Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Galatýalylar 1:1—6:18
  • Galatýalylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Galatýalylar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Galatýalylar

GALATÝALYLARA HAT

1 Men Pawlus, bir ýa⁠-⁠da köp adam tarapyndan däl⁠-⁠de, Isa Mesih+ we ony direlden Atamyz Hudaý tarapyndan resul bellendim+. 2 Men ýanymdaky doganlar bilen Galatýadaky ýygnaklara hat ýazýaryn.

3 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin! 4 Atamyzyň we Hudaýymyzyň isleýşi ýaly+, Mesih bizi şu zalym dünýäden* halas etjek bolup+, günälerimiz üçin janyny gurban etdi+. 5 Hudaýa baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn!

6 Hudaý sizi Mesihiň ýagşylygy arkaly çagyrdy. Siz bolsa ondan şeýle çalt ýüz öwrüp, başga hoş habary kabul etdiňiz. Men⁠-⁠ä siziň bolşuňyzy geň gördüm+. 7 Elbetde, başga hiç hili hoş habar ýok. Ýöne käbir adamlar siziň aňyňyzy zäherläp+, Mesih baradaky hoş habary ýoýjak bolýarlar. 8 Eger biziň wagyz eden hoş habarymyzdan başga hoş habary gökden bir perişde gelip yglan etse ýa⁠-⁠da biziň birimiz aýtsak, goý, şoňa nälet bolsun! 9 Öň aýdyşymyz ýaly, ýene⁠-⁠de aýdýaryn: eger biri siziň kabul eden hoş habaryňyzdan başga zady wagyz etse, goý, oňa nälet bolsun!

10 Men adamlara ýaranjak bolýarynmy ýa⁠-⁠da Hudaýa? Eger adamlara ýaranjaňlyk edýän bolsam, Mesihiň guly bolmazdym. 11 Doganlar, bilip goýuň, wagyz eden hoş habarym adamlaryňky däldir+. 12 Hoş habary maňa adamlar aýtmady ýa⁠-⁠da adamlar öwretmedi, maňa Isa Mesih ylham arkaly aýtdy.

13 Elbetde, ýehudy dinine uýýarkam+, meniň nähili adam bolandygymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyny güýçli yzarlapdym, ony ýok etmek isleýärdim+. 14 Men ýehudy dinine deň⁠-⁠duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym, ata⁠-⁠babalarymyň däp⁠-⁠dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdim+. 15 Emma Hudaý meni ýagty jahana indirdi, ýagşylygy bilen çagyryp+, şuny makul bildi: 16 Ogluny maňa mälim edip, başga halklara hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy+. Alla meni saýlanda, adamlardan* maslahat soramaga howlukmadym. 17 Menden öň resul bolanlaryň ýanyna Iýerusalime⁠-⁠de gitmedim, ýöne Arabystana gitdim, soňra Damasga dolandym+.

18 Men üç ýyldan soň, Kifany*+ görmek üçin Iýerusalime baryp+, ýanynda 15 gün boldum. 19 Emma beýleki resullardan diňe Halypamyzyň dogany Ýakuby+ gördüm. 20 Size ýazýan zatlarymyň ýalan däldigine Hudaýyň öňünde ant içýärin.

21 Soňra men Siriýanyň we Kilikiýanyň töweregindäki etraplara bardym+. 22 Ýöne Ýahudadaky Mesihiň ýygnaklary meni tanamaýardy. 23 Olar men hakda: «Öň bizi yzarlap+, ýok etmekçi bolan adamyň+ özi indi hoş habary wagyz edýär» diýen gürrüňi eşidipdirler. 24 Şeýlelikde, olar men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrdylar.

2 Men 14 ýyl geçensoň, Barnabas+ bilen ýene⁠-⁠de Iýerusalime gitdim. Biz Titusy hem ýanymyz bilen alyp gitdik+. 2 Maňa ol ýere gitmelidigim görnüş* arkaly aýdylypdy. Ol ýerde men ýygnaga gözegçilik edýän doganlar bilen aýratyn görşüp, olara başga halklara wagyz edýän hoş habarymy gürrüň berdim. Şeýdip, men öňem, häzirem biderek ýere ylgamandygyma göz ýetirjek boldum. 3 Meniň ýanymdaky Titus+ grek bolsa⁠-⁠da, hiç kim ondan sünnetlenmegi talap etmedi+. 4 Emma ýygnagyň arasyna ogrynça giren ýalan doganlar gelip, kynçylyk döretdiler+. Olar bizi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde berlen azatlykdan mahrum edip+, doly gul etmek isleýärdiler+. 5 Ýöne biz olara azajyk⁠-⁠da eglişik etmedik, tabyn hem bolmadyk+, sebäbi siziň hoş habaryň hakykatyndan ýüz öwürmegiňizi islemedik.

6 Olar abraýly ýaly bolup görünseler⁠-⁠de+, hiç hili täze zat aýtmadylar. Olar sylanýan bolsalar⁠-⁠da, maňa parhy ýokdy, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine seretmeýär. 7 Petrusyň sünnetli adamlara hoş habary wagyz etmäge bellenilişi ýaly, meniň hem sünnetlenmedik adamlara wagyz etmäge bellenendigime göz ýetirdiler+. 8 Sebäbi Petrusa sünnetli adamlara, maňa bolsa başga halklara resullyk etmäge ygtyýar berildi+. 9 Doganlar Hudaýyň maňa bereket berendigini* bilenlerinde+, ýygnagyň diregi hasaplanýan Ýakup+, Kifa* we Ýahýa maňa+ hem⁠-⁠de Barnabasa sag elini uzadyp, hyzmatdaşlyk etmäge razydygyny görkezdiler. Şeýdip, biz başga halklara, olar bolsa sünnetli adamlaryň arasyna gitdiler. 10 Olar mätäçlik çekýän doganlary hem unutmazlygy haýyş etdiler. Menem olara yhlas bilen kömek etmäge jan edýärin+.

11 Kifa*+ Antakyýa+ gelende özüni nädogry alyp bardy. Şonda men onuň ýalňyşyny ýüzüne aýtdym. 12 Ol Ýakubyň+ iberen adamlary gelmänkä, başga milletliler bilen iýip içýärdi+. Ýöne myhmanlar gelende, sünneti goldaýanlardan gorkup+, başga milletlileriň ýanyndan aýrylyp, olar bilen gepleşmegini⁠-⁠de goýdy. 13 Beýleki ýehudylar hem onuň ikiýüzli hereketini goldadylar. Hatda Barnabas hem olaryň täsirine düşüp, ikiýüzlülik etdi. 14 Men olaryň hoş habaryň hakykatyna garşy gidýändigini görüp+, hemmeleriň öňünde Kifa*: «Sen ýehudy bolup, ýehudylar ýaly däl⁠-⁠de, başga milletliler ýaly ýaşaýarsyň. Onda näme üçin başga milletlileri ýehudylaryň däp⁠-⁠dessuryna eýermäge mejbur edýärsiň?»+ diýdim.

15 Biz ýehudy bolup doguldyk we başga milletler ýaly günäkär däldiris. 16 Emma adam kanuny berjaý edip däl⁠-⁠de, Isa Mesihe iman+ edip dogruçyl hasaplanýar. Biz Isa Mesihe+ iman edýäris, şonuň üçin kanuny berjaý edip däl, Mesihe iman edip dogruçyl hasaplanýarys. Sebäbi hiç bir adam kanuny berjaý edip, dogruçyl hasaplanyp bilmez+. 17 Eger biz Mesih arkaly dogruçyl hasaplanmak üçin günäkär bolsak, onda Mesih bizi günä iterýärmi? Elbetde, ýok! 18 Eger men ýykan zadymy gaýtadan dikeldýän bolsam, diýmek, günäli bolýaryn. 19 Sebäbi men kanuna eýerip, kanun üçin öldüm+, ýöne Hudaý üçin direldim. 20 Men Mesih bilen bile pürse çüýlendim+. Indi men däl⁠-⁠de, men arkaly Mesih ýaşaýar+. Dogrudan⁠-⁠da, men ýaşasam⁠-⁠da, Hudaýyň Ogluna iman edip ýaşaýaryn+. Ol meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi+. 21 Men Hudaýyň ýagşylygyndan ýüz öwürmeýärin+. Sebäbi adam kanuny berjaý edendigi üçin dogruçyl hasaplansa, onda Mesihiň ölmegi biderek bolardy+.

3 Eý akylsyz galatýalylar, size kim erbet täsir etdi?+ Isa Mesihiň pürse çüýlenişi hakda size açyk aýdylypdy ahyryn+. 2 Meniň bir soragym bar: siz mukaddes ruhy kanuny berjaý edip aldyňyzmy ýa⁠-⁠da eşidenleriňize iman edip?+ 3 Siz şeýle akylsyzmy? Başda mukaddes ruha eýerip, indi ynsan garaýşyna eýerjek bolýarsyňyzmy?+ 4 Siz biderek ýere köp görgi gördüňizmi? Biderekdir öýdemok. 5 Size mukaddes ruhy almaga kömek eden adam gudratly işleri görkezdi+. Ol siziň kanuny berjaý edendigiňiz üçin şeýle etdimi ýa⁠-⁠da eşidenleriňize iman edendigiňiz üçin? 6 Ybraýym hem «Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy»+.

7 Siz iman edýän adamlaryň Ybraýymyň ogullarydygyny+ anyk bilýärsiňiz. 8 Mukaddes kitaplarda başga milletli adamlaryň Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanjakdygy aýdylypdy. Şol sebäpli Ybraýyma: «Ähli halklar sen arkaly bereket alar»+ diýip, hoş habar aýdylypdy. 9 Şeýlelikde, iman edýän adamlar hem berk imanly Ybraýym ýaly bereket alýarlar+.

10 Kanundaky tabşyryklara bil baglaýan adamlar näletlenendir. Sebäbi: «Töwratdaky tabşyryklary berjaý etmedik adama nälet bolsun!»+ diýip ýazylgy. 11 Galyberse⁠-⁠de, hiç bir adam kanuny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogruçyl hasaplanyp bilmez+. Sebäbi «dogruçyl adam iman etse uzak ýaşar»+. 12 Emma Töwrat iman etmegi talap etmeýär, gaýtam: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar»+ diýilýär. 13 Mesih bizi Töwradyň näletinden azat etmek üçin+ satyn alyp+, bize derek özi näletlendi, sebäbi: «Pürsden asylan adam näletlenendir»+ diýip ýazylgy. 14 Şeýlelikde, ähli halklar Isa Mesih arkaly Ybraýyma berlen wadany almalydy+. Şonuň üçin biz hem iman arkaly Hudaýyň wada eden mukaddes ruhuny alýarys+.

15 Doganlar, size bir mysal getireýin: adamlaryň baglaşýan ähtini hiç kim ýatyryp ýa⁠-⁠da hiç zat goşup bilmeýär. 16 Ybraýyma we onuň nesline* wadalar berildi+. Ýöne onda «seniň nesilleriňe*» däl⁠-⁠de, «seniň nesliňe*» diýilýär, ýagny köp adam däl⁠-⁠de, bir adam göz öňünde tutulýar. Şol adam Mesihdir+. 17 Şol sebäpli men şeýle diýýärin: 430 ýyldan soň+ berlen Töwrat Hudaýyň ähtini ýatyryp, wadany bozup bilmeýär. 18 Eger Hudaý mirasy kanuna esaslanyp beren bolsady, onda wada bermek gerek bolmazdy. Emma Hudaý şol mirasy Ybraýyma wada arkaly beripdi+.

19 Onda Töwrat näme üçin berildi? Wada gowuşjak nesil gelýänçä+, ol adamlaryň günälerini ýüze çykarmalydy+. Ol perişdeler arkaly+ araçynyň eli bilen berlipdi+. 20 Eger ähte diňe bir tarap gatnaşýan bolsa, onda hiç hili araçy gerek bolmaýar, şonuň ýaly wada beren hem diňe Hudaýdy. 21 Onda Töwrat Hudaýyň wadalaryna garşymy? Elbetde, ýok! Eger kanun ýaşaýyş berýän bolsa, ony ýerine ýetirýän adam hem dogruçyl hasaplanardy. 22 Mukaddes kitaplar ähli adamlary günäniň guly edýändir, emma Isa Mesihe iman edýänler Hudaýyň wadasyna eýe bolarlar.

23 Mesihe iman etmänkäk, kanun bizi gorap, günäniň guly edýärdi, ýöne biz hakyky imanyň äşgär bolmagyna garaşýardyk+. 24 Şeýlelikde, Töwrat Mesihe eltýän terbiýeçi* boldy+, şonuň üçin häzir iman arkaly dogruçyl bolýarys+. 25 Emma häzir iman äşgär boldy+, indi bize terbiýeçi* gerek däl+.

26 Aslynda, siziň hemmäňiz Hudaýyň çagalary+, sebäbi Isa Mesihe iman edýärsiňiz+. 27 Ähliňiz suwa çümdürilip, Mesihiň häsiýetlerini geýdiňiz+. 28 Indi siziň ähliňiz: ýehudy⁠-⁠da, grek⁠-⁠de+, gul⁠-⁠da, azat⁠-⁠da+, erkek⁠-⁠de, aýal⁠-⁠da+ Isa Mesih bilen agzybir bolduňyz+. 29 Hawa, eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli*+, berlen wada görä+ mirasdüşer+.

4 Size diýýärin, mirasdüşer çaga ähli zadyň eýesi bolsa⁠-⁠da, guldan hiç hili tapawudy ýokdur. 2 Ol kakasynyň bellän wagtyna çenli terbiýeçileriň we hyzmatkärleriň golastynda bolýandyr. 3 Şonuň ýaly⁠-⁠da biz hem çagakak, şu dünýäniň ýörelgesine we pikirine eýerýän gullardyk+. 4 Emma bellenen wagt tamamlananda, Hudaý Ogluny iberdi. Ogul aýaldan dünýä inip+, kanun astynda boldy+. 5 Hudaý bizi ogullyga almak isledi+. Ogly hem kanun astyndakylary satyn alyp, azat etdi+.

6 Siz Hudaýyň ogullary bolduňyz, şonuň üçin ol Ogluna beren mukaddes ruhuny+ ýüregiňize guýdy+. Şol ruh arkaly biz hem Hudaýa: «Atam jan!*» diýip ýüzlenýäris+. 7 Siz indi gul däl, Hudaýyň ogly. Eger ogly bolsaňyz, Hudaý sizi mirasdüşer hem eder+.

8 Siz Hudaýy tanamaýan wagtyňyz ýalan taňrylaryň gullarydyňyz. 9 Indi siz Hudaýy tanadyňyz, has dogrusy, Hudaý sizi tanady. Onda siz näme üçin yzyňyza dolanyp+, dünýäniň biderek işlerini edýärsiňiz?+ 10 Siz belli bir günleri, aýlary+, wagtlary we belli bir ýyllary sypdyrman belleýärsiňiz. 11 Men siziň üçin eden tagallalarym biderek bolar öýdüp gorkýaryn.

12 Doganlar, menem öň siziň ýalydym, ýöne üýtgedim. Ýalbarýaryn, meniň üýtgeýşim ýaly, siz hem üýtgäň+. Siz maňa ýamanlyk etmändiňiz. 13 Bilýänsiňiz, size başda hoş habary wagyz etmegime ýarawsyzlygym sebäp bolupdy. 14 Ýaraman size ýük bolsam⁠-⁠da, meni ýigrenmediňiz ýa⁠-⁠da nägile bolmadyňyz. Gaýtam meni Hudaýyň perişdesini, hamala Isa Mesihi myhman alan ýaly kabul etdiňiz. 15 Hany siziň öňki şatlygyňyz? Şol wagt siz gözüňizi oýup bermäge⁠-⁠de taýyndyňyz. Men muňa şaýatdyryn+. 16 Indi hakykaty aýdýanym üçin duşmanyňyz boldummy? 17 Olar sizi öz tarapyna geçirjek bolup jan edýärler, ýöne olaryň niýeti erbetdir. Olar sizi öz yzyna eýerdip, menden daşlaşdyrjak bolýarlar. 18 Eger biri sizi gowy niýet bilen öz tarapyna geçirjek bolsa, ýagşy iş edýändir. Ýöne diňe men barkam däl, hemişe şeýle etsin. 19 Eziz balalarym+, Mesihe meňzäp, onuň häsiýetlerini doly geýýänçäňiz, çaga dogurýan aýal kimin siziň üçin ýene⁠-⁠de görgi görýärin. 20 Men ýanyňyzda bolsadym, siziň bilen mähirli gepleşerdim. Men siziň bolşuňyza düşünmeýärin.

21 Eý kanun astynda ýaşamak isleýänler! Siz Töwrada düşünmeýärsiňizmi? 22 Meselem, Ybraýymyň iki oglunyň bardygy aýdylýar: biri gyrnakdan+, biri azat aýaldan+. 23 Ybraýymyň gyrnakdan bolan ogly adaty çaga ýaly doguldy+. Azat aýaldan bolan ogly Hudaýyň wadasyna görä dünýä indi+. 24 Munuň başga⁠-⁠da manysy bar: iki aýal iki ähti aňladýar. Ähtiň biri Sinaý dagynda baglaşyldy+, onuň astyndaky çagalaryň hemmesi guldur. Ol äht Hajardyr. 25 Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny+, häzirki Iýerusalimi aňladýar. Ol çagalary bilen guldur. 26 Emma gökdäki Iýerusalim azatdyr, ol biziň ejemizdir.

27 «Eý çaga dogurmadyk, önelgesiz aýal, begen! Burgynyň azabyny çekmedik aýal, şatlanyp gygyr! Sebäbi taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür»+ diýip ýazylypdyr. 28 Doganlar, siz hem Yshak ýaly wada edilen çagalar+. 29 Emma adaty doglan çaganyň ruhdan doglan çagany yzarlaýşy ýaly+, şu günler hem şeýle edýärler+. 30 Mukaddes kitaplarda näme diýilýär? Onda: «Gyrnak bilen ogluny kow, sebäbi gyrnagyň ogly däl⁠-⁠de, azat aýalyň ogly mirasdüşer bolar»+ diýilýär. 31 Eý doganlar, biz gyrnagyň däl, azat aýalyň ogullary.

5 Mesih hem bizi şeýle azatlyga çykarmak üçin boşatdy. Şonuň üçin berk duruň+, gulçulygyň boýuntyrygyny gaýtadan dakynmaň+.

2 Men Pawlus, size aýdýaryn, eger sünnetlenseňiz, Mesihiň edenleriniň peýdasy bolmaz+. 3 Size ýene⁠-⁠de aýdýaryn, sünnetlenýän adam Töwradyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmelidir+. 4 Eger siz kanun arkaly dogruçyl bolmaga jan edýän bolsaňyz+, onda Mesihden aýrylyp, ýagşylygyny görmersiňiz. 5 Biz mukaddes ruh arkaly iman edip, dogruçyl hasaplanjak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 6 Sebäbi Isa Mesihiň şägirtlerine sünnetli ýa⁠-⁠da sünnetsiz bolmak hökman däl+, ýöne söýgi bilen iman ähmiýetlidir.

7 Siz jan edip ylgaýardyňyz+. Kim size hakykat boýunça ýaşamaga päsgel berýär? 8 Sizi çagyran Hudaý päsgel berýän däldir. 9 Azajyk hamyrmaýa bütin hamyry turşadýar+. 10 Halypamyzyň şägirtleriniň+ nädogry pikir etmejekdigini bilýärin. Ýöne siziň pikiriňizi zäherleýän adama+ höküm çykarylar. 11 Doganlar, eger sünnetlenmek barada henizem wagyz edýän bolsam, onda näme üçin meni yzarlaýarlar? Eger şeýle eden bolsadym, jebir pürsi* adamlary büdredýän daş*+ bolmazdy. 12 Wah, sizi sünnetlenmäge yrjak bolýanlar özlerini agta etsedi!*

13 Doganlar, siz azatlyga çykdyňyz, ýöne azatlygyňyzy ten höwesleri üçin ulanmaň+. Gaýtam biri⁠-⁠biriňizi söýüp, gul kimin hyzmat ediň+. 14 Sebäbi tutuş Töwrat: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen tabşyrykda jemlenendir*. 15 Eger biri⁠-⁠biriňizi günäkärläp, etiňizi iýip barýan bolsaňyz+, onda bir⁠-⁠biriňizi ýok etmekden seresap boluň+.

16 Men size diýýärin, mukaddes ruha görä ýaşaň+, şonda ten höweslerine eýermersiňiz+. 17 Sebäbi ten höwesi ruha garşy, ruh bolsa ten höwesine garşydyr. Olar biri⁠-⁠birine duşmandyr, şol sebäpli siz isleýän zatlaryňyzy edip bilmeýärsiňiz+. 18 Hawa, eger siz mukaddes ruha eýerseňiz, kanunyň golastynda bolmarsyňyz.

19 Ten işleri şulardyr: ahlaksyzlyk*+, haramlyk, haýasyzlyk*+, 20 butparazlyk, jadygöýlik*+, duşmançylyk, dawa⁠-⁠jenjel, gabanjaňlyk, gahar⁠-⁠gazap, jedel, bölünişik, dini toparlary* döretmek, 21 göriplik, serhoşlyk+, keýpi⁠-⁠sapaly oturyşyklar we şuňa meňzeş zatlar+. Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny+ size öň duýduryşym ýaly, ýene⁠-⁠de duýdurýaryn.

22 Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk*, mähribanlyk*, gowulyk*+, iman, 23 ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik+. Bulara garşy hiç hili kanun ýokdur. 24 Isa Mesihe degişli adamlar erbet we güýçli höwesleri bilen bile günäli bedenini pürse çüýlediler+.

25 Eger biz ruha görä ýaşaýan bolsak, oňa eýermegimizi dowam edeliň+. 26 Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň+, biri⁠-⁠birimiz bilen bäsleşmäliň+, göriplik etmäliň!

6 Doganlar, kim bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetjek boluň+. Ýöne özüňiz hem synaga düşmez ýaly+ seresap boluň+. 2 Biri⁠-⁠biriňiziň ýüküňizi göteriň+. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny+ berjaý edersiňiz. 3 Eger kimdir biri hiç kim bolup⁠-⁠da, özüni wajyp saýýan bolsa+, onda ol özüni aldaýandyr. 4 Goý, her kes öz işini barlasyn+, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin+. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar. 5 Sebäbi her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir*+.

6 Goý, Hudaýyň sözüni öwrenen adam hem öwredýän adamlar bilen ýagşy zatlaryny paýlaşsyn+.

7 Aldanmaň, Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony⁠-⁠da orar+. 8 Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm* orar, mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar+. 9 Şonuň üçin ýagşy işleri etmegi goýmalyň, sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak*+, öz wagtynda miwesini orarys. 10 Geliň, mümkinçilik barka* hemme adamlara, esasan⁠-⁠da, imandaşlara ýagşylyk edeliň.

11 Serediň, size haty öz elim bilen, uly harplar bilen ýazdym.

12 Sizi mejburlyk bilen sünnetletjek bolýanlar daş keşbi* bilen adamlara täsir etjek bolarlar. Şeýdip, olar Mesihiň jebir pürsi* sebäpli yzarlamalardan gaçmak isleýärler. 13 Olar sünnetli bolsa⁠-⁠da Töwrady berjaý etmeýärler+. Emma olar siziň bedeniňiz arkaly öwünmek üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler. 14 Men bolsa Halypamyz Isa Mesihiň jebir pürsünden+ başga hiç zada öwnüp bilmerin. Ol arkaly dünýä meniň üçin, men hem dünýä üçin ölendirin*. 15 Sünnetli ýa⁠-⁠da sünnetsiz bolmak wajyp däl+, ýöne täzeden ýaradylmak wajypdyr+. 16 Şu düzgüne eýerýän ähli adamlara, ýagny Hudaýyň Ysraýylyna+ parahatlyk bolsun we rehim edilsin!

17 Indi meni hiç kim alada goýmasyn, sebäbi bedenime Isanyň guludygymy görkezýän tagma basylandyr+.

18 Doganlar, dogry garaýşyňyz üçin Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin! Omyn!

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: döwürden. Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: bedenden we gandan.

Ýagny Petrus.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: ýagşylyk edendigini.

Ýagny Petrus.

Ýagny Petrus.

Ýagny Petrus.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme⁠-⁠söz: tohumyna.

Sözme⁠-⁠söz: tohumlaryňa.

Sözme⁠-⁠söz: tohumyňa.

Ýa⁠-⁠da: goragçy.

Ýa⁠-⁠da: goragçy.

Sözme⁠-⁠söz: tohumy.

Sözme⁠-⁠söz: Abba, ata! Çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen şeýle ýüzlenipdirler.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: biçsedi! Şeýle adama Töwratdaky borçlary ýerine ýetirmek rugsat berilmeýärdi.

Başga manysy: tabşyryk bilen berjaý bolandyr.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: sektalary. Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da çydamlylyk.

Ýa⁠-⁠da: ýagşylyk.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: ýüküni özi götermelidir.

Sözme⁠-⁠söz: çüýreme.

Ýa⁠-⁠da: ýagşylyk etmegi bes etmesek.

Sözme⁠-⁠söz: bellenen wagta çenli.

Sözme⁠-⁠söz: teni.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: pürse çüýlenendirin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş