TITUSA HAT
1 Men Hudaýyň guly we Isa Mesihiň resuly Pawlus. Meniň imanym Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna we hakykatyň dogry bilimine laýyk gelýär. Hakykat bilimi Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär. 2 Olar ebedi ýaşaýyş+ umydyna esaslanýar. Ýalan sözlemeýän* Hudaý+ şol umydy gadym döwürlerde wada beripdi. 3 Emma Halasgär Hudaý sözüni öz wagtynda mälim edip, wagyz etmegi maňa ynandy+. 4 Men hatymy akýürekli oglum we imandaşym Titusa ýazýaryn.
Atamyz Hudaý we Halasgärimiz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!
5 Men seni kemçilikleri düzetmek üçin Kritde goýup gaýtdym. Tabşyryşym ýaly, her şäherde ýaşululary belle. 6 Ýygnak ýaşulusynyň hiç hili ýazygy bolmaly däl, onuň bir aýaly bolmaly. Çagalary iman edýän bolmaly, ol azgynlykda* aýyplanýan ýa-da gulak asmaýan bolmaly däl+. 7 Gözegçi Hudaýyň guly, şonuň üçin adamlar ondan hiç hili ýazyk tapyp bilmeli däl. Ol özdiýenli+, ganygyzma+, arakhor, zalym* bolmasyn we açgözlük bilen haram gazanç edýän adam bolmasyn. 8 Ýöne ol myhmansöýer+, ýagşylygy söýýän, sagdyn düşünjeli*+, dogruçyl, wepaly+, özüne erk edýän bolmaly+. 9 Hudaýyň ynamdar sözüni* gyşarnyksyz öwretmeli+. Şonda ol sagdyn* taglymata+ esaslanyp maslahat berer*, garşy çykýanlara bolsa käýäp biler+.
10 Häzir gozgalaňçy, ýaňra, aldawçy adamlar köpdür. Esasan-da, sünnetlenmegiň tarapdarlary şeýle edýändirler+. 11 Şeýle adamlary dymdyrmak gerek. Olar haram gazanç etmek üçin bolgusyz taglymatlary öwredip, birgiden maşgalany imandan dändirýärler. 12 Olaryň bir pygamberi: «Kritliler hemişe ýalançy we wagşy adamlar, işsiz hajymelikler» diýipdi.
13 Aýdan sözlerim hakdyr. Şonuň üçin olara berk käýinç berip, imanda durmaga kömek et. 14 Olar ýehudylaryň ertekilerine üns bermesinler, hakykatdan daşlaşan adamlaryň öwüt-ündewlerini diňlemesinler. 15 Päk adamlar üçin ähli zat päkdir+. Ýöne haram we imansyz adamlar üçin arassa zat ýokdur, sebäbi olaryň pikiri-de, ynsaby-da hapadyr+. 16 Olar iliň öňünde hudaýhondyr, emma edýän işleri bilen Hudaýa ysnat getirýändir+. Olar ýigrenç döredýän, gulak asmaýan adamlardyr, ýagşy işleri etmäge mynasyp däldir.
2 Sen bolsa hemişe sagdyn* taglymata görä öwret+. 2 Ýaşuly* adamlar ähli zatda çägini bilýän, agras*, sagdyn düşünjeli bolmaly. Olaryň imany berk, söýgüsi güýçli we çydamly bolmaly. 3 Ýaşy uly aýallar hem sylaşykly bolsunlar. Olar gep-gybat etmesinler, köp şerap içmesinler we ýagşy zatlary öwretsinler. 4 Şonda olar gelin-gyzlara ärini we çagalaryny söýmegi maslahat berip* bilerler. 5 Şeýle-de olar sagdyn düşünjeli, päk, öý işlerini gowy edýän, edepli we ärine tabyn bolmaly+. Şonda Hudaýyň sözüne dil ýetirilmez.
6 Ýaş doganlary hem sagdyn düşünjeli bolmaga höweslendirip dur+. 7 Özüň hem ähli ýagdaýlarda ýagşy işleri edip, görelde görkez. Päk zatlary* yhlasly öwret+. 8 Hiç kim seni tankytlamaz ýaly, peýdaly* zatlary gürrüň ber+. Şonda garşy çykýan adamlar utanyp, bizi ýamanlap bilmezler+. 9 Gullar hojaýyna ähli zatda tabyn bolup+, göwnünden turjak bolsunlar we dil gaýtarmasynlar. 10 Hojaýynyň zadyny ogurlaman+, ynamdardygyny subut etsinler. Şeýdip, ähli zatda Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getirerler*+.
11 Hudaý ähli adamlara halas bolmaga ýol açyp, ýagşylygyny mälim etdi+. 12 Hudaýyň ýagşylygy islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi öwredýär+. Şeýle-de şu dünýäde* sagdyn düşünjeli bolup, dogruçyl ýaşamagy we Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär+. 13 Häzir bolsa ajaýyp umyda+ ýetmäge we Gudratygüýçli Hudaýyň hem-de Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat bilen äşgär bolmagyna sabyrly garaşalyň. 14 Mesih biziň üçin janyny gurban berip*+, erbet işleriň gulçulygyndan azat etdi+. Ol bizi eziz halky edip saýlady we ýagşy işlere yhlasly etmek üçin arassalady+.
15 Şulary öwredip dur, saňa öwüt-nesihat bermäge* we käýemäge doly ygtyýar berildi+. Goý, hiç kim saňa göwnüýetmezçilik etmesin.
3 Olara hökümetlere we häkimiýetlere tabyn bolup, gulak asmagy+, her bir oňat işe taýýar bolmagy ýatladyp dur. 2 Şeýle-de hiç kimi kemsitmezligi, uruşmazlygy, ähli adamlar bilen mylakatly+ we paýhasly*+ bolmagy ünde. 3 Bizem öň akylsyzdyk, gulak asmaýan, ýoldan azaşan adamdyk, dürli höwesleriň we keýpi-sapanyň guludyk, erbet işlere baş goşýardyk, göriplik edýärdik, biri-birimizi ýigrenýärdik, ýigrenji adamlardyk.
4 Halasgär Hudaýymyz bolsa adamlara ýagşylyk edip+, söýgüsini bildirdi. 5 Ol bizi dogry işlerimiz üçin däl+, rehimdar bolany üçin halas etdi+. Hudaý bizi arassalap*, ýaşaýşa getirdi+, mukaddes ruhy bilen täzeläp, halas etdi+. 6 Ol ruhuny bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly bolluk* bilen berdi+. 7 Ol muny ebedi ýaşaýyş umydyny+ miras bermek üçin etdi+. Biz Hudaýyň ýagşylygy bilen dogruçyl hasaplanyp+, şol umyda eýe bolarys.
8 Meniň sözlerim hakdyr. Hudaýa iman edýän adamlar ýagşy işleri etmek hakda pikirlener ýaly, sözlerimi gaýta-gaýta ýatladyp dur. Olar adamlar üçin gowudyr, peýdalydyr.
9 Akylsyz delilleri getirmekden, nesil yzarlamakdan*, Töwradyň üstünde uruşmakdan we dawa-jenjellerden uzakda dur. Sebäbi olar biderek hem peýdasyzdyr+. 10 Eger biri ýalan taglymatlary* öňe sürüp+, seniň birinji we ikinji gezek aýdan öwüt-ündewiňe*+ gulak asmasa, onuň bilen gatnaşma+. 11 Sebäbi ol hakykat ýolundan sowlup, günä edýändir we öz-özüne höküm çykarýandyr.
12 Men Artemasy ýa-da Tihikusy+ ýanyňa ibererin. Sen bolsa meniň ýanyma Nikapola geljek bol. Men gyşda şol ýerde bolmakçy. 13 Töwrady gowy bilýän Zenas bilen Apollosy ýola salanyňda, zada zar bolmaz ýaly oňa kömek et+. 14 Imandaşlarymyz hem gerek wagty kömek edip, ýagşy işlere yhlasly bolmagy öwrensinler+. Şonda olaryň edýän işleri netijesiz* bolmaz+.
15 Ýanymdakylaryň ählisi salam aýdýar. Bizi gowy görýän imandaşlarymyza meniň adymdan hem salam aýt.
Goý, Hudaý siziň ähliňize ýagşylyk etsin!
Sözme-söz: Ýalan sözlemegi başarmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: başyna giden diýip.
Ýa-da: urýan; dili bilen çakýan.
Ýa-da: düşgür.
Ýa-da: habaryny.
Ýa-da: peýdaly.
Ýa-da: höweslendirer.
Ýa-da: peýdaly.
Ýa-da: Ýaşy uly.
Ýa-da: işine jogapkärli.
Ýa-da: öwredip.
Başga manysy: Päk niýet bilen.
Ýa-da: sagdyn.
Sözme-söz: taglymatyny bezärler.
Ýa-da: döwürde. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: töleg töläp.
Ýa-da: höweslendirmäge.
Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.
Sözme-söz: ýuwup.
Ýa-da: jomartlyk.
Ýa-da: nesil daragtyny öwrenmekden.
Ýa-da: sektalary. Sözlüge serediň.
Ýa-da: duýduryşyňa.
Sözme-söz: miwesiz.