Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
Bu kitapça ýeri we ýer ýüzündäki ähli zadyň kimiň ýaradandygyny seniň bilmegiň üçin kömek hökmünde çap edildi. Sen ýeri ýaradan Hudaýyň bir ady bardygyny bilersiň. Şeýle-de biz, bu kitapçada, Hudaý ynsany näme üçin ýaradandygyny we seniň ýer ýüzünde nädip ebedi ýaşap biljegiňi düşündireris.
Şu zatlaryň hemmesini göz öňüne getirmek üçin çekilen ençeme suratlar saňa has gowy kömek eder diýip umyt edýäris. Has köp haýyr almagyň üçin suratlaryň ýanynda ýerleşdirilen Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny okamagyň gerek. Şeýdip sen Hudaýyň ajaýyp wadalary barada özüň Mukaddes Ýazgylardan okap bilersiň we olara gatnaşmak üçin Hudaýyň pikiri boýunça näme etmelidigiňi bilersiň.
Isleseň, bu kitapçany başga adamlara-da kömek etmek üçin ulanyp bilersiň. Eger çagalaryň bar bolsa, olara-da Hudaý barada bilim almaga kömekleşer ýaly bu kitapçany peýdalanyp bilersiň. Eger-de seniň ýaşaýan ýurduňda ýaşulularyň köpüsi okap bilmeýän bolsalar, onda sen suratlaryň üsti bilen olara Hudaýyň niýetlerini düşündirip bilersiň. Olar hem öz gezeginde öz ýakynlaryna kömek edip bilerler.
Bu kitapçany öwrenmegiň saňa ençeme bereketlere eýe bolmagyňa ýol açar we başgalara-da ýer ýüzünde olaryň nädip ebedi ýaşap biljeklerini görkezmek üçin saňa kömek eder diýip biz ýürekden umyt edýäris.