Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 107
  • Stefanusy daşlaýarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Stefanusy daşlaýarlar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Stefanus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Erbet iş edýänler düzelip bilermi?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 107

107-NJI HEKAÝA

Stefanusy daşlaýarlar

DYZA çöküp duran adam Stefanus. Ol Isanyň wepaly şägirdi. Ýöne ony näme edýärler? Ony daşlaýarlar. Stefanusy gynap öldürer ýaly, ol näme etdikä? Gel, bileli.

Stefanus Hudaýyň güýji bilen gudratlar görkezýär. Onuň gudratlary bu adamlara ýaramaýar. Şonuň üçin olar Stefanus bilen öwredýän hakykaty barada jedel edýärler. Ýöne Hudaý Stefanusa akyl berýär. Stefanus olaryň öwrenýän zatlarynyň ýalandygyny subut edýär. Olar muňa gaty gaharlanýarlar. Soňra Stefanusy tutup, ol hakda ýalan zatlary aýtjak adamlary ýygnaýarlar.

Baş ruhany: «Bu dogrumy?» diýip, Stefanusdan soraýar. Stefanus Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, gowy wagyz edýär. Gürrüňiniň soňunda gadymy döwürlerde erbet adamlaryň Ýehowanyň pygamberlerini ýigrenendigi barada aýdýar. Soňra olara: «Siz-de şol adamlara meňzeýäňiz. Siz Hudaýyň gullukçysy Isany öldürdiňiz. Siz Hudaýyň kanunlaryna gulak asaňyzok» diýýär.

Dini ýolbaşçylar gaharyny saklap bilmän, dişlerini gyjadylar. Stefanus bolsa göge bakyp: «Serediň, men gökde Hudaýyň sagynda duran Isany görýärin» diýip gygyrýar. Bu sözlerden ýaňa olar gulagyny ýapyp, Stefanusyň üstüne topulýarlar. Ony tutup, süýräp şäherden çykarýarlar.

Bu ýerde olar donlaryny çykaryp, Saul atly bir ýaş ýigide saklamaga berdiler. Suratda Sauly görýäňmi? Soňra olar Stefanusy daşlaýarlar. Stefanus bolsa dyza çöküp, Hudaýa: «Ýehowa, olara edýän erbetligi üçin jeza berme» diýip doga edýär. Sebäbi olaryň käbirini dini ýolbaşçylaryň aldandygyny bilýärdi. Şeýdip Stefanus ölýär.

Biri saňa ýamanlyk edende, gaýtargy berýäňmi ýa-da Hudaýa tabşyrýaňmy? Stefanusam, Isa-da ýamanlyk eden adamlara gaýtargy bermändi. Olar ýamanlyk eden adama-da ýagşylyk edýärdi. Gel, bizem olardan görelde alaly.

Resullaryň işleri 6:8—15; 7:1—60.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş