Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Filipililer 1:1—4:23
  • Filipililer

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Filipililer
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Filipililer

FILIPILILERE HAT

1 Isa Mesihiň gullary Pawlus bilen Timoteos Mesihiň Filipidäki+ şägirtlerine, ähli mukaddeslere, ýygnagyň gözegçilerine we hyzmatçylaryna+ hat ýazýar.

2 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!

3 Men sizi ýatlanymda, hemişe Hudaýa minnetdar bolup, 4 her biriňiz üçin ýalbarýaryn we begenip doga-dileg edýärin+. 5 Sebäbi siz hoş habary kabul eden günüňizden bäri wagyz işine goşant goşýarsyňyz. 6 Hudaýyň araňyzda başlan ýagşy işini Isa Mesihiň gününe+ çenli tamamlajakdygyna ynanýaryn+. 7 Siz hakda dogry pikir edýärin, sebäbi siz meniň ýüregimiň töründe. Siz meni türmedekäm+ goldadyňyz we hoş habary gorap, kanun esasynda wagyz etmek hukugyny+ gazanmaga kömek edipdiňiz. Şeýle-de meniň bilen Hudaýyň berekedine* eýe bolduňyz.

8 Sizi juda göresim gelýär, muňa Hudaý hem şaýatdyr, sebäbi sizi Isa Mesihiň söýşi ýaly söýýärin. 9 Şonuň üçin doga edip, söýgiňiziň artmagyny+, dogry bilimiňiziň+ köpelmegini we Hudaýyň islegine doly düşünmegiňizi+ dileýärin. 10 Şeýle-de Mesihiň gününe çenli wepaly* bolup, hiç kimi büdretmez+ ýaly, iň wajyp zatlara düşünmegiňizi+ dileýärin. 11 Isa Mesih arkaly has köp ýagşy işleri etmegiňiz*+ üçin hem doga-dileg edýärin. Şonda Hudaýa şöhrat hem alkyş aýdylar.

12 Doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: meniň başymdan geçenler hoş habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. 13 Mesih üçin türmede zynjyra baglanyp oturandygym+ köşk garawullaryna* we hemmelere mälim boldy+. 14 Meniň türmä basylmagym Halypamyza gulluk edýän doganlaryň köpüsini berkitdi we Hudaýyň sözüni gorkman, has-da batyrgaý wagyz etmäge höweslendirdi.

15 Doganlaryň käbiri biri-birine göriplik, bäsdeşlik edip, käbirleri bolsa ýagşy niýet bilen Mesih hakda wagyz edýärler. 16 Ýagşy niýet bilen wagyz edýänler Mesihi söýýärler. Sebäbi olar meniň hoş habary goramak üçin bellenendigimi bilýärler+. 17 Ýöne bäsdeşlik edýänler erbet niýet bilen wagyz edýärler, sebäbi meniň türmede görgi görmegimi isleýärler. 18 Munuň netijesi nähili boldy? Ýagşy niýet bilen bolsun, erbet niýet bilen bolsun, esasy zat Mesih hakda wagyz edilýär, men muňa begenýärin, hemişe-de begenerin. 19 Sebäbi siziň doga-dilegleriňiz+ we Isa Mesihiň berýän mukaddes ruhunyň kömegi+ bilen edilýän işler meni halas eder. 20 Men hiç haçan utanja galmajakdygyma ynanýaryn we umyt edýärin. Öňkim ýaly Mesih hakda batyrgaý* gürrüň bererin. Men ýaşasam-da, ölsem-de Mesihi şöhratlandyraryn*+.

21 Men ýaşasam-da, Mesih üçin ýaşaýaryn+, ölsem-de, öz peýdama+. 22 Men ynsan bedeninde ýaşasam, edýän işim köp miwe berer, ýöne saýlamaly bolsam, haýsysyny saýlajakdygymy bilmeýärin. 23 Men iki oduň arasynda durun. Men Mesihiň ýanyna gitmek üçin azat bolmak isleýärin+. Elbetde, ol has gowusydyr+. 24 Ýöne siziň üçin ynsan bedeninde galmagym has wajypdyr. 25 Şonuň üçin men entek diri galjakdygyma ynanýaryn. Siziň üstünlik gazanmagyňyz we imanda şatlanmagyňyz üçin ýanyňyzda bolaryn. 26 Men ýene-de ýanyňyza barsam, Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şatlygyňyz hasam artar.

27 Mesih baradaky hoş habara mynasyp ýaşaň*+. Şonda men siziň bilen görüşsem-de, görüşmesem-de bir jan, bir ten bolup berk durandygyňyzy+, hoş habara iman edip, eginme-egin işleşýändigiňizi eşiderin. 28 Şeýle-de duşmanlaryňyzdan gorkmaýandygyňyzy bilerin. Şol zatlar olaryň heläk boljakdygyny+, siziň bolsa halas boljakdygyňyzy+ aňladýar. Hudaý muny göz-görtele eder. 29 Size diňe bir Mesihe iman etmek däl, onuň üçin horluk çekmäge-de mümkinçilik berildi+. 30 Siz hem meniň ýaly göreşýärsiňiz+, meniň henizem göreşýändigimi eşidýänsiňiz.

2 Siz Mesih bilen agzybir bolup, başgalary ruhlandyrsaňyz, söýgi bilen göwünlik berseňiz, mähir bilen aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirseňiz, 2 onda şatlygyma şatlyk goşup, bir garaýyşda boluň, bir-biriňizi söýüň, ähli zatda agzybirligi saklaň we bir pikirde boluň+. 3 Hiç zady dawa-jenjel+ ýa-da ulumsylyk bilen etmäň+, gaýtam pesgöwünli* boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň+. 4 Diňe öz peýdaňyzy däl-de+, başgalaryň hem peýdasyny gözläň+.

5 Isa Mesihiňki ýaly pikirde we garaýyşda boluň+. 6 Ol Hudaýyň keşbinde bolsa-da+, özüni Hudaý bilen deňejek bolup pikir hem etmedi+. 7 Ol hemme zatdan geçdi, özüni gul edip+, ynsan boldy*+. 8 Şeýle-de ynsan bolup gelende, özüni kiçeldip, tä ölýänçä, hawa, jebir pürsünde*+ ölýänçä gulak asdy+. 9 Şol sebäpli Hudaý ony has-da beýgeldip+, ähli atlardan iň beýik ady berdi+. 10 Sebäbi ol gökdäkileriň, ýerdäkileriň hem-de ýer astyndakylaryň her biriniň Isanyň adynyň hatyrasyna dyza çökmegini isledi+. 11 Her kes Halypamyz Isa Mesihi aç-açan kabul edip+, Atamyz Hudaýy şöhratlandyrmaly.

12 Eziz doganlarym, men ýanyňyzdakam Hudaýa elmydama gulak asyşyňyz ýaly, ýok wagtym hem gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň. 13 Hudaý niýetine görä kömek etmek üçin, siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer. 14 Hiç zady igenip+ ýa-da dawa-jenjel bilen etmäň+. 15 Şonda siz zalym we erbet nesliň+ arasynda Hudaýyň ýazyksyz, hilesiz, päk çagalary+ bolarsyňyz. Siz olaryň arasynda ýaşap, şu dünýäde nur kimin ýagty saçýarsyňyz+ 16 we ýaşaýyş sözüne berk ýapyşýarsyňyz+. Men hem biderek ylgamandygymy we boş ýere zähmet çekmändigimi bilip, Mesihiň gününde şatlanaryn. 17 Emma men şerap sadakasy kimin gurbanlyk ojagyna*+ dökülip+, özümi mukaddes gulluga, ýagny size iman etmäge kömek eden gulluga bagyş etmeli bolsam-da, muňa begenerin, siziň ähliňiz üçin şatlanaryn. 18 Şol sebäpli siz hem meniň bilen şatlanyp, begenmelisiňiz.

19 Halypamyz Isa islese, men tizden ýanyňyza Timoteosy+ ibererin. Ol sizden habar getirse, men ruhlanaryn. 20 Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur. 21 Başgalar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini gözleýärler. 22 Siz Timoteosyň gylyk-häsiýetlerini görensiňiz. Ol hoş habary meniň bilen wagyz edip, ataly-ogul kimin+ gulluk etdi. 23 Hawa, işimiň nähili çözüljekdigi belli bolanda, ony ýanyňyza ibererin. 24 Halypamyz islese, özüm hem tizden ýanyňyza bararyn+.

25 Emma häzir ýanyňyza doganymyz we Mesihiň esgeri Epafroditi ibermekçi. Ol siziň wekiliňiz bolup, meniň aladamy etmek üçin iberilen gullukçydyr+. 26 Onuň sizi örän göresi gelýär. Epafrodit syrkawlandygyny eşidendigiňizi bilip, gaty biynjalyk boldy. 27 Hawa, ol syrkawlap, ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Emma Hudaý rehim etdi, diňe oňa däl, öňküden hem beter hasrat çekmezligim üçin maňa-da rehim etdi. 28 Şol sebäpli Epafroditi görüp, begenmegiňiz üçin, ony haýal etmän ýanyňyza iberýärin. Şonda men hem çendenaşa biynjalyk bolmaryn. 29 Ony Halypamyzyň şägirdi hökmünde şatlyk bilen kabul ediň, şeýle doganlaryň gadyryny biliň+. 30 Ol Mesihiň* işi üçin ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy, siziň ýoklugyňyzy bildirmedi, maňa hyzmat etmek+ üçin janyny howp astyna saldy.

3 Doganlarym, Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk ediň+. Size öň ýazan zatlarymy ýene-de ýazmagy kyn görmeýärin, sebäbi sizi goramak isleýärin.

2 Ýigrenjilerden*, zyýankeşlerden we sünnetlenmegiň tarapdarlaryndan* seresap boluň+. 3 Aslynda, biziň sünnetimiz hakykydyr+, sebäbi biz Hudaýyň ruhy bilen mukaddes gullugy berjaý edýäris, Isa Mesihiň şägirtleridigimize buýsanýarys+ we ynsan bedenine bil baglamaýarys. 4 Ynsan bedenine buýsanmaly bolsam, men buýsanmaly.

Eger biri bedenine buýsanmaga haky bardyr öýtse, onda meniň hakym has köpdür. 5 Sebäbi men sekiz günlükkäm sünnetlendim+, ysraýyl halkynyň benýamin taýpasyndan, milletim ýewreý, enem-atam hem ýewreý+, kanuna yhlasly ýapyşýan fariseýdim+, 6 ýygnagy gazaply yzarlaýardym+, kanunyň tabşyryklaryny birkemsiz berjaý edýärdim. 7 Emma gazanan zatlarymdan Mesihiň hatyrasyna ýüz öwürdim*+. 8 Mundan başga-da, Halypamyz Isa Mesih hakdaky gymmatly bilim üçin ähli zadymdan geçdim. Mesihiň hatyrasyna ähli zadymdan geçip, olary zir-zibil hasaplaýaryn, sebäbi Mesih bilen dostlaşmak hem-de 9 agzybir bolmak isleýärin. Men Töwrada eýerip gazanan dogruçyllygym bilen däl-de, Mesihe+ iman edip+, dogruçyl bolmak isleýärin. Sebäbi Hudaý iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar+. 10 Men Mesihi tanap, ony direldeniň güýjüni bilmek isleýärin+. Mesih ýaly görgi görüp+, Mesih ýaly ölmek isleýärin+. 11 Muny ilkinjileriň hatarynda direlmäge+ mümkinçiligim bolsun diýip edýärin.

12 Ýöne men sylagymy aldym ýa-da kämillige ýetdim diýjek bolmaýaryn. Gaýtam Isa Mesih meni näme etmäge saýlan bolsa+, şoňa ýetjek bolup jan edýärin+. 13 Doganlar, men sylagymy eýýäm alandyryn öýtmeýärin. Ýöne bir zady anyk bilýärin: yzda galan zatlary unudyp+, öňdäki zatlary almaga jan edýärin+. 14 Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly berjek sylagyny+, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak üçin ylgaýaryn+. 15 Goý, ruhy taýdan ösenler+ şeýle pikirde we garaýyşda bolsunlar. Eger biriňiz başgaça pikir edýän bolsaňyz, onda Hudaý dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. 16 Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň.

17 Eý doganlar, hemmäňiz menden görelde alyň+ we biziň göreldämize eýerýänlere serediň. 18 Sebäbi köpler özüni Mesihiň jebir pürsüniň* duşmany ýaly alyp barýar. Men olar hakda öňem köp aýdypdym, häzirem gözýaş döküp aýdýaryn. 19 Şeýle adamlaryň soňy ölümdir, olaryň hudaýy garnydyr, haýasyz işlerine buýsanýarlar, şu dünýädäki zatlar hakda pikir edýärler+. 20 Emma biz gögüň+ raýaty+, hemmämiz halasgärimize, gökdäki Halypamyz Isa Mesihe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys+. 21 Ol ähli zady özüne tabyn edýän güýji arkaly+ ejiz bedenimizi öz bedeni ýaly şöhratly eder+.

4 Doganlarym, sizi söýýärin we örän göresim gelýär. Eziz doganlarym, siz meniň begenjim, başymyň täjisiňiz+. Hudaýyň* ýolunda berk duruň+.

2 Ewodiýa bilen Sintihiýa Hudaýa* gulluk edip, bir pikirde bolmagy ündeýärin+. 3 Hawa, wepaly işçiler hökmünde sizden şuny haýyş edýärin: meniň bilen bile eginme-egin işleşip*, hoş habary wagyz eden şol iki uýany goldaň. Olar Klement we ýaşaýyş kitabynda atlary ýazylan+ başga-da işdeşlerim bilen zähmet çekendir.

4 Hudaýa* hemişe şatlyk bilen gulluk ediň. Hawa, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň!+ 5 Goý, hemmeler sizi paýhasly* adam+ hökmünde tanasyn. Hudaý siziň bilendir. 6 Hiç zadyň aladasyny etmäň+, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň+. 7 Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy+ siziň ýürekleriňizi+ we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar.

8 Şeýlelikde, doganlar, diňe hakyky, wajyp, dogry, päk*, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň+. 9 Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň+, şonda Hudaýyň parahatlygy siziň bilen bolar.

10 Meniň ýene-de aladamy edýändigiňize Hudaýyň* gullukçysy hökmünde örän begenýärin+. Siz hemişe-de aladamy edýärdiňiz, ýöne köplenç mümkinçiligiňiz bolmaýardy. 11 Muny mätäçlik çekýändigim üçin aýtmaýaryn, sebäbi ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim+. 12 Men mätäçlikde+ we bolçulykda ýaşamagyň nämedigini bilýärin. Ähli zatda we ähli ýagdaýda doklugyň hem açlygyň, bolçulykda hem mätäçlikde ýaşamagyň syryny bildim. 13 Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir+.

14 Muňa garamazdan, siz kynçylyklarymda kömek edip, ýagşylyk etdiňiz. 15 Eý filipililer, Makedoniýadan gaýdanymda, sizden başga hiç bir ýygnak maňa kömek etmedi, kömegimi-de kabul etmedi. Siz hoş habary eşiden günüňizden bäri maňa kömek edýärsiňiz+. 16 Men Selanikdekäm, siz bir gezek däl, iki gezek zat iberdiňiz. 17 Elbetde, men sizden sowgada garaşmaýaryn, ýöne siziň ýagşylyk edip, has köp bereket* almagyňyzy isleýärin. 18 Meniň hemme zadym bar, hatda artygy bilenem bar. Epafroditden+ iberen zatlaryňyzy alanymdan soň bolsa, kem zadym galmady. Olar Hudaýyň halaýan ýakymly ysly+ gurbanlygy kimin boldy. 19 Hudaý hem şöhratly baýlygy bilen Isa Mesih arkaly ähli gerekli zatlaryňyzy berer+. 20 Hudaýymyza we Atamyza baky hem ebedi şöhrat bolsun! Omyn!

21 Isa Mesihiň şägirtleri bolan ähli mukaddeslere meniň adymdan salam aýdyň. Ýanymdaky doganlar hem salam aýdýarlar. 22 Mukaddesleriň ählisi, esasan-da, Sezaryň öý-içerisindäkiler+ salam aýdýarlar.

23 Halypamyz Isa Mesih dogry garaýşyňyz üçin ýagşylyk etsin!

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýagşylygyna.

Ýa-da: päk; aýypsyz.

Sözme-söz: dogruçyllyk miwesinden doly bolmagyňyz.

Rim imperatorynyň garawullary.

Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.

Sözme-söz: bedenim arkaly beýgelderin.

Ýa-da: hoş habaryň raýatlary hökmünde ýaşaň.

Ýa-da: pikiriňizde pesgöwünli.

Sözme-söz: bolup geldi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Halypamyzyň.

Sözme-söz: Itlerden.

Sözme-söz: bedene şikes ýetirýänlerden.

Başga manysy: ýitgi hasapladym.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Halypamyzyň.

Başga manysy: Halypamyza.

Sözme-söz: göreşip.

Başga manysy: Halypamyza.

Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.

Ýa-da: arassa.

Başga manysy: Halypamyzyň.

Sözme-söz: miwe.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş