Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 18 sah. 143—sah. 144 abz. 4
  • Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Aýatlary dogry ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Hudaýyň Sözüni ulanyp, özüňe we başgalara kömek et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Hudaýyň sözi... täsirlidir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Degerli subutnamalar getirmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 18 sah. 143—sah. 144 abz. 4

18-NJI SAPAK

Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermek

Munuň üçin näme etmeli?

Sorag berlende Mukaddes Ýazgylaryň esasynda jogap bermeli.

Bu näme üçin wajyp?

Bize «Hudaýyň sözüni wagyz etmek» tabşyryldy. Isa: «Men... öz-özümden aýtmaýaryn» diýip, bize gowy görelde galdyrdy (2 Tim. 4:2; Ýahýa 14:10).

BIZDEN imanymyz, ýaşaýşymyz, bolup geçýän hadysalara we gelejege bolan garaýşymyz barada soranlarynda, biz Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermäge çalyşýarys. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň Sözi. Biziň imanymyz-da, ýaşaýşymyz-da Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Ol biziň dünýädäki bolup geçýän wakalara bolan garaýşymyza-da täsir edýär. Biziň gelejege bolan umydymyz hem ondaky wadalara esaslanýar (2 Tim. 3:16, 17).

Biz Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady götermegiň örän jogapkärlidigine gowy düşünýäris (Iş. 43:12). Şonuň üçin berlen soraglara adamlaryň filosofiýasyna däl-de, Ýehowanyň ylhamly Sözüne esaslanyp jogap berýäris. Elbetde, biziň käbir zatlar boýunça öz pikirimiz bar. Muňa garamazdan, biz Hudaýyň Sözüniň garaýşymyza täsir etmegini isleýäris, çünki onuň hakykatdygyna berk ynanýarys. Mukaddes Ýazgylar köp ýagdaýlarda bize erkinlik berýär. Şoňa görä-de, biz adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda öz garaýşymyzy öňe sürmän, olara Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri öwretmäge çalyşýarys. Biz olaryň-da erkinlikden lezzet almagyny isleýäris. Biz hem Pawlus resul ýaly iman arkaly gulak asmak isleýäris (Rim. 14:25).

Ylham 3:14-de Isa Mesihe «dogruçyl, çyn güwä» diýilýär. Isa soraglara nädip jogap berýärdi we garşylyklarda özüni nähili alyp barýardy? Ol käte adamlary oýlanmaga höweslendirýän aýdyň mysallary getirýärdi, käte bolsa, sorag berýän adamdan Ýazgylardaky belli bir aýada nähili düşünýändigini soraýardy. Köplenç, ol Mukaddes Ýazgylardan aýat getirýärdi, ondaky sözleri öz sözi bilen gürrüň berýärdi ýa-da olary gysgaça ýatladýardy (Mat. 4:3—10; 12:1—8; Luka 10:25—28; 17:32). I asyrda Mukaddes golýazmalar sinagogalarda saklanýardy. Isada golýazmalar bolmasa-da, olary gowy bilýärdi we tälim berende oňa esaslanýardy (Luka 24:27, 44—47). Isa öz-özünden däl-de, Atasyndan eşidenlerini aýdýardy (Ýahýa 8:26).

Biz Isanyň göreldesine eýermek isleýäris. Elbetde, biz Isadan tapawutlylykda Hudaýyň gepleýşini eşitmeýäris. Emma Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň Sözüdir. Şol sebäpli oňa esaslanyp jogap berenimizde, adamlaryň ünsüni özümize çekmekden gaça durmaly. Biz bikämil adamyň garaýşyny görkezmeýäris, gaýtam, nämäniň hakykatdygyny Hudaýyň kesgitlemegine ýol berýäris (Ýahýa 7:18; Rim. 3:4).

Elbetde, biz diňe bir Mukaddes Ýazgylardan aýat okaman, eýsem, söhbetdeşimiziň ondan köpräk peýda almagyny we ondaky sözleri kabul etmegini isleýäris. Adamyň garaýşyny göz öňünde tutup, Mukaddes Ýazgylara salgylanmazdan öň: «Hudaýyň pikiri hemme zatdan wajyp dälmi näme?!» ýa-da «Mukaddes Ýazgylaryň bu soraga jogap berýänini bilýärmisiňiz?» diýip bilersiňiz. Eger siziň söhbetdeşiňiz Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan bolsa, onda: «Eger garşy bolmasaňyz, men size gadymy döwürde ýaşan bir pygamberiň sözlerini gürrüň bereýin» ýa-da «Bu babatda dünýäde iň köp ýaýran kitapda şeýle diýilýär...» diýip bilersiňiz.

Siz käbir ýagdaýlarda aýady öz sözüňiz bilen aýdyp bilersiňiz. Emma mümkin bolsa, Mukaddes Ýazgylary açyp, ondan okasaňyz gowy bolar. Ýerlikli bolan ýagdaýynda, söhbetdeşiňiziň Mukaddes Ýazgylaryndan okap beriň. Şonda Ýazgylardaky sözler adama güýçli täsir eder (Ýew. 4:12).

Esasan-da, ýygnak ýaşulularyna Mukaddes Ýazgylara esaslanyp jogap bermek wajypdyr. Ýaşuly bolup hyzmat etmek isleýän dogan «öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmalydyr» (Titus 1:9). Ýygnak agzalary ýaşulynyň beren maslahaty bilen wajyp karara gelmekleri mümkin. Şol sebäpli berlen maslahat Mukaddes Ýazgylara esaslanan bolmaly. Ýaşulynyň göreldesi dogan-uýalaryň tälim berşine täsir edip biler.

MUNY NÄDIP ÖWRENMELI?

  • Mukaddes Ýazgylary her gün okaň. Şahsy okuw üçin meýilnama düzüň.

  • Ýygnak duşuşyklarynda aýat arkaly jogap bermäge çalşyň.

  • Bir soraga jogap bermezden ýa-da bir karara gelmezden öň, özüňize şeýle sorag beriň: «Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?»

  • Bir mesele boýunça Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny bilmeseňiz, çaklama etmäň ýa-da öz pikiriňizi aýtmaň. Gözleg geçirmegi teklip ediň.

GÖNÜKME Size 1) wagyz gullugynda, 2) täzeliklerde berilýän habarlar hakda we 3) giňden ýaýran çärelere gatnaşmak barada berlen birki soragy ýazyp alyň. Her soraga jogap bermek üçin, iň bolmanda, bir aýady saýlaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş