Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 2 Selanikliler 1:1—3:18
  • 2 Selanikliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 2 Selanikliler
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
2 Selanikliler

SELANIKLILERE IKINJI HAT

1 Men Pawlus, Silwanus* we Timoteos+ Atamyz Hudaýyň hem⁠-⁠de Halypamyz Isa Mesihiň Selanikdäki ýygnagyna hat ýazýarys.

2 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!

3 Doganlar, siziň üçin Hudaýa elmydama minnetdar bolmak borjumyzdyr. Şeýle etmek dogrudyr, sebäbi siziň imanyňyz günsaýyn berkeýär we bir⁠-⁠biriňize söýgiňiz artýar+. 4 Siz yzarlamalarda çydamly bolup, imanda berk durduňyz, kynçylyk çekseňiz⁠-⁠de, olara döz gelýärsiňiz+. Şonuň üçin Hudaýyň ýygnaklarynda siz hakda buýsanyp gürrüň berýäris+. 5 Diýmek, Hudaý adalatly ekeni. Siz horluk çekseňiz⁠-⁠de, Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp bolarsyňyz+.

6 Dogrudan⁠-⁠da, Hudaý adalatly bolany üçin, size horluk çekdirýänlere horluk çekdirer+. 7 Emma siz häzir horluk çekseňiz⁠-⁠de, Halypamyz Isa güýçli perişdeleri bilen gökde peýda bolanda+, biziň bilen halas bolarsyňyz. 8 Şonda ol* Hudaýy tanamaýanlara we Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmaýanlara lowlaýan ot bilen jeza berip ar alar+. 9 Halypamyz olary höküm eder. Olar ebedilik jezasyny çekerler+, hiç kim olary Halypamyzyň beýik güýjünden halas edip bilmez. 10 Halypamyz mukaddesleri bilen şöhratlanmak üçin gelen güni, imanlylar ähli zadyň ýerine ýetişini görüp, haýran galarlar. Siz hem biziň şaýatlygymyza iman etdiňiz.

11 Biz Hudaýdan siziň çakylyga mynasyp görülmegiňizi dileýäris+. Goý, Hudaý gudratly güýji bilen size her hili gowulyk* etsin, iman bilen edýän işleriňize rowaçlyk bersin. 12 Şonda siz arkaly Halypamyz Isanyň ady şöhratlanar, onuň bilen bilelikde siz hem şöhratlanarsyňyz. Bularyň ählisi Hudaýymyzyň we Halypamyz Isa Mesihiň ýagşylygy bilen bolar.

2 Doganlar, Halypamyz Isa Mesihiň gelmegi*+ we onuň ýanynda bolmak üçin ýygnanmagymyz babatda+ şuny haýyş edýäris: 2 kimdir biriniň Ýehowanyň* gününiň golaýlaşandygy+ babatda aýdýan ylhamly* sözleri+ ýa⁠-⁠da habary üçin ruhdan düşmäň. Bizden hat alan ýaly gepleýän adamlara ynanyp, aljyraňňylyga düşmäň.

3 Sizi hiç kim aldaýmasyn, sebäbi imandan dänmeklik başlanmasa+ we bikanun adam+, ýagny heläkçilik oglunyň+ kimdigi belli bolmasa, ol gün gelmez. 4 Bikanun adam duşmandyr we özüni «hudaý» hasaplaýanlaryň ýa⁠-⁠da özüne sežde etdirýänleriň üstünden agalyk edýändir. Ol Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, jemagatyň öňünde özüni taňry ýaly alyp barýandyr. 5 Şu zatlary ýanyňyzda aýdanymy unutdyňyzmy?

6 Bikanun adamyň kimdigi wagtyndan öň belli bolmaz ýaly, oňa kimiň böwet bolýandygyny bilýänsiňiz. 7 Bikanun adam erbet işleri edip başlady+. Ýöne böwet bolýan öňünden aýrylýança, ol syr bolup galar. 8 Şonda bikanun adam belli bolar we Halypamyz Isa gelendigini* äşgär edip+, agzyndan çykýan güýçli sözi*+ bilen ony ýok eder. 9 Bikanun adam gelende Şeýtanyň berýän güýji bilen+ gudratlary, alamatlary we görnüşleri görkezer+. 10 Ol heläk boljak adamlary her hili ýalan sözler+ we mekirlik bilen aldar, sebäbi olar halas bolmak üçin hakykaty söýmediler, kabul etmediler. 11 Şol sebäpli Hudaý olaryň ýalan zatlara ynanyp, azaşmaklaryna ýol berýär+. 12 Olar hakykata ynanman, erbetlikden lezzet aldylar. Şonuň üçin hem ählisi höküm ediler.

13 Doganlar, Ýehowa* sizi söýýär. Biz siziň üçin hemişe minnetdar bolmaga borçludyrys. Hudaý sizi halas etmek üçin öňden bäri saýlap+, hakykata iman edendigiňiz üçin ruhy bilen mukaddes etdi+. 14 Hudaý sizi wagyz eden hoş habarymyz arkaly çagyrdy. Ol muny Halypamyz Isa Mesihiňki ýaly şöhrata eýe bolmagyňyz üçin etdi+. 15 Şeýlelikde, doganlar, berk duruň+ we biziň aýdan ýa⁠-⁠da hat arkaly ýazan zatlarymyza berk ýapyşyň+. 16 Atamyz Hudaý bizi söýüp+, ýagşylyk etmek üçin göwünlik hem⁠-⁠de umyt berýär+. Goý, Hudaý we Halypamyz Isa Mesih 17 ýüregiňize giňlik bersin! Hemişe ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegiňiz üçin sizi berkitsin.

3 Doganlar, biziň üçin hemişe doga ediň+. Şonda Ýehowanyň* sözi çalt ýaýrar+, başga adamlar hem ony siziň ýaly hormat bilen kabul ederler. 2 Hudaý bizi zalym we erbet adamlardan halas eder ýaly+ hem doga ediň, sebäbi ähli adamlar Hudaýa iman etmeýär+. 3 Emma Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan* gorar. 4 Şeýle⁠-⁠de Halypamyzyň şägirtleri hökmünde berýän görkezmelerimize eýerýändigiňize we eýerjekdigiňize ynanýarys. 5 Goý, Halypamyz size Hudaýy söýmäge kömek etsin+ we Mesihiň yzyna eýermek üçin çydamlylyk bersin+.

6 Doganlar, indi bolsa Halypamyz Isa Mesihiň adyndan size şuny tabşyrýarys: tertip⁠-⁠düzgüne+ we size* beren görkezmelerimize eýermeýän dogandan uzakda duruň+. 7 Bizden nähili görelde almalydygyňyzy bilýänsiňiz+, sebäbi siziň ýanyňyzda tertip⁠-⁠düzgüni bozmandyk, 8 hiç kimiň çöregini mugt iýmändik+, hiç biriňize ýük bolmajak bolup, gije⁠-⁠gündiz der döküp zähmet çekipdik+. 9 Biziň ygtyýarymyz bolsa⁠-⁠da, ondan peýdalanmadyk+, gaýtam size görelde bolduk+. 10 Size: «Kim zähmet çekmek islemese, çörek hem iýmesin»+ diýýärdik. 11 Biz käbirleriniň işlemän, tertip⁠-⁠düzgüne eýermeýändigini eşitdik+. Olar başgalaryň işine goşulýarlar+. 12 Biz şeýle adamlara öz işleri bilen bolup, öz gazanan çöregini iýmegi Halypamyz Isa Mesihiň adyndan tabşyrypdyk+.

13 Doganlar, siz hem öz gezegiňizde ýagşylyk etmekden ýadamaň. 14 Eger biri şu hatymyzda ýazan zatlarymyza gulak asmasa, şeýle adamy bellige alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň+. 15 Ýöne ony duşman saýmaň, dogan hökmünde hemişe maslahat beriň+.

16 Goý, Halypamyz ähli ýagdaýda parahatlyk bersin!+ Goý, Halypamyz siziň bilen bolsun!

17 Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym+. Men ähli hatymy şeýdip tassyklaýaryn.

18 Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin!

Ýagny Silas.

Sözlüge serediň.

Ýagny Isa.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa⁠-⁠da: ruh arkaly aýdýan. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Sözme⁠-⁠söz: ruhy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme⁠-⁠söz: zalymdan.

Başga manysy: olara.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş