Ölüm nämedir?
15 Ynsan ölenden soň topraga öwrülýär. Gaýdyp ol hiç zat bilmeýär (Zebur 146:4).
Ölen adamlar seniň bilen gürleşip ýa-da başga bir zat edip bilmeýärler (Zebur 30:9; Wagyzçy 9:5, 10; Zebur 30:9).
16 Emma köp perişdeler ýamanlyk ýoluna düşdüler. Indi olar, ölümden soň hem ýaşaýşyň dowam edýändigine bizi ynandyrjak bolup ölen adamlaryň şekilinde görünýärler (Barlyk 6:1, 2; Ýahuda 6).
17 Şonuň üçin Ýehowa Hudaý biziň şol jynlar diýip atlandyrylan erbet perişdelere ynanmagymyzy islemeýär (Çykyş 22:18; Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10, 11; 32:17; 1 Korintoslylar 10:20, 21; Galatýalylar 4:8; 1 Korintoslylar 10:20, 21).
Hudaý biziň jadygöýlige, dogagöýlige ýa-da bilgiçlige gatnaşmagymyzy islemeýär (Galatýalylar 5:19—21).