Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 3 sah. 6—7
  • Isa Mesih kimdir?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Mesih kimdir?
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Isa pygamber kim?
    Hudaýyň hoş habary
  • Isa pygamber näme üçin öldi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 3 sah. 6—7

3-nji sapak

Isa Mesih kimdir?

Näme üçin Isa, Hudaýyň «ilkinji doglan» Ogly diýip atlandyryldy? (1)

Näme üçin ol «Söz» diýip atlandyryldy? (1)

Näme üçin Isa ýere ynsan kimin geldi? (2—4)

Näme üçin ol gudrat görkezýärdi? (5)

Ýakyn gelejekde Isa nämeler eder? (6)

1. Ýere gelmezinden öň Isa gökde ýaşaýardy we ruhy şahsyýetdi. Isa — Hudaýyň ýaradanlarynyň ilkinjisi, şonuň üçin hem Isa Hudaýyň «ilkinji doglan» Ogly diýip atlandyryldy (Koloseliler 1:15; Ylham 3:14). Isa — Hudaýyň hut özüniň ýaradan, ýeke-täk Ogludyr. Ýehowa, gökdäki we ýerdäki galan hemme zatlary ýaradanda, Isany, ynsan bolmazyndan öň, «ussat kömekçi» hökmünde ulandy (Süleýmanyň Tymsallary 8:22—31; Koloseliler 1:16, 17). Hudaý ony Özüniň baş wekili edip hem ulandy. Ine, şonuň üçin Isa «Söz» diýip atlandyryldy (Ýahýa 1:1—3; Ylham 19:13).

2. Hudaý Öz Ogluny ýere iberende, onuň janyny Merýemiň göwresine geçirdi. Şol sebäpli Isanyň ynsan atasy ýokdy. Ine şonuň üçin hem ol günäni we kämilsizligi miras almady. Hudaý Isany ýere şu maksat bilen iberdi, ol: 1) adamlara Hudaý barada hakykaty öwretmelidi (Ýahýa 18:37), 2) kämil aýypsyzlygyny saklap, bize göreldelik bir nusga galdyrmalydy (1 Petrus 2:21), we 3) adamzady günäden we ölümden azat etmek üçin öz janyny gurban bermelidi. Bu näme sebäpli gerek boldy? (Matta 20:28).

3. Ilkinji ynsan — Adam-ata, Hudaýyň tabşyrygyna gulak asman, Mukaddes Ýazgylarda «günä» diýip atlandyrylýan işi etdi. Şol sebäpli Hudaý Adam-ata ölüm jezasyny berdi (Barlyk 3:17—19). Ol indi Hudaýyň kadalaryna laýyk gelmeýärdi, şonuň üçin hem kämil bolmagyny bes etdi. Kem-kemden Adam-ata garrady we öldi. Onuň günäsi hemme çagalaryna-da geçdi. Ine şonuň üçin biz hem garraýarys, keselleýäris we ölýäris. Adamzady nädip halas edip bolardy? (Rimliler 3:23; 5:12).

4. Isa, Adam-ata ýaly, kämil adamdy. Emma Adam-atadan tapawutlykda, Isa iň agyr synaglarda-da Hudaýa elmydama gulak asýardy. Şol sebäpli, Adam-atanyň günäsi üçin, ol öz kämil ynsan janyny töleg hökmünde gurban berip bilerdi. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda «yzyna satyn almak» diýilýär. Şeýdip Adam-atanyň çagalaryna ölüm jezasyndan boşamaga mümkinçilik döredi. Isa Mesihe iman edýänleriň hemmesiniň günäleri geçilýär we bu adamlaryň ebedi ýaşaýşy almaga mümkinçiligi bar (1 Timoteos 2:5, 6; Ýahýa 3:16; Rimliler 5:18, 19).

5. Isa ýerde ýaşaýarka, syrkawlary sagaldýardy, açlary naharlaýardy we tupanlary ýatyrýardy. Ol hatda ölüleri hem direldýärdi. Ol näme üçin gudrat görkezýärdi? 1) Onuň, horluk çekýän adamlara haýpy gelýärdi we olara kömek etmek isleýärdi. 2) Onuň gudratlary, onuň Hudaýyň Ogludygyny subut edýärdi. 3) Ol gudratlar, Isa ýeriň üstünden höküm süreninde, gulak asýan adamlar üçin nämeler etjekdigini görkezdi (Matta 14:14; Markus 2:10—12; Ýahýa 5:28, 29).

6. Isa öldi, Hudaý tarapyn ruhy şahsyýet bolup direldildi we göge gaýdyp bardy (1 Petrus 3:18). Soňra bolsa, Hudaý ony Patyşa edip belledi. Tizden, Isa ýer ýüzünden hemme ýamanlygy we horlugy ýok eder (Zebur 37:9—11; Süleýmanyň Tymsallary 2:21, 22).

[7-nji sahypadaky surat]

Isanyň gullugy — öwretmekden, gudratlar görkezmekden we biz üçin öz janyny bermekden ybaratdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş