Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ylham 1:1—22:21
  • Ylham

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ylham
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ylham

ÝAHÝA GELEN YLHAM

1 Isa Mesihden Ýahýa gelen ylham. Hudaý gullaryna+ tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi+. Isa hem perişdesini iberip, guly Ýahýa alamatlaryň üsti bilen gürrüň berdi+. 2 Ýahýa Hudaýyň sözüne we Isa Mesihiň şaýatlygyna we gören ähli zatlaryna güwä geçdi. 3 Şu pygamberlik sözlerini sesli okaýan, eşidýän we ýazylan zatlary berjaý edýän adam bagtlydyr+, sebäbi bellenen wagt golaýlady.

4 Ýahýa Aziýadaky ýedi ýygnaga+ şeýle ýazýar:

«Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem Bar bolan Hudaý»+ we Onuň tagtynyň öňünde duran ýedi ruh+ size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin! 5 «Wepaly şaýat»+, «ilkinji direlen»+ we «ýerdäki patyşalaryň Hökümdary»+ Isa Mesih size ýagşylyk etsin, parahatlyk bersin!

Ol bizi söýüp+, gany arkaly günälerimizden azat etdi+, 6 Atasynyň we Hudaýyň öňünde patyşalar+ hem-de ruhanylar+ edip belledi. Baky şöhrat we güýç Onuňky bolsun! Omyn!

7 Ine, ol bulutlar bilen gelýär+, ony her kes, hatda naýza sanjanlar hem görerler. Ol sebäpli ýer ýüzündäki ähli taýpalar hasrat çekip, gursagyna urarlar+. Hawa, bular hökman bolar. Omyn!

8 Ýehowa* Hudaý: «Men Alfa we Omega*+, häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem Bar bolan Gudratygüýçli Hudaýdyryn»+ diýýär.

9 Men Ýahýa doganyňyz. Isanyň şägirdi+ hökmünde siziň ýaly kynçylyklara duş gelsem-de+, çydamly bolýaryn+ we patyşalyga umyt edýärin+. Men Hudaý we Isa barada wagyz edýändigim üçin Patmos adasyna sürgün edildim. 10 Mukaddes ruh meni Halypamyzyň gününe alyp gitdi. Şonda arkamdan surnaýyň owazy kimin biriniň batly sesini eşitdim. 11 Ol maňa: «Gören zatlaryňy golýazma ýazyp, ýedi ýygnaga, ýagny Efese+, Smirna+, Pergama+, Tiýatira+, Sardise+, Filadelfiýa+, Laodikiýa+ iber» diýdi.

12 Meniň bilen gepleşip duranyň kimdigini görmek üçin yzyma öwrülenimde, altyndan ýedi şemdan+ gördüm. 13 Şemdanlaryň ortarasynda ynsan ogluna meňzeş biri+ durdy. Onuň topugyna ýetip duran dony we döşünden biline çenli altyn guşagy bardy. 14 Saçlary ýüň we gar ýaly ap-akdy, gözleri bolsa oduň ýalny+ ýalydy. 15 Aýaklary otly peçde arassalanan mis+ kimindi, sesi bolsa şarlawugyň sesi ýalydy. 16 Sag elinde ýedi ýyldyz+ bardy, agzyndan ýiti, uzyn we iki tarapy kesgir gylyç+ çykyp durdy, ýüzi bolsa Gün kimin nur saçýardy+. 17 Men ony görüp, öli kimin aýagyna ýykyldym.

Şonda ol sag elini üstüme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma, men Ilkinji+ we Soňkudyryn+, 18 Men ýaşaýandyryn+. Men ölüpdim+, indi diridirin, baky we ebedi ýaşaryn+. Ölümiň we mazaryň* açarlary mendedir+. 19 Şonuň üçin gören zatlaryňy, bolup duran zatlary we şundan soň boljak zatlary ýaz. 20 Sag elimde gören ýyldyzlaryň we altyndan ýedi şemdanyň mukaddes syry şudur: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi şemdan bolsa ýedi ýygnagy aňladýar+.

2 Efesdäki ýygnagyň+ perişdesine+ şeýle sözleri ýaz: „Sag elinde ýedi ýyldyzy saklaýan we ýedi altyn şemdanyň arasynda ýöreýän+ şeýle diýýär: 2 „Men seniň işleriňi, çekýän zähmetiňi, çydamlylygyňy, erbet adamlary kabul etmeýändigiňi, resul bolmasalar-da, özüne resul diýýänleri+ we ýalan sözleýänleri synaýandygyňy bilýärin. 3 Meniň adym üçin köp kynçylyklara duş gelen+ hem bolsaň, çydamly bolduň, berk durduň, ýadamadyň+. 4 Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: seniň başdaky söýgiň sowapdyr.

5 Sen nämäňi ýitirendigiňi ýadyňa sal, toba et-de+, öňki eden işleriňi edip başla. Eger toba etmeseň+, men gelip, şemdanyňy+ duran ýerinden aýraryn. 6 Ýöne seniň edýän ýagşy zadyň hem bar. Sen Nikolawusyň dini toparynyň*+ edýän işlerini ýigrenýärsiň, olary men hem ýigrenýärin. 7 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!+ Men söweşde ýeňene+ Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmäge rugsat bererin“+.

8 Smirnadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Ilkinji we Soňky“+, ýagny ölüp, soňra direlen+ şeýle diýýär: 9 „Men seniň çekýän kynçylygyňy we garypdygyňy bilýärin, ýöne sen baýsyň+. Ýehudy bolmasalar-da, özüne ýehudy diýip, saňa dil ýetirýänleri hem bilýärin, emma olar Şeýtanyň sinagogasydyr*+. 10 Kynçylyklardan gorkma+. Iblis siziň käbiriňizi türmä basar. Şonda siz doly synalyp, on günläp görgi görersiňiz. Soňky demiňe çenli wepaly bol, men hem saňa ýaşaýyş täjini bererin+. 11 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin+: söweşde ýeňen adama+ ikinji ölüm zyýan ýetirmez“+.

12 Pergamdaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Ýiti, uzyn we iki tarapy kesgir gylyçly+ şeýle diýýär: 13 „Seniň ýaşaýan ýeriňi bilýärin, ol ýerde Şeýtanyň tagty durandyr. Emma sen adyma wepaly bolduň+, hatda wepaly şaýadym+ Antipasyň günlerinde-de maňa imanyňdan dänmediň+. Antipasy siziň şäheriňizde, ýagny Şeýtanyň öýjüginde öldüripdiler“+.

14 Ýöne welin sende oňlamaýan bir zadym bar: araňyzda Bilgamyň taglymatlaryna eýerýänler bar+. Ol Ballaga+ ysraýyl ogullarynyň öňünde büdredýän daş* goýmagy, ýagny butlara berlen gurbanlyklary iýmegi we ahlaksyzlyk*+ etmegi öwredipdi. 15 Şonuň ýaly-da araňyzda Nikolawusyň dini toparynyň taglymatlaryna+ eýerýänler hem bar. 16 Şonuň üçin toba et, ýogsam tizden baryp, agzymdan çykyp duran uzyn gylyjym bilen olara garşy söweşerin+.

17 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin+: söweşde ýeňene+ gizlin manna+ we ak daş bererin, daşyň ýüzüne täze at ýazylandyr. Şol ady diňe daşy alan adam bilýändir“.

18 Tiýatiradaky+ ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Hudaýyň Ogly, ýagny gözleri oduň ýalnyna+, aýaklary arassa mise+ meňzeýän şeýle diýýär: 19 „Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin.

20 Ýöne welin sende oňlamaýan bir zadym bar: özüni pygamber hasaplaýan Izabel+ atly aýalyň erbet işlerine göz ýumýarsyň. Ol gullarymy aldap, ahlaksyzlyk*+ etmegi we butlara berlen gurbanlyklary iýmegi öwredýär. 21 Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol ahlaksyz* işlerine toba etmek islemeýär. 22 Men ony kesele uçradaryn, onuň täsirine düşüp, zyna edýänler toba etmeseler, olaryň başyna uly betbagtçylyk indererin. 23 Onuň çagalaryna ölüm jezasyny bererin. Şonda ýygnaklaryň ählisi pikirleri* we ýürekleri barlaýanyň mendigimi bilerler. Men her kese eden işine görä hakyny bererin+.

24 Tiýatiradaky Izabeliň taglymatyna eýermeýänlere we „Şeýtanyň syrlaryny“+ bilmek islemediklere bolsa şeýle diýýärin: „Men siziň üstüňize başga zat ýüklemerin. 25 Hawa, men barýançam, dogry ýolda berk duruň+. 26 Söweşde ýeňene we tabşyrygymy berjaý edýäne halklaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar bererin+. 27 Ol çopan kimin demir hasasy bilen adamlary bakar+. Şonda olar toýun gaplar kimin çym-pytrak bolar, sebäbi Atam maňa-da şeýle ygtyýar berdi. 28 Men oňa daň ýyldyzyny+ bererin. 29 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“

3 Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Elinde Hudaýyň ýedi ruhy+ we ýedi ýyldyzy+ bolan şeýle diýýär: „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen diri bolup görünýärsiň, ýöne ölüsiň+. 2 Hüşgär bol+, öljek bolup duran zatlaryňy janlandyr. Sebäbi sen Hudaýyň isleýän zatlarynyň hiç birini ýerine ýetirmediň. 3 Şonuň üçin kabul eden we eşiden zatlaryňy ýadyňa sal, olary mäkäm tutup, toba et+. Men ogry kimin gelerin+, eger oýa bolmasaň, meniň haýsy wagtda geljegimi bilmersiň+.

