Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Hagaý 1:1—2:23
  • Hagaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hagaý
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Hagaý

HAGAÝ PYGAMBERIŇ KITABY

1 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birine Ýehowa Hagaý*+ pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şehalteliň ogly Zerubabele+ we Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşa şeýle diýdi:

2 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Halk Ýehowanyň öýüni gurmagyň* wagty däl diýýär“»+.

3 Soňra Ýehowa Hagaý pygamber+ arkaly şeýle sözleri hem aýtdy: 4 «Meniň öýüm haraba bolup ýatyrka+, siz kaşaň jaýlarda ýaşaýaňyzmy? 5 Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Bolşuňyz hakda gowy oýlanyň. 6 Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz+, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, işçiniň gazanjy düýbi deşik torba düşen ýaly“.

7 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Bolşuňyz hakda gowy oýlanyň“.

8 Ýehowa: „Daga gidiň⁠-⁠de, agaç getiriň+, meniň öýümi guruň+. Şonda men begenerin, şöhratlanaryn“+ diýýär.

9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz köp hasyla garaşdyňyz, ýöne az hasyl aldyňyz. Hasyly ammaryňyza getireniňizde, men demim bilen üfläp ýok etdim+. Bilýäňizmi näme üçin? Meniň öýüm haraba bolup ýatyrka, siziň ähliňiz öz hojalygyňyz bilen başagaýdyňyz+. 10 Şol sebäpli asman ýagyş, toprak hasyl bermedi. 11 Men topraga we daglara gurakçylyk inderdim. Şol sebäpli gallaňyz, täze şerabyňyz, zeýtun ýagyňyz hem⁠-⁠de topragyň hasyly ýetmezçilik edýär. Çekýän zähmetiňiziň hözirini görmeýärsiňiz. Adamlar we haýwanlar kösenýär“».

12 Şehalteliň+ ogly Zerubabel+, Ýehosadygyň+ ogly baş ruhany Ýuşa we halkyň aman galanlary Ýehowa Hudaýyň sözüne, Ýehowa Hudaýyň iberen Hagaý pygamberiniň aýdanlaryna gulak asdylar. Olar Ýehowadan gorkdular.

13 Ýehowanyň habarçysy Hagaý Ýehowanyň aýdan sözlerini halka ýetirdi: «Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!“»+.

14 Ýehowa Ýahudanyň häkimi+ Şehalteliň ogly Zerubabeli, Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşany+ we halkyň aman galanlaryny ruhlandyrdy+. Olar gelip, Serkerdebaşy Ýehowa Hudaýyň öýüni gurmaga başladylar+. 15 Olar gurluşyga Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň 24⁠-⁠ne başladylar+.

2 Ýedinji aýyň 21⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý pygamber+ arkaly şeýle diýdi: 2 «Ýahudanyň häkimi+ Şehalteliň ogly Zerubabelden+, Ýehosadygyň+ ogly baş ruhany Ýuşadan+ we aman galan halkdan sora: 3 „Araňyzda ybadathananyň öňki şöhratyny görenlerden kim bar?+ Ybadathananyň häzirki ýagdaýyny görýäňizmi? Öňki şöhratyndan nam⁠-⁠nyşan galmandyr“+.

4 Ýehowa şeýle diýýär: „Zerubabel, mert bol! Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşa, mert bol!“

Ýehowa şeýle diýýär: „Aman galan halk, mert boluň+, işe başlaň!“

Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!+ 5 Gorkmaň, Müsürden çykanyňyzda beren wadamy ýatlaň+. Men ruhum bilen+ ýol görkezerin“*+.

6 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men az salymdan gögi we ýeri, deňzi hem gury ýeri ýene bir gezek sarsdyraryn“+.

7 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini* jemlärin+. Men öýümi şan⁠-⁠şöhratdan dolduraryn“+.

8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Kümüş⁠-⁠de, altyn⁠-⁠da meniňkidir“.

9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Öýüň soňky şöhraty öňküsinden has⁠-⁠da arşa galar“+.

Serkerdebaşy Ýehowa yglan edýär: „Ybadathanamda parahatlyk bolar“»+.

10 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň dokuzynjy aýynyň 24⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý+ pygambere şeýle diýdi: 11 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakda sora+: 12 „Eger bir adam eşiginiň etegine mukaddes eti salyp äkidende, onuň eşigi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa⁠-⁠da başga bir zada degse, olar mukaddes bolarmy?“»

Ruhanylar: «Ýok!» diýip jogap berdiler.

13 Hagaý sözüni dowam etdi: «Eger jesede degip, haram bolan adam şol zatlaryň birine elini degirse, olar hem haram bolarmy?»+

Ruhanylar: «Hawa, olar haram bolar!» diýdiler.

14 Şonda Hagaý şeýle diýdi: «Ýehowa şeýle diýýär: „Halk hem, tutuş millet hem meniň öňümde şeýledir. Olaryň edýän ähli işleri⁠-⁠de şeýledir, şonuň üçin olaryň sadakalary hem haramdyr“.

15 „Şu günden beýläk oýlanyň: Ýehowanyň ybadathanasynda daşyň üstüne daş goýulmanka+, 16 ýagdaý nähili bolupdy? Biri 20 çuwal galla ýygnamaga gelende, ol 10 çuwal galla aldy. Ol şeraply çelekden 50 küýze şerap aljak bolanda, diňe 20 küýze aldy“+. 17 Ýehowa şeýle diýýär: „Men hasylyň üstüne gyzgyn şemal öwüsdirdim+, heň* we jöwenek* bilen zaýaladym. Emma siz şonda⁠-⁠da maňa tarap öwrülmediňiz“.

18 „Bu gün dokuzynjy aýyň 24⁠-⁠i, Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüniň tutulan günüdir+. Şu günden beýläk gowy oýlanyň. Pikir ediň: 19 ammarlarda däne galdymy?+ Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary miwe berdimi? Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“»+.

20 Aýyň 24⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý bilen ikinji gezek gepleşdi+: 21 «Ýahudanyň häkimi Zerubabele aýt: „Men ýeri we gögi titrederin+. 22 Patyşalaryň tagtyny agdararyn, milletleriň şalyklarynyň güýjüni ýok ederin+. Söweş arabalaryny we ony sürýänleri agdararyn, atlary ýykaryn, çapyksuwarlar doganynyň elinden öler“+.

23 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eý gulum, Şehalteliň ogly Zerubabel!+ Şol gün seni çagyraryn“. Ýehowa: „Seni möhürli ýüzügim ederin“ diýýär. Serkerdebaşy Ýehowa: „Sen meniň saýlanym!“ diýýär».

Manysy: Baýramçylykda doglan.

Ýa⁠-⁠da: dikeltmegiň.

Başga manysy: Meniň ruhum araňyzdady.

Ýa⁠-⁠da: genji⁠-⁠hazynalaryny.

Ýa⁠-⁠da: pilis.

Ýa⁠-⁠da: doly; buz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş