Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 89
  • Isa ybadathanany arassalaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa ybadathanany arassalaýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa satyjylary kowýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 89

89-NJY HEKAÝA

Isa ybadathanany arassalaýar

ISA bu ýerde gaharly görünýär gerek? Sebäbini bilýäňmi? Ol Hudaýyň ybadathanasyndaky açgöz adamlara gaharlanýar. Olar Hudaýa sežde etmäge gelen adamlar arkaly köp pul gazanjak bolýarlar.

Suratdaky sygyrlary, goýunlary hem-de kepderileri görýäňmi? Bu adamlar olary edil ybadathananyň içinde satýarlar. Bilýäňmi näme üçin? Sebäbi Hudaýa gurban bermek üçin ysraýyllylara mal gerekdi.

Hudaýyň kanunynda, eger-de ysraýylly adam erbet iş eden bolsa, onda onuň Hudaýa gurban bermelidigi barada aýdylýar. Ysraýylly adam başga sebäpler boýunça hem gurban bermelidi. Ýöne Hudaýa gurban bermek üçin guşy ýa-da maly nireden almalydy?

Käbir ysraýyllylaryň gurban bermäge guşdur mallary bardy. Ýöne köpüsiniň ne maly, ne-de guşy bardy. Käbir ysraýyllylar bolsa, Iýerusalimden uzakda ýaşaýardy. Şonuň üçin malyny ybadathana getirmek kyn bolýardy. Şol sebäpli adamlar gerek maly ýa-da guşy edil şu ýerden satyn alýardy. Emma satyjylar adamlardan köp pul alýardy. Olar adamlary aldaýardy. Onsoňam, olar Hudaýyň ybadathanasynda hiç zat satmaly däldi.

Ine, şonuň üçinem Isa gaty gaharlandy. Ol pul çalyşýanlaryň stollaryny ýykyp, pullaryny dökýär. Şeýle-de ýüpden bir gamçy örüp, mallaryň baryny ybadathanadan kowýar. Kepderi satýanlara bolsa: «Bulary bu ýerden äkidiň, Atamyň öýüni bazara öwürmäň» diýip buýurýar.

Iýerusalimdäki ybadathana Isa bilen birnäçe şägirdi-de gelipdi. Olar Isanyň edýän işine haýran galýarlar. Şonda olaryň ýadyna Zeburda Hudaýyň Ogly barada: «Hudaýyň öýüne söýgi öz günüme goýanok» diýen sözler düşýär.

Pasha baýramynda Isa Iýerusalimde köp gudratlar görkezýär. Baýramçylykdan soň, ol Ýahudadan Jelilä dolanýar. Ýolda Isa Samariýa welaýatynyň üsti bilen geçýär. Bu ýerde näme bolanyny bileli.

Ýahýa 2:13—25; 4:3, 4.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş