Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Nahum 1:1—3:19
  • Nahum

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nahum
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Nahum

NAHUM PYGAMBERIŇ KITABY

1 Ninewiýa+ çykarylan höküm. Elkoşly Nahumyň* gören görnüşi* hakda ýazan kitaby.

 2 Ýehowa Hudaý ýürekden wepaly bolmagy talap edýär*+,

Alla öç alýar.

Ýehowa ar alýar, gahar-gazapdan doly+.

Ýehowa duşmanlaryndan öç alýar,

Gaharyny duşmanlary üçin saklaýar.

 3 Ýehowa güýçli+ bolsa-da, giň göwünli*+.

Emma Ýehowa günäkäri jezasyz goýmaz+.

Ol ýörände apy-tupan hem harasat turýar,

Bulutlar aýagynyň astynda tozaýar+.

 4 Ol käýände deňiz guraýar+,

Ähli derýalar takrap galýar+.

Başan hem Karmel çöle dönýär+,

Liwan gülleri solýar.

 5 Ol daglary titredýär,

Depeleri eredýär+.

Onuň huzurynda ýer lerzana geler,

Tutuş zemin we janly-jemende howsala düşer+.

 6 Ol gahar-gazaba münende,

Kim öňünde durup biler?+

Lowlaýan gazabyna kim çydap biler?+

Onuň gahary ot kimin tutaşýar,

Gaýalary sarsdyrýar.

 7 Ýehowa ýagşydyr+, agyr günde gala kimin goraýar+.

Pena gözleýänleriň howandarydyr*+.

 8 Ol şäheri* sil bilen süpürip taşlar,

Duşmanlaryny tümlük bilen gaplar.

 9 Ýehowa garşy näme edip bilersiňiz?

Ol köküňiz bilen sogrup taşlar,

Sizi bir demde ýok eder+.

10 Ninewiýanyň halky biri-birine çyrmaşan tikenek kimindir.

Olar içgiden* serhoş bolan adam ýalydyr.

Olaryň ählisi saman kimin ýanyp kül bolar.

11 Siziň araňyzdan biri aýaga galyp, Ýehowa garşy hile gurar,

Peýdasyz maslahatlary berer.

12 Ýehowa şeýle diýýär:

«Assiriýalylar* güýçli, sansyz-sajaksyz bolsalar-da,

Ählisi gyrlar, ýok bolar*.

Seni* urupdym, indi urmaryn.

13 Onuň saňa salan boýuntyrygyny döwerin+,

Zynjyrlaryňy üzüp taşlaryn.

14 Ýehowa sen hakda buýruk berdi:

„Eý Ninewiýa*, seniň adyň ýitip gider.

Buthanaňda duran oýma we guýma butlaryňy kül ederin.

Ýigrenji işleri edeniň üçin, saňa gabyr gazyp goýaryn“.

15 Daglardan aşyp, hoş habary aýdýanlara serediň.

Olar parahatlygy yglan edýärler+.

Eý Ýahuda, baýramçylyklaryňy belle+,

Wadalaryňy berjaý et.

Sebäbi zalym adam ýurduňa gelmez.

Ol hökman ýok ediler».

2 Seni* derbi-dagyn etjek duşman geler+.

Galalaryňy gora,

Ýoluňy garawulla.

Biliňi berk guşap, güýjüňi topla.

 2 Ýehowa Ýakubyň şöhratyny,

Ysraýylyň şan-şöhratyny gaýtaryp berer.

Sebäbi duşmanlar ony weýran edip+,

Şahalaryny çapyp taşlapdy.

 3 Ninewiýanyň duşmanlarynyň galkany gyzyl reňklidir,

Esgerleri gyrmyzy sowut geýýär.

Söweşe taýýarlyk gören güni,

Söweş arabalarynyň demir çişleri gözüňi gamaşdyrýar*,

Esgerler naýzalaryny ýokary galdyrýarlar.

 4 Söweş arabalaryny köçelerde dälirän dek sürýärler,

Şäher meýdançalarynda* eýläk-beýläk urunýarlar.

Olar alaw ýaly ýanyp, ýyldyrym dek süýnýärler.

 5 Patyşa serkerdelerini jemlär.

Olar ýykylyp-sürçüp bararlar.

Şäher diwarlaryna okdurylarlar,

Böwetler gurarlar.

 6 Derýalaryň derwezeleri açylar,

Köşk çöküp gider.

 7 Perman ýatyrylmaz: halkyň namysy depelener,

Olar sürgün ediler, kenizleri aglarlar,

Gursaklaryna urup, kepderi deý nalarlar.

 8 Gadymy günlerden bäri

Ninewiýa+ suwdan doly howza meňzeýärdi.

Onuň halky gaçyp gider.

Olara: «Duruň, duruň!» diýseler-de,

Hiç haýsy yzyna seretmez+.

 9 Kümşüni talaň, altynyny talaň!

Olaryň ummasyz hazynasy

Gymmatbaha zatlardan doludyr.

10 Şäher boşap galar,

Janly-jemende bolmaz, haraba öwrüler!+

Olaryň ýürekleri ýarylar, dyzlary epiler, bedeni saňňyldar.

Olaryň ýüzi çuw ak bolar.

11 Arslanlaryň mekany+,

Ýaş arslanlaryň aw awlaýan ýeri nirede?

Arslanlaryň çagalary bilen

Gorkusyz-ürküsiz gezýän ýeri nirede?

12 Arslan öz balalary üçin aw awlardy,

Ene ýolbarslar üçin awuny bogup öldürerdi.

Gowaklaryny awdan,

Parçalanan haýwanlardan doldurardy.

13 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Seniň bilen söweşerin!+

Söweş arabalaryňy ýakyp kül ederin+.

Ýaş arslanlaryňy gylyç bilen gyraryn.

Indi sen ýer ýüzüni talamarsyň,

Çaparlaryň sesi eşidilmez»+.

3 Ganhor şäheriň waý halyna!

Ol mekirdir, talaňçydyr,

Hiç haçan oljasyz galýan däldir!

 2 Ol ýerden gamçy sesi, tigirleriň takyrdysy gelýär.

Atlaryň, söweş arabalarynyň güpürdisi eşidilýär.

 3 Atlylar öňe okdurylýar, gylyçlar ýalpyldaýar,

Naýzalar öwşün atýar.

Wepat bolanlaryň san-sajagy ýok,

Jesetler üýşmek-üýşmek, läşler serlip ýatyr.

Jesetlerden ýaňa aýak basara ýer ýok.

 4 Ahlaksyzlygy üçin şeýle zatlar başyna geldi,

Ol owadan, maýyl ediji, jadygöý aýaldyr.

Ol milletleri ahlaksyzlygyň duzagyna,

Taýpalary jadygöýligiň toruna saldy.

 5 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Seniň* bilen söweşerin!+

Köýnegiň etegini ýüzüňe çenli galdyraryn.

Halklar uýat ýeriňi,

Patyşalyklar masgara bolandygyňy görerler.

 6 Başyňdan zir-zibil guýaryn.

Seni masgara ederin,

Görene göz ederin+.

 7 Seni gören gaçyp gider+, şeýle diýer:

„Ninewiýa weýran boldy!

Kimiň ýüregi awar?“

Saňa teselli berjek adamy nireden tapaýyn?

 8 Niliň+ kenarynda oturan Nog-amondan*+ nämäň artyk?

Onuň daş-töweregini suw gurşardy,

Deňiz onuň baýlygydy, deňiz onuň diwarydy.

 9 Efiopiýa bilen Müsür güýç-kuwwatydy.

Putlar+ bilen liwiýalylar kömekçisidi+.

10 Emma ol sürgün edildi,

Ýesir düşdi+.

Çagalary köçäniň çatryklarynda bölek-bölek edildi.

Abraýly adamlary üçin bije atyldy,

Baý adamlary zynjyrlara baglandy.

11 Sen serhoş bolarsyň+,

Gizlenip ýatarsyň.

Duşmandan gaçyp, pena gözlärsiň.

12 Galalaryň ir ýetişen injir ýalydyr,

Silkelärler, miweleri açgözleriň agzyna düşer.

13 Esgerleriň aýaldan parhy ýokdur.

Derwezeleriň duşman üçin açyk galar,

Kiltleriňi ot ýakyp kül eder.

14 Heniz gabalmankaň, howzuňy suwdan doldur!+

Galalaryňy mäkäm berkit!

Palçygy depeläp, kerpiç ýasa.

15 Şonda-da seni ot ýalmar,

Gylyç seni parçalar+.

Olar çekirtgeler kimin üstüňe çozup, seni gemrerler+.

Senem çekirtge kimin köpel,

Çekirtge kimin sansyz-sajaksyz bol.

16 Täjirleriň sanyny ýyldyzlar deý köpeldýärsiň.

Çekirtgeler ganat çykaryp uçup gidýär.

17 Seniň garawullaryň çekirtgeler ýalydyr,

Serkerdeleriň çekirtge sürüsi kimindir.

Olar sowuk howada diwarlaryň jaýryklarynda ýatýarlar,

Gün çykanda uçup gidýärler,

Olaryň nirä uçandygyny hiç kim bilmeýär.

18 Assiriýanyň patyşasy, çopanlaryňy uky basmarlaýar,

Han-begleriň öýünden çykmaýar.

Dargan halkyň daglarda enteşip ýör,

Olaryň başyny jem etjek adam tapylmaýar+.

19 Başyňa düşen beladan gutulyp bilmersiň,

Ýaralaryňa melhem tapylmaz.

Sen hakda eşiden adamlar heşelle kakyp,

Ellerini çarparlar+.

Soňy gutarmaýan zalymlygyňdan ejir çekmedik barmy?»+

Manysy: Teselli beriji.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär.

Ýa-da: sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýar.

Sözme-söz: Özünden pena gözleýänleri tanaýandyr.

Ýagny Ninewiýa.

Ýa-da: bugdaýdan edilen piwodan.

Sözme-söz: Olar.

Başga manysy: Men aralaryndan geçip giderin.

Ýagny Ýahudany.

Ýa-da: Eý assiriýaly.

Ýagny Ninewiýany.

Ýa-da: ýalyn kimin ýalpyldaýar.

Sözlüge serediň.

Ýagny Ninewiýa.

Ýagny Fiwydan.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş