ÝOWEL PYGAMBERIŇ KITABY
1 Ýehowa Petuweliň ogly Ýowele* şeýle sözleri aýtmagy tabşyrdy:
2 «Eý ýaşulular, eşidiň!
Ýurduň ilaty, diňläň!
Ata-babalaryňyzyň günlerinden bäri,
Şeýle zady gören-eşiden barmy?+
3 Ol hakda ogullaryňyza gürrüň beriň.
Ogullaryňyz hem agtyklaryňyza,
Agtyklaryňyz hem çowluklaryňyza gürrüň bersin.
4 Uly çekirtgeden galan zady çekirtge sürüsi iýdi+,
Çekirtge sürüsinden galanyny ganatsyz çekirtge iýdi,
Ganatsyz çekirtgeden galanyny
Ýalmap-ýuwudýan çekirtge iýdi+.
5 Serhoşlar+, turuň, zar-zar aglaň!
Arakhorlar, perýat ediň!
Sebäbi täze şerabyňyz gutardy+.
6 Ýurduma güýçli, sansyz-sajaksyz halk geldi+.
Olaryň dişleri arslanyňky+, äňleri ýolbarsyňky ýaly.
7 Olar üzüm agaçlarymy çapdylar,
Injir agaçlaryň töňňesi galdy.
Olaryň gabygyny sypyryp,
Dumly-duşa zyňdylar,
Şahalaryny ýalaňaçladylar.
9 Ýehowanyň öýüne galla+, şerap sadakalary+ getirilmeýär,
Ýehowanyň gullary, ruhanylary ýas tutýarlar.
10 Ekin meýdanlary weýran edildi, toprak ýas tutýar+,
Sebäbi galla ýok edildi, täze şerap, ýag gutardy+.
11 Daýhanlar gorkýarlar, üzümçiler zar-zar aglaýarlar,
Sebäbi bugdaý, arpa,
Ekin meýdanlaryň hasyly zaýalandy.
12 Üzüm agajy saralyp soldy,
Injir agajy gurap galdy.
Nar, hurma*, alma agaçlary,
Meýdanyň ähli agaçlary gurap galdy+.
Il arasynda şatlyk-şagalaň kesildi.
Zaryn-zaryn aglaň.
Allanyň gullary, geliň, gijäni jul içinde geçiriň!
Sebäbi Hudaýyň öýüne şerap+,
Galla sadakasy+ getirilmeýär.
14 Halk agyz beklesin, uly baýrama gelsin+.
Ýaşulular we tutuş halk Ýehowa Hudaýyň öýüne+ gelip,
Ýehowadan kömek sorap ýalbarsynlar.
15 Ol gün ýetip gelýär.
Ýehowanyň güni ýetip gelýär+.
Şonda Gudratygüýçli ähli zady ýok eder.
16 Gözümiziň alnynda çöregimizi elimizden aldylar,
Allanyň öýünde şatlyk-şagalaň kesildi.
17 Ýeri agdarsalar-da, tohum gögermedi*.
Ammarlar boşap galdy.
Ekin meýdanlary galla bermedi, ammarlar weýran edildi.
18 Öküzler molaýar,
Sygyr sürüsi öri meýdanyny tapman, eýläk-beýläk enteýär.
Goýun sürüsi mäleýär.
19 Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn!+
Sebäbi öri meýdanlary kül boldy,
Alaw ody ähli agaçlary ýalmap ýuwutdy.
20 Ýabany haýwanlar hem saňa ýalbarýar,
Sebäbi çeşmeleriň ählisi gurady,
Alaw ody öri meýdanlary kül etdi».
2 «Sionda surnaý çalyň!+
Mukaddes dagymda söweş surnaýyny çalyň.
Goý, ýurduň halky titresin.
Sebäbi Ýehowanyň güni ýetip gelýär+. Ol gün ýakyndyr!
2 Ol gün tümlük, garaňkylyk günüdir+,
Bulutly, gap-gara bulutly gündür+,
Daglara düşýän daň şapagy kimindir.
Güýçli bir halk geler, san-sajagy ýokdur+,
Gadymy döwürde-de, geljekki nesillerde-de
Oňa taý geljek ýokdur.
3 Onuň öňünde ýalmap-ýuwudýan ot,
Yzynda ýakyp kül edýän alaw bardyr+.
4 Görnüşi ata meňzeýär,
Söweş bedewleri kimin ýüwrükdir+.
5 Dagyň depesine çykanda,
Olaryň sesi söweş arabalarynyň güpürdisi kimin+,
Otda ýanýan samanyň şatyrdysy ýalydyr.
Olar söweş nyzamyna düzülen güýçli halk kimindir+.
6 Olaryň elinden halklar jebir çeker.
Gorkudan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.
7 Olar pälwan kimin topulýarlar.
Esger kimin diwara dyrmaşýarlar.
Her biri nyzam bilen ýöreýär,
Hiç biri ýolundan sowulmaýar.
8 Biri-birini iteklemeýärler,
Olaryň her biri nyzam bilen ýöreýärler.
Atylan okdan ýykylsa-da ýoldaşy,
Nyzamyndan çykmaýar gardaşy.
9 Olar şähere çozýarlar, diwarlardan aşýarlar.
Öýlere dyrmaşyp çykyp,
Penjireden ogry kimin girýärler.
10 Olaryň öňünde ýer we gök titreýär.
Gün we Aý tutulýar+,
Ýyldyzlar şöhle saçmaýar.
Onuň sözüni ýerine ýetirýän güýçlüdir.
Ýehowanyň güni beýik hem gorkunçdyr+.
Kim çydap biler?»+
12 Ýehowa şeýle diýýär: «Heniz wagt barka,
Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň+.
Agyz bekläň+, aglaň, perýat ediň.
13 Diňe ýakaňyzy ýyrtman+, ýürekden toba ediň*+.
Ýehowa Hudaýyňyza dolanyň.
Şonda ol pikirinden dänip*,
Başyňyza betbagtçylyk indermez.
Sebäbi ol mähirli* hem rehimdar,
14 Kim bilýär, belki, gahary köşeşer, pikirini üýtgeder*+,
Size bol bereketleri berer.
Şonda siz Ýehowa Hudaýyňyza galla,
Şerap sadakasyny berip bilersiňiz.
15 Sionda surnaý çalyň!
Agyz bekläň, halky uly baýramçylyga çagyryň!+
16 Halky ýygnaň, jemagaty mukaddes ediň+.
Ýaşululary, çagalary hem bäbekleri jemläň+.
Goý, ýigit öz gelni bilen otagyndan çyksyn.
„Ýehowa, halkyňa rehim et!
Halkyňy masgara etme,
Ýat halklar olaryň üstünden agalyk etmesin.
„Olaryň Hudaýy nirede?“ diýmesin“+.
18 Şonda Ýehowa ýurduny gabanjaňlyk bilen gorar.
Halkyna rehimi iner+.
19 Ýehowa halkyna şeýle diýer:
„Indi men size galla, täze şerap, ýag bererin.
Siz doýup ganarsyňyz+.
Indi siz halklaryň arasynda masgara bolmarsyňyz+.
20 Demirgazykdan gelenleri kowaryn.
Men olary takyrlyga hem çöle pytradaryn.
21 Eý ýurt, gorkma!
Şatlan we begen, sebäbi Ýehowa beýik işleri eder.
22 Ýabany haýwanlar, gorkmaň!
Sebäbi sähralar ýaşyl dona bürener+.
Agaçlar miwe berer+.
Injir we üzüm agaçlary bol hasyl berer+.
23 Sion ogullary, Ýehowa Hudaýyňyzyň işlerine şatlanyň+.
Sebäbi ol gadymky günlerde bolşy ýaly,
Güýzde ýagyşly-ýagmyrly günleri köpelder.
Siziň üçin çabga, güýz we ýaz ýagyşlaryny ýagdyrar+.
24 Harmanlar galladan dolar.
Çelekler täze şerapdan, ýagdan püre-pür bolar+.
25 Men siziň üstüňize uly goşunymy+:
Çekirtgeleriň sürüsini, ganatsyz çekirtgeleri,
Ýalmap-ýuwudýan çekirtgeleri, uly çekirtgeleri iberdim.
Olar şunça ýyllap zyýan ýetirdi, indi öwezini dolaryn.
26 Siz doýup ganarsyňyz+.
Siziň üçin ajaýyp işleri eden
Ýehowa Hudaýyňyzyň adyna alkyş aýdarsyňyz+.
Halkym indi hiç haçan utanja galmaz+.
Halkym indi hiç haçan ýüzügara bolmaz.
28 Şondan soňra her biriniň üstüne ruhumy indererin+.
Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler.
Gojalaryňyz düýşler,
29 Men gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne
Şol günler ruhumy indererin.
30 Men asmanda we ýer ýüzünde alamatlary:
Gan, ot we gara tüsse görkezerin+.
32 Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar+.
Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Sion dagynda,
Iýerusalimde aman galanlar bolar+.
Ýehowanyň çagyranlarynyň başy dik bolar».
3 «Şol döwürde, şol günlerde,
Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýesirlerini yzyna getirerin+.
2 Şonda ähli halklary hem ýygnap,
Ýehoşapat* jülgesine getirerin.
Halkymyň we mirasym Ysraýylyň hatyrasyna,
Olara höküm çykararyn+.
Sebäbi olar halkymy milletleriň arasyna dargatdylar,
Olar meniň ýurdumy özara paýlaşdylar+.
3 Olar halkym üçin bije atdylar+,
Ahlaksyz aýal bilen ýatmak üçin oglanlary satdylar,
Gyzlary şeraba çalyşdylar.
4 Eý Tir, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary,
Maňa garşy çykmaga neneň milt edip bildiňiz?
Siz maňa gaýtawul berýärsiňizmi?
Eger şeýle bolsa,
Derrew almytyňyzy bererin+.
5 Siz meniň altyn-kümşümi olja aldyňyz+,
Hazynamy ybadathanalaryňyza eltip goýduňyz.
6 Siz Ýahuda we Iýerusalim halkyny
Ýurdundan uzaklara äkidip, greklere satdyňyz+.
7 Olary satan ýurduňyzdan yzyna getirerin+,
Edenleriňizi öz başyňyzdan indererin.
8 Men ogul-gyzlaryňyzy ýahuda halkyna sataryn+,
Halkym hem olary uzakda ýaşaýan şebalylara satar,
Sebäbi muny Ýehowa aýtdy.
9 Halklaryň arasynda jar ediň+:
„Söweşe taýýarlyk görüň, batyr ýigitler aýaga galsyn!
Goý, ähli esgerler ýygnanyp, hüjüm etsin!+
10 Azallaryňyzdan gylyçlar,
Oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň.
Goý, ejizler: „Men güýçli“ diýsin.
11 Goňşy milletler! Ýygnanyň+, biri-biriňize kömek ediň“».
Eý Ýehowa, güýçli esgerleriňi şol ýere iber.
12 «Goý, halklar aýaga galyp, Ýehoşapat jülgesine gelsin,
Sebäbi men ol ýere baryp, halklara höküm çykarjak+.
13 Hasyl ýetişdi, oraklaryňyzy alyň,
Üzüm sykylýan çukurlar üzümden doldy+,
Geliň, üzümi depeläň.
Çelekler şerapdan dolup daşdy,
Olaryň zalym işleri hetden aşdy.
15 Günüň, Aýyň ýüzi tutular,
Ýyldyzlar şöhle saçmaz.
16 Ýehowa Siondan arslan kimin arlar,
Ol Iýerusalimden batly ses bilen gygyrar.
17 Şonda meniň Ýehowa Hudaýyňyzdygymy bilersiňiz.
Men Sionda, mukaddes dagymda+ bolaryn,
Iýerusalim mukaddes mekan bolar+,
Kesekiler ol ýere aýak basmaz+.
Ýehowanyň öýünden akýan çeşme+,
Akasiýa jülgesini suwarar.
19 Emma Müsür harabaçylyga döner+,
Edom çöllüge öwrüler+,
Sebäbi olar ýahuda halkyna zalymlyk etdiler+,
Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+.
20 Ýahuda hemişe ilatly bolar,
Iýerusalimiň halky hiç haçan azalmaz+.
Manysy: Ýehowa Hudaýdyr.
Ýa-da: Äri.
Sözme-söz: Jul.
Ýa-da: gelin.
Hurma bitýän palma agajy göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: injir agajy gurady.
Sözme-söz: ýürekleriňizi ýyrtyň.
Ýa-da: ökünip.
Ýa-da: duýgudaş.
Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: öküner.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýüzüni.
Ýagny Öli deňzi.
Sözme-söz: Ýeňsesini.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa Kazydyr.