Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 1 Selanikliler 1:1—5:28
  • 1 Selanikliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 Selanikliler
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
1 Selanikliler

SELANIKLILERE BIRINJI HAT

1 Men Pawlus, Silwanus*+ we Timoteos+ bilen Atamyz Hudaýyň hem-de Halypamyz Isa Mesihiň Selanikdäki ýygnagyna hat ýazýaryn.

Hudaý size ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!

2 Biz doga edenimizde+, siziň ähliňiz üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk aýdýarys. 3 Siziň wepaly gulluk edişiňizi we söýgi bilen çekýän zähmetiňizi ýatlaýarys. Hudaýymyzyň we Atamyzyň öňünde Halypamyz Isa Mesihe umyt edip+ çydamly bolýandygyňyzy unutmaýarys. 4 Doganlar, Hudaýyň sizi söýýändigini we saýlandygyny bilýäris. 5 Sebäbi size wagyz eden hoş habarymyz diňe bir söz arkaly däl, güýç, mukaddes ruh we berk ynam bilen gelip ýetendir. Size kömek etmek üçin nämeler edendigimizi özüňiz hem bilýänsiňiz. 6 Siz bizden+ we Halypamyzdan+ görelde alyp, kyn ýagdaýlara uçrasaňyz-da+, Hudaýyň sözüni mukaddes ruhuň berýän şatlygy bilen kabul etdiňiz. 7 Şeýdip, siz Makedoniýadaky we Ahaýýadaky ähli imandaşlarymyza görelde bolduňyz.

8 Makedoniýanyň we Ahaýýanyň halky siziň kömegiňiz bilen Ýehowanyň* sözüni eşitdiler. Hudaýa berk iman edýändigiňizi hemmeler eşitdiler+. Şonuň üçin olara hiç zat aýtmak gerek däl. 9 Sebäbi olaryň özleri-de siziň bilen ilkinji gezek görşen gününi henizem ýatlaýarlar. Siziň butlardan ýüz öwrüp+, diri hem hak Hudaýa gul kimin hyzmat edýändigiňizi gürrüň berýärler. 10 Şeýle-de olar Hudaýyň ýetip gelýän gahar-gazabyndan+ halas edýän Ogluna, ýagny ölümden direlen Isanyň gökden gelmegine garaşýandygyňyzy+ aýdýarlar.

2 Doganlar, siziň ýanyňyza baranymyz gowy boldy+. Muny özüňizem bilýänsiňiz. 2 Bilşiňiz ýaly, biz başda Filipide görgi görüp, azap baryny çekdik+. Emma ençeme garşylyklara garamazdan*, Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik+. 3 Size öwüt-ündew berenimizde, ýüregimizde erbet niýet, haramlyk ýa-da mekirlik ýokdy. 4 Hudaý bizi hoş habary wagyz etmäge mynasyp gördi, şol sebäpli biz adamlary däl-de, ýürekleri barlaýan Hudaýy+ razy etmek üçin wagyz edýäris.

5 Bilşiňiz ýaly, size ýaranjaňlyk etmedik ýa-da ýüzümizi gatadyp, açgözlük etmedik+. Muňa Hudaý şaýatdyr. 6 Biz Mesihiň resullary hökmünde size köp çykdajy etdirip bilerdik. Ýöne biz adamlaryň, siziň ýa-da başgalaryň öňünde at-abraý gazanjak bolmadyk+. 7 Gaýtam siziň bilen mähirli bolup, çagasyny emdirýän ene ýaly söýgi bilen aladaňyzy etdik. 8 Biz sizi ýürekden söýýäris+. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem siziň üçin janymyzy bermäge-de taýyndyk+.

9 Doganlar, biziň agyr zähmet çekip, köp tagalla edenimiz ýadyňyzdadyr. Hudaýyň hoş habaryny wagyz edenimizde, hiç biriňize ýük bolman, gaýtam gije-gündiz zähmet çekdik+. 10 Size wepaly bolduk, özümizi dogruçyl we ýazyksyz alyp bardyk. Muňa siz hem, Hudaý hem şaýatdyr. 11 Atanyň çagalaryna edişi ýaly, her biriňize öwüt-ündew, göwünlik berendigimizi we ruhlandyrandygymyzy gowy bilýänsiňiz+. 12 Hudaý sizi Patyşalygyna+ we şöhratyna+ eýe bolmaga çagyrdy. Mundan beýläk-de şol çakylyga mynasyp ýaşaň+.

13 Şol sebäpli siziň üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýarys+. Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri, ony ynsan sözi hökmünde däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Hakykatdan-da, ol Hudaýyň sözi, şonuň üçin size güýçli täsir edýär. 14 Doganlar, siz Hudaýyň Ýahudadaky mesihçiler ýygnagyndan görelde aldyňyz. Ýahudada ýaşaýan doganlaryň ýehudylaryň elinden görgi görşi ýaly, siz hem ildeşleriňiziň+ elinden görgi gördüňiz. 15 Olar hatda Halypamyz Isany we pygamberleri öldürdiler+, bizi-de yzarladylar+. Onsoňam, olar Hudaýy razy etmän, adamlara peýda getirýän zatlara garşy gidýärler. 16 Olar başga halklaryň halas bolmagy üçin aýdýan habarymyza böwet bolup+, günä üstüne günä edýärler. Olara Hudaýyň gahar-gazaby iner+.

17 Doganlar, az wagtlyk sizden aýra düşsek-de, ýüregimiz siziň bilendir. Ýanyňyza barmak üçin jan edipdik, sebäbi sizi örän göresimiz gelýärdi. 18 Şonuň üçin ýanyňyza barmak isledik. Men Pawlus, size bir gezek däl, iki gezek barjak boldum, ýöne Şeýtan ýoluma böwet boldy. 19 Halypamyz Isa gelende*, umydymyz, şatlygymyz we başymyzyň täji siz dälmi näme?+ 20 Hawa, siz biziň buýsanjymyz we guwanjymyz.

3 Sizden hiç hili habar bolmansoň ýeke özüm Afinada+ galyp, 2 ýanyňyza bolsa Timoteos+ dogany ibermegi makul bildik. Ol size göwünlik berip, imanyňyzy berkidendir, sebäbi ol Hudaýyň gullukçysy*, Mesih hakdaky hoş habary yhlasly wagyz edýär. 3 Goý, kynçylyklar sebäpli hiç kimiň imany gowşamasyn*. Biler bolsaňyz, biz şeýle kynçylyklardan gaçyp bilmeris+. 4 Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk+. Aýdyşymyz ýaly-da boldy. 5 Şol sebäpli mundan artyk çydap bilmän, imanyňyz hakda bilmek üçin+ ýanyňyza Timoteosy iberipdim. Birden Iblisiň* synagyna düşseňiz+, çeken zähmetimiz biderek bolar öýdüp gorkdum.

6 Timoteos ýaňy-ýakynda ýanyňyzdan gelip+, siziň imanda berk durandygyňyzy, söýgiňizi we bizi elmydama mähirli ýatlaýandygyňyzy gürrüň berdi. Ol siziň hem bizi küýseýändigiňizi aýtdy. 7 Doganlar, mätäçlik çekip, ençeme kynçylyklara duş gelýändigimize garamazdan, wepalydygyňyz hakda eşidip göwünlik tapdyk+. 8 Halypamyzyň şägirtleri hökmünde berk durandygyňyz üçin örän ruhlandyk*. 9 Siziň imanda berk durandygyňyzy eşidip, ýürekden begenýäris we Hudaýa minnetdarlyk aýdýarys. 10 Siziň didaryňyzy görüp, imanyňyzy berkitmek üçin+, gije-gündiz Hudaýa ýalbarýarys.

11 Ýanyňyza baryp biler ýaly, goý, Hudaýymyz, Atamyz we Halypamyz Isa ýol açsyn. 12 Biziň sizi söýşümiz ýaly, siziň hem bir-biriňizi we hemmeleri ýürekden söýmegiňiz+ üçin, goý, Halypamyz size ýardam etsin. 13 Şonda ýüregiňiz berk bolup, Hudaýymyzyň we Atamyzyň öňünde hem-de Halypamyz Isa gelende*+, ähli mukaddesler bilen bilelikde ýazyksyz*, mukaddes bolarsyňyz+.

4 Doganlar, size Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny aýdypdyk+. Aslynda, siz şeýle-de edýärsiňiz, ýöne Halypamyz Isanyň adyndan has-da köp tagalla etmegiňizi haýyş edýäris. 2 Bilýän bolsaňyz, size Halypamyz Isanyň adyndan görkezme beripdik.

3 Hudaýyň islegi şudur: ahlaksyzlykdan* uzakda duruň+, mukaddes boluň+. 4 Siz mukaddes bolup+, özüňize* nädip erk etmelidigini+ we Hudaýy razy edip ýaşamalydygyny bilmelisiňiz. 5 Hudaýy tanamaýan milletler+ ýaly açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň+. 6 Şu meselede hiç kim doganyna zyýan ýetirmesin, hakyndan mahrum etmesin. Şeýle iş edýänlere Ýehowa* jeza berer. Biz öň duýduryşymyz ýaly, ýene-de berk duýdurýarys. 7 Hudaý bizi haram ýaşaýşa däl-de, mukaddeslige çagyrdy+. 8 Şonuň üçin kim şu taglymaty äsgermese, ol adamlara däl-de, mukaddes ruhy berýän+ Hudaýa hormat goýýan däldir+.

9 Emma doganlyk söýgüsi+ hakda size ýazmagyň geregi ýok, sebäbi siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz+. 10 Dogrudan-da, siz bütin Makedoniýadaky doganlary söýýärsiňiz. Doganlar, olary öňküdenem has köp söýmegiňizi ündeýäris. 11 Size maslahat berişimiz ýaly, parahat ýaşamagy+, başgalaryň işine goşulmazlygy+ we eliňiz bilen zähmet çekmegi+ maksat ediniň. 12 Şonda adamlar edeplidigiňizi görerler+. Siz hem hiç zada mätäç bolmarsyňyz.

13 Doganlar, siziň ölüm ukusynda ýatan adamlar+ hakda-da bilmegiňizi isleýäris. Şonda siz umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmersiňiz+. 14 Eger biz Isanyň ölüp, soňra direlendigine+ iman edýän bolsak, onda Hudaýyň Isanyň şägirtlerini-de direltjekdigine+ iman ederis. 15 Biz Ýehowanyň* sözüne esaslanyp, size şuny aýdýarys: Halypamyz gelende*, biz, ýagny ýaşap ýörenler ölüm ukusyna gidenlerden öňe geçmeris. 16 Halypamyz gökden aşak inip, Hudaýyň surnaýyny alyp, baş perişdäniň+ sesi bilen buýruk berer. Şonda Mesihiň ölen şägirtleri ilkinji bolup direlerler+. 17 Soňra biz, ýagny ölmän galanlar olar bilen bilelikde Halypamyz bilen asmanda görüşmek üçin+ bulutlara alnarys+. Şeýlelikde, biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys+. 18 Hawa, şu zatlar hakynda gürrüň edip, bir-biriňize göwünlik beriň.

5 Doganlar, size boljak zatlaryň wagtyny we döwrüni ýazmagyň geregi ýok. 2 Sebäbi Ýehowanyň* gününiň+ ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini+ bilýänsiňiz. 3 Adamlar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýende, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada* betbagtçylyk iner+. Olar gaçyp gutulyp bilmezler. 4 Doganlar, ol gün üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz ogry kimin garaňkylykda dälsiňiz. 5 Sebäbi siziň ähliňiz ýagtylygyň we gündiziň ogullary+. Biz ne gijä, ne-de garaňkylyga degişlidiris+.

6 Geliň, başga adamlar ýaly uklamalyň+, hemişe oýa bolup+, sagdyn pikirleneliň+. 7 Uklaýan adam gije uklaýandyr, serhoş adam hem gije serhoş bolýandyr+. 8 Emma biz gündize degişli. Geliň, hemişe sagdyn pikirlenip, iman we söýgi sowudyny geýeliň, gutulyş umydyny hem tuwulga edip+ geýeliň. 9 Hudaý bizi jeza bermek üçin däl-de, Halypamyz Isa Mesih arkaly halas etmek üçin saýlady+. 10 Isa biziň üçin öldi+, biz oýa bolsak-da, ölüm ukusyna gitsek-de, onuň bilen ýaşamaly+. 11 Şol sebäpli häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň*+, birek-biregi berkidiň.

12 Doganlar, araňyzda köp zähmet çekýänlere we Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt-ündew berýänlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. 13 Olaryň edýän işleri üçin uly hormat goýuň we olary söýüň+. Biri-biriňiz bilen parahat ýaşaň+. 14 Doganlar, tertip-düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi+, göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris+. 15 Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermäň+, biri-biriňize we ähli adamlara hemişe ýagşylyk etmek üçin jan ediň+.

16 Elmydama şatlanyň+. 17 Hemişe doga-dileg ediň+. 18 Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň*+, sebäbi Hudaý siziň Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şeýle etmegiňizi isleýär. 19 Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň+. 20 Pygamberliklere biperwaý garamaň+. 21 Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň+, gowy zada berk ýapyşyň. 22 Ähli erbetlikden uzakda duruň+.

23 Goý, parahatlyk Hudaýy sizi mukaddes etsin. Doganlar, ruhda, ýaşaýyşda, bedende sagdyn bolup, Halypamyz Isa Mesih gelýänçä* ähli ýagdaýlarda ýazyksyz* ýaşaň+. 24 Sizi çagyran Hudaý wepalydyr, ol aýdan zatlaryny hökman eder.

25 Doganlar, biziň üçin hemişe doga-dileg ediň+.

26 Ähli doganlar bilen mähirli* salamlaşyň.

27 Şu haty ähli doganlara okap bermegiňizi Halypamyzyň adyndan tabşyrýaryn+.

28 Goý, Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin!

Ýagny Silas.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Başga manysy: başymyza kynçylyklar inse-de.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Başga manysy: işdeşi.

Sözme-söz: yranmasyn.

Sözme-söz: Synagçynyň.

Sözme-söz: biz ýaşaýarys.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Ýa-da: aýypsyz.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Ýa-da: bedeniňize. Sözme-söz: gabyňyza.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: duýdansyz

Ýa-da: bir-biriňize göwünlik beriň.

Ýa-da: minnetdar boluň.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Ýa-da: aýypsyz.

Sözme-söz: mukaddes posalar bilen.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş