Giriş
ŞU KITAPDA bolan wakalar gürrüň berilýär. Şol hekaýalar dünýäde iň beýik kitapdan, ýagny Mukaddes Ýazgylardan alyndy. Kitapda Hudaýyň ýaradyp başlanyndan, tä şu günlere çenli bolan wakalar gürrüň berilýär. Şeýle hem, Hudaýyň etjek zatlary barada aýdylýar.
Şu kitaby okap, Mukaddes Ýazgylar barada köp zat bilersiňiz. Kitapda Mukaddes Ýazgylardaky adamlar we olaryň eden işleri barada gürrüň berler. Şeýle-de, ýer ýüzünde boljak Jennetde Hudaýyň adamlara berjek ebedi ýaşaýyşy barada aýdylýar.
Kitapda jemi 116 hekaýa bar. Olar sekiz bölümden ybarat. Her bölümiň öňünden gysgaça mazmuny berilýär. Taryhyň dowamynda wakalar nähili bolup geçen bolsa, hekaýalar hem şeýle tertipde gelýär. Şeýlelik bilen, siz haýsy wakanyň yzyndan haýsynyň bolandygyny bilersiňiz.
Hekaýalar ýönekeý dilde gürrüň berilýär. Çagalar, siziň köpüňiz kitaby özbaşdak okap bilersiňiz. Ata-eneler, siz bolsa, hekaýalary çagalaryňyza gaýta-gaýta okap bereniňizde, olaryň höwes bilen diňleýişlerini görersiňiz. Şu kitap çagalar üçinem, ulular üçinem gyzykly bolar.
Her hekaýanyň ahyrynda Mukaddes Ýazgylardan aýatlar berilýär. Şol aýatlary Mukaddes Ýazgylardan okasaňyz gowy bolardy.