15-NJI BAP
Ýagşylyk etmegi öwreneliň
1—7. a) Tanamaýan adamyň barada erbet pikirde bolmak näme üçin nädogry? b) Isa ebedi ýaşaýşy miras almak isleýän ysraýylla näme etmelidigini aýtdy? ç) Ysraýylly özüni aklamak üçin näme diýdi?
ADAMY tanaman, ol barada erbet pikirde bolmak dogrumy? ~ Ýok. Sebäbi bu adamyň daşky keşbiniň senden tapawutlanýandygy ýa-da başga dilde gepleýändigi üçin ýigrendigiň bolar.
2 Şeýle etmek dogrumy? ~ Elbetde, nädogry. Eger biz erbet pikirde bolsak, adamlara ýagşylyk edip bilmeris. Biz adamlary özümize meňzemeýändigi üçin ýigrenmeli däl.
3 Daş keşbi senden tapawutlanýan ýa-da başga dilde gepleýän adamlary tanaýarmyň? ~ Belki, keseldigi ýa-da maýyplygy sebäpli senden tapawutlanýan adamy tanaýansyň. Sen olara ýagşylyk edip, söýgiňi bildirýärmiň?~
Bizden tapawutlanýan adamlara nähili garamaly?
4 Eger biz Beýik Mugallymy, ýagny Isa Mesihi diňlesek, her bir adama ýagşylyk ederis. Hawa, adamyň reňkine we haýsy ýurtdan gelendigine garamazdan, biz oňa ýagşylyk etmeli. Emma adamlaryň köpüsi Isanyň öwredişi ýaly etmeýärler. Gel, bu barada gürrüň edeli.
5 Bir ýehudy özünden tapawutlanýan adamlary halamaýardy. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip soraýar. Bu adam Isa diňe öz milletiňden we tire-taýpaňdan bolan adamlara ýagşylyk etmeli diýer öýtdi. Ýöne Isa onuň pikirini bilip, şeýle sorag berýär: «Hudaýyň Kanunynda näme etmeli diýilýär?»
6 Ol adam: «Ýehowa Hudaýy bütin ýüregiň bilen söý we goňşyňy özüň ýaly söý» diýýär. Isa-da oňa: «Sen dogry jogap berdiň, şuny etseň, ebedi ýaşaýşy alarsyň» diýýär.
7 Ýöne bu adam özünden tapawutlanýanlara ýagşylyk etmek ýa-da söýgi bildirmek islemeýärdi. Şonuň üçin ol özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýip, Isadan soraýar. Ol Isanyň: «Goňşyň — seniň dostlaryň» ýa-da «Saňa meňzeş adamlar» diýmegini isledi. Isa onuň soragyna jogap bermek üçin, ýehudy we samariýaly adam baradaky bir wakany gürrüň berýär. Gel, muny bileli.
8—15. a) Isa ysraýylly adamyň garaýşyny düzetmek üçin nähili wakany gürrüň berdi? b) Isa gürrüňiniň soňunda, ysraýylla nähili sorag berdi we ol näme jogap berdi?
8 Bir adam Iýerusalimden Eriha şäherine ýola rowana bolýar. Ol ýehudydy. Ine, ol ýolda barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, ýoluň gyrasynda çalajan ýagdaýda taşlap gidýärler.
9 Birnäçe wagtdan, şol ýoldan bir ruhany geçýär. Ol ýaňky adamyň çalajan ýatanyny görýär. Sen onuň ýerinde bolsaň näme ederdiň? ~ Ruhany ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. Ol durmaýaram, hiç hili kömegem bermeýär.
10 Şol ýoldan ýene bir hudaýhon adam geçýär. Ol Iýerusalimiň ybadathanasynda gulluk edýän lewilidi. Ol ýaralanan adama kömek etmek üçin durarmy? ~ Ýok. Bu adam hem ruhany ýaly geçip gidýär.
11 Soňra şol ýoldan bir samariýaly adam geçýär. Sen onuň ýoluň aýlanýan ýerinden gelýänini görýärmiň? ~ Ol ýaralanyp ýatan ýehudyny görýär. Emma samariýalylaryň we ýehudylaryň köpüsi biri-birini ýigrenýärdi (Ýahýa 4:9). Şol sebäpli bu samariýaly adam ýaralanan adama kömek etmän geçip gidermikä? Ol: «Men bu ýehuda näme üçin kömek etmeli? Men şeýle ýagdaýa düşen bolsam, ol maňa kömek etmezdi» diýip bilerdi.
Samariýaly adam nädip gowy goňşy boldy?
12 Emma samariýaly ýoluň gyrasynda ýatan adamy görüp, oňa ýüregi awaýar. Ol ony taşlap gitmäge dözmeýär, sebäbi ol ölerdi. Samariýaly eşeginden düşüp, onuň ýanyna barýar-da, ýaralaryny bejerip başlaýar. Ýaralarynyň bitmegi üçin ýag we şerap guýup saraýar.
13 Samariýaly ýaralanan adamy emaý bilen göterip, eşegine mündürýär. Ol ýuwaşjadan ýöräp, ony myhmanhana eltýär. Soňra ol ýaralanan adam üçin myhmanhananyň kireýini töleýär we onuň gowy aladasy ediler ýaly pul berýär.
14 Isa bu wakany gürrüň berip gutarandan soňra, şol sorag beren ýehudydan: «Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy gowy goňşy?» diýip soraýar. Şonda sen näme diýerdiň? Ruhanymy, lewilimi ýa-da samariýaly? ~
15 Ýehudy: «Ýaralanan adamyň aladasyny eden» diýip jogap berýär. Isa oňa: «Dogry aýtdyň, bar sen-de şonuň ýaly et» diýýär (Luka 10:25—37).
16—19. a) Isanyň gürrüň beren wakasy goňşymyzyň kimdigini nädip görkezýär? b) Ýehowanyň ala tutmaýandygyny nireden bilýäris? ç) Biz nädip gowy goňşy bolup bileris?
16 Gör, nähili gowy waka! Bu biziň goňşymyzyň kimdigini aýdyň görkezýär. Olar biziň diňe bir ýakyn dostlarymyz däl ekeni. Şeýle-de olar diňe bir biziň daşky keşbimize meňzeş ýa-da biziň dilimizde gepleýän adamlaram däl. Isa bize adamlaryň haýsy ýurtdan gelendigine, daşky keşbiniň nähilidigine ýa-da haýsy dilde gepleýändigine garamazdan, ýagşylyk etmelidigini öwretdi.
17 Ýehowa Hudaýyň özi hem adamlary ala tutman, ýagşylyk edýär. Isa: «Gökdäki Ataňyz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» diýdi. Şonuň üçin biz hem Allatagala ýaly ähli adamlara ýagşylyk etmeli (Matta 5:44—48).
Sen nädip gowy goňşy bolup bilersiň?
18 Sen kimdir biriniň ýaralanandygyny görseň näme edersiň? ~ Eger ol başga ýurtdan gelen bolsa ýa-da onuň daşky keşbi saňa meňzemeýän bolsa näme? Sen oňa kömek etmeli, sebäbi ol hem seniň goňşyň. Eger oňa kömek etmäge güýjüň ýetmese, onda ululardan birine haýyş edip bilersiň. Belki-de, polisiýa işgärini ýa-da mugallymy çagyrarsyň. Şeýle etmek bilen, sen rehimdar samariýaly adama meňzärsiň.
19 Beýik Mugallym biziň ýagşylyk etmegimizi isleýär. Adamlaryň nähilidigine garamazdan, olara kömek etmegimize garaşýar. Ine, şonuň üçin hem ol rehimdar samariýaly adam barada gürrüň berdi.
Adamlaryň milletine we tire-taýpasyna garamazdan, ýagşylyk etmegi öwrenmek üçin şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 11:17; Resullaryň işleri 10:34, 35 we 17:26.