MELEK PYGAMBERIŇ KITABY
1 Habar.
Ýehowanyň Melek* pygamber arkaly Ysraýyla aýdan habary.
2 Ýehowa: «Eý halkym, men sizi söýýärin!»+ diýýär.
Siz bolsa: «Biz-ä seniň söýgiňi görmedik» diýýärsiňiz.
Ýehowa şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi?+ Ýöne men Ýakuby söýdüm, 3 Ysawy ýigrendim+. Onuň daglarynda janly-jemende galmady+, mirasyny çöle, şagallaryň sürenine öwürdim»+.
4 «Edom: „Biz weýran edildik, ýöne dolanyp geleris, haraba öwrülen ýerleri dikelderis“ diýýär. Emma Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Olar gurar, ýöne men ýykaryn. Olara „zalymlygyň mekany“ we „Ýehowanyň hemişelik ýüz öwren halky“+ diýerler. 5 Siz muny gözüňiz bilen görüp: „Goý, Ýehowa bütin Ysraýylda şöhratlansyn!“ diýersiňiz“».
6 «Adyma ysnat getirýän ruhanylar+, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ogul atasyna, gul hem hojaýynyna hormat goýýar+. Eger men Ata bolsam+, näme üçin hormat goýmaýarsyňyz?+ Eger men Hojaýyn bolsam, näme üçin menden gorkmaýarsyňyz?“
Emma siz: „Adyňa ysnat getirer ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz.
7 „Gurbanlyk ojagyma* haram sadakalary* getirýärsiňiz“.
„Seni masgara eder ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz.
Siz: „Ýehowanyň saçagyna+ galan-gaçan hem bolýar“ diýýärsiňiz. 8 Kör maly gurbanlyk berip: „Kemi ýok“ diýýärsiňiz. Agsak, kesel maly getirip: „Kemi ýok“+ diýýärsiňiz».
«Şolary häkimiňe eltip berseň, kabul edermi? Seni güler ýüz bilen garşy alarmy?» Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa şikesli mallary gurbanlyk berseňiz, kabul ederinmi? Şonuň üçin Hudaýyňyza ýalbaryň, rehim etmegini diläň».
10 «Size hak tölenmese+, ybadathananyň gapylaryny ýapmaýarsyňyz+, gurbanlyk ojagynda ot ýakmaýarsyňyz. Men sizden razy däldirin. Gurbanlyklaryňyzyň hiç birini kabul etmerin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
11 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Gündogardan günbatara çenli meniň adym halklaryň arasynda şöhratlanar+. Bütin ýer ýüzünde meniň adymyň hatyrasyna halal gurbanlyklar ýakylar, sadakalar berler. Meniň adym ähli halklaryň arasynda şöhratlanar»+.
12 «Emma siz: „Ýehowanyň saçagy, ondaky ir-iýmişler, näz-nygmatlar haramdyr“+ diýip, adyma ysnat getirýärsiňiz*+. 13 Siz: „Olardan bizar bolduk!“ diýip, ýüz-gözüňizi çytýarsyňyz — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siz ogurlanan, agsak we kesel mallary getirýärsiňiz. Siz nädip şeýle mallary gurbanlyk berip bilýärsiňiz?! Men olary kabul ederinmi?»+ Muny Ýehowa aýdýar.
14 «Sürüsinde sagdyn goçy bolsa-da, beren wadasyny berjaý etmek üçin Ýehowa şikesli maly gurbanlyk berýän hilegär adama nälet bolsun! Men beýik Patyşa!+ Ähli milletler adymdan gorkarlar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».
2 «Eý ruhanylar, size duýdurýaryn+: 2 eger siz maňa gulak asmasaňyz, adymy şöhratlandyrmagy ýüregiňize düwmeseňiz, men sizi näletlärin+. Bereketlerden mahrum edip, size gargaryn+. Sizi eýýäm bereketlerimden mahrum edip, başyňyzdan nälet inderdim, sebäbi duýduryşyma gulak asmaýarsyňyz». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
3 «Günäleriňiz üçin ekiniňizi guradaryn+. Baýramçylyklarda gurbanlyk berlen mallaryň tezegini ýüzüňize çalaryn. Özüňizi-de tezegiň içine zyňaryn. 4 Şu duýduryşy Lewi bilen baglaşan ähtim güýjüni ýitirmesin+ diýip berdim. Muňa şonda düşünersiňiz». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
5 «Men äht baglaşyp, oňa uzak we parahat ömri wada berdim. Menden gorksun* diýip, äht baglaşdym. Ol menden gorkardy, adyma hormat goýardy. 6 Hakykat kanuny onuň dilinden düşmezdi+, agzyndan ýalan söz çykmazdy. Meniň bilen arasy gowudy*, ýolumda dogruçyl ýörärdi+, köpleriň toba etmegine kömek ederdi. 7 Ruhany Alla hakda bilim bermeli, adamlar ondan maslahat soramaly+. Sebäbi ol Serkerdebaşy Ýehowanyň wekilidir».
8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Siz ýoldan çykdyňyz. Siz kanuny berjaý etmän* adamlary büdretdiňiz+. Lewi bilen baglaşan ähtimi bozduňyz+. 9 Siz tabşyryklarymy berjaý etmediňiz, kanunlarymy öz bähbidiňiz üçin ulandyňyz+. Şonuň üçin il-günüň öňünde abraýdan düşürerin, masgara ederin».
10 «Biziň atamyz bir dälmi?+ Bizi ýaradan ýeke-täk Alla dälmi? Onda näme üçin bir-birimize dönüklik edip+, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys? 11 Ýahuda dönüklik etdi, Ysraýyl we Iýerusalim haram işleri etdi. Ýahuda Ýehowanyň söýýän mukaddesligini*+ ýigrendi. Ol ýat taňrynyň gyzyna öýlendi+. 12 Ýehowa şeýle haram işleri edýän her bir adamy, kim bolaýanda-da, hatda Serkerdebaşy Ýehowa sadaka berýän bolsa-da+, Ýakubyň neslinden* ýok eder».
13 «Siziň ýene bir günäňiz bar. Siz sebäpli Ýehowanyň gurbanlyk ojagy* ahy-naladan we gözýaşdan doldy. Şonuň üçin ol sadakalaryňyzy kabul etmeýär, gurbanlyklaryňyzy halamaýar+. 14 Siz: „Näme üçin?“ diýýärsiňiz. Ýehowa ýaşlykda öýlenen aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol ömürlik ýoldaşyň, kanuny aýalyňdyr*+; sen bolsa oňa biwepalyk etdiň. 15 Ýöne käbirlerinde mukaddes ruh bardy, olar aýalyna wepaly bolmagy ýüregine düwdüler. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýa wepaly nesil hakda alada edýärdiler. Indi sizem ýüregiňizi barlap, dogry ýoly saýlaň. Ýaşlykda öýlenen aýalyňyza biwepalyk etmäň. 16 Sebäbi men maşgalasyny bozýany* ýigrenýärin+, ol zalymlyk edýändir — muny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa aýdýar. — Ýüregiňizi barlap, dogry ýoly saýlaň, biwepalyk etmäň»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
17 «Siz gepiňiz bilen Ýehowany irizdiňiz+. Şonda-da: „Irizer ýaly näme etdik?“ diýip soraýarsyňyz. Siz: „Ýehowa erbet adamy ýalkaýar, gowy görýär“+ ýa-da „Adalatly Hudaý nirede?“ diýmek bilen Hudaýy irizýärsiňiz».
3 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men habarçymy ýollaýaryn, ol maňa ýol taýýarlar+. Siz hakyky Hojaýyny agtarýarsyňyz. Ine, ol ybadathanasyna+ duýdansyz geler. Sabyrsyzlyk bilen garaşýan äht habarçyňyz hem geler. Ol hökman geler!»
2 «Onuň geljek güni kim çydap biler? Kim öňünde durup biler? Ol demri arassalaýan ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny+ kimin bolar. 3 Ol kümşi eredip arassalaýan adam+ kimin Lewi ogullaryny arassalar. Olary altyn we kümüş kimin arassalar. Şonda olar Ýehowa päk ýürekden sadaka bererler. 4 Gadymy döwürde bolşy ýaly, Ýehowa Ýahudanyň we Iýerusalimiň berýän sadakalaryny kabul eder+.
5 Sizi tizden höküm etmäge gelenimde, jadygöýlere+, ahlaksyzlara, ýalandan ant içýänlere+, işçiniň+, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere+, gelmişeklere kömek etmeýänlere*+ jeza bererin. Olar menden gorkmadylar». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
6 «Men — Ýehowa. Men üýtgeýän däldirin+. Ýakubyň ogullary, şonuň üçin sizi ýok etmedim! 7 Ata-babalaryňyzyň döwründen bäri kanunlarymy bozýarsyňyz, olary berjaý etmeýärsiňiz+. Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
Emma siz: «Biz senden ýüz öwürdikmi näme?» diýýärsiňiz.
8 «Ynsan Allany talap bilermi? Emma siz meni talaýarsyňyz».
Siz: «Biz näme etdik?» diýýärsiňiz.
«Siz ne sadaka, ne-de hasylyň ondan birini berýärsiňiz. 9 Size nälet bolsun!* Siziň ähliňiz, hatda tutuş halk meni talaýar. 10 Hasylyň ondan birini ybadathana getiriň+. Meniň öýüm näz-nygmatdan dolsun+. Meni şeýdip synap görüň — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siziň üçin gögüň derwezelerini açmarynmy?+ Size bereket ýagdyraryn, zada zar bolmarsyňyz»+.
11 «Men mör-möjeklere käýärin. Olar topragyň hasylyna zyýan ýetirip bilmezler. Üzüm baglaryňyz bol hasyl berer»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
12 «Ähli halklar size bagtly diýerler+, sebäbi ýurduňyz eşretli mekana öwrüler». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
13 Ýehowa: «Siz men barada erbet zatlary aýdýarsyňyz» diýýär.
Siz bolsa: «Sen barada näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz+.
14 «Siz şeýle diýýärsiňiz: „Hudaýa gulluk etmekden ne peýda?+ Serkerdebaşy Ýehowanyň öňünde borjumyzy ýerine ýetirdik, eden günälerimiz üçin gam-gussa batdyk, ýöne mundan ne peýda? 15 Ulumsy adamlaryň bagtly ýaşaýandygyny, zalymlyk edýänleriň döwran sürýändigini görýäris+. Olar Hudaýy synaýarlar, ýöne jezasyz galýarlar“».
16 Şol wagt Ýehowadan gorkýanlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Ýehowa olary ünsli diňleýärdi. Ýehowadan gorkýanlar we ady hakda oýlanýanlar*+ üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy+.
17 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olary eziz halkym* edip saýlan günüm+ meniňki bolarlar+. Gulak asýan ogluna atasynyň rehimi inişi ýaly, men hem olara rehim ederin+. 18 Şonda siz dogruçyl adam bilen erbediň+, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene-de görersiňiz».
4 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Ine, ojak kimin lowlap ýanýan gün geler+. Şol gün tekepbirler, zalymlar saman kimin ýanyp kül bolar. Olar köki-damary bilen ýok ediler. 2 Adyma hormat goýýan adamlaryň üstüne adalat Gün kimin nur saçar, şöhlesi sagaldar. Şonda siz mes* göle kimin bökjeklärsiňiz».
3 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Höküm etjek günüm zalymlar aýagyňyzyň astynda tozan kimin bolar. Siz olary depelärsiňiz».
4 «Gulum Musa arkaly Horepde ysraýyl halkyna beren kanunymy, tabşyryklarymy we hökümlerimi ýatlaň+.
5 Ýehowanyň beýik we gorkunç güni+ gelmänkä, men Ylýas pygamberi+ ibererin. 6 Men gelenimde, ýer ýüzüni urup ýok etmezim ýaly, ol atalarynyň ýüregini ogullaryna, ogullarynyň ýüregini atalaryna tarap öwrer»+.
(Ýewreýçe we arameýçe ýazylan Töwradyň soňy. Indi grekçe ýazylan Injil başlaýar)
Manysy: Meniň habarçym.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: çöregi.
Başga manysy: meni masgara edýärsiňiz.
Ýa-da: Maňa hormat goýsun.
Sözme-söz: parahatlykdady.
Başga manysy: taglymatlaryňyz bilen.
Başga manysy: ybadathanasyny.
Sözme-söz: çadyrlaryndan.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: äht baglaşan aýalyňdyr.
Ýa-da: nikasyny bozýany; aýrylyşýany.
Ýa-da: gelmişekleri hakyndan mahrum edýänlere.
Başga manysy: Siz meni näletleýärsiňiz!
Başga manysy: adyna çuňňur hormat goýýanlar.
Ýa-da: genji-hazynam; hususy emlägim.
Ýa-da: semiz; baga bakylan; bordaky.