ÝAKUBYŇ HATY
1 Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly Ýakupdan+ ýer ýüzüne ýaýran 12 taýpa salam bolsun!
2 Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň+. 3 Sebäbi imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz+. 4 Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz+.
5 Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin+, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän*+, hemmelere jomartlyk bilen berýär+. 6 Emma ol iman bilen dilesin+, asla şübhelenmesin+, sebäbi şübhelenýän adam ýel bilen eýläk-beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny kimindir. 7 Şeýle adam Ýehowadan* bir zat alaryn öýtmesin. 8 Ol durnuksyz+, ähli zatda ikirjiňlenýän adamdyr.
9 Goý, garyp* dogan beýgelendigine buýsansyn+. 10 Baý adam hem peselendigine begensin+, ýogsam ol sähradaky gül kimin solar. 11 Gün çykyp, ýakyp-ýandyrýan şöhlesi bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýitýär. Şonuň ýaly hars urýan baý adamyň hem ömri ötüp gidýär+.
12 Synaga çydaýan adam bagtlydyr+, sebäbi ol Ýehowany* razy edip, Hudaýy söýýänlere+ wada berlen ýaşaýyş täjini alar+. 13 Synaga düşende hiç kim: «Hudaý meni synaýar» diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar. 14 Emma her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar+. 15 Soňra höwes güýjäp*, günä etdirýär, günä bolsa ölüme eltýär+.
16 Eziz doganlarym, aldanmaň! 17 Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan+, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir+. Hudaý kölege ýaly üýtgäp durýan däldir+. 18 Ol ýaradan zatlarynyň ilkinji miwesi bolmagymyzy isleýär+. Şonuň üçin hem bize hakykat sözi arkaly ýaşaýyş berýär+.
19 Eziz doganlarym, şuny bilip goýuň: her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl+ we çalt gaharlanmaly däl+. 20 Sebäbi gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr+. 21 Şonuň üçin haram işlerden, erbet ýoldan* uzakda duruň+ we ýüregiňize guýlan sözi pesgöwünli kabul ediň, sebäbi ol sizi halas eder.
22 Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň+, nädogry pikirlere aldanmaň. 23 Kim Hudaýyň sözüni diňläp-de, ýerine ýetirmese+, ol aýnada öz ýüzüne seredýän adam ýalydyr. 24 Ol ýüzüne seredip, soňra çykyp gidýär-de, şol bada nähili adamdygyny unudýar. 25 Emma azatlygyň kämil kanunyna+ içgin seredip, kanuna görä ýaşaýan adam sözi unutman, gaýtam ýerine ýetirýär. Ol edýän işlerine begenýändir+.
26 Kim Hudaýa sežde edip-de, dilini saklamasa*+, ol öz-özüni aldaýandyr, seždesi-de biderekdir. 27 Atamyzyň we Hudaýymyzyň öňünde arassa, päk sežde etmek üçin, ýetimleri+ we dul aýallary+ kyn gününde goldamaly+ hem-de dünýäniň haram ýollaryndan uzakda durmaly+.
2 Doganlarym, siz birini beýgeldip, beýlekini peseltseňiz şan-şöhratly Halypamyz Isa Mesihe iman etdigiňiz bolarmy?+ 2 Aýdaly, iki adam ýygnaga gelýär. Biri altyn ýüzükli we gymmatbaha eşikli, beýlekisi bolsa garyp hem-de köne eşikli. 3 Şonda siz geýnüwli adamy hormatlap: «Geliň, töre geçiň!», garyba bolsa: «Sen dik dur» ýa-da «Gapynyň agzynda otur*»+ diýýän bolsaňyz, 4 adamlaryň birini beýlekisinden beýgeldip+, adalatsyz kazylara meňzemersiňizmi?+
5 Eziz doganlarym, diňläň! Hudaý dünýäniň garyp saýýan adamlaryny saýlap, imana baý etmedimi?+ Hudaýy söýýänlere wada berilişi ýaly, olar Patyşalygyň mirasdüşerleri bolmadymy?+ 6 Siz garyby sylamaýarsyňyz. Emma baýlar size ezýet berip+, kazyýete süýräp eltmeýärlermi? 7 Olar siziň beýik adyňyza dil ýetirmeýärmi? 8 Eger siz «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen patyşa kanunyny berjaý edýän bolsaňyz, gowy edýärsiňiz. 9 Emma adamlary ala tutýan bolsaňyz+, günä edýärsiňiz we günäkärler hökmünde kanun boýunça höküm edilersiňiz*+.
10 Kim Töwradyň ähli tabşyryklaryny berjaý edip, ýekejesini bozsa, ol tutuş kanuny bozýandyr+. 11 Sebäbi «zyna etme»+ diýen Hudaý «adam öldürme»+ diýip hem tabşyrdy. Eger zyna etmän, adam öldürseňiz, onda kanuny bozýarsyňyz. 12 Siziň gepleýşiňiz we özüňizi alyp barşyňyz azatlyk kanuny boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun+. 13 Kim rehim etmese, höküm çykarylanda, onuň özüne-de rehim edilmez+. Hawa, rehimdarlyk hökümden üstün çykýandyr.
14 Doganlarym, kim Hudaýa iman edýärin diýip-de, muny iş ýüzünde görkezmese, peýdasy bolarmy?+ Şeýle iman adamy halas edip bilermi?+ 15 Aýdaly, bir doganyň ýa-da uýanyň geýere eşigi ýa iýere çöregi ýok. 16 Siz: «Sag-aman baryň, ýylnyň we iýip içiň» diýip, olara gerekli zady bermeseňiz näme peýdasy bar?+ 17 Şonuň ýaly-da iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir+.
18 Kimdir biri şeýle diýip biler: «Sen iman edýärsiň, men bolsa imanymy iş ýüzünde görkezýärin. Sen ýagşy işleri etmän imanyňy nädip görkezjek? Men bolsa ýagşy işlerim bilen imanymy görkezeýin». 19 Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň gerek? Ynanýan bolsaň, örän gowy! Ýöne jynlar hem ynanýarlar we gorkudan ýaňa sandyraşýarlar+. 20 Eý akylsyz, imanyňy iş ýüzünde görkezmeseň peýdasyzdygyny bilmeýärmiň? 21 Ybraýym atamyz haçan dogruçyl hasaplandy? Ogly Yshagy gurbanlyk ojagynyň* üstünde goýansoň dälmi?+ 22 Görşüňiz ýaly, ol imanyny iş ýüzünde görkezdi we onuň imany eden işleri arkaly kämilleşdi+. 23 Şeýdip, «Ybraýym Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin hem dogruçyl adam hasaplandy»+ diýen sözler ýerine ýetdi. Şol sebäpli Ybraýyma Ýehowanyň* dosty diýildi+.
24 Görşüňiz ýaly, adam diňe iman edýändigi üçin däl, ony iş ýüzünde görkezýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar. 25 Ahlaksyz aýal Rahaw hem içalylary öýüne myhman aldy, soňra olary başga ýol bilen ugratdy. Ol hem eden işleri üçin dogruçyl hasaplanmadymy?+ 26 Dogrudan-da, bedeniň ruhsuz* öli+ bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir+.
3 Doganlarym, köpiňiz mugallym bolup bilmersiňiz, sebäbi mugallym bolmak Hudaýyň öňünde uly jogapkärçilikdir+. 2 Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys*+. Eger kim sözünde ýalňyşlyk goýbermese, ol kämildir, tutuş bedenine-de erk edip* bilýändir. 3 Eger atlara baş öwretmek üçin agyzzyryk salsak, olaryň tutuş göwresini-de jylawlap bilýändiris. 4 Şeýle-de gämilere üns beriň. Ullakan gämiler ýeliň ugruna gitseler-de, kiçi rul bilen islän tarapyňa öwrüp bolýar.
5 Dil hem bedeniň kiçijik agzasy bolsa-da, çendenaşa öwünýär. Oduň uçguny tutuş tokaýy ýakyp kül edip bilýär. 6 Dil hem otdur+, ol beden agzalarynyň içinde iň zalymydyr. Dil tutuş bedeni hapalap+, adamyň durmuşyny kül edip bilýändir. Dil edil Jähennem* ody ýaly, ähli zady ýok edýändir. 7 Adamlar her dürli ýyrtyjy haýwanlary, guşlary, süýrenijileri we deňiz jandarlaryny eldekileşdirip bilýär. 8 Emma hiç bir adam dilini saklap bilýän däldir. Ol hemmelere zyýan ýetirýändir, zäherden doludyr+. 9 Biz dilimiz bilen hem Ýehowa* Atamyzy şöhratlandyrýarys, hem «Hudaýyň keşbinde»+ ýaradylan adamlara gargaýarys. 10 Şol bir agyz hem alkyş aýdýar, hem gargaýar.
Doganlarym, şeýle etmek gowy däl+. 11 Bir çeşmeden hem süýji, hem ajy suw akýarmy? 12 Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir berip bilermi?+ Çeşmäniň suwy şor bolsa, ondan süýji suw akmaz.
13 Araňyzda akyldar we düşünjeli adam barmy? Eger bar bolsa, muny edim-gylymy we ýumşaklygy bilen görkezsin. Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir. 14 Eger ýüregiňizde göriplik+ we dawa-jenjel*+ bar bolsa, onda öwünmäň+, ýogsam ýalan sözledigiňiz bolar. 15 Ol gökden inýän akyldarlyk däl-de, jynlara, ten höweslerine eýerýän adamlara we şu dünýä mahsus akyldarlykdyr+. 16 Sebäbi göripligiň, dawa-jenjeliň* bar ýerinde tertipsizlik we her hili erbetlik hem bardyr+.
17 Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk+, soňra parahat+, paýhasly*+ we gulak asmaga taýyndyr. Şeýle-de ol rehimdardyr, ýagşy işlere baýdyr+, ala tutýan däldir+ we ikiýüzli däldir+. 18 Onsoňam, parahatlygy döredýän adamlar+ üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir*+.
4 Siziň araňyzda näme üçin uruş we dawa-jenjel turýar? Ten* höwesleri sebäpli dälmi?+ 2 Siz näçe arzuw etseňiz-de, arzuwyňyza ýetip bilmeýärsiňiz. Siz ýigrenýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, ýöne maksadyňyza ýetmeýärsiňiz. Siz sögüşip, bir-biriňiz bilen uruşýarsyňyz+. Alladan dilemeýändigiňiz üçin hiç zat alyp bilmeýärsiňiz. 3 Siz näçe dileseňiz-de, alyp bilmersiňiz, sebäbi ten höwesleriňizi kanagatlandyrjak bolup, ýaman niýet bilen dileýärsiňiz.
4 Eý biwepalar*, siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar+. 5 Eýsem: «Içimizde mesgen tutan göriplik elmydama bir zatlar isleýär»+ diýen sözler ýöne ýere ýazyldymy? 6 Emma Hudaýyň ýagşylygy* has uludyr, sebäbi: «Hudaý tekepbirlere garşy çykýar+, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär»+ diýip ýazylgy.
7 Şeýlelikde, Hudaýa tabyn boluň+, Iblise garşy duruň+, şonda ol sizden gaçar+. 8 Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar+. Eý günäkärler+, elleriňizi arassalaň! Eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň!+ 9 Gynanyň, hasrat çekiň we dady-perýat ediň+. Goý, siziň gülkiňiz hasrata, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin. 10 Ýehowanyň* öňünde pesgöwünli boluň+, şonda sizi beýgelder+.
11 Doganlar, indi biri-biriňizi ýamanlamaň+. Doganyny ýamanlaýan ýa-da ýazgarýan* adam kanuna garşy çykýandyr, kanuny ýazgarýandyr. Eger kanuny ýazgarýan bolsaňyz, kanuny berjaý edýän däl-de, kazy bolarsyňyz. 12 Emma ýeke-täk Kanun çykaryjy we Kazy bar+. Adamlary halas edýän-de, ýok edýän-de Oldur+. Eýsem ýakynyňy ýazgarar* ýaly sen kim?+
13 Siziň käbiriňiz: «Şu gün ýa ertir pylan şähere gidip, bir ýyllap söwda-satyk ederis, pul gazanarys» diýýärsiňiz+. 14 Emma siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz+, sebäbi siziň ýaşaýşyňyz ümür ýaly. Siz biraz wagtlyk peýda bolup, soňra ýitip gidýärsiňiz+. 15 Emma siz: «Ýehowa* halasa+, başymyz dik bolsa, ony ederis, muny ederis» diýmeli. 16 Siz bolsa öwnüp, tekepbirlik edýärsiňiz. Öwünjeňlik erbet zatdyr. 17 Şonuň üçin nämäniň dogrudygyny bilip-de, etmeýän adam günä edýändir+.
5 Eý baýlar, diňläň! Başyňyza injek hasrat sebäpli aglaň, dady-perýat ediň+. 2 Siziň baýlygyňyz çüýredi, eşigiňizi güýe iýdi+. 3 Siziň altyn-kümşüňiz poslady. Olaryň posy size garşy şaýatlyk edip, bedeniňizi iýer. Siziň ýygnan baýlygyňyz soňky günlerde lowlaýan ot ýaly bolar+. 4 Ine, mellegiňizde zähmet çekenler hakyny tölemändigiňiz üçin aglaşýar. Orakçylaryň agy sesi Serkerdebaşy Ýehowanyň* gulagyna baryp ýetdi+. 5 Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, döwran sürdüňiz. Siz semräpsiňiz*, soýuljak günüňize taýýarlandyňyz+. 6 Siz dogruçyl adama höküm çykaryp öldürdiňiz. Şonuň üçin hem ol size garşy çykýar.
7 Doganlar, Halypamyzyň geljek* wagtyna sabyrly garaşyň+. Daýhan hem bol hasyl almak üçin güýz we ýaz ýagşyna sabyrly garaşýar+. 8 Sizem sabyrly+ we dogumly boluň*, sebäbi Halypamyzyň geljek* wagty golaýdyr+.
9 Doganlarym, size höküm çykarylmaz ýaly, bir-biriňizden nägile bolmaň*+. Ine, Kazy gapynyň agzynda durandyr. 10 Doganlarym, kynçylyklara döz gelip+, sabyrly bolmakda+ Ýehowanyň* adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň+. 11 Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly hasaplaýarys+. Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy+ we Ýehowanyň* beren berekedi+ hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa* örän mähirli we rehimdar Hudaý ekeni+.
12 Doganlarym, ilki bilen, şuny unutmaň. Indi gökden-de, ýerden-de, başga hiç zatdan-da ant içmäň. «Hawa» diýeniňiz «hawa», «ýok» diýeniňiz «ýok» bolsun+. Şonda size höküm çykarylmaz.
13 Araňyzda biri kynçylyk çekýärmi? Goý, doga etsin+. Keýpi kökmi? Goý, Hudaýa öwgüli aýdym aýtsyn+. 14 Araňyzda biri syrkawmy? Goý, ol ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn+. Olar doga edip, Ýehowanyň* adyndan syrkawyň başyna ýag çalsynlar+. 15 Iman bilen doga edilse, syrkawy* sagaldyp bolar, Ýehowa* hem syrkawy aýak üstüne galdyrar. Eger günä eden bolsa, günäsi geçiler.
16 Şeýlelikde, sagalmak üçin bir-biriňiziň öňüňizde günäňizi boýun alyň+ we bir-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär+. 17 Ylýas pygamber hem biziň ýaly adamdy*. Ol ýagyş ýagmasyn diýip ýürekden doga edende, üç ýarym ýyllap ýagyş ýagmandy+. 18 Pygamber ýene-de doga etdi, şonda ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi+.
19 Doganlarym, kim hakykat ýolundan sowulsa, başga biri ony ýola salsa, 20 bilip goýuň: günäkäri erbet ýoldan yzyna gaýtaran adam+ ony ölümden halas edýändir we günäleriniň geçilmegine kömek edýändir+.
Ýa-da: kemçilik gözlemän; minnet etmän.
Ýa-da: pes derejeli.
Sözme-söz: göwreli bolup.
Başga manysy: juda köp erbetlikden.
Ýa-da: jylawlamasa.
Sözme-söz: Aýaklarymy goýýan oturgyjymyň ýanynda otur.
Ýa-da: ýazgarylarsyňyz.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: demsiz.
Sözme-söz: büdreýäris.
Ýa-da: jylawlap.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: özdiýenlilik.
Başga manysy: özdiýenliligiň.
Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.
Başga manysy: parahatlygy döredýän adamlaryň dogruçyllygy parahat şertlerde miwe berýändir.
Sözme-söz: Beden agzalaryňyzyň.
Sözme-söz: zynahorlar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: höküm çykarýan.
Ýa-da: höküm eder.
Sözme-söz: Ýüregiňizi ýag basypdyr.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme-söz: ýüregiňizi berkidiň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme-söz: uludan dem almaň.
Başga manysy: ýadawy.
Ýa-da: biziňki ýaly duýgulary bardy.