Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Süleýmanyň aýdymy 1:1—8:14
  • Süleýmanyň aýdymy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Süleýmanyň aýdymy
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Süleýmanyň aýdymy

SÜLEÝMANYŇ AÝDYMY

1 Süleýmanyň düzen iň gowy aýdymy+:

 2 «Öpsün meni lebleriň,

Şerapdan süýjüdir söýgiň+.

 3 Bark urýar müşk-anbaryň+,

Atyr deý ýakymlydyr adyň+,

Arzuwy sen her bir gyzyň.

 4 Meni çadyryna getirdi patyşa.

Gel ýanyma, bile gaçaly,

Şatlanyp, göwün açaly!

Şerapdan süýji söýgiňi wasp edeli.

Sen gyz kalbynyň soltany.

 5 Eý Iýerusalim gyzlary, Kedar çadyry+ deý gara bolsam-da,

Süleýmanyň çadyry deý owadandyryn+.

 6 Gara diýip beýle seretmäň maňa,

Gün şöhlesi saldy meni bu hala.

Süýtdeş doganlarym gaharyna,

Garawul goýdular üzüm bagyna,

Seredip ýetişmedim öz bagyma.

 7 Eý söwer ýarym, aýtsana!

Nirede bakýarsyň goýun süriňi+,

Nirede düşleýärsiň günortan çagy?

Ýas tutýan zenan ýaly bürenjekli gezmäýin,

Dostlaryň sürüsiniň arasynda ýörmäýin».

 8 «Biler bolsaň, gözelleriň soltany,

Yzlap git sen sürüleriň yzyny,

Çopan çadyryna golaý bak owlaklaryňy».

 9 «Eý näzenin, boý-syratyň gözeldir,

Faraonyň arabasyna goşulan baýtal ýalydyr+.

10 Ýaňagyňa gulakhalka* gelişýär,

Boýnuňa monjuk ýaraşýar.

11 Altyndan täç ýasarys başyňa,

Kümüşden nagyş çekeris daşyna».

12 «Patyşa bilen otyryn saçak başynda,

Atyrymyň+ ysy ýaýraýar töwerek-daşa.

13 Gijesine döşümde mür*+ haltasy,

Jana şeýle hoş ýakar ýarymyň ysy.

14 En-gedi+ üzüm bagy gözeldir,

Ezizim içinde bir desse güldür*»+.

15 «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym,

Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim»+.

16 «Eý aşygym, sen görmegeý, owadan+,

Düşegimiz bolsun al-ýaşyl meýdan.

17 Kedr agajy öýümiziň diregi,

Arçadandyr öýümiziň üçegi.

2 Men sähranyň güli*,

Gök deräniň çigildemi»+.

 2 «Saýlanýar söýgülim gyzlardan,

Çigildem deý tikenleriň içinde».

 3 «Saýlanýar söýgülim ýigitlerden,

Alma bagy deý jeňňel içinde.

Köňlüm küýsär saýasyn,

Agzym küýsär miwesin.

 4 Meni meýlishana getirdi,

Söýgüsini ulus-ile ýetirdi.

 5 Ýakyp ýandyrdy yşkyň,

Alma, kişmiş+ iýdir, ýarym,

Aram tapsyn şirin janym.

 6 Sol golunda başym,

Sag eli gujaklaýar bilim+.

 7 Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň,

Jerenlerden, sähra keýiklerinden+.

Kalbymda söýgi oýanýança,

Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň+.

 8 Aşygymyň sesi eşidilýär!

Serediň, eziz ýarym gelýär,

Dag-depelerden aşyp gelýär.

 9 Ezizim dag goçudyr+, sugundyr,

Ine, aýnamyzdan bakýandyr,

Penjireden* seredýändir,

Aramyzda ýekeje diwar bardyr.

10 Söýgüli ýarym söz sözledi:

„Mähribanym, tursana,

Aý bölegim, ýanym bilen gitsene!

11 Geçip gitdi gyşam*,

Diňdi ýagyşam.

12 Ine, açylypdyr meýdanda güller+,

Gelip ýetdi agaç gyrkylýan günler+,

Gumry owazyndan ganýandyr iller+.

13 Ilkinji miwesini berdi injir agajy+,

Bark urýar güllän üzüm bagy.

Ýör gideli, mähribanym, tursana,

Aý bölegim, ýanym bilen gitsene!

14 Eý gumrym, kert gaýadan+,

Gowaklardan uçup gel.

Aý jemalyňy göreýin, hoş owazyňy eşideýin+,

Ýakymlydyr sesiň, gözeldir keşbiň“»+.

15 «Üzüm bagymyz gülläpdir,

Kowalap, tilkileri tut,

Üzümi zaýalaýan tilkijikleri tut».

16 «Ezizim diňe meniňki, menem onuňky+,

Çigildemler+ içinde bakar malyny+.

17 Öwüsýärkä salkyn şemal, ýitmänkä kölege,

Söwer ýarym, dolansana!

Dag goçy+ hem sugun+ deý,

Aýralyk dagyndan* aşyp gelsene.

3 Gije ýatyrkam, aşygymy ýatladym+,

Näçe gözlesem-de, ýarymy tapmadym+.

 2 Turaýyn, şähere aýlanaýyn,

Köçelerde, meýdançalarda*,

Köňül aşygymy gözläýin.

Näçe gözlesem-de, ýarymy tapmadym.

 3 Şäher garawullary gördüler meni+.

Olardan soradym köňül aşygymy.

 4 Olaryň deňinden geçen badyma,

Duşdum men söýgüli ýaryma.

Tutdum goluny, basdym bagryma.

Gitdik biz ejemiň öýüne+,

Meni dünýä indereniň öýüne.

 5 Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň,

Jerenlerden, sähra keýiklerinden.

Kalbymda söýgi oýanýança,

Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň»+.

 6 «Tozan turzup çölden gelýän nämedir?

Bark urýandyr mürüň*, ladanyň* ysy,

Täjirleriň satýan atyrynyň ysy»+.

 7 «Ol Süleýmanyň paýtuny,

Daşynda altmyş batyr esgeri,

Ysraýylyň gaýduwsyz ýigitleri+.

 8 Ählisi gylyçly,

Ökde söweşe.

Gylyjy gynynda,

Goraýar gijäň ýarynda».

 9 «Süleýmanyň şa paýtuny,

Liwan agajyndan ýasaldy+.

10 Sütünleri kümüşden,

Diregleri altyndan,

Kürsüsi badam reňkli ýüňden.

Iýerusalimiň gyzlary

Bezedi içini söýgi bilen».

11 «Eý Sion gyzlary, geliň, serediň,

Süleýman patyşa syn ediň.

Patyşanyň bagt toýunda,

Kalbynyň joşan gününde,

Ejesiniň+ geýdiren täji bardyr başynda».

4 «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym!

Sen neneňsi gözel!

Gözleriň bürenjek astyndan bakýar,

Gögerçiniň gözlerini ýatladýar.

Gilead daglaryndan+ inip gelýän

Geçi sürüsine meňzeýär saçyň.

 2 Ýaňy gyrkylyp ýuwlan,

Goýun sürüsine meňzär dişleriň.

Her biriniň taýy bardyr,

Ekiz taýy ýiten däldir.

 3 Gyrmyzy sapak deý dodagyň,

Bal deý süýji sözleriň.

Bürenjegiň astynda,

Nara meňzär ýaňaklaryň.

 4 Boýnuň+ daşdan örülen

Dawudyň diňi+ kimin.

Diwarynda müňlerçe galkan asylgy,

Batyr ýigitleriň+ tegelek galkany.

 5 Göwsüň jübüt keýige+ meňzär,

Çigildemli meýdanda otlaýan

Ekiz owlagy ýatladar».

 6 «Öwüsýärkä salkyn şemal, ýitmänkä kölege,

Mür* dagyna çykaýyn,

Ladan* baýryna baraýyn»+.

 7 «Boý-syratyň owadan, näzli ýarym+.

Birkemsiz gözel sen, dildarym.

 8 Eý gelinligim, Liwandan gideli,

Ýör, Liwandan+ bile gaçaly!

Emin* depesinden, Senir depesinden,

Hermon depesinden+ aşak ineli.

Olar arslanlaryň, alajabarslaryň mesgeni.

 9 Mähribanym, gelinligim,

Bir bakyşda göwnüm awladyň+,

Ýesiri men boýnuňdaky monjugyň.

10 Mähribanym, gelinligim,

Maýyl seniň näziňe+,

Şerapdan süýji söýgiňe+,

Seniň atyr ysyňa+,

Müşk-anbaryň şasyna.

11 Dodagyň baldan süýjüdir+,

Diliň asty bal-süýtdür+.

Owadan lybasyňdan,

Liwan ysy bark urýandyr.

12 Mähribanym, gelinligim daşy diwarly bagdyr,

Gulply bag-bakjadyr, agzy ýapyk guýudyr*.

13 Şahalaryň* nar biten jennet bagydyr,

Süýji miwä, hynagülüne, sünbüle* baýdyr.

14 Sünbül+, zagpyran*, ýeken*+, dalçyn+,

Ladanyň her görnüşi, mür*, aloe güli+ bardyr,

Gül-gunçanyň hoşboý ysy+ bark urýandyr.

15 Sen bagyň çeşmesi, sowuk suwly guýusyň,

Sen Liwandan akýan çeşme-çaýsyň+.

16 Demirgazyk ýeli tursun,

Günorta şemaly oýansyn.

Bagymda pessaýja öwüssin,

Hoşboý ysy ýaýrasyn».

«Ezizim bagyna girsin,

Süýji miwelerden iýsin».

5 «Mähribanym, gelinligim!

Men bagyma girdim+,

Müri*, melhem otlary+ ýygdym.

Ary balyndan iýdim,

Şerap hem süýt içdim»+.

«Eý aşyk-magşuklar, iýiň, içiň,

Yşkyň meýinden serhoş boluň!»+

 2 «Uka gitsem-de, oýadyr kalbym+.

Sesi gelýär, gapyny kakýar ýarym.

„Açsana gapyny, mähribanym, dildarym,

Gögerçinim, birkemsiz gözelim.

Gijäniň çygyna+ ezildi başym,

Öl boldy buýra saçym“.

 3 Eşigimi çykarypdym,

Ýene geýeýinmi?

Aýagymy ýuwupdym,

Ýene hapalaýynmy?

 4 Elini gapydan* aýyrdy ýarym,

Şol pursat gürsüldäp urdy ýüregim.

 5 Söýgülime gapyny açmaga turdum,

Mür* damdy elimden gapyň kiltine,

Barmagymdan syrykdy tutawajyna.

 6 Gapyny açdym söwer ýaryma,

Ezizim gidipdir bakman yzyna.

Ol gidende* akyl-huşum ýitirdim.

Näçe gözlesem-de, hiç tapmadym+,

Näçe çagyrsam-da, jogap almadym.

 7 Meni gören şäher garawullary,

Tutdular, urdular, ýara saldylar.

Şäher diwarynyň sakçylary,

Başymdaky bürenjegi aldylar.

 8 Eý Iýerusalim gyzlary, söz beriň:

Görseňiz aýdyň söwer ýaryma,

Yşk derdi düşdi başyma».

 9 «Eý gözelleriň soltany,

Söýgüliň başga ýigitlerden şeýle gowumy?

Biz söz berip, ant içer ýaly,

Söýgüliň olardan şeýle artykmy?»

10 «Söwer ýarym nurdur, ýaňagy al-nardyr,

On müň ýigidiň içinden saýlanyp durandyr.

11 Altyndan, sap altyndandyr başy,

Palma ýapragy* deý buýradyr saçy,

Gara garga kimin şar garadyr saçy.

12 Gözleri gögerçine meňzeýär,

Çeşmäniň boýunda süýde ýuwunýar,

Howzuň kenarynda oturýar.

13 Ýaňaklary atyr ysly gülzarlyk+,

Hoşboý ysly, melhem otly baýyrlyk.

Lebleri çigildem, damýar mür*+ ýagy.

14 Dyrnaklary zeberjet*, barmaklary altyndan,

Garny pil süňkünden, gaş goýlupdyr ýakutdan.

15 Mermer sütüni deý aýagy, sap altyndan diregi,

Liwan kimin syratly, kedr deý uzyn boýly+.

16 Lebleri şirin-şeker,

Boý-syraty özüne çeker+.

Eý Iýerusalim gyzlary,

Söwer ýarym şeýledir».

6 «Söwer ýaryň nirä gitdi,

Eý gyzlaryň gözeli?

Söýgüliň haýsy ýoldan gitdi?

Gel, gözläp tapaly».

 2 «Ezizim gitdi öz bagyna,

Atyr saçýan gülzarlygyna,

Gök otlukda mal bakmaga,

Hem çigildem ýygmaga+.

 3 Men söýgülimiňki,

Ol hem meniňki+.

Çigildemler içinde bakar malyny»+.

 4 «Eý näzenin, Tirsa*+ deý gözelsiň+,

Iýerusalim deý owadansyň+,

Baýdagy parlaýan goşun deý haýbatlysyň+.

 5 Maňa beýle seretme+,

Ýüregimi eretme.

Gilead daglaryndan inip gelýän

Geçi sürüsine meňzeýär saçyň+.

 6 Ýuwlup, suwdan çykyp gelýän,

Goýun sürüsine meňzär dişleriň.

Her biriniň taýy bardyr,

Ekiz taýy ýiten däldir.

 7 Bürenjegiň astynda,

Enar deý al ýaňaklaryň.

 8 Bolsa-da altmyş aýalym,

Segsen gyrnagym,

Ençeme kenizim+,

 9 Ýöne sen ýeke-täksiň,

Gögerçinim+, birkemsizim.

Ejesiniň ýekeje gyzy,

Enesiniň göz guwanjy*.

Seni görüp, gyzlar: „Bagtly“ diýýär,

Şa aýallar, gyrnaklar taryp edýär.

10 „Kim ol daň şapagy deý ýagty saçýan,

Dolan Aý deý şöhle saçýan?

Kim ol güneş deý nurana?*

Haýbatly goşun deý goýýar haýrana“»+.

11 «Hoz bagyna+ ýola düşdüm,

Görsem diýip gök deräni,

Pyntyklan üzüm bagyny,

Gül açan nar agajyny.

12 Oý-hyýala batyp, özümem bilmän galdym,

Han-begleriň* arabasynyň üstünden bardym».

13 «Şulamly gyz, dolan yzyňa,

Bäri gel, gel bäri,

Owadan keşbiňe bakaly!»

«Näme üçin seretjek şulamly gyza?»+

«Meňzeýär ol Mahanaýym* tansyna».

7 «Güler ýüzli gözel gyz,

Çarykly aýagyň owadan!

Biliň* ýonulan göwher daşy,

Ökde zergäriň eliniň işi.

 2 Käse ýaly tes-tegelek göbegiň,

Içindäki şerap hiç egsilmeýär.

Garnyň bugdaý üýşmegine meňzeýär,

Daşyny çigildemler bezeýär.

 3 Göwsüň jübüt keýige+ meňzär,

Ekiz owlagy ýatladar.

 4 Boýnuň+ pil süňkünden ýasalan diňdir+,

Gözleriň+ Bat-rabbim derwezesindäki

Heşbon+ howuzlarydyr,

Burnuň Damasga bakýan Liwan diňidir.

 5 Başyň meňzär Karmele+,

Saçyň+ badam reňkli ýüpege+,

Şa ýesirdir saçyň her bir taryna.

 6 Sen şeýle mähirli, şeýle owadan,

Hiç bir lezzet ornuň tutmaz, näzenin.

 7 Boý-syratyň meňzär palma agajyna,

Göwüsleriň hersi hurma* salkymyna+.

 8 Diýdim: „Hurma agajyna çykaýyn,

Miwesini ýekän-ýekän ýygaýyn“.

Göwsüň ýetişen üzüm hoşasy,

Gürläniňde* gelýär almanyň ysy,

 9 Dodagyň süýji şerap deý datly».

«Goý, aşygymyň janyna hoş ýaksyn,

Dodagyna damyp, uka gidirsin.

10 Men söýgülimiň ýeke-tägi+,

Mendirin onuň küýsegi.

11 Gel, ýarym gideli,

Sähra seýil edeli.

Hynagüller içinde+

Bile döwran süreli.

12 Säher bilen turaly, üzümlige gideli,

Pyntyklandyr üzümler,

Gülländir uzyn şahalar+,

Gül açandyr nar agaçlar+.

Bile baryp göreli,

Söýgim hakda söz açaly+.

13 Mährigöýäniň*+ hoşboý ysy bark urýar,

Gapymyzda dürli-dümen miwe+ bar.

Ter miwelerden hem kişdelerden*,

Söwer ýarym, seniň aýry paýyň bar.

8 Käşgä ejemiň süýdüni emen,

Süýtdeş doganym bolsadyň!

Duşanymda daşarda öperdim seni+,

Şonda hiç kim ýazgarmazdy meni.

 2 Eliňden tutup gaýdardym,

Meni kemala getiren

Ejemiň öýüne+ alyp gaýdardym.

Süýji şerapdan gandyrardym,

Naryň şiresini içirerdim.

 3 Sol golunda bolardy başym,

Sag eli bilen gujaklardy bilim+.

 4 Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň:

Kalbymda söýgi oýanýança,

Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň»+.

 5 «Ýarynyň goluna girip,

Çölden gelýän kim?»

«Almanyň aşagynda seni oýardym,

Şol ýerde ejeň seni dünýä inderdi,

Aýy-güni dolup, köp azap çekdi.

 6 Meni möhür edip bas ýüregiňe,

Ýüzük edip dakyn barmagyňa.

Güýçlüdir söýgi ölümden+,

Doýmaz-dolmaz mazardan*.

Söýgi islär wepaly ýüregi*,

Söýgiň ody — Ýahyň* ýalny+.

 7 Söýgini suw söndürmez+,

Derýa-deňiz gark etmez+.

Dünýe maly berilse-de,

Söýgi asla satylmaz»*.

 8 «Jigimiz+ bar, heniz körpe,

Çykmandyr mämeleri.

Sawçy sorap gelse,

Näme eder agalary?»

 9 «Eger ol diwar bolsady,

Kümüş diňler salardyk.

Eger gapy bolsady,

Kedr bilen baglardyk».

10 «Men bir diwar,

Mämelerim goşa diň.

Baksa söwer ýarym,

Görer, päkdir kalbym.

11 Süleýmanyň Bagal-hamonda üzüm bagy+ bardy,

Bagyny bagbanlara seretmäge beripdi,

Hersi hasyl ýygnap, müň kümüş bererdi.

12 Eý Süleýman, müň kümüş seniňki,

Iki ýüz kümüş bagbanlaryňky.

Meniň bagym bolsa diňe meniňki».

13 «Eý çarbagyň+ bilbili,

Dost-ýarlar sesiňe zar,

Menem eşideýin+ biraz».

14 «Aşygym, tizräk gelsene!

Ýyndam dag goçum, sugunym+,

Gök otly daglardan aşyp gelsene!»

Başga manysy: örüm-örüm saçlaryň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hynagüldür.

Ýa-da: zagpyran güli; şafran güli.

Ýa-da: Gözenekli penjireden.

Ýa-da: ýagyş möwsümem.

Ýa-da: Beser daglaryndan.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Anti-Liwan.

Ýa-da: çeşmedir.

Başga manysy: Teniň.

Ýa-da: narda.

Ýa-da: şafran.

Ýakymly ysly gamşyň bir görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gapymyň deşiginden.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: sözlände.

Başga manysy: salkymy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.

Ýa-da: Şöhratly şäher.

Sözme-söz: päk gyzy.

Sözme-söz: arassa?

Ýa-da: Meýletin gulluk edýän adamlaryň.

Ýa-da: iki düşelgäniň.

Sözme-söz: Butlaryň.

Hurma bitýän palma agajy göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: Agzyňdan.

Ýa-da: Selmelegiň; mandragoranyň.

Sözme-söz: könesinden.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gabanjaňlygy; diňe özüne wepaly bolmagy.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Başga manysy: Ondan ýigrenç bilen ýüz öwrer.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş