Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ýunus 1:1—4:11
  • Ýunus

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýunus
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ýunus

ÝUNUS PYGAMBERIŇ KITABY

1 Ýehowa Emitaýyň ogly Ýunusa*+ şeýle diýdi: 2 «Tur, beýik şäher Ninewiýa+ ýola düş. Olara meniň hökümlerimi yglan et, sebäbi halkyň erbet işlerini gördüm».

3 Emma Ýunus Ýehowadan gaçyp, Tarşyşa tarap ugrady. Ol Ýafa gelip, Tarşyşa gidýän bir gämini tapdy. Ýol tölegini berip, gämä mündi. Ýehowadan gaçmak üçin deňizçiler bilen Tarşyşa tarap ýola düşdi.

4 Şonda Ýehowa deňizde apy⁠-⁠tupan turuzdy. Tolkunlar şeýle bir güýçlüdi welin, gämi döwlere geldi. 5 Deňizçiler gorkudan ýaňa öz taňrylaryny çagyrdylar. Olar gäminiň ýüküni ýeňletmek üçin, ähli zatlary deňze taşlap başladylar+. Ýunus bolsa gäminiň ammaryna* düşüp, agyr uka gidipdi. 6 Gäminiň gözegçisi onuň ýanyna baryp: «Nämä ýatyrsyň? Tur ýeriňden, öz taňryňy çagyr! Belki, hak Hudaý rehim edip, başymyzy gutarar»+ diýdi.

7 Olar biri⁠-⁠birine: «Geliň, bije atalyň+. Haýsymyz sebäpli apy⁠-⁠tupanyň turýandygyny bileliň» diýişdiler. Olar bije atdylar, bije Ýunusa düşdi+. 8 Olar Ýunusdan: «Hany aýt, apy⁠-⁠tupan sen sebäpli turdumy? Käriň näme? Nireden gelýärsiň? Nireli bolarsyň? Milletiň näme?» diýip soradylar.

9 Ýunus olara: «Men ýewreý. Deňzi we gury ýeri ýaradan gökleriň Hudaýy Ýehowa sežde edýärin» diýip jogap berdi.

10 Olar öňküsinden⁠-⁠de beter gorkup: «Sen näme günä etdiň?» diýip soradylar. (Ýunus olara özüniň Ýehowadan gaçyp barýandygyny aýdypdy). 11 Deňiz tolkunlary barha möwç urýardy. Deňizçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, saňa näme etmeli?» diýdiler. 12 Ol: «Meni göteriň⁠-⁠de, deňze taşlaň, şonda deňiz köşeşer. Apy⁠-⁠tupan men sebäpli turýar» diýdi. 13 Emma deňizçiler bar güýçleri bilen gämini kürekläp, kenara çykarjak boldular, ýöne başarmadylar. Sebäbi deňiz tolkunlary has⁠-⁠da güýjeýärdi.

14 Olar Ýehowa ýalbaryp şeýle diýdiler: «Eý Ýehowa, bir adam üçin bizi heläk etme! Bizi nähak gana galdyrma. Eý Ýehowa, ähli zat seniň islegiň bilen bolýar». 15 Soňra olar Ýunusy göterip, deňze okladylar welin, deňiz köşeşdi. 16 Muny gören deňizçiler Ýehowadan örän gorkdular+. Olar Ýehowa gurbanlyk berip, gulluk etmegi wada berdiler.

17 Ýehowa Ýunusy ýuwudar ýaly bir uly balygy iberdi. Ýunus üç gije⁠-⁠gündiz balygyň garnynda boldy+.

2 Ýunus balygyň garnyndan Ýehowa Hudaýyna doga edip+, 2 şeýle diýdi:

«Gaýgy⁠-⁠gama batyp,

Ýehowany çagyrdym,

Ol dadyma ýetişdi+.

Mazaryň* düýbünden

Kömek sorap gygyrdym+,

Sen sesimi eşitdiň.

 3 Sen meni çuňluga,

Deňziň düýbüne zyňdyň,

Suwlar meni ýuwutdy+,

Güýçli tolkunlar üstümi basdy+.

 4 Men: „Hudaýyň öňünden kowuldym!

Mukaddes ybadathanaňy ýene görerinmi?“ diýdim.

 5 Suwlar meni ýuwutdy,

Janyma howp abandy+,

Ummanyň düýbüne düşdüm,

Başyma otlar oraldy.

 6 Daglaryň düýbüne düşdüm,

Daşymdan ýeriň derwezesi ebedilik ýapyldy,

Ýehowa Hudaýym, sen janymy çukurdan halas etdiň+.

 7 Demimi sanap ýatyrkam, diňe Ýehowa hakda oýlandym+.

Şonda dogamy mukaddes ybadathanaňdan eşitdiň+.

 8 Butparazlar Hudaýyň söýgüsinden* ýüz öwürdiler*.

 9 Men bolsa saňa alkyş aýdyp, gurbanlyk bererin,

Wadamy berjaý ederin+.

Diňe Ýehowa halas edip bilýändir!»+

10 Ýehowa balyga emr etdi, balyk Ýunusy gury ýere gusdy.

3 Ýehowa ikinji sapar Ýunusa şeýle diýdi+: 2 «Bar, beýik şäher Ninewiýa+ ýola düş. Meniň aýtjak habarymy olara yglan et».

3 Ýunus Ýehowa gulak asyp+, ýerinden turdy⁠-⁠da, Ninewiýa+ gitdi. Ninewiýa örän uly şäherdi*. Şäheri aýlanyp çykmak üçin üç gün gerekdi. 4 Ýunus şähere bardy. Ol: «Ninewiýa 40 günden weýran bolar!» diýip, bir günlük ýol ýöräp jar çekdi.

5 Ninewiýanyň halkynyň ýaşy⁠-⁠garrysy, baýy⁠-⁠garyby Alla iman etdiler+, agyz bekläp, jul* geýdiler. 6 Habar Ninewiýanyň patyşasyna baryp ýetende, ol hem tagtyndan düşüp, şa lybasyny egninden çykardy⁠-⁠da, jul geýip, kül üstünde oturdy. 7 Soňra ol Ninewiýanyň halkyna şeýle buýruk berdi:

«Patyşanyň we töre⁠-⁠begleriň permany bilen: adamlar, haýwanlar, mal⁠-⁠garalar hiç zat iýmesin, agzyna hiç zat almasyn, suw⁠-⁠da içmesin. 8 Ynsan⁠-⁠da, haýwan⁠-⁠da jul geýsin. Goý, her kes Alla ýalbarsyn, erbet ýolundan dönsün, zalym işlerinden el çeksin. 9 Kim bilýär, belki, hak Hudaý pikirini üýtgedip*, gaharyny saklar, şonda biz heläk bolmarys».

10 Hak Hudaý olaryň edenlerini, erbet ýolundan dönendiklerini görüp+, pikirini üýtgetdi*. Olaryň başyna betbagtçylyk indermedi+.

4 Emma Ýunus muňa diýseň nägile bolup, gany depesine urdy. 2 Ol Ýehowa doga edip, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, munuň şeýle boljagyny öýümden gaýtmankam bilýärdim! Şonuň üçin men Tarşyşa gaçyp gitjek boldum+. Seniň mähirli*, rehimdar Hudaýdygyňy, giň göwünli*, wepaly söýgä* baýdygyňy+, ýüregiň awap, betbagtçylyk indermejegiňi bilýärdim ahyryn. 3 Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, indi meniň janymy al. Ýaşanymdan ölenim gowudyr»+.

4 Ýehowa ondan: «Şeýle gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady.

5 Ýunus şäherden çykyp, gündogar tarapynda oturdy. Şähere näme boljagyny görmek üçin+ çatma dikip, kölegesinde dynç aldy. 6 Soňra Ýehowa Hudaý Ýunusy yssydan goramak üçin, başyna kölege salar ýaly suwkädini ösdürdi. Ýunus muňa örän begendi.

7 Emma hak Hudaý ertesi irden bir gurçugy iberdi. Ol suwkädiniň köküni iýip, ony guratdy. 8 Günortan çagy Hudaý gündogardan gyzgyn şemal öwüsdirdi. Ýunusyň depesinden Gün geçdi, ol tasdan huşuny ýitiripdi. Ol ölümini diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr»+ diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtdy.

9 Hudaý Ýunusdan: «Suwkädi üçin şeýle gaharlanmaga hakyň barmy?»+ diýip sorady.

Ýunus: «Elbetde, gaharlanmaga hakym bar. Gahardan ýaňa ölesim gelýär» diýip jogap berdi. 10 Emma Ýehowa şeýle diýdi: «Sen ekmedik, zähmetiňi siňdirmedik, bir gijede ösüp, bir gijede guran suwkädi üçin gynanýarsyň. 11 Onda meniň uly şäher Ninewiýa+ neneň ýüregim awamasyn? Sebäbi şäheriň 120 000⁠-⁠den gowrak ilaty, birgiden mal⁠-⁠garasy bar ahyryn. Halky ýagşy⁠-⁠ýamany* bilmeýär»+.

Manysy: Kepderi.

Ýa⁠-⁠da: aşaky otagyna.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsinden.

Başga manysy: Butparazlar wepaly bolmagy unutdylar.

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyň nazarynda uly şäherdi.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Ýa⁠-⁠da: ökündi.

Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.

Ýa⁠-⁠da: sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: sag eli bilen çep eliniň tapawudyny.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş