
10 Rut şol bada dyza çöküp, tagzym etdi-de: «Maňa üns berip, beýle ýagşylyk eder ýaly, men kim bolupdyryn? Men bir gelmişek aýal ahyryn»+ diýdi. 11 Bowaz: «Äriň ýogalsa-da, gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada maňa gürrüň berdiler. Sen ene-ataňy, dogan-garyndaşlaryňy, ýurduňy taşlap, keseki halkyň arasyna gelipsiň+. 12 Eden ähli ýagşylygyň Ýehowadan gaýtsyn!+ Sen Ysraýyl Hudaýy Ýehowadan pena gözläp*+ geldiň. Goý, ol sylagyňy artygy bilen bersin!» diýdi. 13 Rut: «Agam, men hyzmatkäriňiz bolmasam-da, mähirli sözleriňiz bilen göwnümi* galkyndyrdyňyz. Ýagşylygyňyz üçin taňryýalkasyn!» diýdi.
14 Nahar wagty Bowaz: «Gel, gyzym, bir döwüm çöregi şeraba* batyryp iý» diýdi. Rut hem orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga* uzatdy. Rut iýip doýdy, hatda artyp hem galdy. 15 Ol hoşa çöplemäge+ gitjek bolanda, Bowaz orakçylaryna: «Goý, ol orlan* arpalardan gaçan hoşalary hem çöplesin. Oňa degmäň+. 16 Desseleriň arasyndanam az-owlak arpany çykaryň-da, goýup gidiň. Goý, olary hem çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň» diýip tabşyrdy.
17 Rut agşama çenli meýdanda hoşa çöpledi+. Ol hoşalaryny döwende, bir çuwala* golaý arpa çykdy. 18 Rut şähere gidip, ýygnan arpasyny gaýynenesine görkezdi. Ol gaýynenesine özünden galan gowurgany hem berdi+.
19 Gaýynenesi: «Bu gün nirede hoşa çöplediň? Kimiň ekin meýdanynda işlediň? Saňa ýagşylyk eden adamy Alla ýalkasyn!»+ diýdi. Şonda Rut: «Men Bowaz diýen bir adamyň ekin meýdanynda işledim» diýip, gaýynenesine gürrüň berdi. 20 Nagomy gelnine: «Goý, dirilerdenem, ölülerdenem wepaly söýgüsini* gaýgyrmaýan Ýehowa+ oňa bereket bersin!» diýdi. Ol sözüni dowam edip: «Bowaz biziň garyndaşymyz+. Onuň bize hossarlyk etmäge* haky bar»+ diýdi. 21 Soňra mowaplardan Rut gaýynenesine şeýle diýdi: «Ol adam maňa: „Hasyl gutarýança, işçilerimiň ýanynda işläber“+ diýdi». 22 Nagomy gelni Ruta: «Gyzym, şol adamyň elinde işleýän gelin-gyzlaryň ýanynda bolanyň gowudyr. Sebäbi başga biriniň ekin meýdanyna gitseň, saňa azar bererler» diýdi.
23 Rut arpa we bugdaý oragy tamamlanýança+, Bowazyň elinde işleýän gelin-gyzlar bilen hoşa çöpledi. Şeýlelikde, ol gaýynenesi Nagomy bilen ýaşaberdi+.
3 Rutuň gaýynenesi Nagomy: «Gyzym, saňa är+ gözlesem nähili bolar? Men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin. 2 Bowaz bize garyndaş+. Sen onuň elinde işleýän gelin-gyzlaryň ýanynda bolupdyň. Şu gün agşam ol harmanda arpa sowrar. 3 Sen ýuwnup, endamyňa atyr ysly ýag çal we owadan köýnegiňi geýip*, harmana git. Iýip-içip bolýança, Bowaza görünme. 4 Gije onuň nirede ýatjagyny bil we şol ýere baryp, donunyň etegini galdyr-da, aýagujunda ýat. Soňra näme etmelidigini özi aýdar» diýdi.
5 Rut hem: «Men ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin» diýdi. 6 Ol harmana gidip, hemme zady gaýynenesiniň öwredişi ýaly etdi. 7 Bowaz iýip-içip göwnüni hoşlansoň, üýşürilip goýlan arpanyň gapdalyna geçip ýatdy. Şonda Rut ýuwaşlyk bilen geldi-de, onuň donunyň etegini galdyryp, aýagujunda ýatdy. 8 Ýarygije Bowaz tisginip oýandy. Turup görse, aýagujunda bir aýal ýatyr. 9 Ol aýaldan: «Sen kim?» diýip sorady. Ol hem: «Men Rut, siziň gyrnagyňyz. Gyrnagyňyza pena boluň*, sebäbi siziň maňa hossarlyk etmäge* hakyňyz bar»+ diýip jogap berdi. 10 Şonda Bowaz: «Gyzym, goý, Ýehowa seni ýalkasyn! Öňem köp ýagşylyk edeniňi bilýärin, ýöne häzir has uly ýagşylyk etdiň*+. Sebäbi sen garyp bolsun, baý bolsun, ýaş ýigit bilen durmuş gurjak bolmadyň. 11 Gorkma, gyzym, men aýdanyňy ederin+. Şäherdäki adamlar seniň asylly maşgaladygyňy bilýärler. 12 Elbetde, saňa hossarlyk etmäge hakym bar+, ýöne mendenem has ýakyn garyndaşyň bar+. 13 Şu gije bärde galaý. Ertir ol adam saňa hossar çyksa, goý, ol hossarlyk etsin+. Eger hossarlyk etmese, Ýehowa Hudaý diri şaýatdyr, saňa özüm hossar çykaryn. Sen daň atýança bärde ýatyber» diýdi.
14 Şeýlelikde, Rut daň atýança, onuň aýagujunda ýatdy. Emma hiç kim görmez ýaly, jahan ýagtylmanka turdy. Bowaz Ruta: «Harmana aýal maşgalanyň gelendigi bilinmesin» diýdi. 15 Soňra: «Ýapynjaňy al-da, tutup dur» diýdi. Ol hem ýapynjasyny tutup durdy. Bowaz Rutuň ýapynjasyna alty kersen* arpa guýup, onuň egnine goýup berdi-de, soňra şähere gitdi.
16 Rut bolsa gaýynenesiniň ýanyna geldi. Nagomy: «Gyzym, näme habar?»* diýip sorady. Rut hem Bowazyň ähli edenlerini gaýynenesine gürrüň berdi. 17 Soňra Rut: «Ol adam: „Öýüňe eliň boş barma“ diýip, maňa alty kersen arpa berip goýberdi» diýdi. 18 Şonda Nagomy: «Gyzym, bu işiň näme bilen gutarjagy belli bolýança, öýde garaşyp otur. Ol adam meseläni şu günüň özünde çözmese, ýüregi ynjalmaz» diýdi.
4 Bowaz şäheriň derwezesine+ baryp oturdy. Şol wagt Bowazyň aýdan garyndaşy*+ geçip barýardy. Bowaz: «Biraz aýak çek-de, ýanymda otursana» diýdi. Ol hem geçip oturdy. 2 Soňra Bowaz şäherden on ýaşulyny+ çagyryp: «Geliň, sizem oturyň» diýdi. Olar hem oturdylar.
3 Bowaz garyndaşyna+: «Nagomy Mowap ýurdundan+ dolanyp geldi. Ol häzir doganymyz Alymäligiň+ mellegini satmaly bolup dur. 4 Muny saňa aýtmagy makul bildim. Sen oturan adamlaryň we ýaşulularyň öňünde şol mellegi satyn al+. Satyn alsaň-a al, almasaňam, men aljak. Mellegi satyn almaga ilki seniň hakyň bar, senden soň meniň hakym bar» diýdi. Garyndaşy: «Satyn alaryn» diýdi+. 5 Bowaz: «Sen Nagomydan mellegi alan günüň dul galan gelnini, mowaplardan Ruty hem almaly bolarsyň. Şonda Nagomynyň merhum oglunyň ady ýitmez, mellek hem nesline geçer»+ diýdi. 6 Ol adam: «Mellegi satyn alyp biljek däl, sebäbi satyn alsam, öz mirasyma zyýan ýeter. Maňa derek sen alaý, men-ä alyp biljek däl» diýdi.
7 Ysraýylda hossarlyk hukugy başga birine geçirilende, şeýle däp bardy: adam aýakgabyny çykaryp+, başga birine bermelidi. Olar ylalaşygyny şeýdip tassyklaýardy. 8 Ol adam hem Bowaza: «Mellegi sen satyn al» diýip, aýakgabyny çykaryp berdi. 9 Bowaz ýaşululara we märekä ýüzlenip: «Şu gün siz Alymäligiň, Kilýonyň we Mahlonyň mülküni Nagomydan satyn alandygyma şaýatsyňyz+. 10 Şeýle-de Mahlonyň mellegi nesline miras galyp+, merhumyň ady unudylmaz ýaly, onuň dul aýaly mowaplardan Ruta hem öýlenjekdirin. Şonda Mahlonyň ady dogan-garyndaşlarynyň we il-günüň arasyndan ýitip gitmez. Şu gün siz şaýatsyňyz»+ diýdi.
11 Şäher derwezesine üýşen märeke we ýaşulular: «Biz şaýatdyrys. Ýehowa aljak gelniňi ysraýyl halkynyň eneleri Rahel bilen Leýa ýaly etsin!+ Efrafada+ berekediň has-da artsyn, at-owazaň Beýtullahama+ ýaýrasyn! 12 Ýehowa şu gelniňden nesil bersin!+ Seniň öýüň Ýahuda bilen Tamaryň ogly Pereziň+ öýi ýaly bolsun!» diýdiler.
13 Bowaz Ruta öýlendi we aýalyna ýanaşdy. Ýehowa olary ýalkady. Rut göwreli bolup, ogul dogurdy. 14 Aýallar Nagoma: «Seni hossarsyz goýmadyk Ýehowa şöhrat! Çaganyň ady ysraýyl halkynyň dilinden düşmesin! 15 Agtyga ýüzüň düşüp, bagtly bolduň*. Mährem gelniň ýedi oguldan artykdyr+, seni agtykly etdi. Agtygyň saňa garran çagyňda-da söýget bolar» diýdiler. 16 Nagomy agtygyny eline alyp, bagryna basdy we aladasyny etdi. 17 Goňşy aýallar: «Nagomynyň ogly boldy» diýip, çaganyň adyna Abyt+ dakdylar. Abyt Ýessäniň+ atasydy, Ýesse Dawudyň atasydy.
18 Ine Pereziň nesil daragty: Perez+ Hesronyň+ atasydy, 19 Hesron Ramyň atasydy, Ram Aminadabyň atasydy+, 20 Aminadap+ Nahşonyň atasydy, Nahşon Salmonyň atasydy, 21 Salmon Bowazyň atasydy, Bowaz Abytyň atasydy, 22 Abyt Ýessäniň+ atasydy, Ýesse hem Dawudyň+ atasydy.
Manysy: Meniň Hudaýym Patyşa.
Manysy: Ýakymly.
Belki, ýewreýçe ejiz, keselli diýmegi hem aňladýandyr.
Manysy: Güýç-gurbatsyz; soňy gelen.
Sözme-söz: wepaly söýgini bildirdiňiz.
Manysy: Ýakymly.
Manysy: Ajy.
Sözme-söz: Ýehowa siziň bilen bolsun!
Başga manysy: desselenen.
Sözme-söz: ganatlarynyň astynda gorag gözläp.
Ýa-da: gyrnagyňyzyň göwnüni.
Sözme-söz: sirkä.
Ýa-da: gowrulan arpa.
Başga manysy: desselenen.
Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: bizi satyn almaga.
Ýa-da: ýapynjaňy atynyp.
Sözme-söz: Gyrnagyňyzy ýapynjaňyz bilen örtüň.
Sözme-söz: meni satyn almaga.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirdiň.
Alty kersen takmynan 44 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: Gyzym, sen kim?
Sözme-söz: satyn alýany.
Ýa-da: Ol saňa täze durmuş berdi.