4 Ýöne welin Sardisde donuny hapalamadyk+ sanlyja adam bar. Olar ak eşik geýip+, ýanymda ýörärler, sebäbi olar muňa mynasypdyr. 5 Söweşde ýeňen+ ak don geýer+, men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan hiç haçan öçürmerin+. Atamyň we perişdeleriniň öňünde adyny tutaryn+. 6 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“

7 Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapan gapysyny hem hiç kim açyp bilmeýän mukaddes+, dogruçyl+ we elinde Dawudyň açary bolan+ şeýle diýýär: 8 „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Ine, öňüňde bir gapy açdym+, şol gapyny hiç kim ýapyp bilmez. Men seniň güýjüň azdygyny, sözümi diňleýändigiňi we adyma wepalydygyňy bilýärin. 9 Ine, Şeýtanyň sinagogasyndakylar ýehudy bolmasalar-da, özlerini ýehudy hasaplap+, ýalan sözleýärler. Olary ýanyňa gelip, aýagyňa ýykylar ýaly ederin we seni söýýändigimi görkezerin. 10 Meniň çydamlylygymdan görelde alandygyň üçin+, seni bütin ýer ýüzüne injek synag sagadyndan halas ederin+. Şonda ýer ýüzünde ýaşaýanlar synalar. 11 Men tizden gelerin+. Eliňdäki bar zadyňy mäkäm sakla, şonda täjiňi hiç kim alyp bilmez+.

12 Men söweşde ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasynyň sütüni ederin welin, ony hiç kim aýryp bilmez. Oňa Hudaýymyň adyny+, Onuň şäheriniň, ýagny gökden, Hudaýymyň ýanyndan inen Täze Iýerusalimiň adyny+ we özümiň täze adymy ýazaryn+. 13 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“

14 Laodikiýadaky ýygnagyň+ perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Omyn+ atly, Hudaýyň ilkinji ýaradany+, wepaly we dogruçyl+ şaýat+ şeýle diýýär: 15 „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgyn. Sen ýa sowuk, ýa-da gyzgyn bolsadyň. 16 Ýöne sen ne gyzgyn+, ne-de sowuk+, sen ýylysyň, şonuň üçin seni agzymdan tüýkürip taşlaryn. 17 Sen: „Men baý+, baýlyk topladym, hiç zada mätäç däl“ diýýärsiň, ýöne sen gözgyny, betbagt, garyp, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň. 18 Saňa şuny maslahat berýärin: baý bolmak üçin otda arassalanan altyny, egniňe eşik geýip, uýat ýeriňi ýapmak üçin+ ak donlary, gözüň görer ýaly+ göz ýagyny satyn al+.

19 Men kimi söýýän bolsam, şoňa-da käýäp, temmi berýändirin+. Şonuň üçin yhlasly bol-da, toba et+. 20 Ine, men gapynyň agzynda durun, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açan adamyň öýüne girerin, onuň bilen agşamlyk naharyny iýerin. 21 Men söweşde ýeňene+ tagtymda oturmaga ygtyýar bererin+, sebäbi men hem ýeňip, Atam bilen tagtynda otyryn+. 22 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“»

4 Şondan soň gökde açyk gapy gördüm we meniň bilen başda gepleşeniň sesini eşitdim. Onuň sesi surnaýyň owazy kimindi. Ol: «Bärik gel, boljak zatlary görkezeýin» diýdi. 2 Şol bada üstüme Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Men gökde duran tagty we onda oturan birini gördüm+. 3 Tagtyň üstünde oturanyň daş keşbi ýaşma daşyna+ we gyzyl reňkli gymmatbaha daşa meňzeýärdi. Tagtyň daş-töwereginde zümerrede+ meňzeş älemgoşar bardy.

4 Tagtyň töwereginde 24 sany tagt bardy. Tagtlarda egni ak eşikli we başy altyn täçli 24 ýaşuly+ otyrdy. 5 Men tagtdan ýyldyrymyň çykandygyny gördüm+, güýçli sesi we gök gürrüldisini+ eşitdim. Tagtyň öňünde ýedi sany otly çyralar bardy. Olar Hudaýyň ýedi ruhuny+ aňladýar. 6 Tagtyň öňünde dup-dury aýna* ýaly deňze+ meňzeş zat bardy.

Ortada duran tagtyň daşynda öň we yz tarapy gözden doly dört perişde+ durdy. 7 Birinji perişdäniň ýüzi ýolbarsa+, ikinjisiniňki öküze+, üçünjisiniňki+ ynsana, dördünjisiniňki+ bürgüde+ meňzeýärdi. 8 Dört perişdäniň hersiniň alty ganaty bardy, ganatlarynyň ähli ýeri gözden doludy+. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem bar bolan+ Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa* mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!»+ diýýärdiler.

9 Perişdeler her gezek tagtda Oturana, baky hem ebedi Ýaşaýana+ şöhrat, hormat we minnetdarlyk aýdanlarynda, 10 ýigrimi dört ýaşuly+ tagtda Oturanyň öňünde dyza çöküp, baky hem ebedi ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdi. Olar başyndaky täjini tagtyň öňüne zyňyp: 11 «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*, sen şöhrata+, hormata+, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň+, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýýärdiler.

5 Men tagtda oturan Hudaýyň+ sag elinde ýedi möhürli golýazmany gördüm. Golýazmanyň iki tarapyna-da hat ýazylandy, düýrlenendi. 2 Soňra güýçli perişdäni hem gördüm. Ol batly ses bilen: «Möhürleri aýryp, golýazmany açmaga kim mynasypka?» diýdi. 3 Emma golýazmany açyp okamaga gökde-de, ýerde-de, ýeriň astynda-da mynasyp tapylmady. 4 Men golýazmany açyp okamaga mynasyp hiç kimiň tapylmandygyny görenimde, möňňürip aglap başladym. 5 Şonda ýaşulularyň biri: «Goý, aglama! Ine, ýahuda taýpasynyň+ Ýolbarsy, Dawudyň+ neslinden*+ we söweşde ýeňen+ biri bar. Ol ýedi möhüri aýryp, golýazmany açmaga mynasypdyr» diýdi.

6 Men ortada duran tagtyň we dört perişdäniň ýanynda damagy çalnan+ ýaly görünýän guzyny+ gördüm. Ol ýaşulularyň ortasynda durdy+. Guzynyň ýedi şahy we ýedi gözi bardy. Gözler Hudaýyň bütin ýer ýüzüne iberen ýedi ruhuny+ aňladýar. 7 Guzy dessine öňe çykyp, tagtda Oturanyň+ sag elindäki golýazmany aldy. 8 Ol golýazmany alanda, dört perişde bilen 24 ýaşuly+ Guzynyň öňünde dyza çökdüler. Ýaşulularyň hersiniň elinde arfa we içi tütetgiden doly altyn gap bardy. Tütetgi mukaddesleriň doga-dilegini aňladýar+. 9 Olar täze aýdym aýdýardylar+: «Sen golýazmany alyp, möhürlerini açmaga mynasypsyň. Sebäbi sen her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden adamlaryň Hudaýa gulluk etmekleri üçin janyňy gurban edip+, ganyň bilen satyn aldyň+. 10 Sen olary Hudaýymyz üçin patyşalar+ we ruhanylar+ etdiň. Olar patyşalar we ruhanylar bolup, ýeriň üstünden höküm sürerler»+.

11 Men tagtyň, dört perişdäniň we ýaşulularyň töwereginde duran ençeme perişdeleri gördüm, seslerini eşitdim. Olaryň sany on müňlerçe on müňler we müňlerçe müňlerdi+. 12 Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy+ häkimiýete, baýlyga, akyldarlyga, güýç-kuwwata, hormata, şan-şöhrata we bereket almaga mynasypdyr»+ diýýärdiler.

13 Men gökdäki, ýerdäki, ýeriň astyndaky+, deňizdäki we olardaky ähli zatlaryň: «Tagtda oturan Hudaýa+ we Guza+ baky hem ebedi şöhrat, hormat+, alkyş bolsun!»+ diýýändiklerini eşitdim. 14 Dört perişde: «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular hem dyza çöküp, Hudaýa sežde etdiler.

6 Soňra men Guzynyň+ ýedi möhüriň birini açanyny+ gördüm. Şonda dört perişdäniň+ biri gök gürrüldisine meňzeş ses bilen: «Gel!» diýdi. 2 Ine, bir ak at+ çykdy, onuň üstünde oturanyň elinde ýaýy we oky bardy. Oňa täç berildi+ we ol ýeňmek üçin çykyp, doly ýeňiş gazandy+.

3 Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim. 4 Şonda men başga bir dor aty gördüm. Adamlaryň bir-birini gyrmagy üçin atyň üstünde oturana ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary we uly gylyç berildi+.

5 Guzy üçünji möhüri açanda+, üçünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim. Şonda gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy. 6 Dört perişdäniň arasyndan: «Bir golça* bugdaý bir teňňedir*+, üç golça arpa hem bir teňňedir. Ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan ýetirme»+ diýen ses eşitdim.

7 Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim. 8 Ine, görsem, çal at çykdy. Onuň üstünde oturanyň ady Ölümdi. Mazar* hem onuň yzyndady. Olara ýer ýüzüniň dörtden bir bölegini uzyn gylyç, açlyk+, ölüm howply kesel we wagşy haýwanlar bilen öldürmek+ ygtyýary berildi.

9 Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk ojagynyň*+ düýbünde Hudaýyň sözüni berjaý edip, wagyz işine gatnaşanlaryň+ dökülen ganyny+ gördüm. 10 Olar batly ses bilen: «Eý Älemiň Hökümdary, sen mukaddes hem dogruçyl Hudaý!+ Sen haçan ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny höküm edip, biziň ganymyz üçin ar aljak?»+ diýýärdiler. 11 Olaryň hersine uzyn ak don berildi+ we özleri ýaly öldürilen imandaşlarynyň hem-de doganlarynyň+ sany dolýança, biraz garaşmalydygy aýdyldy.

12 Guzy altynjy möhüri açanda, güýçli ýertitreme boldy. Şonda Gün gara ýüň* ýaly gap-gara, Aý hem gan ýaly gyp-gyzyl boldy+. 13 Güýçli ýel turanda, injir agajynyň miweleriniň dökülişi ýaly, gökdäki ýyldyzlar hem ýere gaçdy. 14 Gök bolsa kagyz ýaly düýrlenip, zym-zyýat boldy+. Daglaryň we adalaryň hemmesi ýerinden süýşdi+. 15 Şonda ýer ýüzüniň patyşalary, wezipeli adamlary, goşun serkerdeleri, baýlary, ygtyýarly adamlary, ähli gul we azat adamlary dagyň gowaklarynda hem-de gaýalaryň arasynda gizlendiler+. 16 Olar daglara we daşlara: «Üstümize ýykylyň-da+, bizi tagtda oturan Hudaýyň+ ýüzünden we Guzynyň+ gazabyndan gizläň. 17 Sebäbi olaryň beýik gazap güni geldi+, indi kim halas bolup biler?»+ diýýärdiler.

7 Şondan soň men ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze we hiç bir agaja ýel öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar. 2 Men Günüň dogýan tarapyndan* ýokary galyp barýan başga bir perişdäni gördüm. Onuň elinde Biribaryň möhüri bardy. Ol ýer ýüzüne we deňze zyýan ýetirmäge ygtyýar berlen dört perişdä batly ses bilen: 3 «Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak+, ýer ýüzüne, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň» diýdi.

4 Men 144 000 adamyň möhürlenendigini+ eşitdim. Olar ysraýyl ogullarynyň+ her taýpasyndan alnyp möhürlenipdi.

5 Ýahuda taýpasyndan 12 000 adam möhürlendi,

Ruben taýpasyndan 12 000,

Gad taýpasyndan 12 000,

6 Aşer taýpasyndan 12 000,

Naftaly taýpasyndan 12 000,

Manaşa taýpasyndan+ 12 000,

7 Şimgon taýpasyndan 12 000,

Lewi taýpasyndan 12 000,

Ysahar taýpasyndan 12 000,

8 Zebulun taýpasyndan 12 000,

Ýusup taýpasyndan 12 000,

Benýamin taýpasyndan hem 12 000 adam möhürlendi.

9 Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini+ gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde uzyn ak eşikli durdylar+, ellerinde hurma agajynyň şahalary bardy+. 10 Olar batly ses bilen: «Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa+ we Guza borçly»+ diýýärdiler.

11 Ähli perişdeler tagtyň, ýaşulularyň+ we dört perişdäniň töwereginde durdylar. Şonda olar tagtyň öňünde ýüzin ýykylyp, Hudaýa sežde etdiler-de: 12 «Omyn! Goý, şöhrat, alkyş, akyldarlyk, minnetdarlyk, hormat, güýç-kuwwat baky hem ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun!+ Omyn!» diýdiler.

13 Ýaşulularyň biri menden: «Uzyn ak eşikli adamlar+ kim? Olar nireden geldiler?» diýip sorady. 14 Men şol bada: «Agam, özüň bilýänsiň» diýdim. Ol şeýle diýdi: «Olar uly betbagtçylykdan geçenler+, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler+. 15 Şonuň üçin hem olar Hudaýyň tagtynyň öňünde durlar. Olar Hudaýyň ybadathanasynda gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler. Tagtda oturan Hudaý+ olaryň üstüne çadyryny diker+. 16 Olar indi hiç haçan ajykmaz, suwsamaz. Olary ne Gün urar, ne-de jöwza ýakyp ýandyrar+. 17 Sebäbi olary tagtyň ýanynda duran Guzy+ bakar+ we ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna+ elter. Hudaý hem olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer»+.

8 Guzy+ ýedinji möhüri+ açanda, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy. 2 Şonda men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni+ gördüm, olara ýedi surnaý berildi.

3 Men başga bir perişdäniň gelip, gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durandygyny hem gördüm. Onuň elinde tütetgi ýakylýan altyn gap bardy, şonuň üçin köp mukdarda tütetgi berildi+. Mukaddesler doga edende, ol tütetgini tagtyň öňünde duran altyn gurbanlyk ojagynda+ ýakmalydy. 4 Perişdäniň elindäki tütetginiň tüssesi mukaddesleriň dogasy+ bilen bile Hudaýyň huzuryna barýardy. 5 Emma perişde şol bada tütetgi gabyny alyp, gurbanlyk ojagyndaky közden* doldurdy. Soňra közi ýere dökende, gök gürläp, ses eşidildi we ýyldyrym çakyp+, ýer titredi. 6 Ýedi perişde hem ýedi surnaýy+ çalmaga taýýarlandy.

7 Birinji perişde surnaýyny çalanda, ýer ýüzüne buz* bilen gan gatyşykly ot ýagdy+. Şonda ýeriň üçden bir bölegi, agaçlaryň üçden bir bölegi we ösümlikleriň bary ýandy+.

8 Ikinji perişde surnaýyny çalanda, beýik daga meňzeş bir zat ýanyp, deňze zyňyldy+. Şonda deňziň üçden bir bölegi gana öwrüldi+. 9 Deňizdäki janly-jandarlaryň üçden bir bölegi öldi+ we gämileriň üçden bir bölegi heläkçilige uçrady.

10 Üçünji perişde surnaýyny çalanda, çyra meňzeş ýanyp duran uly ýyldyz gökden derýalaryň üçden bir bölegine we çeşmelere gaçdy+. 11 Ýyldyzyň ady Ýowşandy. Şonda suwlaryň üçden bir bölegi ýowşan ýaly ajy boldy. Suwuň ajydygy+ sebäpli, adamlaryň köpüsi öldi.

12 Dördünji perişde surnaýyny çalanda, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagty saçyp bilmez ýaly+, Günüň, Aýyň hem-de ýyldyzlaryň üçden bir bölegi garaldy+.

13 Men asmanda uçup ýören bürgüdi gördüm. Ol batly ses bilen: «Dat günüňize+, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Waý halyňyza, dat günüňize! Sebäbi galan üç perişde hem surnaýyny çalmaga taýýar dur»+ diýdi.

9 Bäşinji perişde surnaýyny çalanda+, bir ýyldyzyň gökden aşak inendigini gördüm. Oňa düýpsüz çuňlugyň açary+ berildi. 2 Ol düýpsüz çuňlugy açanda, ondan uly peçden çykyşy ýaly tüsse çykdy. Çuňlukdan çykan tüsseden ýaňa Gün hem-de howa garaňkyrady+. 3 Şonda tüsseden çekirtgeler çykyp+, ýer ýüzüne indi. Olara ýer ýüzündäki içýanlaryňky ýaly ygtyýar berildi. 4 Olara hiç bir ösümlige, gök ota we agaçlara zyýan ýetirmän, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri basylmadyk adamlara zyýan ýetirmek tabşyryldy+.

5 Içýan çakan adamyň ejir çekişi ýaly, çekirtgelere hem adamlary öldürmän, bäş aýlap gynamak ygtyýary berildi+. 6 Şol günler adamlar ölümi agtararlar, ýöne tapyp bilmezler. Olar ölmek islärler, ýöne ölüm olardan gaçar.

7 Çekirtgeleriň daşky görnüşi söweş atlaryna+ meňzeýärdi. Olaryň kellesinde altyn täje meňzeş bir zat bardy, ýüzleri ynsanyňky ýalydy, 8 saçlary aýalyňky, dişleri bolsa ýolbarsyňky ýalydy+. 9 Sowutlary demirden ýasalan ýalydy, ganatlaryny kakanda çykýan ses söweşdäki arabalaryň sesine+ meňzeýärdi. 10 Guýruklarynda bolsa içýanyňky ýaly iňňeler bardy. Olara guýruklary bilen adamlara bäş aýlap zyýan ýetirmek ygtyýary berildi+. 11 Olaryň üstünden düýpsüz çuňlugyň perişdesi+ patyşalyk edýärdi. Perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon*, grekçe bolsa Apolliondy*.

12 Birinji bela geçdi. Ine, olardan soň ýene iki bela+ gelýär.

13 Altynjy perişde+ surnaýyny çalanda+, Hudaýyň öňündäki altyn gurbanlyk ojagynyň*+ şahlaryndan ses eşitdim. 14 Ol altynjy surnaýy çalan perişdä: «Beýik Ýewfrat derýasynyň boýunda baglangy dört perişdäni boşadyp goýber»+ diýdi. 15 Ol hem şol sagada, güne, aýa we ýyla taýýarlanan dört perişdäni adamlaryň üçden bir bölegini öldürmekleri üçin boşatdy.

16 Atly goşunyň sany 20 milliondy*, onuň sanyny gulagym bilen eşitdim. 17 Görnüşde* gören atlarymyň we üstünde oturanlaryň görnüşi şeýledi: olaryň sowutlary gyzyl, göm-gök we sarydy, atlaryň kellesi ýolbarsyňka+ meňzeýärdi, agzyndan ot, tüsse hem kükürt çykýardy. 18 Olaryň agzyndan çykýan üç beladan: otdan, tüsseden we kükürtden adamlaryň üçden bir bölegi öldi. 19 Atlaryň bar güýji agzynda we guýrugyndady, sebäbi olaryň guýrugy ýylana meňzeşdi, ýylanyň kellesi hem bardy. Olar guýrugy bilen adamlary çakýardylar.

20 Şu belalardan aman galan adamlar eden işlerine toba etmediler. Olar jynlara we altyndan, kümüşden, misden, daşdan hem-de agaçdan ýasalan görmeýän, eşitmeýän, ýöremeýän heýkellere+ sežde etmeklerini goýmadylar. 21 Şeýle-de olar ganhorlyk, jadygöýlik, ahlaksyzlyk* we ogurlyk edýändigine toba etmediler.

10 Soňra men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, kellesinde älemgoşar bardy, ýüzi Gün ýaly+, aýaklary bolsa otly sütünler ýalydy. 2 Onuň elinde açylan kiçijik golýazma bardy. Ol sag aýagyny deňziň, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy. 3 Ol ýolbarsyň arlaýşy ýaly, batly gygyrdy+. Şonda ýedi sany gök gürrüldisi+ gepledi.

4 Ýedi gök gürrüldisi geplände, men olaryň aýdanlaryny ýazjak boldum, ýöne gökden+: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, olary möhürle» diýen ses eşitdim. 5 Deňziň we ýeriň üstünde duran perişde sag elini göge galdyryp, 6 baky hem ebedi Ýaşaýanyň+, asmany hem ondaky zatlary, ýeri hem ondaky zatlary, deňzi hem ondaky zatlary Ýaradanyň+ adyndan ant içip: «Hudaý indi eglenmez. 7 Emma ýedinji perişdäniň+ surnaýyny çaljak+ günlerinde Hudaýyň öz gullaryna, ýagny pygamberlerine+ hoş habar hökmünde yglan eden mukaddes syry+ berjaý bolar» diýdi.

8 Şonda gökden meniň bilen gepleşýäniň+ ýene-de şeýle diýenini eşitdim: «Bar, deňziň we ýeriň üstünde duran perişdäniň elindäki açylan golýazmany al»+. 9 Men baryp, perişdeden kiçijik golýazmany soranymda: «Al, muny iý!+ Ol içiňde ajy, agzyňda bolsa bal ýaly süýji bolar» diýdi. 10 Men perişdäniň elindäki golýazmany alyp iýdim+. Şonda ol agzymda bal ýaly süýji+, iýenimde bolsa içimde ajy boldy. 11 Soňra olar: «Sen adamlar, halklar, diller we köp patyşalar hakda pygamberlik etmegiňi dowam etmeli» diýdiler.

11 Şonda maňa ölçeg taýagyna+ meňzeş bir gamyş berlip, şeýle diýildi: «Tur, Hudaýyň ybadathanasynyň mukaddes ýerini we tütetgi ojagyny* ölçe, sežde edýänleri sana. 2 Ýöne ybadathananyň mukaddes ýeriniň daşyndaky howla degme, ony ölçeme, sebäbi ol başga halklara berlendir. Olar mukaddes şäheri+ 42 aýlap+ basgylarlar. 3 Men iki şaýadyma jul geýdirip, 1 260 günläp pygamberlik etmäge ibererin». 4 Iki şaýat iki zeýtun agajyny+ we iki şemdany+ aňladýar. Olar ýer ýüzüniň Hojaýynynyň öňünde durlar+.

5 Kim olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan ot çykyp, duşmanlaryny ýok eder. Hawa, biri olara zyýan ýetirmek islese, ol ot bilen öldüriler. 6 Pygamberlik edýän günleri ýagyş ýagmaz ýaly+, olaryň asmany baglamaga+, suwy gana öwürmäge+ we ýer ýüzüni dürli belalar bilen islän wagty jezalandyrmaga ygtyýary bardyr.

7 Olar pygamberlik edip bolanlarynda, düýpsüz çuňlukdan wagşy haýwan çykyp, olar bilen söweşer, olary ýeňer we öldürer+. 8 Olaryň jesedi göçme manydaky Sodom bilen Müsür atly beýik şäherleriň uly köçelerinde ýatar. Ol ýerde Halypamyz hem pürse çüýlenipdi. 9 Başga halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan adamlar olaryň jesedine üç ýarym günläp+ seredip durarlar. Olary jaýlamaga-da rugsat bermezler. 10 Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary olaryň ölümine begenip, toý tutarlar, biri-birlerine sowgat bererler. Sebäbi iki pygamberiň aýdan habary ýer ýüzünde ýaşaýanlara azap berýärdi.

11 Üç ýarym gün geçensoň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş güýji* olaryň içine girdi+ we olar aýak üstüne galdylar. Olary görenler juda gorkdular. 12 Şonda olar gökden batly sesiň: «Bärik çykyň» diýenini eşitdiler. Olar bulutda göge galanlarynda, duşmanlary hem seredip durdylar. 13 Edil şol wagt güýçli ýer titräp, şäheriň ondan bir bölegi ýumruldy, 7 000 adam öldi, beýlekiler bolsa gorkup, gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar.

14 Ikinji bela+ geçdi. Ine, üçünji bela hem çalt ýetip gelýär.

15 Ýedinji perişde surnaýyny çalanda+, gökden: «Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň+ we onuň Mesihiniň Patyşalygy+ boldy. Hudaý baky we ebedilik patyşa bolup höküm sürer»+ diýen batly ses eşidildi.

16 Şonda Hudaýyň öňünde tagtlarda oturan 24 ýaşuly+ ýüzin ýykylyp, Hudaýa sežde etdiler. 17 Olar şeýle diýýärdi: «Häzir hem, geçmişde hem bar bolan Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, saňa minnetdar! Sebäbi sen beýik ygtyýaryňy ele alyp, patyşa kimin höküm sürüp başladyň+. 18 Emma milletler gaharlandylar, seniň hem olara gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmagyň we gullaryňy, ýagny pygamberleri+, mukaddesleri, uludan-kiçä, adyňdan gorkýanlaryň ählisini sylaglamagyň wagty geldi+. Ýer ýüzüni dargadýanlary bolsa ýok etmegiň wagty geldi»+.

19 Gökde Hudaýyň ybadathanasynyň mukaddes ýeri açyldy. Men onuň içinde duran äht sandygyny+ gördüm. Ol ýerde ýyldyrym çakyp, ses eşidilýärdi, gök gürrüldeýärdi, ýer titräp, güýçli buz* ýagýardy.

12 Soňra men gökde uly alamat gördüm: Güne bürenen bir aýalyň+ aýagynyň astynda Aý, başynda 12 ýyldyzly täç bardy. 2 Aýal göwrelidi we burgusy tutup gygyrýardy, sebäbi dogurmaly wagty gelipdi.

3 Men gökde başga bir alamat hem gördüm. Ine, gyzyl reňkli, ýedi kelleli we on şahly uly aždarha+ durdy. Onuň her kellesinde bir täç bardy. 4 Ol guýrugy bilen gökdäki ýyldyzlaryň üçden bir bölegini alyp+, olary ýer ýüzüne zyňdy+. Aždarha doguljak çagany ýuwutmak üçin burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy+.

5 Aýal ogul dogurdy+. Onuň çagasyny dessine tagtda oturan Hudaýyň ýanyna äkitdiler. Dünýä inen oglan ähli milletleri demir hasa bilen bakar+. 6 Aýal bolsa çöle, ýagny Hudaýyň taýýarlan ýerine gaçyp gitdi. Ol ýerde aýaly 1 260 günläp naharladylar+.

7 Şonda gökde uruş turdy. Mikaýyl+ perişdeleri bilen aždarha garşy, aždarha hem perişdeleri bilen olara garşy söweşdi. 8 Ýöne olar ýeňip bilmediler* we gökde olar üçin ýer galmady. 9 Netijede, Iblis+ we Şeýtan+ diýip atlandyrylýan köne ýylan+, bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan+ uly aždarha+ perişdeleri bilen ýere zyňyldy+. 10 Şonda men gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim:

«Ine, biziň Hudaýymyz adamlara gutulyş berdi+, güýç-kuwwaty belli boldy, Patyşalygy berkarar edildi+ we Mesihine ygtyýar berildi. Sebäbi doganlarymyzy Hudaýyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan töhmetçi+ ýere zyňyldy. 11 Olar Guzynyň gany+ we wagyz eden habary+ arkaly ýeňdiler+. Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolsalar-da, janyny gaýgyrmadylar+. 12 Eý gökler we onda ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza!+ Sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip+, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy».

13 Aždarha ýere zyňlandygyna+ düşünende, çaga dogran aýaly yzarlap başlady+. 14 Emma aýal çöldäki ýerine uçup gider ýaly, oňa uly bürgüdiň iki ganaty berildi+. Aýal ýylandan gaçyp+, ol ýerde bir döwür, iki döwür we ýarym döwür* naharlanmalydy+.

15 Ýylan aýaly gark etmek üçin agzyny açanda, suw derýa kimin joşup, aýalyň yzyndan akdy. 16 Emma ýer aýalyň dadyna ýetişip, agzyny açdy-da, aždarhanyň agzyndan çykan derýany ýuwutdy. 17 Şonda aždarha aýala gaharlanyp, onuň galan nesli*+, ýagny Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, Isa hakda wagyz edýänler bilen söweşmäge gitdi+.

13 Aždarha henizem deňziň kenarynda çägäniň üstünde durdy.

Men deňizden+ on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwanyň+ çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynda on täç, kellelerinde bolsa Hudaýa dil ýetirýän atlar bardy. 2 Gören wagşy haýwanym alajabarsa meňzeýärdi, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýalydy. Aždarha+ oňa güýç, tagt we uly ygtyýar berdi+.

3 Men onuň bir kellesiniň agyr ýaralanandygyny gördüm. Ýarasy agyr bolsa-da, ol sagaldy+ we ýer ýüzüniň ähli adamlary oňa buýsanyp, yzyna düşdüler. 4 Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol wagşy haýwana ygtyýar beripdi. Olar: «Wagşy haýwana taý geljek, onuň bilen söweşip biljek barmy?» diýip, wagşy haýwana-da sežde etdiler. 5 Aždarha wagşy haýwana tekepbirlik bilen gepläp, Hudaýa dil ýetirmäge we 42 aýlap+ ygtyýarly bolmaga ýol berdi. 6 Şonda ol Hudaýa, onuň adyna, mekanyna we gökde ýaşaýanlara+ dil ýetirip başlady+. 7 Wagşy haýwana mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňmäge rugsat berildi+. Ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berildi. 8 Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisi oňa sežde ederler. Dünýäniň başlangyjyndan bäri olaryň hiç biriniň ady gurban edilen Guzynyň+ ýaşaýyş kitabyna+ ýazylan däldir.

9 Goý, gulagy bar adam eşitsin!+ 10 Sürgün edilmeli adam sürgün ediler. Gylyç bilen öldüren* adamy hem gylyç bilen öldürmeli+. Şeýle ýagdaýda mukaddeslere+ çydamly bolmak+ we iman etmek gerekdir+.

11 Soňra men ýerden çykan başga bir wagşy haýwany gördüm. Onuň guzynyňky ýaly iki şahy bardy, ýöne ol aždarha ýaly gepläp başlady+. 12 Ol birinji wagşy haýwanyň+ gözüniň alnynda onuňky ýaly erk-ygtyýarynyň bardygyny görkezýär. Şeýle-de ol ýeri we onda ýaşaýanlary agyr ýaralanan, soňra sagalan birinji wagşy haýwana sežde etdirdi+. 13 Ol uly alamatlar görkezýärdi, hatda bütin adamzadyň gözüniň alnynda gökden ýere ot ýagdyrýardy.

14 Ikinji wagşy haýwan birinji wagşy haýwanyň öňünde alamatlary görkezip, ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýardy. Şeýle-de ol ýerde ýaşaýanlara gylyç sanjylan, ýöne diri galan wagşy haýwanyň+ şekilini+ ýasamagy buýurdy. 15 Ikinji wagşy haýwana bolsa birinji wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini bermek ygtyýary berildi. Şonda wagşy haýwanyň şekili gepläp, sežde etmedikleri öldürmegi buýrup bilýärdi.

16 Ol uludan-kiçä ähli adamlary, baýlary we garyplary, azatlary hem gullary sag eline ýa-da maňlaýyna bellik goýdurmaga+ mejbur etdi. 17 Wagşy haýwanyň belligini, adyny+ ýa-da adynyň sanyny alanlardan+ başga hiç kim ne satyn alyp, ne-de satyp bilýärdi. 18 Düşgür adam wagşy haýwanyň sanyny hasaplasyn. Ol ynsan sanydyr, onuň sany 666+. Muňa diňe paýhasly adam düşüner.

14 Soňra görsem, Sion dagynda+ Guzy+ we onuň ýanynda 144 000 adam+ durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we onuň Atasynyň ady ýazylgydy+. 2 Men gökden suwuň şaggyldysyna we gök gürrüldisine meňzeş ses eşitdim. Şeýle-de arfada saz çalyp, aýdym aýdýanlaryň sesine meňzeş ses eşitdim. 3 Olar tagtyň, dört perişdäniň+ we ýaşulularyň+ öňünde täze aýdyma meňzeş aýdym aýdýardylar+. Aýdymy ýerden satyn alnan 144 000-den+ başga hiç kim aýdyp bilmeýärdi. 4 Olar aýallar bilen özlerini hapalamadylar, päkligini sakladylar+. Guzy nirä gitse, yzyna düşýärler+. Olar ynsanlaryň arasyndan ilkinji miwe+ hökmünde Hudaý we Guzy üçin satyn alnandyr+. 5 Olar hiç haçan ýalan sözlän däldirler, olaryň ýazygy ýokdur+.

6 Soňra men asmanda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Ol ýerde ýaşaýanlaryň ählisine: her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýärdi+. 7 Ol batly ses bilen: «Hudaýdan gorkuň, ony şöhratlandyryň, sebäbi höküm etmeli sagady gelip ýetdi+. Ýeri-gögi, deňzi we çeşmeleri Ýaradana+ sežde ediň!» diýýärdi.

8 Onuň yzyndan gelýän ikinji perişde: «Weýran boldy! Ähli milletlere azgyn* we ahlaksyzlyk* şerabyny içiren+ Beýik Wawilon+ weýran boldy!»+ diýýärdi.

9 Olaryň yzyndan gelýän üçünji perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kim wagşy haýwana+ we şekiline sežde edip, belligini maňlaýyna ýa-da eline basdyrsa+, 10 ol Hudaýyň gazap käsesine guýlan we hiç zat garylmadyk gahar şerabyndan hem içer+. Ol mukaddes perişdeleriň we Guzynyň gözüniň alnynda kükürt hem-de otda jebir çeker+. 11 Olary gynaýan oduň tüssesi baky we ebedi çykyp durar+. Wagşy haýwana we şekiline sežde edip, adynyň belligini alanlar gije-gündiz dyngysyz jebir çekerler+. 12 Şeýle ýagdaýda mukaddeslere+, ýagny Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänlere we Isa berk iman edýänlere+ çydamly bolmak gerekdir».

13 Men gökden şeýle ses eşitdim: «Şuny ýaz: mundan beýläk Halypamyzyň şägirtleri hökmünde ölenler+ bagtlydyr. Hawa, ruh şeýle diýýär: „Goý, olar çeken zähmetinden dynç alsynlar. Sebäbi olaryň eden işleri unudylmaz*“».

14 Soňra men ak bulut gördüm. Onuň üstünde ynsan ogluna meňzeş biri+ otyrdy. Kellesinde altyn täç, elinde bolsa ýiti orak bardy.

15 Ybadathananyň mukaddes ýerinden başga bir perişde çykyp, buludyň üstünde oturana batly ses bilen: «Oragyňy al, orup başla! Sebäbi orak döwri geldi, ýer ýüzüniň hasyly ýetişipdir»+ diýdi. 16 Buludyň üstünde oturan hem oragyny alyp, ýer ýüzüni ordy.

17 Soňra gökdäki ybadathananyň mukaddes ýerinden başga bir perişde çykdy. Onuň hem ýiti oragy bardy.

18 Gurbanlyk ojagyndan* ýene bir perişde çykdy. Oňa oduň üstünden ygtyýar berildi. Ol ýiti orakly perişdä gygyryp: «Ýiti oragyňy alyp, ýer ýüzündäki üzüm salkymlaryny* ýygna, olar bişipdir»+ diýdi. 19 Perişde hem oragyny alyp, ýer ýüzündäki üzümleri ýygdy we olary Hudaýyň gahary bolan uly üzüm sykylýan çukura zyňdy+. 20 Üzümler şäheriň daşynda sykyldy. Üzüm sykylýan çukurdan çykan gan 296 kilometre* çenli akyp, atlaryň agyzzyrygyna çenli ýetdi.

15 Men gökde başga bir uly we ajaýyp alamat gördüm. Ýedi perişdäniň+ elinde ýedi bela bardy. Olar soňky belalardy we olaryň üsti bilen Hudaýyň gahary tamamlanmalydy+.

2 Soňra men alawly ot garylan aýna ýaly deňze+ meňzeş bir zady gördüm. Şeýle-de wagşy haýwany we şekilini+ ýeňenleri+ hem-de onuň adynyň sanyny+ özüne basdyrmadyklary gördüm. Olar aýna meňzeş deňziň üstünde durdylar, ellerinde bolsa Hudaýyň arfasy bardy. 3 Olar Hudaýyň guly Musanyň+ we Guzynyň+ aýdymyny aýdýardylar:

«Eý Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, işleriň beýik hem ajaýypdyr!+ Eý döwürleriň Patyşasy+, ýollaryň dogry hem ygtybarlydyr!+ 4 Eý Ýehowa*, senden gorkmajak, adyňy şöhratlandyrmajak barmy? Diňe sen wepaly+. Ähli milletler seniň öňüňe gelip, sežde ederler+, sebäbi seniň adyl hökümleriň äşgär boldy».

5 Şondan soň gökde şaýatlyk çadyrynyň mukaddes ýeriniň+ açylandygyny gördüm+. 6 Mukaddes ýerden elleri ýedi belaly ýedi perişde+ çykyp geldi. Olaryň eşigi zygyr* matadandy, arassady we şöhle saçýardy, döşünden biline çenli altyn guşagy bardy. 7 Dört perişdäniň biri ýedi perişdä ýedi sany altyn käse berdi. Käseler baky we ebedi ýaşaýan Hudaýyň gaharyndan doludy+. 8 Şonda ybadathana Hudaýyň şöhratyndan+ we güýç-kuwwatyndan ýaňa tüsseden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança+, ol ýere hiç kim girip bilmedi.

16 Soňra men ybadathananyň mukaddes ýerinden+ çykan batly sesiň ýedi perişdä: «Gidiň, Hudaýyň gaharyndan doly ýedi käsäni ýer ýüzüne döküň»+ diýenini eşitdim.

2 Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi+. Şonda wagşy haýwanyň belligini alyp+, şekiline sežde edýän adamlara+ agyryly we elhenç ýaralar çykdy+.

3 Ikinji perişde hem gidip, käsesini deňze dökdi+. Şonda deňziň suwy öldürilen adamyň gany ýaly boldy+ we ondaky ähli janly-jandarlar öldi+.

4 Üçünji perişde gidip, käsesini derýalara we çeşmelere dökdi+, olar hem gana öwrüldi+. 5 Şonda men suwlaryň üstünden ygtyýary bolan perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir hem, geçmişde hem Bar bolan Hudaýymyz+, sen wepaly+, dogruçyl. Sebäbi şu hökümleri sen çykardyň+. 6 Mukaddesleriň we pygamberleriň ganyny dökendikleri üçin+, sen olara gan içirdiň+, olar muňa mynasypdyr»+. 7 Şeýle-de men gurbanlyk ojagyndan*: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, seniň hökümleriň* dogrudyr we adalatlydyr»+ diýen sözleri eşitdim.

8 Dördünji perişde hem gidip, käsesini Güne dökdi+. Şonda Güne adamlary ýakmaga ygtyýar berildi. 9 Adamlar Günüň gyzgyn howruna ýansalar-da, toba etmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Gaýtam şol belalaryň üstünden ygtyýary bolan Hudaýa gargadylar.

10 Bäşinji perişde hem gidip, käsesini wagşy haýwanyň tagtyna dökdi. Şonda onuň bütin hökümdarlygy garaňkyrady+, ondaky adamlar hem agyrydan ýaňa dişlerini gyjap başladylar. 11 Olar eden işlerine toba etmediler, gaýtam agyrylaryndan we ýaralaryndan ýaňa gökdäki Hudaýa gargadylar.

12 Altynjy perişde hem gidip, käsesini beýik Ýewfrat derýasyna+ dökdi. Şonda ol gurap+, gündogardan gelýän patyşalar üçin ýol taýýarlady+.

13 Soňra men aždarhany+, wagşy haýwany we ýalan pygamberi gördüm. Olaryň agzyndan gurbagalara meňzeş ylhamly haram sözler* çykdy. 14 Aslynda, olar jynlaryň aýdan ylhamly sözleridi we olar alamatlar görkezýärdiler+. Olar gidip, bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde+ boljak söweşe ýygnadylar+.

15 Soňra men şeýle ses eşitdim: «Hüşgär boluň! Men ogry kimin gelýärin+. Ýalaňaç gezip utanja galmaz ýaly+, oýa bolup+, egnindäki eşigini çykarmaýan adam bagtlydyr».

16 Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon*+ diýen ýere ýygnadylar.

17 Ýedinji perişde hem gidip, käsesini howa dökdi. Şonda ybadathananyň mukaddes ýerindäki+ tagtdan: «Berjaý boldy!» diýen batly ses eşidildi. 18 Şonda ýyldyrym çakyp, ses eşidildi, gök gürledi we güýçli ýer titredi. Ýertitreme şeýle güýçlüdi welin, adamzat döräli bäri beýle ýertitreme hiç haçan bolan däldir+. 19 Beýik şäher+ üçe bölündi, milletleriň şäherleri ýumruldy. Hudaý Beýik Wawilony+ ýatlap, oňa gahar-gazapdan doly şeraply käsesini berdi+. 20 Ähli adalar ýitirim boldy, daglar zym-zyýat boldy+. 21 Şonda gökden adamlaryň üstüne hersiniň agramy bir batmana* golaý güýçli buz* ýagdy+. Adamlar buz belasyndan ýaňa+ Hudaýa dil ýetirdiler, sebäbi ol juda elhençdi.

17 Eli käseli ýedi perişdäniň+ biri maňa: «Gel, saňa suwlaryň üstünde oturan ady belli ahlaksyz aýala çykaryljak hökümi görkezeýin+. 2 Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen ahlaksyzlyk* etdiler+ we ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň ahlaksyz* şerabyndan içip, serhoş boldular»+ diýdi.

3 Soňra perişde meni ruhuň güýji bilen çöle alyp gitdi. Şonda men gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde bir aýalyň oturanyny gördüm. Wagşy haýwanyň ýedi kellesi we on şahy bardy, ähli ýerine Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylandy. 4 Aýal goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli eşik geýip+, altyn, gymmatbaha daşlar hem-de merjen monjuklar dakynypdy+. Elinde altyn käse bardy. Käsäniň içi ýigrenji zatlardan we aýalyň ahlaksyzlyk* bilen eden haram işlerinden doludy. 5 Onuň maňlaýynda: «Beýik Wawilon — ahlaksyz aýallaryň+ we ýer ýüzündäki ýigrenji zatlaryň+ enesi» diýen syrly at ýazylandy. 6 Soňra men aýalyň mukaddesleriň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip+, serhoş bolandygyny gördüm.

Men aýaly görüp, juda geň galdym. 7 Şonda perişde maňa şeýle diýdi: «Sen näme üçin geň galýarsyň? Men aýalyň syryny hem-de aýaly arkasynda göterýän ýedi kelleli we on şahly wagşy haýwanyň+ syryny aýdaýyn+. 8 Seniň gören wagşy haýwanyň öň bardy, häzir bolsa ýok. Emma ol tizden düýpsüz çuňlukdan+ çykar we ýok ediler. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar, ýagny dünýäniň başlangyjyndan bäri ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylmadyklar+ wagşy haýwany görüp, haýran galarlar. Ol öň bolupdy, ýöne ýok boldy, indi täzeden çykar.

9 Muňa düşünmek üçin akyl-paýhas gerek. Ýedi kelle+ ýedi dagy aňladýar, aýal hem olaryň üstünde otyr. 10 Şeýle-de olar ýedi patyşany aňladýar: olaryň bäşisi ýykyldy, biri häzirem bar, ýene biri indi gelmeli. Ýöne ol gelende, az wagtlyk galmaga rugsat berler. 11 Öň bolan, ýöne ýok bolan wagşy haýwan+ sekizinji patyşadyr. Ol ýedi patyşadan dörändir, ýöne soňra ýok ediler.

12 Seniň gören on şahyň heniz patyşalygy almadyk on patyşany aňladýar. Emma olar wagşy haýwan bilen az salymlyk* patyşalyk ygtyýaryny alarlar. 13 On şah bir pikirde bolup, güýjüni we ygtyýaryny wagşy haýwana berdi. 14 Olar Guzy+ bilen söweşerler, emma Guzy hökümdarlaryň Hökümdary we patyşalaryň Patyşasy+ bolandygy üçin olary ýeňer+. Hudaýyň çagyranlary, saýlanlary we wepalylary hem olary ýeňerler»+.

15 Perişde maňa şeýle diýdi: «Sen ahlaksyz aýalyň suwlaryň üstünde oturanyny görüpdiň. Suwlar halklary, märekäni, milletleri we dilleri aňladýar+. 16 Şeýle-de seniň gören on şahyň+ we wagşy haýwanyň+ ahlaksyz aýaly+ ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler+. 17 Sebäbi şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýdy+. Aslynda, olar Hudaýyň sözi berjaý bolýança, patyşalyk ygtyýaryny wagşy haýwana berip+, öz pikirini amala aşyrarlar. 18 Seniň gören aýalyň+ ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden höküm sürýän beýik şäheri aňladýar».

18 Şondan soň men başga bir perişdäniň uly ygtyýar bilen gökden aşak inenini gördüm. Onuň şan-şöhraty ýer ýüzüni ýagtyltdy. 2 Ol gygyryp: «Weýran boldy! Beýik Wawilon weýran boldy!+ Ol jynlaryň mekany boldy, her hili zalym ruhlaryň*, her dürli haram we ýigrenji guşlaryň mesgeni boldy!+ 3 Sebäbi ähli milletler onuň azgyn* we ahlaksyzlyk* şerabyny içip, heläk boldular+. Ýer ýüzüniň patyşalary hem onuň bilen ahlaksyzlyk etdiler+. Ýer ýüzüniň söwdagärleri onuň haýasyz işleri bilen toplan baýlygy arkaly baýadylar» diýýärdi.

4 Soňra men gökden başga bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly+, ol ýerden çykyň!+ 5 Sebäbi onuň günäleri köpelip, göge ýetdi+. Hudaý onuň adalatsyz işlerini* ýadyna saldy+. 6 Onuň adamlara eden erbetligini+ özüne iki esse edip gaýtaryň+, käsesinden+ iki esse edip özüne içiriň+. 7 Ol özüni şöhratlandyryp, haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna näçe ýaşan bolsa, şonça-da gynap, hasrat çekdiriň. Ol özüne: „Men şa aýaly kimin höküm sürýärin, dul däldirin, hiç haçan hasrat çekmerin“+ diýýär. 8 Ine, şonuň üçin hem bir günüň içinde başyna dürli belalar: ölüm, hasrat we açlyk iner. Ol otda ýanyp kül bolar+, sebäbi höküm eden Hudaý Ýehowa* güýçlüdir+.

9 Onuň bilen ahlaksyzlyk* eden we haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna ýaşan ýer ýüzüniň patyşalary onuň ýanýan odunyň tüssesini görenlerinde, aglaşarlar we hasrat çekip gursagyna urarlar. 10 Olar onuň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durup: „Wah, wah, beýik Wawilon, sen nähili güýçli şäherdiň!+ Bir sagadyň içinde weýran bolduň“ diýerler.

11 Ýer ýüzüniň söwdagärleri hem ony görüp, aglaşarlar we hasrat çekerler, sebäbi indi olaryň harytlaryny hiç kim satyn almaz. 12 Olaryň birgiden altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, merjen monjuklary*, nepis zygyr*, goýy gyzyl, gyrmyzy reňkli we ýüpek matalary; atyr ysly we ýokary hilli agaçdan, piliň süňkünden, misden, demirden hem-de mermerden ýasalan dürli harytlary bardy. 13 Şeýle-de olaryň dalçyny*, hindi oty, tütetgisi, ladany*, şeraby, zeýtun ýagy, atyr ysly ýagy, ýokary hilli uny, bugdaýy, sygry, goýny, atlary, arabalary, gullary we başga-da adamlary bardy. 14 Onsoňam, göwnüň isleýän gowy miweleriň eliňden gitdi. Tagamly naharlaryň, gymmatbaha zatlaryň eliňden alyndy, indi olary tapmarsyň.

15 Söwdagärler şol zatlary satyp, ahlaksyz aýal arkaly baýapdylar. Indi olar aýalyň çekýän jebrinden gorkup, uzakda durarlar we aglaşyp hasrat çekerler. 16 Olar: „Wah, wah, beýik şäher! Sen nepis zygyr*, goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli matalardan eşik geýip, altyndan, gymmatbaha daşlardan hem-de merjenlerden* ýasalan şaý-sepleri dakynardyň+. 17 Seniň bar baýlygyň bir sagadyň içinde ýok boldy“ diýerler.

Gämi gözegçileri, deňiz ýolagçylary, deňizçiler we deňizden gün-güzeran görýänleriň ählisi uzakda durup, 18 onuň ýanýan odunyň tüssesini görüp: „Heý-de, seniň ýaly beýik şäher bardymy?“ diýip gygyryşarlar. 19 Olar başyndan gum sowrarlar, gygyryşyp aglaşarlar, hasrat çekip: „Wah, wah, beýik şäher! Deňizde gämisi bolanlaryň ählisi seniň baýlygyň arkaly baýadylar. Sen bir sagatda weýran bolduň“+ diýerler.

20 Eý gökler+, mukaddesler+, resullar we pygamberler, aýalyň düşen ýagdaýyna begeniň! Sebäbi Hudaý siziň hatyraňyza ahlaksyz aýala höküm çykardy»+.

21 Şonda güýçli perişde uly degirmen daşyny alyp, deňze zyňdy-da, şeýle diýdi: «Beýik Wawilon şäheri hem şeýle çaltlyk bilen zyňlar, ol indi hiç haçan bolmaz+. 22 Eý Wawilon, indi sende hiç haçan aýdymçylaryň, arfa, tüýdük, surnaý çalýanlaryň we başga-da sazandalaryň sesi eşidilmez. Her dürli zatlary ýasaýan ussalaryň we bugdaý üweýän degirmeniň sesi-de eşidilmez. 23 Indi sende hiç haçan çyra ýanmaz, öýlenýän ýigit bilen gelniň sesi eşidilmez, sebäbi seniň söwdagärleriň ýer ýüzünde atly-abraýly adamlardy. Seniň jadygöýligiňe+ bütin milletler aldandylar. 24 Mundan başga-da, pygamberleriň, mukaddesleriň+ we ýer ýüzünde öldürilenleriň gany senden tapyldy»+.

19 Şondan soň men gökden uly märekäniň sesine meňzeş batly ses eşitdim. Olar şeýle diýdi: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Hudaý adamzady halas etdi, şöhrat we güýç onuňkydyr. 2 Sebäbi Hudaýyň hökümleri dogry we adalatlydyr+. Ol Wawilona, ýagny ýer ýüzüni ahlaksyzlygy* bilen azdyran, ady belli ahlaksyz aýala höküm çykardy we gullarynyň gany üçin ondan* ar aldy»+. 3 Olar şol bada ikinji gezek: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Wawilonyň tüssesi baky hem ebedilik çykyp durar»+ diýdiler.

4 Şonda 24 ýaşuly+ bilen dört perişde+ dyza çökdüler we tagtda oturan Hudaýa sežde edip: «Omyn! Ýaha alkyş aýdyň!*»+ diýdiler.

5 Şeýle-de tagtdan: «Eý Hudaýdan gorkýan gullar, sada we abraýly adamlar+, Hudaýymyzy şöhratlandyryň!»+ diýen ses eşidildi.

6 Soňra men uly märekäniň, suwlaryň we güýçli gök gürrüldisiniň sesine meňzeş ses eşitdim. Olar şeýle diýýärdi: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowanyň*+ patyşalygy başlady+. 7 Geliň, şatlanyp begeneliň we Hudaýy şöhratlandyralyň! Sebäbi Guzynyň toýy başlandy, onuň gelni hem toýa taýýarlandy. 8 Gelne-de ap-ak, arassa we nepis* matadan köýnek geýmäge rugsat berildi. Nepis* mata mukaddesleriň dogry işlerini aňladýar»+.

9 Perişde maňa: «Şuny ýaz: „Guzynyň toýuna+ çagyrylanlar bagtlydyr“» diýdi. Soňra ol: «Hudaýyň şu sözleri hakdyr» diýdi. 10 Men oňa sežde etmek üçin dyza çökenimde: «Dur, beýle zat etme!+ Menem sen ýaly we Isa hakda wagyz edýän doganlaryň+ ýaly gulduryn. Hudaýa sežde et!+ Pygamberliklerde Isa hakda gürrüň berilýändir»+ diýdi.

11 Soňra men gögüň açylandygyny gördüm. Seretsem, bir ak at+ dur. Onuň üstünde oturanyň Wepaly+ hem Dogruçyl+ diýen ady bardy. Ol adalatly höküm çykarýandyr we adalatlylyk+ bilen söweşýändir. 12 Onuň gözleri ýalynly otdur+, kellesinde ençeme täç bardyr. Onuň adyny özünden başga hiç kim bilýän däldir. 13 Onuň eşigi gana bulanandy*, oňa Hudaýyň Sözi+ diýilýärdi. 14 Onuň yzyndan gökden ak atly goşun gelýärdi. Olar ap-ak, arassa we nepis* matadan eşik geýipdiler. 15 Milletleri öldürmek üçin, onuň agzyndan ýiti we uzyn gylyç+ çykyp durandyr. Ol milletleri demir hasa bilen bakar+. Şeýle-de ol Gudratygüýçli Hudaýyň gahar-gazabyny aňladýan üzüm sykylýan çukurda üzüm sykar+. 16 Onuň donunda, ýagny budunda «patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdary»+ diýip ýazylgydy.

17 Şeýle-de men Günüň ortarasynda duran perişdäni gördüm. Ol asmanda uçup ýören ähli guşlara batly ses bilen şeýle diýdi: «Bärik geliň, Hudaýyň giňden ýazan saçagyna ýygnanyşyň+. 18 Şonda siz patyşalaryň, goşun serkerdeleriň, pälwanlaryň+, atlaryň we üstünde oturanlaryň+, azat adamlar bilen gullaryň, sada hem-de abraýly adamlaryň jesedini iýersiňiz».

19 Men wagşy haýwanyň, ýer ýüzüniň patyşalarynyň we goşunynyň ýygnanyşandygyny gördüm. Olar atyň üstünde oturan we onuň goşuny bilen söweşmek üçin ýygnanyşypdylar+. 20 Şonda wagşy haýwan we ýalan pygamber+ tutuldy. Ýalan pygamber wagşy haýwanyň+ öňünde alamatlar görkezip, onuň belligini alanlary we şekiline+ sežde edýänleri aldaýardy. Olaryň ikisi-de diriligine kükürt bilen ýanýan ot kölüne zyňyldy+. 21 Galanlary bolsa atyň üstünde oturanyň agzyndan çykyp duran uzyn gylyçdan gyryldy+. Guşlar olaryň jesedini iýip doýdular+.

20 Soňra men bir perişdäniň gökden aşak inip gelýändigini gördüm. Elinde düýpsüz çuňlugyň açary+ we uly zynjyr bardy. 2 Ol aždarhany+, ýagny Iblis+ we Şeýtan+ diýilýän köne ýylany+ tutup, 1 000 ýyllyk baglady. 3 Perişde aždarhany düýpsüz çuňluga+ zyňyp, agzyny ýapdy we üstüne möhür basdy. Indi ol 1 000 ýyl dolýança, milletleri aldap bilmez. Soňra ol biraz wagtlyk boşadylar+.

4 Soňra men tagtlary gördüm, onuň üstünde oturanlara höküm etmäge ygtyýar berildi. Mundan başga-da, men Isa hakda şaýatlyk we Hudaý hakda wagyz edendikleri üçin öldürilenleri* gördüm. Olar wagşy haýwana-da, şekiline-de sežde etmändiler, maňlaýyna hem-de eline belligini almandylar+. Olar direlip, Mesih bilen 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürdüler+. 5 Bu birinji direlişdir+. Ölenleriň galany+ bolsa 1 000 ýyl dolýança ýaşaýşy almadylar. 6 Birinji direlişde direljekler+ bagtlydyr we mukaddesdir, ikinji ölüm+ olara zyýan ýetirip bilmez*+. Olar Hudaýyň, Mesihiň ruhanylary bolarlar+ we 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler+.

7 Müň ýyl tamamlanan badyna, Şeýtan tussaglykdan boşadylar. 8 Soňra ol ýeriň dört künjeginde ýaşaýan milletleri, ýagny Äjit-Mäjidi azdyrmaga gider we söweş üçin ýygnar. Olaryň sany deňziň çägesi deý köpdür. 9 Olar bütin ýer ýüzüne ýaýrap, mukaddesleriň ýaşaýan ýerini we Hudaýyň söýýän şäherini gabadylar. Emma gökden ot inip, olary ýok etdi+. 10 Olary aldan Iblis ot we kükürt kölüne zyňyldy. Wagşy haýwan+ we ýalan pygamber bolsa eýýäm şol ýerdedi+, olar gije-gündiz baky hem ebedi jebir çekerler.

11 Soňra men uly ak tagt gördüm, tagtda Hudaý otyrdy+. Ýer we gök Hudaýyň huzuryndan gaçdylar+, indi olara gaçara ýer tapylmady. 12 Şeýle-de men sada we abraýly ölen adamlaryň tagtyň öňünde durandygyny gördüm, şonda golýazmalar açyldy. Başga bir golýazma hem açyldy, ol ýaşaýyş kitabydy+. Golýazmalara laýyklykda, ölülere eden işlerine görä höküm çykaryldy+. 13 Deňiz özündäki ölüleri, ölüm bilen mazar* hem özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine edýän işlerine görä höküm edildi+. 14 Soňra ölüm bilen mazar* ot kölüne zyňyldy+. Ot köli+ ikinji ölümi+ aňladýar. 15 Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar+ hem ot kölüne zyňyldy+.

21 Soňra men täze gögi we täze ýeri gördüm+. Öňki gök bilen öňki ýer geçip gitdi+, deňiz+ hem ýok boldy. 2 Şeýle-de men gökden, ýagny Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäheri, ýagny Täze Iýerusalimi gördüm+. Ol ärini garşylamak üçin bezenip-beslenip çykan gelne meňzeýärdi+. 3 Şonda men tagtdan batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Ine, Hudaýyň çadyry adamlaryň arasynda. Hudaý olaryň arasynda ýaşar, olar hem onuň halky bolar. Hudaý hem olar bilen bolar+. 4 Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer+. Indi ne ölüm+, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar+, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi».

5 Şonda tagtda oturan Hudaý+: «Ine, men ähli zady täzeleýärin»+ diýdi. Şeýle-de: «Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýdi. 6 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Sözüm berjaý boldy! Men Alfa we Omega*, başlangyç hem-de ahyrkydyryn+. Men suwsan adama ýaşaýyş çeşmesinden mugt içirerin+. 7 Ýeňen adam şu zatlary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol hem meniň oglum bolar. 8 Emma gorkaklar, imansyzlar+, haram we ýigrenji işleri edýänler, ganhorlar+, ahlaksyzlar*+, jadygöýler, butparazlar hem-de ýalançylar+ kükürt bilen ýanýan ot kölüne taşlanyp, almytyny alarlar+. Bu ikinji ölümi aňladýar»+.

9 Käseleri soňky ýedi beladan doly ýedi perişdäniň+ biri ýanyma gelip: «Ýör, saňa gelni, Guzynyň aýaly boljak gelni+ görkezeýin» diýdi. 10 Soňra meni mukaddes ruh arkaly uly we beýik daga alyp gitdi hem-de gökdäki Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher Iýerusalimi+ görkezdi. 11 Şäherde Hudaýyň şöhraty+ bardy. Onuň nury gymmatbaha daşa meňzeýärdi we aýna* ýaly dury, ýaşma daşy kimin şöhle saçýardy+. 12 Şäheriň uly we beýik diwary hem-de 12 derwezesi bardy. Her derwezesinde bir perişde durdy. Derwezelerinde ysraýyl ogullarynyň 12 taýpasynyň ady ýazylgydy. 13 Şäheriň gündogarynda üç, demirgazygynda üç, günortasynda üç, günbatarynda hem üç derweze bardy+. 14 Şäheriň diwarynyň düýbünde 12 daş bardy. Olarda Guzynyň 12 resulynyň+ ady ýazylgydy.

15 Meniň bilen gepleşip duran perişdäniň elinde altyndan ölçeg taýagy* bardy. Ol taýak bilen şäheri, derwezelerini we diwaryny ölçemelidi+. 16 Şäher dörtburç şekildedi, uzynlygy ini bilen deňdi. Perişde taýagy bilen şäheri ölçände, takmynan 2 220 kilometr* çykdy, onuň uzynlygy, ini we beýikligi deňdi. 17 Perişde şäheriň diwaryny hem ölçedi, ol ynsan we perişdäniň ölçegi bilen 144 tirsek* çykdy. 18 Şäheriň diwary ýaşma daşyndan+, özi bolsa arassa aýna ýaly sap altyndan ýasalypdy. 19 Şäheriň diwarynyň düýbi dürli-dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi: birinjisi ýaşma, ikinjisi ýakut, üçünjisi çakmakdaşy*, dördünjisi zümerret, 20 bäşinjisi sardoniks, altynjysy hakyk, ýedinjisi hrizolit, sekizinjisi beril*, dokuzynjysy topaz, onunjysy hrizopraz, on birinjisi giasint, on ikinjisi ametist daşy. 21 Şäheriň 12 derwezesi 12 merjendendi, her derwezesi bir merjenden ýasalandy. Şäheriň uly köçesi sap altyndandy, dup-dury aýna ýalydy.

22 Men şäherde ybadathana görmedim, sebäbi onuň ybadathanasy Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa*+ we Guzudy. 23 Şähere Günüň şöhlesi, Aýyň ýagtysy gerek däldi, sebäbi Hudaýyň şöhraty şähere ýagty saçýardy+, çyrasy bolsa Guzudy+. 24 Milletler şäheriň nurunda ýörär+, ýer ýüzüniň patyşalary-da özlerine berlen şöhraty oňa bererler. 25 Şäheriň derwezeleri uzakly gün açyk durar, sebäbi ol ýerde gije bolmaz+. 26 Olar milletleriň şöhratyny we hormatyny şähere bererler+. 27 Haram bolan zatlar, ýigrenji işleri edýänler we ýalançylar şähere girip bilmezler+. Şähere diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlar girerler+.

22 Soňra perişde maňa ýaşaýyş berýän we suwy aýna* ýaly dup-dury derýany+ görkezdi. Ol Hudaýyň we Guzynyň+ tagtyndan akyp, 2 şäheriň uly köçesiniň ortasyndan geçýärdi. Derýanyň iki tarapynda her ýyl 12 sapar, ýagny her aý miwe berýän ýaşaýyş agaçlary bardy. Agaçlaryň ýapraklary milletleri sagaltmak üçin ösýärdi+.

3 Şäher hiç haçan näletlenmez, ol ýerde Hudaýyň we Guzynyň tagty durar+. Şäherde Hudaýyň gullary mukaddes gullugy berjaý ederler. 4 Olar Hudaýyň ýüzüni görerler+, maňlaýlarynda bolsa onuň ady ýazylar+. 5 Şäherde gije bolmaz+, olara çyranyň ýa-da Günüň ýagtysy gerek bolmaz, sebäbi Ýehowa* Hudaýyň özi olaryň üstüne ýagty saçar+ we olar patyşa bolup baky hem ebedi höküm sürerler+.

6 Perişde maňa: «Aýdanlarym ygtybarlydyr, hakdyr+. Hawa, pygamberlerine ylham beren+ Ýehowa* Hudaý perişdesini iberip, tizden boljak zatlary gullaryna mälim etdi. 7 Men tizden gelerin+. Şu golýazmadaky pygamberlikleri berjaý edýän bagtlydyr»+ diýdi.

8 Men aýdylan zatlary eşiden we gören Ýahýa. Men olary görüp-eşidenimde, olary görkezen perişdä sežde etmek üçin dyza çökdüm. 9 Emma ol: «Dur, beýle zat etme! Hudaýa sežde et!+ Men hem seniň ýaly, pygamber doganlaryň ýaly, şu golýazmadaky sözleri berjaý edýänler ýaly gulduryn» diýdi.

10 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Golýazmadaky pygamberliklere möhür basma, gizleme, sebäbi bellenen wagt golaýdyr. 11 Goý, erbetler erbetlik etsin, ýigrenjiler hem haramlyk etsin. Emma dogruçyllar mundan beýläk-de dogruçyl ýaşasyn, mukaddesler hem mukaddes bolsun.

12 „Men tizden gelerin, berjek sylagym hem elimde. Men her kime eden işine görä hakyny bererin+. 13 Men Alfa we Omega*+, ilkinji hem soňkudyryn, başlangyç hem ahyrkydyryn. 14 Eşigini ýuwanlar bagtlydyr+, sebäbi olara ýaşaýyş agajynyň ýanyna barmaga ygtyýar berler+ we olara şähere derwezelerden girmäge rugsat berler+. 15 Itler*, jadygöýler, ahlaksyzlar*, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýýänler we ýalançylar şäheriň daşynda galarlar“+.

16 „Men şu zatlary ýygnaklara şaýatlyk etmek üçin perişdämi iberen Isa. Men Dawudyň maşgalasyndan* we neslindendirin+, ýagty saçýan daň ýyldyzydyryn“»+.

17 Mukaddes ruh we gelin+: «Gel!» diýýär. Goý, muny eşidýänler hem: «Gel!» diýsinler. Suwsan gelsin+, her bir isleýän adam ýaşaýyş suwuny mugt alsyn+.

18 «Men şu golýazmadaky pygamberlikleri eşidýän her kese şuny yglan edýärin: kim şu sözlere bir zat goşsa+, Hudaý golýazmada ýazylan belalary başyna indirer+. 19 Eger kim golýazmadaky pygamberliklerden bir zat aýyrsa, Hudaý ýaşaýyş agajyndan berjek paýyny yzyna alar-da+, şu golýazmada ýazylan mukaddes şähere girmäge rugsat bermez+.

20 Olar hakda şaýatlyk edýän: „Hawa, tizden gelerin!“+ diýýär».

«Omyn! Gel, Halypam Isa!»

21 Goý, Halypamyz Isa mukaddeslere ýagşylyk etsin!

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýagny ilkinji we soňky. Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: sektasynyň. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Ýa-da: duýgulary. Sözme-söz: böwrekleri.

Sözme-söz: hrustal.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: kökünden.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: dinardyr. Bir rim kümüş dinary bir günlük iş haky bolupdyr. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Geçiniň çöpüri, ýagny ýüňi göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: gündogardan.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: otdan.

Ýa-da: doly; jöwenek.

Manysy: Heläkçilik.

Manysy: Heläk ediji.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: 20 müňlerçe 10 müňlerdi.

Sözlüge serediň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ruhy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: doly; jöwenek.

Başga manysy: aždarha ýeňildi.

Ýagny üç ýarym döwür.

Sözme-söz: tohumy.

Başga manysy: Gylyç bilen öldürilmeli.

Ýa-da: gahar.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýanlary bilen gidýär.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hoşalaryny.

Sözme-söz: 1 600 stadiýa. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: çykaran kararlaryň.

Sözme-söz: ruhlar.

Manysy: Megiddo dagy. Grekçe «Har-Magedon». Sözlüge serediň.

Grek batmany 20,4 kg deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: doly; jöwenek.

Sözlüge serediň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: bir sagatlyk.

Başga manysy: demiň; ylhamly sözüň.

Ýa-da: gahar.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Ýa-da: jenaýatçylygyny.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: dürdäneleri.

Sözlüge serediň.

Ýagny korisa.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: dürdänelerden.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: onuň elinden.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.

Başga manysy: eşigine gan sepilendi.

Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: palta bilen çapylanlary.

Sözme-söz: ikinji ölümiň olaryň üstünden ygtyýary ýokdur.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: hrustal.

Sözme-söz: gamşy.

Sözme-söz: 12 000 stadiý. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Mermer daşynyň bir görnüşi.

Zümerret we akwamarin daşlaryna meňzeş gymmatbaha daş.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: hrustal.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.

Ýagny Hudaýyň nazarynda nejis işleri edýänler.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: kökünden.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş