112-NJI HEKAÝA
Gämi gark bolýar
SERET, gämi bölek-bölek bolupdyr. Suwa böken adamlary görýäňmi? Olaryň käbiri kenara ýüzüp gelýär. Ol Pawlus dälmi? Gel, oňa näme bolanyny bileli.
Ýadyňda bolsa, Pawlus Kaýsariýada iki ýyl türmede oturypdy. Soňra ony beýleki tussag edilenler bilen gämä mündürip, Rime ugradýarlar. Girit (Krit) adasynyň golaýynda güýçli ýel turýar. Ýel şeýle bir güýçli boldy welin, gämini sürmek başartmady. Gündizine gün, gijesine ýyldyz görünmedi. Köp gün geçensoň, gämidäki adamlar halas bolarys öýtmediler.
Şonda Pawlus ýerinden turup, olara şeýle diýýär: «Siziň hiç biriňiz ölmersiňiz, diňe gämi gark bolar. Şu gije Hudaýyň perişdesi gelip: «Pawlus, gorkma! Sen Rim hökümdarynyň öňünde durmaly. Hudaý ýanyňdaky adamlaryň barysyny halas eder» diýdi».
On dördülenji güni, ýarygijä golaý deňizçiler suwuň kemelýändigini gördüler! Garaňkylykda gaýany süsmekden gorkup, gämini duruzmak üçin zynjyrly demri suwa oklaýarlar. Ertir irden kiçiräk kenary görüp, oňa ýakynlaşmaga synanyşýarlar.
Ynha, olar kenara golaýlaşanda, gämi bir çägelige degip saklandy. Şonda tolkunlardan ýaňa, ol bölek-bölek bolup başlady. Gäminiň ýolbaşçysy: «Kim ýüzüp bilýän bolsa, ilki suwa böksün-de, kenara tarap ýüzsün. Galanyňyz bolsa, olaryň yzyndan böküň-de, gark bolmaz ýaly gämiden döwlen agaçlardan ýapyşyň» diýip buýurdy. Olar şeýle hem edýärler. Perişdäniň aýdyşy ýaly, gämidäki 276 adamyň hemmesi kenara çykyp, halas bolýar.
Olar Malta atly ada çykdylar. Ýerli ýaşaýjylar olary mähirli garşylap, aladasyny etdi. Howa açylanda bolsa, Pawlusy başga gämä mündürip, Rime ugradýarlar.