Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Rimliler 1:1—16:27
  • Rimliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Rimliler
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Rimliler

RIMLILERE HAT

1 Size Isa Mesihiň guly Pawlus hat ýazýar. Mesih meni resul edip saýlap, Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmäge iberdi+. 2 Hudaý hoş habaryň wagyz ediljekdigini pygamberler arkaly mukaddes kitaplarda wada beripdi. 3 Hoş habar Hudaýyň Ogly hakyndady. Ol Dawudyň neslinden gelmelidi+. 4 Ol mukaddes ruhuň güýji bilen direlende+, Hudaýyň Ogludygy+ belli boldy. Hawa, ol Halypamyz Isa Mesihdir. 5 Ähli milletler+ Isa iman edip, gulak asar ýaly we onuň adyny beýgelder ýaly, ol arkaly Hudaý ýagşylyk* edip, meni resul edip saýlady+. 6 Isa Mesihiň şägirdi bolmaga Hudaý sizi-de başga halklaryň arasyndan çagyrdy. 7 Men şu haty Rimdäki Hudaýyň söýýän adamlaryna we mukaddes bolmaga çagyrylanlara ýazýaryn.

Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin hem parahatlyk bersin!

8 Ilki bilen, siziň üçin Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdarlyk aýdýaryn, sebäbi siziň imanyňyz hakda bütin dünýä eşitdi. 9 Men Hudaýyň Ogly baradaky hoş habary wagyz edip, ýürekden gulluk edýärin. Siziň üçin hemişe doga-dileg edýänimi+ Hudaý hem bilýändir. 10 Siziň ýanyňyza barmak üçin Hudaýa ýalbarýaryn. Eger Hudaý islese, siziň bilen görüşmegi umyt edýärin. 11 Sizi göresim gelýär, imanyňyzy berkidip, ruhlandyrasym* gelýär. 12 Şeýdip, biz imanymyz bilen biri-birimizi ruhlandyrarys+.

13 Doganlar, men ençeme gezek siziň ýanyňyza barmakçy boldum, ýöne baryp bilmedim. Men başga halklaryň arasyndaky ýaly, siziň hem araňyzda wagyz işiniň gowy netije berýändigini göresim gelýär. 14 Men ähli adamlaryň: grekleriň-de, başga halklaryň-da*, akyldarlaryň-da, akylsyzlaryň-da öňünde borçludyryn. 15 Şol sebäpli size-de, ýagny Rimde ýaşaýanlara-da hoş habary wagyz etmek isleýärin+. 16 Men hoş habary wagyz etmäge utanmaýaryn+. Hudaýyň güýji hoş habara iman edýän adamlaryň ählisini+, ilki ýehudylary+, soňra grekleri+ halas edýändir. 17 «Dogruçyl adam iman etse uzak ýaşar»+ diýlişi ýaly, Hudaý iman edýän adamlara hoş habar arkaly dogry kada-kanunlaryny öwredip, imanyny berkidýär+.

18 Hudaý zalym we erbet işleri edýänlere gökden gahar-gazabyny inderýär+. Olar adamlara Hudaý baradaky hakykaty bilmäge päsgel berýärler+. 19 Hudaý olara özüni tanatmak üçin ähli zady açyk-aýdyň görkezdi+. 20 Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan+ gudratly güýjüni+ we häsiýetlerini+ görüp bolýar. Şonuň üçin hiç kim Hudaýy tanamaýaryn diýip, özüni aklap bilmez. 21 Olar Hudaýy tanasalar-da, ony sylamadylar, alkyş* aýtmadylar. Olar akylsyzdyr, hiç zada düşünýän däldir we ýürekleri gatandyr*+. 22 Olar akyllydyryn öýtseler-de, akylsyzdyrlar. 23 Olar baky Hudaýa alkyş aýtmagyň deregine, başy ölümli ynsanlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň we süýrenijileriň heýkellerine alkyş aýdyp, sežde etdiler+.

24 Hudaý hem olara azgyn höweslerine görä ýaşamaga ýol berdi. Olaryň bedeni masgara bolar ýaly, haramlyga tabşyrdy. 25 Olar Hudaýyň açan hakykatyna däl-de, ýalan zatlara ynandylar. Ýaradyja däl-de, ýaradylan zatlara sežde edip*, hormat goýdular. Emma diňe Ýaradyjy ebedi alkyşa mynasypdyr. Omyn! 26 Şonuň üçinem Hudaý olary ýigrenji ahlaksyz höweslerine tabşyrdy+. Aýallar erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk etmegiň deregine, aýallar bilen ýatyp, tebigata garşy gelýän zady etdiler+. 27 Erkekler hem aýallar bilen jynsy gatnaşyk etmegiň deregine, erkekler bilen ýatyp+, tebigata garşy gelýän zady etdiler. Olar azgynlyk edendikleri üçin jezasyny alarlar+.

28 Olar Hudaý hakda dogry bilim almagy wajyp hasaplamadylar. Şonuň üçin hem Hudaý olary erbet pikirlere we azgynçylyga tabşyrdy+. 29 Olar diňe adalatsyzlyk+, zalymlyk, açgözlük*+ we erbetlik hakda pikir edýärler. Olar görip+, ganhor+, dawaçyl, ýalançy+, gaharjaň+, gybatçy, 30 töhmetçi+, Hudaýy ýigrenýän, ulumsy, tekepbir, öwünjeň, ýaman niýetli*, ene-ata gulak asmaýan+, 31 düşünjesiz+, beren sözünde durmaýan, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, rehimsiz adamlardyr. 32 Olar Hudaýyň şeýle adamlary ölüme mynasyp görýändigini gowy bilýärler+. Emma şonda-da erbet işlerinden el çekmän, gaýtam erbetlik edýänleri hem makullaýarlar.

2 Eý ynsan, sen adamlary ýazgaryp, özüňe höküm çykarýarsyň+. Sen kim bolsaň-da, özüňi aklap bilmersiň, sebäbi senem olaryň edýän işlerini edýärsiň+. 2 Hudaýyň şeýle işleri edýän adamlara adalatly* höküm çykarjagyny bilýäris.

3 Sen şeýle işleri edip, başgalary ýazgarsaň, Hudaýyň höküminden gaçyp bilerin öýdýärsiňmi? 4 Bilýän bolsaň, Hudaý saňa ýagşylyk edýär+, çydaýar+ we sabyrly bolýar+. Ol seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär+. 5 Ýöne sen kesirlik edip, toba etmek islemeseň, Hudaý gahar-gazap güni saňa hökman jeza berer. Şonda Hudaýyň adalatly höküm çykarýandygyny bilersiň+. 6 Hudaý her bir adama eden işine görä hakyny berer+. 7 Ol çydamly bolup ýagşylyk edýän adamlara ebedi ýaşaýyş sylagyny berer. Olar şöhrata, hormata we baky ýaşaýşa+ eýe bolarlar. 8 Emma Hudaý dawalaşmagy halaýan adamlaryň we hakykata gulak asmaýanlaryň başyndan gahar-gazabyny inderer+. 9 Ýamanlyk edýän her bir adam, ilki ýehudylar, soňra grekler betbagtçylyga uçrarlar. 10 Ýöne ýagşylyk edýän adam, ilki ýehudylar+, soňra grekler+ şöhrata, hormata we parahatlyga eýe bolarlar. 11 Sebäbi Hudaý hiç kimi ala tutmaýar+.

12 Hudaýyň kanunyny bilmän günä edenler, kanuny bilmän hem ölerler+. Ýöne kanuny bilip günä edenlere, kanuna görä-de höküm çykarylar+. 13 Hudaýyň kanunyny diňleýän adamlar däl-de, berjaý edýän adamlar dogruçyl hasaplanar+. 14 Başga milletli adamlar Hudaýyň kanunyny bilmese-de+, kanuna laýyk işleri edýärler. Şeýlelikde, olaryň ýüreginde kanunyň bardygy görünýär. 15 Olar edýän işleri üçin özüni ýa günäkärläp, ýa-da aklap, kanunyň ýüreklerine ýazylandygyny görkezýärler. Olaryň ynsaby hem edýän işleriniň gowy ýa erbetdigini aýdýar. 16 Hudaý Isa Mesih arkaly adamlaryň oý-pikirleriniň we gizlin işleriniň üstünden höküm çykarar+. Şol gün meniň aýdýan zatlarym belli bolar. Hawa, Hudaý meniň wagyz edýän hoş habaryma esaslanyp höküm çykarar.

17 Sen ýehudydygyňa+ we kanunyňa buýsanýarsyň, Hudaýyňa öwünýärsiň. 18 Töwrady öwrenendigiň üçin Allanyň niýetini we dogry hasaplaýan zatlaryny bilýärsiň+. 19 Körlere ýol görkezýändigiňe, garaňkylykdaky adamlara ýagtylyk berýändigiňe ynanýarsyň. 20 Töwratdan hakykaty bilip, oňa düşünýändigiň üçin akylsyzlary terbiýeleýärsiň, çagalara tälim berýärsiň. 21 Onda näme üçin adamlara öwredip, özüň öwrenmeýärsiň?+ «Ogurlyk etme»+ diýip, özüň näme üçin ogurlyk edýärsiň? 22 «Zyna etme»+ diýip, özüň näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenýärin diýip, buthanalary näme üçin talaýarsyň? 23 Töwrady bilýändigiňe öwnüp-de, näme üçin kanuny bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň? 24 Şonuň üçin: «Siz sebäpli başga halklaryň arasynda Hudaýyň adyna dil ýetirilýär» diýilýär+.

25 Sünnetlenmek+ diňe kanuny berjaý edýän+ adama peýda berýändir. Ýöne kanuny bozsaň, sünnetlenmedik ýaly bolýarsyň. 26 Eger sünnetlenmedik adam+ Töwradyň talaplaryny berjaý etse, Hudaý ony sünnetlenen hasaplamazmy?+ 27 Sen Töwrady we sünnetlenmegi bilýärsiň, ýöne tabşyryklary bozýarsyň. Şonuň üçin sünnetsiz adam kanuny berjaý edip, saňa höküm çykarýandyr. 28 Adam «men ýehudy» ýa-da «men sünnetli» diýeni bilen, ýehudy-da, sünnetli-de bolýan däldir+. 29 Emma ýüreginde+ ýehudy bolan hakyky ýehudydyr. Däp boýunça däl-de, mukaddes ruh bilen+ ýüregi sünnetlenen adam+ hakyky sünnetlidir. Şeýle adamy il-gün däl-de, Hudaý beýgeldýändir+.

3 Onda ýehudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Ýa-da sünnetlenmegiň näme peýdasy bar? 2 Olaryň köp zatda peýdasy bar. Sebäbi Hudaýyň mukaddes sözleri ilki ýehudylara ynanyldy+. 3 Ýehudylaryň käbiri Hudaýa iman etmeýärler. Olaryň iman etmeýändigi üçin başga adamlar hem Hudaýa ynanmaly dälmi? 4 Elbetde, ýok! Adam ýalançy bolup biler+, ýöne Hudaý dogruçyldyr+. Sebäbi: «Seniň sözleriň hakdyr, kazyýetde ýeňiş gazanarsyň» diýip ýazylgy+. 5 Biz erbetlik edenimizde, adamlar Hudaýyň dogruçyldygyna göz ýetirýärler. Onda Hudaýyň bize gaharlanmagy nädogrumy? (Men ynsan hökmünde aýdýaryn). 6 Ýok! Eger Hudaý nädogry iş etse, dünýäniň üstünden nädip höküm çykarsyn?+

7 Meniň ýalan sözüm Hudaýyň dogruçyldygyny görkezip, ony şöhratlandyrýan bolsa, onda näme üçin Hudaý meni günäkär hasaplap höküm çykarýar? 8 Onda käbir adamlaryň bize töhmet atyşy ýaly, bizem: «Geliň, ýagşylyk etmek üçin ýamanlyk edeliň» diýip bilmerismi? Aslynda, şeýle adamlara adalatly höküm çykarylar+.

9 Onda näme, ýehudylaryň başgalardan artykmaçlygy barmy? Ýok! Öň aýdyşymyz ýaly, ýehudylar hem, grekler hem günäli+. 10 Şol sebäpli: «Dogruçyl adam ýok, ýekejesi-de ýok+. 11 Ýekeje düşünjeli adam hem ýok, Hudaýy agtarýan hem ýok. 12 Ähli adamlar dogry ýoldan sowuldylar, olaryň hiç birinden peýda ýok. Ýagşylyk edýän adam ýok, ýekejesi-de ýok»+ diýip ýazylandyr. 13 «Olaryň bogazy açyk gabyr ýalydyr. Dili bilen ýalan sözleýärler»+. «Agzyndan çykýan sözleri alahöwreniň zäheri kimindir»+. 14 «Olaryň agzyndan gargyş we zäherli sözler çykýandyr»+. 15 «Aýaklary gan dökmäge howlugýar»+. 16 «Ýöreýän ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr. 17 Olar parahatlyk ýoluny bilmeýärler»+. 18 «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar»+.

19 Bilşimiz ýaly, Töwratda aýdylan zatlar Töwrat boýunça ýaşaýanlar üçindir. Şol sebäpli olar özlerini aklap bilmezler, sebäbi bütin dünýä Hudaýyň nazarynda günälidir we jeza berilmegine mynasypdyr+. 20 Adamlaryň hiç biri kanunyň talaplaryny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilmez+. Sebäbi biz kanun arkaly günäniň nämedigine düşündik+.

21 Emma Töwratda we Pygamberler kitabynda aýdylmagyna görä+, indi kanuny berjaý etmeseň-de, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bolýar+. 22 Hawa, Isa Mesihe iman edýän adamlaryň ählisi Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilýärler. Sebäbi Hudaýyň nazarynda ähli adamlar deňdir+. 23 Adamlaryň ählisi günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular+. 24 Emma Hudaý Isa Mesihiň tölegi*+ arkaly adamlary azat edip, dogruçyl hasaplaýar. Bu Hudaýyň ýagşylyk+ edip, beren berekedidir*+. 25 Hudaý Oglunyň döken ganyna+ iman edýän adamlar bilen ýaraşmak üçin Isany gurban berdi+. Şeýdip, Hudaý dogruçyldygyny görkezdi we adamlaryň geçmişde eden günälerini sabyrlylyk bilen bagyşlady. 26 Hudaý häzirem Isa iman edýän adamy dogruçyl hasaplap+, özüniň adalatlydygyny görkezýär+.

27 Indi öwnüp bilerismi? Ýok, öwnüp bilmeris. Haýsy kanun öwünmäge päsgel berýär?+ Işleri talap edýän kanunmy? Ýok, imany talap edýän kanun öwünmäge päsgel berýär. 28 Sebäbi adam kanuny berjaý edýändigi üçin däl-de, iman edýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar+. 29 Eýsem Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy?+ Ol başga halklaryň hem Hudaýy dälmi?+ Hawa, ol başga halklaryň hem Hudaýy+. 30 Hudaý birdir+, sünnetliler iman etse-de, sünnetsizler iman etse-de, olaryň ikisini-de dogruçyl hasaplaýandyr+. 31 Onda iman edýäris diýip kanuna eýermesegem bolýarmy?* Ýok, gaýtam kanuny berjaý edýäris+.

4 Ybraýym atamyz hakda näme diýse bolar? 2 Eger ol eden işleri üçin dogruçyl hasaplanan bolsady, onda öwnüp bilerdi. Emma Hudaýyň öňünde öwünmäge haky ýokdy. 3 Mukaddes kitaplarda näme ýazylgy? Onda: «Ybraýym Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy»+ diýilýär. 4 Zähmet çeken adama iş haky ýagşylyk hökmünde däl-de, eden işi üçin berilýär. 5 Emma adam edýän işine buýsanman, günäli adamlary dogruçyl hasaplaýan Hudaýa iman etse, günäli bolsa-da, dogruçyl hasaplanýandyr+. 6 Adamyň eden işlerine garamazdan, Hudaýyň dogruçyl hasaplaýan bendesini Dawut bagtly saýyp: 7 «Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! 8 Ýehowanyň* günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!»+ diýdi.

9 Onda diňe sünnetliler bagtlymy? Sünnetsizler bagtly dälmi?+ Öň aýdyşymyz ýaly, «Ybraýym iman edendigi üçin dogruçyl hasaplandy»+. 10 Hudaý ony haçan dogruçyl hasaplady? Sünnetlenenden soňmy ýa-da sünnetlenmänkä? Hudaý Ybraýymy sünnetsizkä dogruçyl hasaplapdy. 11 Ol Ybraýym pygambere sünnetlenmegi tabşyrdy+. Sünnetlenmek dogruçyllygyň alamatydyr*, sebäbi ol sünnetsizkä iman edipdi. Ol iman eden ähli sünnetsiz adamlaryň atasy boldy+ we Hudaý olary dogruçyl hasaplady. 12 Ybraýym sünnetlileriň hem atasy. Emma ol diňe bir sünnetli adamlaryň däl, eýsem özi ýaly sünnetsizkä Hudaýa iman edip, onuň ýolundan ýöreýänleriň hem atasy+.

13 Ybraýyma we onuň nesline kanuna eýereni üçin däl-de, iman edeni üçin+ dünýäniň mirasdüşeri bolmak+ wada berildi. 14 Eger kanuna eýerýänler mirasdüşer bolsa, iman etmek gerek bolmazdy, berlen wada hem biderek bolardy. 15 Aslynda, Töwratdaky tabşyryklary bozan adama Hudaý jeza berer*+. Eger kanun bolmadyk bolsa, günä hem bolmazdy+.

16 Hudaý Ybraýymyň nesline wada berişi ýaly+, bize-de ýagşylyk edip+, wada berdi, sebäbi biz iman etdik. Wada diňe Töwrada gulak asýanlara däl, Ybraýym atamyz+ ýaly iman edýän adamlara-da berildi. 17 «Seni köp milletleriň atasy ederin» diýlip ýazylyşy ýaly+, Ybraýym hem iman etdi, sebäbi muny ölen adamlary direldip bilýän, hatda ýok zady bar ýaly edip aýdan* Hudaý wada beripdi. 18 Mümkin däl ýaly bolup görünse-de, Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi. Sebäbi ol: «Nesliň köp bolar»+ diýlen wada ynandy. 19 Ybraýym 100 ýaşlaryndady+, güýç-gurbaty gaçypdy* we Bibisaranyň çaga dogrardan garrandygyny bilýärdi+, ýöne şonda-da imany berkdi. 20 Emma Ybraýym Hudaýyň wadasyna iman etdi, asla şübhelenmedi. Imany güýç-kuwwat berdi, ol Hudaýa alkyş aýtdy. 21 Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjekdigine doly ynanýardy+. 22 Şonuň üçin «ol dogruçyl hasaplandy»+.

