10-njy sapak
Hudaýyň ýigrenýän işleri
Hudaýyň erbet hasap edýän zatlaryna nähili garamaly? (1)
Nähili jynsy häsiýet makul däl? (2)
Mesihçiler ýalançylyga nähili garamaly? (3) humarly oýunlara? (3) ogrulyga? (3) zorluga? (4) spiritizme? (5) arakkeşlige? (6)
Adam erbet işleri nädip taşlap biler? (7)
1. Hudaýyň gullukçylary ýagşylygy söýýärler. Emma olar ýamanlygy ýigrenmegi hem öwrenmelidirler (Zebur 97:10). Bu — Hudaýyň ýigrenýän işlerinden gaça durmaly diýmekdir. Nähili işlerden?
2. Ahlaksyzlyk. Nikadan öň jyns gatnaşyk, är-aýal biwepalygy, mal bilen jyns gatnaşyga girmeklik, ýakyn garyndaş bilen jyns gatnaşyga girmeklik we gomoseksualizm — bularyň hemmesi Hudaýa garşy agyr günädir (Lewililer 18:6; Rimliler 1:26, 27; 1 Korintoslylar 6:9, 10). Eger erkek bilen aýal nikalaşman är-aýal kimin ýaşaýan bolsa, onda aýrylyşsalar ýa-da nikany registrirleseler dogry bolar (Ýewreýler 13:4).
3. Ýalançylyk, humarly oýunlar, ogrulyk. Ýehowa Hudaý hiç haçan ýalan sözlemeýär (Titus 1:2). Kim onuň makullamasyny gazanasy gelýän bolsa, ýalan sözlemeli däl (Süleýmanyň Tymsallary 6:16—19; Koloseliler 3:9, 10). Humarly oýunlaryň hemme görnüşleri açgözlik döredýär. Şonuň üçin mesihçiler lotereýa, at çapyşyk ýa-da bingo bolsun, asla hiç hili humarly oýunlary oýnamaýarlar (Efesliler 5:3—5). Mesihçiler ogrulyk hem etmeýärler. Olar ogrulyk zatlary bilgeşleýin satyn almaýalar, we iliň zadyny soraşman almaýarlar (Çykyş 20:15; Efesliler 4:28).
4. Gaharyň güýjemesi, zorluk. Başyna goýberilen gahar zorluga höweslendirmegi ähtimal (Barlyk 4:5—8). Kim zorluk edýän bolsa, Hudaýyň dosty bolup bilmez (Zebur 11:5; Süleýmanyň Tymsallary 22:24, 25). Ar almak we başgalaryň, mümkin, bize ýetiren ýamanlygyna ýamanlyk bilen gaýtarmak — nädogry (Süleýmanyň Tymsallary 24:29; Rimliler 12:17—21).
5. Jadygöýlik we spiritizm. Käbir adamlar nähoşlugyny bejermek üçin ruhy güýçlere ýüzlenýärler. Käbirleri bolsa, öz duşmanlaryna, olar kesellär ýaly, ýa-da hatda öler ýaly göz degirýärler. Bu işleriň hemmesiniň arkasynda durýan güýç — Şeýtan. Şonuň üçin mesihçiler hiç bir ýagdaýda-da ol işlere gatnaşmaly däldir (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:9—13). Başgalaryň bize garşy edýän jadygöýliginden iň gowy gorag — bu, Ýehowa bilen gowy aragatnaşygy saklamaklyk (Süleýmanyň Tymsallary 18:10).
6. Arakkeşlik. Az-kem çakyr, piwo ýa-da başga bir alkogolly içgi içmekde hiç bir nädogry zat ýok (Zebur 104:15; 1 Timoteos 5:23). Emma köp içip, pýançylyk etmek Hudaýyň garaýşyna görä — nädogry zat (1 Korintoslylar 5:11—13; 1 Timoteos 3:8). Alkogol içgilerini çendenaşa içmek saglygy we maşgalany bozup biler. Mundan başga-da, çenini bilmän spirtli içgileri içýän adam beýleki höweslere-de aňsatlyk bilen düşmegi mümkin (Süleýmanyň Tymsallary 23:20, 21, 29—35).
7. Hudaýyň erbet hasap edýän işleri bilen meşgullanýan adamlar, «Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» (Galatýalylar 5:19—21). Eger sen dogrudan hem Hudaýy söýýän bolsaň we oňa ýaranjak bolsaň, onda sen olar ýaly işlerden dynyp bilersiň (1 Ýahýa 5:3). Hudaýyň erbet hasap edýän zatlaryny ýigrenmäni öwren (Rimliler 12:9). Hudaýa ýaramly endikleri ösdüren adamlar bilen aragatnaşyk et (Süleýmanyň Tymsallary 13:20). Gerekli kömegi, kemala gelen mesihçi dostlar berip bilerler (Ýakup 5:14). Has hem, doga etmek bilen, Hudaýyň kömegine daýan (Filipililer 4:6, 7, 13).
[20, 21-nji sahypadaky suratlar]
Hudaý arakkeşligi, ogrulygy, humarly oýunlary we zorlugy ýigrenýär.