ÝAHÝANYŇ BIRINJI HATY
1 Biz owal-başdan bar bolan hakda ýazýarys. Onuň sesini gulagymyz bilen eşitdik, gözümiz bilen gördük, synladyk we elimiz bilen elledik. Ol ýaşaýyş berýän sözdür+. 2 Hawa, bize ýaşaýyş mälim boldy, ony gördük we ol hakda şaýatlyk etdik+. Biz size Atamyzyň berýän we mälim edýän ebedi ýaşaýşy+ hakda gürrüň berdik. 3 Biziň bilen agzybir bolmagyňyz üçin, size gören-eşidenimiz hakda aýdýarys+. Biz hem Atamyz we Ogly Isa Mesih bilen agzybir+. 4 Biz şatlygymyza şatlyk goşulsyn diýip, şeýle hat ýazýarys.
5 Biziň Isadan eşidip, wagyz edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur+, onda garaňkylyk ýokdur. 6 Eger biz: «Onuň bilen agzybir» diýip-de, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýäris we hakykata görä ýaşamaýarys+. 7 Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezsek, onda ählimiz agzybir bolarys, Ogly Isanyň gany hem günälerimizi ýuwýandyr+.
8 Biz: «Günäli däl» diýýän bolsak, öz-özümizi aldap+, hakykata ynanmaýarys. 9 Eger günälerimizi boýun alsak, Hudaý bizi bagyşlar we haram işlerden arassalar+, sebäbi ol wepaly hem dogruçyldyr. 10 Biz: «Günä eden däldiris» diýsek, onda Hudaýy ýalançy hasaplap, sözüne ynanýan däldiris.
2 Balalarym, şu haty günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz* dogruçyl+ Isa Mesih+ bardyr. 2 Ol Hudaý bilen ýaraşdyrýan, günälerimiz üçin+ berlen gurbandyr+. Ol diňe biziň üçin däl, bütin dünýä üçin berlen gurbandyr+. 3 Eger onuň tabşyryklaryny berjaý edýän bolsak, diýmek, ony tanaýarys. 4 Kim: «Men ony tanaýaryn» diýip-de, tabşyryklaryny berjaý etmese, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. 5 Emma Hudaýy hakykatdan söýýän adam onuň sözüni berjaý edip+, onuň bilen agzybirligi saklaýandyr+. 6 Kim: «Onuň bilen birlikdedirin» diýse, Isa ýaly ýaşamaga borçludyr+.
7 Eziz balalarym, men täze däl-de, başda berlen köne tabşyrygy ýazýaryn+. Siz köne tabşyrygy öň eşidipdiňiz. 8 Size ýene-de täze tabşyryk hakda ýazýaryn, şol tabşyryga Mesih hem eýeripdi, siz hem eýerýärsiňiz, sebäbi garaňkylyk geçip barýar, hakyky nur eýýäm ýagty saçýar+.
9 Kim nurda gezýärin diýip-de, doganyny ýigrense+, ol henizem garaňkylykdadyr+. 10 Doganyny söýýän nurda gezýändir+, büdreýän däldir. 11 Emma doganyny ýigrenýän kişi garaňkylykdadyr we garaňkylykda gezýändir+. Ol nirä barýandygyny-da bilýän däldir+, sebäbi garaňkylyk ony kör edendir.
12 Balalarym, Hudaý Isanyň adynyň hatyrasyna günäleriňizi bagyşlady+, şonuň üçin size hat ýazýaryn. 13 Eý atalar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi owal-başdan bar bolany tanadyňyz. Eý ýaşlar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Şeýtany* ýeňdiňiz+. Eý çagalar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Atany tanadyňyz+. 14 Atalar, size ýüzlenýärin, sebäbi owal-başdan bar bolany tanadyňyz. Ýaşlar, size-de ýüzlenýärin, sebäbi siz gujur-gaýratly+, Hudaýyň sözüni ýüregiňizde saklap+, Şeýtany* ýeňdiňiz+.
15 Dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmäň+. Dünýäni söýýän adam Atany söýýän däldir+. 16 Sebäbi dünýädäki zatlar: ten höwesi+, göz höwesi+ we zadyňa öwünmeklik Atadan däl-de, dünýädendir. 17 Dünýä we onuň höwesleri geçip gider+, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar+.
18 Balalarym, häzir soňky sagatdyr. Bilşiňiz ýaly, Mesihiň duşmany* gelýär+. Häzir Mesihiň duşmanlary has köpeldi+, şonuň üçin soňky sagadyň gelendigini bilýäris. 19 Olar biziň aramyzdady, ýöne çykyp gitdiler, sebäbi biziňki däldiler+. Eger olar bize degişli bolsadylar, aramyzda bolardylar. Emma olar gidip, bize degişli däldigini görkezdiler+. 20 Sizi Mukaddes Hudaý saýlady*+, ähliňiz hakykaty bilýärsiňiz. 21 Size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de+, bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi ýalan zatdan hakykat döreýän däldir+.
22 Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançy dälmi?+ Ol Mesihiň duşmanydyr*+, Atany we Ogly inkär edýändir. 23 Ogly inkär edýän adam Atany razy edýän däldir+. Emma Ogly kabul edýän+ Atany razy edýändir+. 24 Siz bolsa öňden eşiden zatlaryňyzy ýüregiňizde saklaň+. Eger olary ýüregiňizde saklamasaňyz, onda ne Ogul, ne-de Ata bilen agzybirligi saklap bilersiňiz. 25 Onsoňam, Hudaý bize ebedi ýaşaýşy wada berdi ahyryn+.
26 Men aldajak bolýanlar hakda-da ýazýaryn. 27 Size bolsa öwredýän adam gerek däl, sebäbi Hudaý sizi saýlap*+, mukaddes ruhuny berdi. Ol size ruhy arkaly ähli zady öwredýär+, onuň sizi saýlandygy ýalan däl-de, hakykatdyr. Ruhuň öwredişi ýaly, onuň bilen agzybir boluň+. 28 Hawa, balalarym, onuň bilen agzybir boluň, şonda ol äşgär bolanda ynamly* geplärsiňiz+, gelende* bolsa utanyp, ondan gaçmarsyňyz. 29 Eger siz onuň dogruçyldygyny bilýän bolsaňyz, onda her bir dogruçyl adamyň Hudaýyň perzendidigini bilýänsiňiz+.
3 Atamyzyň söýgüsi hakda oýlanyp görüň+. Ol bizi çagalary hasaplaýar+. Dogrudan-da, biz onuň çagalary. Emma dünýä bizi tanamaýar+, sebäbi ol Hudaýy tanamady+. 2 Eziz doganlarym, biz häzir Hudaýyň çagalary+, emma gelejekde nähili boljakdygymyz+ heniz äşgär bolmady. Ýöne ol äşgär bolanda, bizem onuň ýaly bolarys, sebäbi onuň nähilidigini göreris. 3 Oňa umyt edýän her kişi onuň tämiz bolşy ýaly+, özüni tämizleýär.
4 Günä edýän adam kanuny bozýar, sebäbi günä kanuny bozmagy aňladýar. 5 Bilşimiz ýaly, Isa günälerimizi aýyrmak üçin geldi+, ýöne özi günäsizdi. 6 Isa bilen agzybir bolanlaryň hiç biri günä edýän däldir+. Günä eden adam bolsa ony ne görendir, ne-de tanandyr. 7 Balalarym, aldanmaň! Dogruçyl adam Isa ýaly dogruçyl bolýandyr. 8 Günä edýän adam Iblisiň golastyndadyr, sebäbi Iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär+. Hudaýyň Ogly bolsa Iblisiň işlerini ýok etmäge geldi+.
9 Hudaýyň çagalary günä edýän däldir+. Olarda Hudaýyň mukaddes ruhy bardyr. Olar Hudaýyň perzentleri bolandygy üçin günäli işlere baş goşmaýarlar+. 10 Hudaýyň çagalarynyň we Iblisiň çagalarynyň tapawudy bar. Dogry işleri etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýyň çagasy däldir+. 11 Siz öňden bäri birek-biregi söýüň diýen tabşyrygy+ eşidip gelýärsiňiz. 12 Biz Kabyl ýaly bolmaly däl. Ol Iblisiň* çagasydy, inisini öldürdi+. Kabyl inisini näme üçin öldürdi? Sebäbi öz işleri zalymdy+, inisiniňki bolsa dogrudy+.
13 Doganlar, dünýäniň sizi ýigrenýändigine geň galmaň+. 14 Biz ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris+, sebäbi doganlary söýýäris+. Doganyny söýmeýän öli ýaly bolýandyr+. 15 Doganyny ýigrenýän ganhordyr+, siz bolsa hiç bir ganhoryň ebedi ýaşamajakdygyny bilýänsiňiz+. 16 Şeýlelikde, biz söýginiň nämedigini bildik, sebäbi ol biziň üçin janyny gurban etdi+. Diýmek, biz hem doganlar üçin janymyzy gurban etmäge borçludyrys+. 17 Kimiň mümkinçiligi bolup-da, mätäç doganyny görüp, rehimi inmese, Hudaýy söýüp bilermi?+ 18 Balalarym, biz diňe sözde we dilde däl-de+, iş ýüzünde+ hem-de hakykatdan söýmelidiris+.
19 Şeýle edýän bolsak, diýmek, hakykat boýunça ýaşaýarys we Hudaýyň öňünde arkaýyn bolarys. 20 Käbir zatlarda ýüregimiz bizi ýazgarsa-da, şuny unutmalyň: Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar* we ähli zady bilýär+. 21 Eziz balalarym, eger ýüregimiz bizi günäkärlemeýän bolsa, onda Hudaýyň öňünde çekinmän* gepläp bileris+. 22 Biz ondan näme dilesek alýarys+, sebäbi onuň tabşyryklaryny berjaý edip, göwnüne ýaraýan zatlary edýäris. 23 Hudaýyň tabşyrygy şudur: Ogly Isa Mesihe iman edip+, onuň tabşyryşy ýaly bir-birimizi söýmeli+. 24 Şeýle-de tabşyryklaryny berjaý edýän adam onuň bilen agzybirligi saklaýandyr, ol hem onuň bilen agzybirdir+. Onuň bilen agzybirdigimizi bize berýän ruhundan bilýäris+.
4 Eziz balalarym, her bir aýdylan ylhamly söze* ynanmaň!+ Olaryň Hudaýdan gelendigini ýa-da gelmändigini anyklaň+. Sebäbi dünýäde ýalan pygamberler köpeldi+.
2 Siz ylhamly sözüň Hudaýdandygyny şeýdip anyklap bilersiňiz: Isa Mesihiň ynsan bedeninde gelendigini tassyklaýan her bir ylhamly söz Hudaýdandyr+. 3 Emma muny tassyklamaýan ylhamly söz Hudaýdan däldir+. Ol Mesihiň duşmanyndan* gelen ylhamly sözdür. Onsoňam, siz onuň ylhamly söz bilen geljekdigini eşidipdiňiz+, ol eýýäm dünýä gelendir+.
4 Balalarym, siz Hudaýyň tarapyny tutup, ýalan pygamberlerden üstün çykdyňyz+. Sebäbi sizi goldaýan Hudaý+ dünýäni goldaýan Iblisden güýçlüdir+. 5 Ýalan pygamberler dünýäniň tarapyndadyr+, dünýä degişli zatlar hakda gepleýändir we dünýä olara gulak asýandyr+. 6 Biz bolsa Hudaýyň tarapynda. Hudaýy tanan adam bize gulak asýandyr+, Hudaýyň tarapynda bolmadyk adam gulak asýan däldir+. Şeýdip, ylhamly sözüň hakykatdygyny ýa-da ýalandygyny tapawutlandyryp bolar+.
7 Eziz balalarym, mundan beýläk-de birek-biregi söýeliň!+ Sebäbi söýgi Hudaýdandyr. Söýýän adam Hudaýyň çagasydyr we Hudaýy tanaýandyr+. 8 Söýmeýän adam Hudaýy tanan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir+. 9 Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris: Hudaý ýeke-täk Ogluny+ dünýä iberip, ol arkaly ýaşaýşa ýol açdy+. 10 Biz Hudaýy däl-de, Hudaý bizi söýüp, günälerimiz üçin+ Ogluny ýaraşdyrýan gurban hökmünde berdi+.
11 Eziz balalarym, eger Hudaý bizi şeýle söýýän bolsa, onda biz hem bir-birimizi söýmäge borçly+. 12 Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir+. Eger biri-birimizi hemişe söýsek, Hudaý biziň bilen bolar, onuň söýgüsi bizde has-da gowy görner+. 13 Eger ol mukaddes ruhuny berýän bolsa, onda biz onuň bilen, ol hem biziň bilen agzybirdir. 14 Biz Atamyzyň Ogluny dünýä halasgär hökmünde iberendigini+ gözümiz bilen gördük we ol hakda gürrüň berdik. 15 Isany Hudaýyň Ogly+ hasaplaýan adam Hudaýyň tarapyny tutýandyr, Hudaý hem onuň tarapyny tutýandyr+. 16 Biz Hudaýyň söýýändigini bilip, söýgüsine ynandyk+.
Hudaý söýgüdir+. Hudaýa bolan söýgüsini sowatmaýan adam onuň tarapyndadyr, Hudaý hem onuň tarapyndadyr+. 17 Şeýlelikde, söýgimiz kämil bolsa, höküm gününde ynamly* gepläris+. Biz hem dünýäde Isa meňzäp ýaşaýarys. 18 Söýgüde gorky ýokdur+, kämil söýgi gorkyny ýeňýändir*, sebäbi gorky el-aýagyňy ýüpsüz baglaýandyr. Dogrudan-da, gorkýan adamyň söýgüsi kämil däldir+. 19 Ilki bilen Hudaý söýdi+, şonuň üçin biz hem söýýäris.
20 Eger biri: «Men Hudaýy söýýärin» diýip, doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr+. Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam+ görmedik Hudaýyny söýüp bilmez+. 21 Bize şeýle tabşyryk berildi: Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli+.
5 Isanyň Mesihdigine ynanýan adam Hudaýyň çagasydyr+. Hudaýy söýýän adam çagalaryny hem söýýändir. 2 Biz Hudaýy söýüp, tabşyryklaryny berjaý edýän bolsak, diýmek, Hudaýyň çagalaryny+ hem söýýäris. 3 Hudaýy söýmek tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar+. Tabşyryklaryny berjaý etmek bolsa kyn däl+. 4 Hudaýyň çagalary dünýäni ýeňýär+. Hawa, biz dünýäni iman bilen ýeňdik+.
5 Dünýäni kim ýeňip biler?+ Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan adam dälmi?+ 6 Isa Mesih suw we gan bilen geldi. Ol diňe suw bilen däl+, suw we gan bilen geldi+. Ruh bolsa muňa şaýatlyk edýär+, sebäbi ruhuň şaýatlygy hakykat. 7 Üç şaýat bar: 8 ruh+, suw+ we gan+. Üçüsiniň hem şaýatlygy birdir.
9 Eger biz adamlaryň şaýatlygyna ynanýan bolsak, onda Hudaýyň şaýatlygyna has-da ynanmaly dälmi näme? Sebäbi Hudaýyň özi Ogly hakda şaýatlyk etdi. 10 Hudaýyň Ogluna iman edýän Hudaýyň şaýatlygyny ýürekden kabul edýär. Iman etmeýän adam bolsa Hudaýy ýalançy hasaplaýar+, sebäbi ol Hudaýyň Ogly hakda aýdylan şaýatlyga iman etmeýär. 11 Hudaýyň şaýatlygy şeýledir: ol ebedi ýaşaýşy berdi+, biz şol ýaşaýşa Ogly arkaly gowşarys+. 12 Ogul bilen agzybir adamyň ebedi ýaşaýşa umydy bar, Hudaýyň Ogly bilen agzybir bolmadyk adamyň ebedi ýaşaýşa umydy ýokdur+.
13 Men şu zatlary Hudaýyň Oglunyň adyna iman edýänlere ýazýaryn+, sebäbi siziň ebedi ýaşaýşa umyt etmegiňizi isleýärin+. 14 Biz Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris+, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider+. 15 Eger dilegimizi eşidýän bolsa, diýmek, ondan dilän zadymyzy hem alarys+.
16 Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýändigini görse, onuň üçin Hudaýa doga etmeli. Eger ol ölüme eltmeýän günä eden bolsa, Hudaý oňa ýaşaýyş berer+. Ýöne ölüme eltýän günä hem bar+. Şeýle günä edýän adam üçin doga etmeli diýmeýärin. 17 Erbet işleriň ählisi günädir+, emma ölüme eltmeýän günä-de bardyr.
18 Bilşiňiz ýaly, Hudaýyň çagasy günä etmeýär, sebäbi Hudaýyň Ogly şeýle adamy goraýar, hatda Iblis* hem oňa hiç zat edip bilmez+. 19 Bilşimiz ýaly, biz Hudaýyň tarapynda, bütin dünýä bolsa Şeýtanyň* golastynda+. 20 Şeýle-de biz Hudaýyň Oglunyň gelendigini bilýäris+. Ol aň-düşünjämizi açyp, hak Hudaý barada bilim almaga kömek etdi. Biz hak Hudaý bilen Ogly Isa Mesih arkaly agzybirligi saklaýarys+. Ol hak Hudaýdyr we ebedi ýaşaýşyň gözbaşydyr+. 21 Balalarym, butlardan gaça duruň!+
Ýa-da: aklawçymyz.
Sözme-söz: zalymy.
Sözme-söz: zalymy.
Ýa-da: deçjal. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Ýa-da: deçjaldyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme-söz: zalymyň.
Sözme-söz: ýüregimizden hem uludyr.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Sözme-söz: ruha.
Ýa-da: deçjaldan. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Ýa-da: kowýandyr.
Sözme-söz: zalym.
Sözme-söz: zalymyň.