23 «Ol dogruçyl hasaplandy» diýen sözler diňe Ybraýym hakda ýazylmady+. 24 Olar biziň dogruçyl hasaplanmagymyz üçin hem ýazyldy, sebäbi biz Halypamyz Isany direlden Hudaýa iman etdik+. 25 Isa biziň günämiz üçin öldi+ we biziň dogruçyl adam hasaplanmagymyz üçin direldi+.

5 Biz iman arkaly dogruçyl hasaplandyk+. Geliň, indi Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen parahatlygy saklalyň*+. 2 Biz Mesihe iman edip, häzirden Hudaýyň ýagşylygyny görýäris+. Indi Hudaýyň bizi arşa galdyrjakdygyna umyt edip şatlanalyň*. 3 Diňe muňa däl, kynçylyklarda hem şatlanalyň*+, sebäbi kynçylyklar çydamly bolmagy öwredýär+. 4 Çydamly bolsak, Hudaýy razy ederis+, Hudaýy razy etsek, umytly bolarys+, 5 umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir+, sebäbi mukaddes ruhuň güýji bilen ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolýandyr+.

6 Biz entek ejizkäk+, Mesih bellenen wagtda günäli adamlar üçin öldi. 7 Dogruçyl üçin janyny berjek adamy tapmak kyndyr, ýöne ýagşy adam üçin ölmäge taýyn biri tapylsa gerek. 8 Emma biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi+. Şeýdip, Hudaý söýgüsini görkezdi. 9 Hudaý bizi Mesihiň döken gany arkaly dogruçyl hasaplan+ bolsa, onda biz onuň gazabyndan-da halas bolarys+. 10 Eger biz duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak+, onda Oglunyň ýaşaýşy arkaly halas boljakdygymyza has-da ynamly bolup bileris. 11 Diňe muňa däl, ýaraşmaga ýol açan Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen dost bolandygymyza begenýäris+.

12 Şeýlelikde, bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy+. Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi+. 13 Günä Töwrat berilmänkä-de bardy, ýöne kanun bolmasa, hiç kimi günäkärläp bolmazdy+. 14 Muňa garamazdan, ölüm Adam atadan Musa pygambere çenli patyşa kimin höküm sürdi. Ol hatda Adam atanyňky ýaly günä etmedik adamlaryň hem üstünden höküm sürýärdi. Aslynda, Adam ata bilen wada edilen ynsanyň arasynda meňzeşlik bardy+.

15 Hudaýyň berekedi* günäden tapawutlanýar. Bir adamyň günäsi sebäpli köpler ölen bolsa, Hudaýyň we Isa Mesihiň ýagşylyk edip beren berekedi* hem köplere peýda getirer+. 16 Şeýle-de Hudaýyň beren sowgady bilen bir adamyň eden günäsi+ düýbünden tapawutlanýar. Sebäbi edilen bir günä üçin ähli adamlaryň üstünden höküm çykarylýar+, emma ençeme günäler üçin berlen sowgat arkaly Hudaý köp adamlary dogruçyl hasaplaýar+. 17 Eger bir adamyň günäsi sebäpli ölüm patyşa kimin höküm sürýän bolsa+, onda bir adam, ýagny Isa Mesih+ arkaly adamlaryň ýaşap, patyşa bolup höküm sürjekdigine+ has-da ynamly bolup bileris. Sebäbi olar Hudaýyň çäksiz ýagşylygyny görerler we dogruçyllyga eýe bolarlar+.

18 Diýmek, bir günä sebäpli hemme adamlar ölüme höküm edilýän bolsa+, onda bir ýagşy iş arkaly-da hemme adamlar+ ýaşamak üçin dogruçyl hasaplanýar+. 19 Bir adamyň gulak asmandygy üçin köpler günäli hasaplanan bolsa+, bir adamyň gulak asmagy bilen hem köpler dogruçyl hasaplandy+. 20 Adamlaryň köp günä edýändigini Töwrat mälim etdi+. Emma günäleriň köp ýerinde has-da köp ýagşylyk edilýär. 21 Näme üçin? Günä bilen ölümiň patyşa kimin höküm sürşi ýaly+, ýagşylyk hem patyşa kimin höküm sürmeli. Şeýlelikde, adamlar dogruçyl hasaplanyp, Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşa gowşup bilýär+.

6 Onda näme, Hudaý has köp ýagşylyk etsin diýip günä edip ýörmelimi? 2 Elbetde, ýok! Biz günä üçin ölen bolsak+, nädip günä edip ýaşap bileris?+ 3 Bilip goýuň, Isa Mesih bilen bolmak üçin çümdürilenler+ onuň ölümine hem çümdürilmelidir+. 4 Biz hem Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilip, onuň bilen jaýlandyk+. Diýmek, Atanyň gudratly güýji arkaly direlen Mesih ýaly, biz hem täze ýaşaýşa başlamaly+. 5 Biz onuň ölşi ýaly ölen bolsak+, onuň direlişi ýaly-da direlip+, onuň bilen birleşeris. 6 Günäli tenimiziň agalyk etmezligi üçin+, biz bedenimiziň* Mesih bilen pürse çüýlenendigini bilýäris+. Mundan beýläk biz günäniň guly bolmaly däl+. 7 Sebäbi ölen adam günäden azat bolýar.

8 Biz Mesih bilen ölen bolsak, onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys. 9 Sebäbi biz Mesihiň direlendigini+, indi ölmejekdigini+, indi ölümiň onuň üstünden agalyk etmejekdigini bilýäris. 10 Mesih günäni bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Indi ol Hudaý üçin ýaşaýar. 11 Şonuň ýaly sizem günäli işler üçin özüňizi öli hasaplaň, emma Isa Mesih arkaly Hudaý üçin diri hasaplaň+.

12 Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň* üstünden patyşa kimin höküm sürmesin+. 13 Bedeniňizi erbet gural* hökmünde ulanyp günä etmäň. Siz direlenler ýaly özüňizi we bedeniňizi dogruçyllygyň guraly* hökmünde ulanyp, Hudaýa tabşyryň+. 14 Günä üstüňizden agalyk etmesin, sebäbi siz kanun astynda däl+, Hudaýyň ýagşylygy astynda+.

15 Indi nähili netije çykarmaly? Biz kanun astynda däl-de, ýagşylyk astynda bolsak, onda günä etsek bolýarmy?+ Ýok! 16 Biler bolsaňyz, siz kime tabyn bolsaňyz, şonuň hem guly bolýarsyňyz+. Siz ýa günäniň+ guly bolup ölersiňiz+, ýa-da tabyn bolup dogruçyl hasaplanarsyňyz. 17 Siz öň günäniň guludyňyz, indi Hudaýyň öwreden zatlaryna ýürekden tabyn bolýarsyňyz. Munuň üçin biz Hudaýa şükür edýäris. 18 Hawa, siz günäden azat bolup+, dogruçyllygyň guly bolduňyz+. 19 Siz ejiz, şonuň üçin sada dilde ýüzlenýärin: siz öň ten höwesleriňize erk etmän, haramlygyň we erbetligiň guludyňyz. Indi bolsa gowy zatlary etmäge jan edip, dogruçyllygyň we mukaddesligiň guly boluň+. 20 Siz öň günäniň guludyňyz, dogruçyl ýaşap bilmeýärdiňiz.

21 Siziň öňki eden işleriňiziň netijesi nähili boldy? Olar ölüme eltýärdi+, häzir eden işleriňize utanýarsyňyz. 22 Indi siz günäden azat bolduňyz. Şonuň üçin Hudaýyň gullary hökmünde mukaddes ýaşap+, ebedi ýaşaýşa gowşuň+. 23 Günäniň haky ölümdir+, emma Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly+ ebedi ýaşaýşy berýändir+.

7 Doganlar, Töwrat diri adamyň üstünden höküm sürýändir (Men muny kanuny bilýänlere aýdýaryn). 2 Meselem, äri dirikä, aýal kanun boýunça ärine baglangydyr. Emma äri ölse, aýal äriniň kanunyndan azatdyr+. 3 Diýmek, äri dirikä, aýal başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir+. Ýöne äri ölse, aýal äriniň kanunyndan azatdyr, şonuň üçin başga birine durmuşa çyksa-da, zyna edýän däldir+.

4 Doganlarym, siz hem Mesihiň bedeni arkaly Töwratdan azat bolduňyz*. Şeýdip, siz direlen+ Mesihiňki bolduňyz+, indi siz Hudaýa gulluk edip bilýärsiňiz*+. 5 Ten isleglerine görä ýaşan döwrümiz, Töwrat günäli höweslerimiziň bardygyny görkezýärdi. Günäli höwesler beden agzalarymyzda hereket edip, ölüme eltýärdi*+. 6 Emma biz Töwratdan azat edildik+ we tussaglykda saklaýan kanun üçin öldük. Biz öňki ýaly kanunyň guly däl-de+, mukaddes ruh arkaly Hudaýyň guly bolduk+.

7 Onda näme, Töwratda kemçilik* barmy? Ýok! Eger Töwrat bolmadyk bolsa, günäniň nämedigini bilmezdim+. Meselem, Töwratda: «Iliň zadyna göz gyzdyrma»+ diýilmedik bolsa, iliň zadyna göz gyzdyrmagyň nädogrudygyny bilmezdim. 8 Emma günä kanun arkaly mende her hili açgözlügi ýüze çykarýar. Eger şol kanun bolmadyk bolsa, günä höküm sürmezdi*+. 9 Aslynda, kanun berilmänkä, men diridim. Ýöne kanun berlenden soň, günä ýaşap başlady, men bolsa öldüm+. 10 Ýaşaýşa eltmeli kanun+ ölüme eltýän kanun boldy. 11 Sebäbi kanun arkaly günä güýjäp, meni günäli höweslere iterýär we şol kanun arkaly öldürýär. 12 Aslynda welin, Töwrat we ondaky tabşyryklar mukaddesdir, dogrudyr hem gowudyr+.

13 Onda gowy zat* meni ölüme eltýärmi? Ýok! Günä ölüme eltýär. Günäniň nämedigini aýdyň etmek üçin, günä gowy zat arkaly meni ölüme eltýär+. Şeýlelikde, kanun arkaly günäniň juda erbetdigi belli bolýar+. 14 Biz Töwrady Hudaýyň berendigini bilýäris, men bolsa bikämildirin, günäniň gulçulygyna satylandyryn+. 15 Men näme edýändigime düşünmeýärin. Sebäbi isleýän zadymy däl-de, ýigrenýän zadymy edýärin. 16 Töwradyň gowudygyny bilýärin, ýöne islemeýän zadymy edýärin. 17 Emma edýän zadymy men däl-de, içimdäki günä edýär+. 18 Men içimde, ýagny günäli bedenimde gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. Gowy zat edesim gelýär, ýöne edip bilmeýärin+. 19 Men isleýän ýagşy zadymy däl-de, islemeýän ýaman zadymy edýärin. 20 Eger islemeýän zadymy edýän bolsam, onda muny men däl-de, içimdäki günä edýär.

21 Men içimde şeýle kanuny görýärin: dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar+. 22 Men bütin ýüregim bilen Hudaýyň kanunyny söýýärin+. 23 Emma bedenimde başga bir kanun bar. Ol aňymdaky kanun bilen söweşip+, bedenimdäki günäniň kanunyna ýesir edýär+. 24 Men bir biçäre adam! Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder? 25 Halypamyz Isa Mesih arkaly meni halas eden Hudaýa minnetdar! Men aňymda Hudaýyň kanunynyň guly, bedenimde bolsa günä kanunynyň guly+.

8 Şeýlelikde, Isa Mesih bilen agzybirligi saklaýanlar ölüme höküm edilmeýär. 2 Sebäbi Isa Mesih arkaly ýaşaýyş berýän ruhuň kanuny sizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat edýär+. 3 Bikämil we ejiz adamlary günäniň gulçulygyndan azat etmäge Töwradyň güýji ýetmeýär+. Şol sebäpli Hudaý günäden azat etmek üçin, Ogluny günäli adamyň keşbinde iberip+, günäniň üstünden höküm çykardy. 4 Hudaý muny biziň ten höweslerine görä däl-de, mukaddes ruha görä ýaşap+, Töwratdaky adalatly tabşyryklary berjaý etmegimiz+ üçin etdi. 5 Sebäbi ten höweslerine görä ýaşaýanlar ten höwesleri+ hakda pikir edýärler. Mukaddes ruha görä ýaşaýanlar ruhy zatlar+ hakda pikir edýärler. 6 Ten höwesleri barada pikirlenmek ölüme eltýär+, ruhy zatlar barada pikirlenmek ýaşaýşa we parahatlyga eltýär+. 7 Ten höwesleri barada pikir etmek Hudaýa duşman edýär+, sebäbi günäli ten Hudaýyň kanunyna tabyn bolmaýar, tabyn bolup hem bilmeýär. 8 Şeýlelikde, ten höweslerine görä ýaşaýanlar Hudaýy razy edip bilmeýärler.

9 Hudaýyň ruhy sizde bar bolsa, onda ten höweslerine görä däl-de, mukaddes ruha görä ýaşarsyňyz+. Ýöne kimde Mesihiň pikiri* ýok bolsa, ol Mesihiňki däldir. 10 Mesih siziň bilen agzybir bolsa+, beden günä üçin ölüdir, ýöne dogruçyl bolandygyňyz üçin, mukaddes ruh size ýaşaýyş berýändir. 11 Eger Isany direlden Hudaýyň ruhy ýüregiňizde ýaşaýan bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi direlden+ ruhy arkaly ölýän bedeniňizi-de direlder+.

12 Doganlar, biz bedeniň guly bolup, ten höweslerine eýerip ýaşamaga borçly däl+. 13 Eger ten höweslerine görä ýaşasaňyz, hökman ölersiňiz. Emma günäli işleri mukaddes ruhuň kömegi bilen öldürseňiz+, ýaşarsyňyz+. 14 Hudaýyň ruhuna eýerýän adamlar Hudaýyň perzentleridir+. 15 Hudaýyň ruhy gorkuzyp, gul edýän däldir. Ol bizi ruhy arkaly ogullyga kabul etdi, şol ruh arkaly: «Atam jan!*» diýip çagyrýarys+. 16 Mukaddes ruh ýüregimizde Hudaýyň perzendidigimize+ ynam döredýär+. 17 Eger perzentleri bolsak, onda mirasdüşerdiris, Hudaýyň mirasdüşerleridiris, Mesih bilen bir mirasa eýediris+. Eger Mesih bilen görgi görýän bolsak+, onuň bilen hem şöhratlanarys+.

18 Biziň häzirki çekýän kynçylyklarymyzy gelejekde beriljek şöhrat bilen deňeşdireniňde, hiç zat bolup galýar+. 19 Ýaradylan zatlar Hudaýyň perzentleriniň äşgär boljak wagtyna+ sabyrsyzlyk bilen garaşýar. 20 Sebäbi ýaradylan zatlar öz islegi bilen däl-de, Hudaý arkaly boş ýaşaýşyň gulçulygyna tabşyryldy+, ýöne olara hem umyt berildi. 21 Hawa, ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup+, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar. 22 Biz ýaradylan zatlaryň şu wagta çenli ahy-nala çekip, görgi görýändigini bilýäris. 23 Diňe ýaradylan zatlar däl, eýsem mukaddes ruhuň ilkinji miwesi bolan biz hem ahy-nala çekýäris+. Biz töleg* arkaly ogullyga alnyp+, ynsan bedenimizden azat boljak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 24 Biz şol umyt bilen halas edildik. Emma adam görüp duran zadyna umyt etse, oňa umyt diýip bolarmy? 25 Ýöne biz görmeýän zadymyza+ umyt etsek+, çydamly bolarys we sabyrsyzlyk bilen garaşarys+.

26 Ejizlän mahalymyz mukaddes ruh bize kömek edýär+. Käte biz näme hakda doga etmelidigimizi bilmeýäris. Şonda iňňildäp, hiç bir söz aýdyp bilmesek-de, mukaddes ruh biziň üçin Hudaýa ýalbarýar. 27 Hudaý ýürekleri barlaýar+ we mukaddes ruhuň näme diýýändigine düşünýär, sebäbi ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä ýalbarýar.

28 Bilşimiz ýaly, Hudaý ähli işlerini dogruçyllara* we niýetine görä çagyran adamlaryna peýda getirmek üçin etdi+. 29 Hudaý Oglunyň köp doganlarynyň arasynda+ nowbahar bolmagy üçin+, ilkibaşdan göz öňünde tutan adamlarynyň Oglunyň keşbinde+ bolmagyny isledi. 30 Hudaý saýlan adamlaryny+ çagyryp+, dogruçyl hasaplady+ we olara şan-şöhrat berdi+.

31 Onda aýdylanlar barada näme diýeris? Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim garşy çykyp biler?+ 32 Hudaý biziň üçin hiç zadyny gaýgyrmady, hatda Ogluny ölüme tabşyrdy+. Onda Hudaý Ogly bilen bile başga zatlary hem höwes bilen bermezmi? 33 Hudaýyň saýlanlaryny kim günäkärläp biler?+ Hudaýyň özi olary dogruçyl hasaplaýar+. 34 Olara kim höküm çykaryp biler? Hiç kim! Isa Mesih olar üçin öldi, soňra direldi. Ol Hudaýyň sagynda oturyp+, biziň üçin ýalbarýar+.

35 Bizi Mesihiň söýgüsinden näme aýra salyp biler?+ Betbagtçylykmy, kynçylykmy, yzarlamamy, aç-ýalaňaç ýaşaýyşmy, howp-hatarmy ýa-da ölümmi?+ 36 Aýdylyşy ýaly: «Biz seniň hatyraňa her gün ölümiň bäri ýanyndan gaýdýarys. Bizi damagy çalynjak goýun kimin görýärler»+. 37 Emma bizi söýýäniň goldawy bilen ählisini ýeňýäris+. 38 Sebäbi Hudaýyň söýgüsinden ne ölüm, ne ýaşaýyş, ne perişdeler, ne häkimiýetler, ne häzirki zatlar, ne gelejekki zatlar, ne güýçler+, 39 ne beýiklik, ne çuňluk, ne-de ýaradylan başga zatlar aýra salyp biler. Hawa, Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýyň söýgüsinden hiç zadyň aýra salyp bilmejekdigine berk ynanýaryn.

9 Men Mesihiň şägirdi hökmünde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin. Ynsabym hem mukaddes ruh arkaly 2 gam-gussa çekýändigime we ýüregimiň hemişe dertlidigine şaýatlyk edýär. 3 Men dogan-garyndaşlarym üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge taýyn. 4 Men muny ysraýyllar hakda aýdýaryn. Hudaý olary ogullyga alyp+, arşa çykardy. Olar bilen äht baglaşyp+, Töwrady+ we wadalary berdi+, sežde etmäge+ mynasyp gördi. 5 Olar ata-babalarymyzyň nesli+, olardan Mesih geldi+. Ähli zadyň üstünden höküm sürýän Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!

6 Emma Hudaýyň sözi ýerine ýetmän galmady. Sebäbi Ysraýyldan doglanlaryň ählisine hakyky ysraýyllar diýip bolmaz+. 7 Olar Ybraýymyň nesli+ bolsalar-da, Hudaýyň nazarynda hemmesi Ybraýymyň çagalary däl. Sebäbi: «Saňa wada beren neslim Yshakdan dörär» diýilýär+. 8 Diýmek, Ybraýymyň çagalarynyň ählisi Hudaýyň hakyky çagalary däl+. Emma wada boýunça doglanlar+ Ybraýymyň hakyky çagalary. 9 Sebäbi Hudaý: «Men indiki ýyl şu wagtlar gelerin. Şonda Bibisaranyň ogly bolar» diýip wada beripdi+. 10 Soňra Yshak atamyzdan Rebeka ekiz ogla göwrelikä-de wada berlipdi+. 11 Ekizler dünýä inmänkä we ýagşy-ýaman işleri etmänkä, Hudaý olaryň birini eýýäm saýlapdy. Diýmek, Hudaý adamyň edýän işlerine görä däl-de, öz islegine görä saýlaýar. 12 Hudaý Rebeka: «Uly ogluň kiçi ogluňa hyzmat eder» diýipdi+. 13 Sebäbi: «Men Ýakuby söýdüm, Ysawy ýigrendim» diýilýär+.

14 Onda näme, Hudaý adalatsyzmy? Ýok!+ 15 Hudaý Musa: «Men islän bendäme rehim ederin, islänime-de ýagşylyk ederin*» diýipdi+. 16 Hudaýyň saýlamagy adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, rehimdar Hudaýa+ bagly. 17 Hudaý faraona: «Saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» diýýär+. 18 Şeýlelikde, ol islän bendesine rehim edýär, islän bendesine-de kesirlik etmäge ýol berýär+.

19 Belki, sen: «Onda näme üçin Hudaý meni günäkärleýär? Onuň islegine kim garşy çykyp biler?» diýersiň. 20 Eý ynsan, Hudaýy günäkärlemäge hakyň barmy?+ Heý-de, gap-gaç özüni ýasana: «Meni näme üçin şeýdip ýasadyň?» diýermi?+ 21 Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan+ hem üýtgeşik*, hem ýönekeý* küýze ýasamaga haky ýokmy? 22 Hudaý gaharyny we güýjüni erbet küýzelere* görkezmek isleýär. Ýöne döwülmäge mynasyp küýzelere Hudaýyň gahary gelse-de, sabyrly bolýar. 23 Ol muny gowy küýzelere* şan-şöhratyny görkezmek üçin edýär+. Hudaý küýzeleri arşa çykarmak üçin ýasady. 24 Hudaý diňe ýehudylary däl, bizi hem ähli halklaryň arasyndan çagyrdy+. 25 Ol Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýipdi: «Halkym bolmadyga+ „halkym“ diýerin, söýülmedik aýala „söýgülim“ diýerin+. 26 Olara: „Meniň halkym däl“ diýlen ýerde: „Biribaryň ogullary“ hem diýler»+.

27 Işaýa pygamber hem ysraýyllar hakda şeýle diýdi: «Ysraýyl ogullary deňiz çägesi deý köp bolsa-da, diňe az sanlysy* halas bolar+. 28 Sebäbi Ýehowa* ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm eder, hökümini tiz amala aşyrar»+. 29 Işaýa pygamber: «Serkerdebaşy Ýehowa* nesil galdyrmadyk bolsa, biz Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik» diýýär+.

30 Indi näme diýeli? Başga halklar dogruçyl bolmaga jan etmeseler-de, Hudaýa iman etdiler+ we dogruçyl hasaplandylar+. 31 Ýöne ysraýyllar kanun arkaly dogruçyl bolmaga jan etseler-de, dogruçyl bolup bilmediler. 32 Näme üçin? Sebäbi olar iman bilen däl-de, edýän işleri arkaly dogruçyl bolarys öýtdüler. Emma olar «büdredýän daşa*» büdrediler+. 33 «Men Sionda büdredýän daşy+ we ýykyp-ýumurýan* gaýany goýýaryn, emma oňa iman eden adamyň umydy puç bolmaz» diýip ýazylgy+.

10 Doganlar, men ysraýyllaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin+. 2 Men olaryň Hudaýy razy etmek isleýändigini bilýärin+, ýöne olar muny Hudaý hakdaky dogry bilime laýyklykda etmeýärler. 3 Olar Hudaýyň isleýşi ýaly dogruçyl bolmadylar+, gaýtam özüçe dogruçyl bolup+, Hudaýyň adalatly kada-kanunlaryna tabyn bolmadylar+. 4 Mesihden soň Musanyň kanuny ýatyryldy+, şonuň üçin iman eden her kes dogruçyl hasaplanýar+.

5 Musa pygamber dogruçyllyk hakda şeýle diýdi: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar»+. 6 Ýöne dogruçyl bolmak üçin iman etmegiň wajypdygy hakda şeýle diýilýär: «Mesihi getirmek üçin „kim göge çykar“?+ 7 Ýa-da Mesihi direltmek üçin „kim düýpsüz çuňluga iner“?+ diýip pikir etme»+. 8 Mukaddes kitaplarda näme diýilýär? Onda: «Söz siziň ýanyňyzda, diliňizde we ýüregiňizde» diýilýär+. «Söz» biziň wagyz edýän habarymyzdyr, ol adamlaryň iman etmegini talap edýändir. 9 Eger siz Isanyň Halypamyzdygy hakda diliňiz bilen wagyz edip+, Hudaýyň ony direldendigine ýürekden iman etseňiz, halas bolarsyňyz. 10 Sebäbi dogruçyl bolmak üçin ýürekden iman edilýär, halas bolmak üçin dil bilen wagyz edilýär+.

11 Şeýlelikde, «Oňa iman eden adamyň tamasy puç bolmaz» diýip ýazylypdy+. 12 Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýok+, sebäbi hemmeleriň bir Halypasy* bardyr. Ol özüni çagyrýanlara köp bereket berýändir. 13 Hawa, «Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar»+. 14 Emma iman etmeseler, ony nädip çagyrsynlar? Ol hakda eşitmeseler, oňa nädip iman etsinler? Olara wagyz edilmese, nädip eşitsinler? 15 Hiç kim iberilmese, kim wagyz etsin?+ «Gowy zatlary, hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!» diýip ýazylgy+ ahyryn.

16 Olar bolsa hoş habara gulak asmadylar. Işaýa pygamber hem: «Ýehowa*, biziň aýdan habarymyza kim iman etdi?» diýipdi+. 17 Diýmek, adam sözi eşidip iman edýär+. Mesih barada wagyz edilse, şonda sözi eşidýär. 18 Emma ysraýyllar hoş habary eşitmedilermi? Elbetde, eşitdiler. Sebäbi «onuň owazy dünýä ýaýraýar, älem-jahana wagyz edilýär»+. 19 Ysraýyllar muňa düşünmedimi? Elbetde, düşündi+. Musa pygamber: «Adam hasabynda görülmeýänler bilen seni gabandyraryn. Akmak halkyň üsti bilen gaharyňy getirerin» diýipdi+. 20 Işaýa pygamber hem Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip: «Meni agtarmaýan adamlar tapdylar+, meni tanamaýanlara özümi tanatdym» diýdi+. 21 Ol ysraýyllar hakda: «Maňa gulak asmaýan we kesir halka uzakly gün elimi uzatdym» diýýär+.

11 Indi Hudaý halkyndan ýüz öwürdimi?+ Ýok! Aslynda, menem ysraýyl halkyndan, Ybraýymyň neslinden, benýamin taýpasyndan. 2 Hudaý ilkibaşda saýlan halkyndan ýüz öwürmedi+. Siz Ylýas pygamberiň ysraýyl halky hakda Hudaýa näme arz-şikaýat edendigini okamadyňyzmy? 3 Ylýas pygamber: «Ýehowa*, olar pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk ojaklaryňy* ýumurdylar. Diňe men diri galdym, indi olar meni hem öldürjek bolýarlar» diýdi+. 4 Hudaý oňa näme jogap berdi? Ol: «Bagalyň öňünde dyza çökmedik 7 000 adam bar» diýdi+. 5 Häzir hem şeýle, Hudaýyň ýagşylyk etmegi bilen saýlanan az sanly adamlar*+ bar. 6 Olar eden işleri üçin däl-de+, Hudaýyň ýagşylygy bilen saýlandylar+. Eger olar eden işleri üçin saýlanan bolsadylar, onda Hudaýyň ýagşylygy gerek bolmazdy.

7 Indi näme diýeli? Ysraýyl halky arzuwyna ýetip bilmedi, emma Hudaýyň saýlanlary ýetdi+, galanlaryň bolsa ýüregi gatady+. 8 Sebäbi «Hudaý olary ruhy taýdan agyr uka gidirdi+. Olara häzire çenli görer ýaly göz, eşider ýaly gulak bermedi» diýip ýazylandyr+. 9 Dawut hem: «Saçaklary olar üçin tor bolsun, duzak bolsun, büdredýän daş* we jeza bolsun. 10 Gözleri garaňkyrasyn, hiç zat görmesin, bili hemişelik bükülsin»+ diýýär.

11 Olar büdredilermi? Ýerinden turmaz ýaly ýykyldylarmy? Ýok! Emma ysraýyllaryň eden günäsi başga halklaryň halas bolmagyna ýol açdy. Ysraýyllar bolsa gabanjaňlyk etdiler+. 12 Olaryň eden günäsi sebäpli dünýä ruhy taýdan bereket aldy we olaryň azalmagy başga halklara bereket berdi+. Olar jem bolanlarynda has-da köp bereket berler.

13 Eý başga halklar, indi men size ýüzlenýärin. Men başga halklara iberilen resul+, gullugymyň gadyryny bilýärin*+. 14 Şeýdip, öz ýehudy halkymyň gabanjaňlygyny oýaryp, olaryň käbirini halas etjek bolýaryn. 15 Olaryň inkär edilmegi+ dünýäni Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Eger Hudaý halkyny ýene kabul etse, olary direlden ýaly bolmazmy? 16 Eger hödürlenýän çöregiň bir bölegi mukaddes bolsa, tutuş hamyry hem mukaddesdir. Eger agajyň köki mukaddes bolsa, şahalary hem mukaddesdir.

17 Hudaý hakyky zeýtun agajynyň käbir şahalaryny çapyp, sizi, ýagny ýabany zeýtun agajynyň şahalaryny olaryň ýerine sapdy. Indi siz zeýtun agajynyň kökünden iýmitlenýän bolsaňyz, 18 beýleki şahalardan özüňizi ýokary tutmaň*. Eger özüňizi ýokary tutsaňyz*+, şuny unutmaň, siz köki däl-de, kök sizi saklaýar. 19 Belki, siz: «Şahalar meniň sapylmagym üçin çapyldy»+ diýersiňiz. 20 Hawa, olar iman etmändikleri üçin çapyldy+, ýöne siz iman edip berk dursuňyz+. Emma ulumsy bolmakdan ägä boluň. 21 Eger Hudaý zeýtun agajynyň şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, ol sizi-de gaýgyrmaz. 22 Hudaý hem ýagşylyk edýändir+, hem jeza berýändir. Ol iman etmän ýykylýanlara jeza berýär+, size bolsa ýagşylyk edýär. Şonuň üçin onuň ýagşylygynyň gadyryny bilip ýaşaň, ýogsa sizi-de çapyp taşlar. 23 Eger olar ýene-de iman etseler, ýene-de sapylarlar+. Sebäbi Hudaý täzeden sapmagy başarýar. 24 Eger Hudaý ýabany zeýtun agajynyň şahalaryny çapyp, hakyky zeýtun agajyna sapan bolsa, onda hakyky zeýtun agajynyň çapylan şahalaryny yzyna sapmazmy näme?!

25 Doganlar, özüňize akyllydyryn öýtmez ýaly, mukaddes syry bilmegiňizi isleýärin+: başga halkdan saýlananlaryň sany dolýança, käbir ysraýyllar Hudaýa gulak asmak islemezler. 26 Şonuň üçin indi bütin Ysraýyl+ halas bolup biler. Sebäbi şeýle diýlipdi: «Halasgär Siondan geler+ we Ýakubyň neslinden ähli erbetligi aýrar. 27 Olaryň günälerini bagyşlamak+ üçin, olar bilen äht baglaşdym»+. 28 Dogrudan-da, olar hoş habary diňlemediler, Hudaýyň duşmany bolup, size peýda getirdiler. Emma ata-babalarynyň hatyrasy üçin, Hudaý olary söýdi+. 29 Hudaý olara sowgat berenine we saýlap çagyranyna ökünmez. 30 Siz öň Hudaýa gulak asmaýardyňyz+, ýöne ýehudylar gulak asmansoň+, size rehim edildi+. 31 Şeýlelikde, ýehudylaryň gulak asmandygy üçin, Hudaý size rehim etdi, ýöne olara-da rehim eder. 32 Hudaý olaryň gulak asmazlygyna ýol berip+, hemme adamlara rehim etmek isledi+.

33 Hudaý bol bereket berýändir! Akyldarlygy we bilimi çuňdur! Hökümlerine we ýollaryna akyl ýetirip bolýan däldir! 34 Sebäbi «Ýehowanyň* oý-pikirine kim düşüner? Oňa kim maslahat berip biler?»+ diýilýär. 35 Ýa-da: «Hudaý bergili bolar ýaly, kim karz berdi?»+ diýilýär. 36 Sebäbi hemme zady Hudaý berendir, ähli zady ol ýaradandyr we ähli zat onuň üçindir. Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!

12 Doganlar, Hudaý size rehim etdi, şonuň üçin bedeniňizi+ diri, mukaddes+ we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemegi haýyş edýärin. Şonda akyl-paýhasly bolup+, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz. 2 Mundan beýläk şu dünýäniň* täsirine düşmäň*. Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip+, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň+.

3 Maňa ýagşylyk eden Hudaýyň adyndan şuny ündeýärin: özüňize ýokary baha bermäň+. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň+. 4 Beden agzalary köp+, ýöne olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bar. 5 Biz köp bolsak-da, Mesih bilen bir bedendiris we bir-birimize baglydyrys+. 6 Hudaý ýagşylyk edip, her dürli ukyplary* berýär+. Pygamberlik etmek berlen bolsa, geliň, imanymyza görä pygamberlik edeliň. 7 Eger hyzmat etmek berlen bolsa, hyzmat edeliň, tälim bermek berlen bolsa, tälim bereliň+. 8 Öwüt-ündew berýän öwüt-ündew bersin+, paýlaýan höwes bilen paýlasyn+, ýolbaşçylyk edýän yhlasly ýolbaşçylyk etsin+, rehimdarlyk edýän şatlyk bilen rehimdarlyk etsin+.

9 Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn+. Erbetligi ýigrenip+, ýagşylyga ýapyşyň. 10 Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň. Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň+. 11 Ýalta däl-de*, zähmetsöýer boluň*+. Mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň+. Ýehowa* gul kimin hyzmat ediň+. 12 Umyt edip şatlanyň. Kynçylyklarda çydamly boluň+. Hemişe* doga ediň+. 13 Mätäç mukaddeslere kömek ediň+. Myhmansöýer boluň+. 14 Sizi yzarlaýan adamlara gargamaň+, olara Hudaýdan ýagşylyk diläň+. 15 Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň. 16 Özüňize nähili baha berseňiz, başgalara-da şeýle baha beriň. Özüňizi başgalardan ýokary tutmaň, pesgöwünli boluň+. Özüňize akyllydyryn öýtmäň+.

17 Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň+. Hemmelere ýagşylyk etmek üçin jan ediň. 18 Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň+. 19 Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň+. Sebäbi «Ýehowa* şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“» diýip ýazylgy+. 20 Gaýtam «duşmanyň aç bolsa, nahar ber, suwsan bolsa suw ber. Şonda başyna közler goýarsyň»*+. 21 Ýamanlyk etmäň, ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň+.

13 Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly+, sebäbi Hudaýdan birugsat häkimiýet ýokdur+, olaryň höküm sürmegine Hudaý rugsat berendir+. 2 Diýmek, häkimiýete garşy çyksak, Hudaýyň goýan tertip-düzgünine garşy çykýarys. Şeýle adamlara Hudaý höküm çykarar. 3 Ýokary häkimiýetlerden gowy iş edýänler däl, erbet iş edýänler gorkmaly+. Eger olardan gorkmak islemeýän bolsaňyz, ýagşy işleri ediň+. Şonda häkimiýetler sizi öwer. 4 Olar Hudaýyň guly bolup, siziň bähbidiňiz üçin hyzmat edýärler. Erbetlik etseňiz, olardan gorkuň, sebäbi olaryň nädogry iş edene jeza bermäge ygtyýary bardyr. Olar Hudaýyň guludyr, erbet iş edýänlere jeza bermek üçin bellenendir.

5 Siz häkimiýetlere diňe bir temmiden gaçmak üçin däl, ynsabyňyzy päk saklamak üçin tabyn bolmaly+. 6 Olar Hudaýyň guly hökmünde hemişe halka hyzmat edýärler. Şonuň üçin hem siz salgyt töleýärsiňiz. 7 Her kime bermelisini beriň: salgyt ýygnaýana salgyt+, gümrük alýana gümrük beriň; gorkmaly adamdan gorkuň+, hormat goýmala hormat goýuň+.

8 Siz bir-biriňizi söýmekden başga hiç zatda bergili bolmaň+. Sebäbi ýakynyny söýýän adam kanuny berjaý edýändir+. 9 «Zyna etme+, adam öldürme+, ogurlyk etme+, iliň zadyna göz gyzdyrma»+ diýen tabşyryklar bar. Şu we beýleki tabşyryklaryň ählisi «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen tabşyryga esaslanýar. 10 Söýýän adam ýakynyna ýamanlyk edýän däldir+, sebäbi kanun söýmegi talap edýändir+.

11 Şonuň üçin berlen tabşyryklary berjaý ediň. Sebäbi ukudan oýanmaly+ sagadyň eýýäm gelendigini bilýänsiňiz. Iman eden döwrümize garanda, häzir halas bolmaly wagtymyz has golaýdyr. 12 Gije geçip, gündiz ýetip gelýär. Şonuň üçin tümlükde edilýän işlerden el çekip+, ýagtylygyň ýaraglaryny dakynyň+. 13 Geliň, edepli bolup+, gündiziň günündäki ýaly ýöräliň! Biz keýpi-sapaly oturyşyklardan, serhoşlykdan, ahlaksyzlykdan, haýasyzlykdan*+, dawa-jenjelden we göriplikden gaça durmaly+. 14 Halypamyz Isa Mesihiň göreldesine eýereliň+ we ten höweslerini kanagatlandyrmak hakda pikir etmäliň+.

14 Imany gowşak adamy mähirli garşylaň+, pikiri siziňkiden tapawutlansa*, ony ýazgarmaň. 2 Käbiriniň imany ähli zady iýmäge rugsat berýär, imany gowşak adam bolsa diňe gök önüm iýýär. 3 Ähli zady iýýän adam hemme zady iýmeýän adamy äsgermezlik etmesin. Ähli zady iýmeýän adam-da hemme zady iýýän adamy ýazgarmasyn+, sebäbi Hudaý ony kabul edýändir. 4 Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kim bolupsyň?+ Ol hojaýynyň öňünde aýak üstünde durýar ýa-da ýykylýar+. Ol aýaga-da galyp biler, sebäbi oňa Ýehowa* kömek eder.

5 Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp hasaplaýar+, käbiri bolsa hemmesini deň hasaplaýar+. Goý, her kim pikir edýän zadynyň dogrudygyna ynamly bolsun. 6 Käbir günleri wajyp hasaplaýan adam muny Ýehowa* üçin edýändir. Hemme zady iýýän adam hem Ýehowa* üçin iýýändir, sebäbi ol şol zatlar üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdýar+. Hemme zady iýmeýän adam hem Ýehowa* üçin iýýän däldir, ol hem Hudaýa minnetdar bolýar+. 7 Aslynda, hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris+ we hiç birimiz özümiz üçin ölýän däldiris. 8 Ýaşaýan bolsak, Ýehowa* üçin ýaşaýandyrys+, ölýän bolsak, Ýehowa* üçin ölýändiris. Diýmek, ýaşasak-da, ölsek-de Ýehowanyňkydyrys*+. 9 Mesih hem şonuň üçin öldi. Ol ölenleriň-de, ýaşaýanlaryň-da Hojaýyny bolmak üçin direldi+.

10 Sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň?+ Doganyňy näme üçin äsgermeýärsiň? Biziň hemmämiz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durarys+. 11 Sebäbi «Ýehowa* şeýle diýýär: „Men Biribardyryn+. Her bir adam öňümde dyza çöker, ähli diller meniň Hudaýdygymy açyk aýdar“»+ diýip ýazylandyr. 12 Şeýlelikde, her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris+.

13 Geliň, mundan beýläk biri-birimizi ýazgarmalyň+. Doganymyzyň öňünde büdredýän daş* ýa-da böwet bolmalyň+. 14 Men Halypamyz Isanyň şägirdi hökmünde şuňa ynanýaryn: hiç zat öz-özünden haram bolmaýar+. Eger adam bir zady haram hasaplasa, ol diňe şol adam üçin haramdyr. 15 Eger iýýän zadyň doganyňy büdredýän bolsa, onda doganyňy söýmeýärsiň+. Iýmit sebäpli doganyň imanyny gowşatma*, sebäbi Mesih onuň üçin janyny gurban edendir+. 16 Seniň edýän ýagşy işiňi adamlar erbet hasaplaýmasynlar. 17 Hudaýyň Patyşalygyna girmek iýip-içýän zadyňa bagly däl-de+, dogruçyllyga, parahatlyga we mukaddes ruhuň berýän şatlygyna baglydyr. 18 Şeýle häsiýetli adam Mesihiň guly bolup, Hudaýy hem-de adamlary razy edýändir.

19 Geliň, parahat ýaşamak+ hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň+. 20 Hudaýyň guran zatlaryny iýmit sebäpli ýumurmaň+. Ähli zat halaldyr, ýöne iýýän zadyň bilen adamyň imanynyň gowşamagyna sebäp bolmak dogry däldir+. 21 Eger doganyň büdreýän bolsa, et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa-da başga zatlary etmedigiň gowudyr+. 22 Eger iman edýän bolsaň, goý, ol Hudaý bilen araňda galsyn. Eden zady üçin özüni günäkärlemeýän adam bagtlydyr. 23 Eger adam şübhelenip iýse, ol eýýäm günäkärdir, sebäbi eden işi imanyna garşy gelýändir. Aslynda, imana garşy edilýän zatlaryň ählisi günädir.

15 Biz imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de+, ejizleriň ejizliklerini götermeli+. 2 Goý, her kes ýakynyna peýdaly zatlary etsin hem-de ýagşy işleri bilen ruhlandyrsyn+. 3 «Saňa dil ýetirýänler meni-de kemsitdiler»+ diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem öz göwnünden turjak bolmady+. 4 Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy+. Olar umyt berýär+, çydamly bolmaga kömek edýär+ we göwünlik berýär. 5 Goý, çydamly edýän we teselli berýän Hudaý size Isa Mesih ýaly pikirlenmäge ýardam etsin. 6 Şonda siz Halypamyz Isa Mesihiň Atasy bolan Hudaýy agzybirlikde+ şöhratlandyrarsyňyz.

7 Mesihiň sizi kabul edişi ýaly+, siz hem bir-biriňizi kabul ediň+. Şonda Hudaýy şöhratlandyrarsyňyz. 8 Men size diýýärin, Mesih sünnetlilere+ hyzmat edip, Hudaýyň dogruçyldygyny we ata-babalaryna beren wadalarynyň+ ýerine ýetjekdigini görkezdi. 9 Şeýlelikde, başga halklar rehimdar Hudaýy şöhratlandyrarlar+. Sebäbi: «Men seni halklaryň arasynda şöhratlandyraryn we seniň adyňy taryplap, aýdym aýdaryn» diýip ýazylandyr+. 10 Şeýle-de: «Eý milletler, Hudaýyň halky bilen şatlanyň!» diýilýär+. 11 Başga bir ýerde: «Eý halklar, Ýehowa* alkyş aýdyň! Goý, ähli halklar ony şöhratlandyrsyn!» diýilýär+. 12 Işaýa pygamber hem: «Ýessäniň kökünden biri geler+, ol milletlere ýolbaşçylyk eder+. Halklar onuň adyna umyt baglarlar» diýýär+. 13 Umyt berýän Hudaýa bil baglaň, ol size çäksiz şatlyk we parahatlyk berer. Şonda mukaddes ruhuň güýji bilen umydyňyz has-da berkär*+.

14 Doganlarym, siz gowulyk* etmäge taýyn, bilimiňiz bar we öwüt-ündew* berip bilýärsiňiz. 15 Emma Hudaýyň ýagşylygy bilen başga zatlary hem ýatlatmak üçin käbir pikirleri has açyk-aýdyň ýazdym. 16 Men başga halklara hoş habary wagyz etmek üçin Isa Mesihiň gullukçysy boldum+. Hudaý olary kabul eder ýaly, men mukaddes işi ýerine ýetirýärin+. Başga halklar gurbanlyk kimin mukaddes ruh arkaly mukaddes edilendir.

17 Men Isa Mesihiň şägirdidigime we Hudaýyň işini berjaý edýändigime begenýärin. 18 Men öz eden işlerim hakda däl, Mesihiň men arkaly aýdan sözlerini we eden işlerini aýdyp, başga halklary oňa gulak asmaga çagyrýaryn. 19 Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň güýji bilen edilen alamatlary we gudratlary+ görüp gulak asdylar. Şeýdip, men Iýerusalimden tä Illiriýa çenli Mesih baradaky hoş habary doly wagyz etdim+. 20 Men başga biriniň başlan işine goşulmazlyk üçin, Mesih barada eşidenlere hoş habary wagyz etmezligi ýüregime düwdüm. 21 Sebäbi: «Ol hakda bilmedikler görerler, eşitmedikler düşünerler» diýip ýazylandyr+.

22 Ine şeýle sebäplere görä-de, men siziň ýanyňyza köp wagtdan bäri baryp bilmedim. 23 Meniň häzir wagyz edýän ýerimde aýak basmadyk ýerim galmady. Men ýanyňyza köp* ýyldan bäri barmakçy boldum. 24 Şonuň üçin Ispaniýa barýarkam, siziň bilen görşüp, biraz wagt ýanyňyzda bolaryn. Soňra meni Ispaniýa ugradarsyňyz. 25 Indi bolsa Iýerusalimdäki mukaddeslere hyzmat etmäge gitmekçi bolýaryn+. 26 Sebäbi Makedoniýada we Ahaýýada ýaşaýan doganlar Iýerusalimdäki mätäçlik çekýän mukaddeslere sadaka iberdiler+. 27 Şol doganlar Iýerusalimdäki doganlara höwes bilen sadaka iberdiler, sebäbi Iýerusalimdäki doganlar başga halklar bilen Hudaýyň ruhy bereketlerini paýlaşypdylar. Diýmek, başga halklar hem elinde bar zatlary bilen paýlaşmaga borçludyrlar+. 28 Men sadakalary* eltip berenimden soň, Ispaniýa barýarkam, size sowlup geçerin. 29 Men ýanyňyza baranymda Mesihden alan bol bereketlerimi siziň bilen paýlaşaryn.

30 Doganlar, men Halypamyz Isa Mesih we mukaddes ruhuň berýän söýgüsi arkaly ýalbarýaryn: meniň bilen bilelikde we meniň üçin Hudaýa doga ediň+. 31 Ýahudada Mesihe iman etmeýänleriň elinden halas bolmagym üçin doga ediň+. Iýerusalimdäki Hudaýyň halkyna gowy hyzmat etmegim üçin hem dileg ediň+. 32 Eger Hudaý islese, ýanyňyza şatlyk bilen bararyn. Şonda biri-birimizi ruhlandyrarys. 33 Parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolsun!+ Omyn!

16 Kenharaýdaky+ ýygnakda gulluk edýän uýamyz Fibiýany siziň ýanyňyza iberýärin. 2 Ony Halypamyzyň mukaddes adamlary hökmünde garşylap, gerekli zatlar bilen üpjün ediň+. Sebäbi ol köp dogan-uýalara, maňa-da kömek edipdi.

3 Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Priska bilen Akila salam aýdyň+. 4 Olar meniň üçin janyny howp astyna saldylar+. Olara diňe men däl, başga milletli ýygnaklaryň ählisi-de minnetdarlyk aýdýarlar. 5 Olaryň öýündäki ýygnaga-da salam aýdyň+. Aziýada Mesihiň ilkinji şägirdi bolan eziz doganymyz Epenetosa-da salam aýdyň. 6 Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme-de salam aýdyň. 7 Meniň bilen tussaglykda oturan ýakyn hossarlarym Andronikos bilen Ýunýasa hem salam aýdyň+. Olar menden hem öň Mesihiň şägirdidiler, resullar olary gowy tanaýar.

8 Halypamyzyň şägirdi we eziz dostum Ampliýatusa hem salam aýdyň. 9 Mesihe bile hyzmat eden ýoldaşym Urbanusa we eziz dostum Stahise salam aýdyň. 10 Mesihe wepaly Apellise we Aristobulusyň öý-içerisine salam aýdyň. 11 Garyndaşym Hirodiýona we Halypamyz Isanyň şägirdi Nerkesiň öý-içerisine-de salam aýdyň. 12 Halypamyz Isa üçin arman-ýadaman zähmet çeken uýalarymyz Trifena bilen Trifosa we mähriban uýamyz Persise salam aýdyň. Ol hem Halypamyz Isa üçin köp zähmet çekipdi. 13 Halypamyzyň şägirdi edip saýlanan Rufusa we ejesine salam aýdyň. Ony men hem öz ejem ýaly görýärin. 14 Asynkretosa, Flegona, Germese, Patrobasa, Germasa we beýleki doganlara-da salam aýdyň. 15 Filologos bilen Ýuliýa, Nerewus bilen gyz doganyna, Olympasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň. 16 Bir-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. Mesihiň ähli ýygnaklary hem size salam aýdýar.

17 Doganlar, haýyş edýärin, bölünişik döredýänlere we öwredýän taglymatyňyza garşy çykyp, büdredýänlere dykgatly* boluň. Şeýle adamlardan gaça duruň+. 18 Sebäbi olar Halypamyz Mesihiň guly däl-de, erbet höwesleriniň* guludyr. Olar süýji sözler aýdyp we ýaranjaňlyk edip, sada adamlary azdyrýarlar. 19 Siziň gulak asýandygyňyzy hemmeler bilýär, men hem size guwanýaryn. Siziň paýhasly bolup, ýagşy işleri etmegiňizi we erbet işlerden el çekip, ýazyksyz bolmagyňyzy isleýärin+. 20 Tizden parahatlyk berýän Hudaý siziň aýagyňyzyň astynda Şeýtany mynjyradar+. Goý, Halypamyz Isa size ýagşylyk etsin!

21 Işdeşim Timoteos we garyndaşlarym Lukus, Ýason, Sospatros salam aýdýar+.

22 Pawlus şu haty maňa, Tertiýusa ýazdyrdy. Men hem Halypamyzyň adyndan salam aýdýaryn.

23 Meni we tutuş ýygnagy myhman alan Gaý+ salam aýdýar. Şäheriň iş dolandyryjysy Erastos we dogany Kwartos hem salam aýdýar. 24 *——

25 Hudaý meniň aýdan hoş habarym we Isa Mesih hakda edýän wagzym arkaly size güýç-kuwwat berýär. Hoş habar Hudaýyň açan mukaddes syry+ bilen baglydyr. Ol syr uzak wagtlap gizlin galdy. 26 Indi bolsa Hudaý ähli adamlaryň iman edip, gulak asmaklary üçin mukaddes syry açdy. Hudaýyň buýrugy bilen we pygamberlik sözleri arkaly açylan syra ähli halklar düşündi. 27 Deňi-taýy bolmadyk akyldar Hudaýa+ Isa Mesih arkaly ebedilik şöhrat bolsun! Omyn!

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ruhy sowgat beresim.

Sözme-söz: warwarlaryň-da. Grekçe geplemeýän adamlar.

Ýa-da: minnetdarlyk.

Sözme-söz: garaňkylykdadyr.

Sözme-söz: mukaddes gullugy berjaý edip.

Ýa-da: gysgançlyk.

Ýa-da: erbet zatlary oýlap tapýan.

Ýa-da: hakykata görä.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: sowgadydyr.

Ýa-da: kanuny ýatyrýarysmy?

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: möhüridir; girewidir.

Sözme-söz: gaharlanar.

Başga manysy: ýok zady bar edýän.

Sözme-söz: bedeni öli ýalydy.

Başga manysy: Indi Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen parahatlygymyz bar.

Başga manysy: şatlanýarys.

Başga manysy: şatlanýarys.

Ýa-da: sowgady.

Ýa-da: sowgady.

Ýa-da: öňki häsiýetlerimiziň.

Sözme-söz: çüýreýän bedeniňiziň.

Sözme-söz: ýarag.

Sözme-söz: ýaragy.

Sözme-söz: Kanun üçin öldüňiz.

Sözme-söz: Hudaýa miwe bermeli.

Sözme-söz: ölüme eltýän miweleri berýärdi.

Sözme-söz: günä.

Sözme-söz: öli bolardy.

Hudaýyň kanuny göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: ruhy. Grekçe «pnewma». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Abba, ata! Çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen şeýle ýüzlenipdirler.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Hudaýy söýýänlere.

Sözme-söz: duýgudaşlyk bildirerin.

Sözme-söz: hormatlanýan.

Sözme-söz: hormatlanmaýan.

Sözme-söz: gahar-gazap küýzelerine.

Sözme-söz: rehimdarlyk küýzelerine.

Ýa-da: galyndysy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gahar-gazap oýarýan.

Grekçe «Kirios». Şu titul Hudaýa-da, Isa-da degişli bolup biler.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: galyndy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gullugymy şöhratlandyrýaryn.

Ýa-da: şahalaryň öňünde öwünmäň.

Ýa-da: öwünseňiz.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: häzirki döwrüň. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: özüňize şekil bermegine ýol bermäň.

Ýa-da: sylaglary.

Ýa-da: Işiňize sowuk-sala garaman.

Ýa-da: agyr zähmet çekiň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: Erjellik bilen.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýagny adamyň ýüregini ýumşadyp, gaharyny ýatyrmak.

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.

Başga manysy: ýüreginde şübhe bar bolsa.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýumurma.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: püre-pür bolar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: görkezme.

Başga manysy: birnäçe.

Sözme-söz: miwäni.

Sözme-söz: mukaddes posalar bilen.

Ýa-da: büdredýänlerden seresap.

Ýa-da: öz garynlarynyň.

Goşmaça maglumata serediň: A3.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş