Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 20 sah. 107—111
  • Sen hemişe birinji bolmak isleýärmiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen hemişe birinji bolmak isleýärmiň?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Myhmançylyga çagyrylmak
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Beýik Mugallym adamlara hyzmat edýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Resullar ýene-de wezipä kowalaşýarlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 20 sah. 107—111

20-NJI BAP

Sen hemişe birinji bolmak isleýärmiň?

1—7. a) Isa birinji bolmak isleýän adamlara nähili garaýar? b) Isa nähili wakany gürrüň berdi we näme üçin? ç) Isanyň gürrüň beren wakasy nämäni aňladýar? d) Birinji bolmak islegi nämäniň üstünden eltýär?

SEN hemişe birinji bolmak isleýän adamlardan kimi tanaýarsyň? ~ Belki, ol nobata duranlaryň iň öňüne geçmek üçin, olary itekleýändir. Sen şeýle ýagdaýy görüpmidiň? ~ Beýik Mugallym hatda uly adamlaryň hem gowy ýere geçmek isleýändigini görüpdi. Ol muny halamandy. Gel, bu barada bileli.

Bu oglan nobata duran oglanlary itekläp olaryň öňüne geçýär

Sen birinji boljak bolýan adamlary görüpmidiň?

2 Mukaddes Ýazgylarda bir dini ýolbaşçynyň Isany myhmançylyga çagyrandygy barada aýdylýar. Isa ol ýere gelen myhmanlaryň töre, ýagny iň gowy ýere geçýändigini görýär. Şol sebäpli olara bir wakany gürrüň berýär. Seniň bu barada bilesiň gelýärmi? ~

3 Isa: «Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme» diýýär. Bu sözler nämäni aňladýar? ~ Ol myhmanlaryň arasynda has gadyrly adamyň bolup biljekdigini düşündirýär. Suratda görşüň ýaly, öýüň eýesi gelen myhmana: «Ýeriňi muňa ber-de, sen ol ýere geç» diýýär. Şonda myhman özüni nähili duýduka? ~ Elbetde, ol utanandyr. Sebäbi beýleki adamlar onuň törden pes ýere geçendigini görýärler.

4 Isa gowy ýeri islemegiň nädogrudygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Seni toýa çagyranlarynda, baryp iň pes ýerde otur. Şonda toýa çagyran adam saňa: „Eý dost! Töre geç“ diýer. Sen ähli myhmanlaryň ýanynda töre geçip hormatlanarsyň» (Luka 14:1, 7—11).

Öýüň eýesi gowy ýerde oturan myhmana, ýeriňi muňa ber-de, sen ol ýere geç diýýär

Isa töre geçýän adamlar barada gürrüň berip, nämäni öwretdi?

5 Isanyň bu wakany näme üçin gürrüň berendigine düşündiňmi? ~ Gel, bir mysala seredeli. Aýdaly, sen adamlary itekläp, dyknyşyk awtobusa münýärsiň. Şonda sen garry adamlaryň dik durjakdygyna garamazdan, oturmaga howlugarsyňmy? ~ Bu Isa ýararmy? ~

6 Ýöne käbir adamlar Isa biziň näme edýändigimizi görmeýär diýmegi mümkin. Emma sen muňa ynanýarmyň? ~ Isa fariseýiňkä myhmançylyga baranda, adamlaryň özüne nähili ýer saýlaýandygyna syn edýär. Ol biziň näme edýändigimizi görýärmi? ~ Häzir Isa gökde ýaşaýar we ähli zady görýär.

7 Kimdir biri birinji boljak bolsa, kynçylyk döredip bilýär. Sebäbi bu köplenç adamlaryň gaharyny getirýär. Şeýle ýagdaý köplenç çagalar awtobusly nirädir bir ýere gitmekçi bolanlarynda bolýar. Awtobus gelen badyna, çagalar ilkinji bolup münmäge howlugýarlar. Olaryň her biri iň gowy ýerde, aýnanyň ýanynda oturjak bolýarlar. Soňra näme bolýar? ~ Hawa, olar biri-biriniň gaharyny getirýär.

8—15. a) Ilkinji bolmak islegi resullaryň arasynda nähili kynçylyk döretdi? b) Isa ilkinji bolmak isleýän adamyň näme etmelidigini aýtdy? ç) Biz adamlara nädip hyzmatkär ýaly bolup bileris?

8 Birinji bolmak islegi hem kynçylyk döredýär. Hatda resullaryň arasynda-da şeýle bolupdy. Şu kitabyň 6-njy babyndan bilşimiz ýaly, olar öz aralarynda jedelleşýärler. Şonda Isa näme edýär? ~ Isa olaryň nädogry garaýşyny düzedýär. Emma soňra olar ýene-de öz aralarynda jedelleşýärler. Gel, munuň nämeden başlandygyny bileli.

9 Isa resullary we başga adamlar bilen iň soňky gezek Iýerusalime gidýär. Isa olara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýär. Şonda Ýakup we Ýahýa Isa bilen höküm sürmegi arzuw edýärler. Hatda olar muny ejesi Salomä hem gürrüň berýärler (Matta 27:56; Markus 15:40). Olar Iýerusalime ýetmänkäler, Salome Isanyň ýanyna baryp, dyza çökýär-de, bir zady haýyş edýär.

10 Isa hem oňa: «Näme isleýärsiň?» diýýär. Ol: «Seniň Patyşalygyňda meniň bu iki oglumyň biri seniň sagyňda, biri hem soluňda otursyn» diýýär. Ýakup bilen Ýahýanyň ejesiniň üsti bilen eden haýyşyny beýleki on resul hem eşidýär. Bu olara nähili täsir edýär?~

Salomi Isadan ogullary Ýakup bilen Ýahýa hormatly ýer bermegini haýyş edýär

Salome Isadan nämäni haýyş etdi we Isa oňa nähili jogap berdi?

11 Hawa, olaryň Ýakup bilen Ýahýa örän gahary gelýär. Şol sebäpli Isa ähli resullaryna gowy maslahat berýär. Isa milletleriň başlyklary agalyk edip, özlerine hormat goýulmagyny isleýändigini aýdýar. Olar ýokary wezipä geçip, başgalaryň üstünden ýolbaşçylyk etmegi halaýarlar. Emma Isa şägirtlerine beýle etmegiň nädogrudygyny aýdýar. Göz öňüne getir, Isa: «Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun» diýýär (Matta 20:20—28).

12 Sen hyzmatkäriň näme edýändigini bilýärmiň? ~ Ol adamlara hyzmat edip, özüne hyzmat edilmegine garaşmaýar. Hyzmatkär törde däl-de, gapynyň agzynda oturýar. Ol hemişe-de özüni pes tutýar. Hawa, Isanyň kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, özüni gul ýaly alyp barsyn diýenini hem unutmaly däl.

13 Munuň bize nähili degişli ýeri bar? ~ Hyzmatkär iň gowy ýerde oturjak bolup, hojaýyny bilen jedelleşermi? Ýa-da ol nahary kimiň birinji iýmelidigi barada dawalaşarmy? Sen nähili pikir edýärsiň? ~ Isa guluň öz hojaýynyny hemişe ýokary tutýandygyny aýtdy (Luka 17:7—10).

14 Bizde birinji bolmak islegi bolmaz ýaly näme etmeli? ~ Hawa, biz adamlara hyzmatkär ýaly bolmaly. Biz özümizi adamlardan ýokary däl-de, pes tutmaly. Biz muny nädip edip bileris? ~ Gel, şu kitabyň 40, 41-nji sahypalaryny açyp, adamlara nädip hyzmat edip bolýandygyna ýene-de bir sapar seredeli.

15 Beýik Mugallymyň özüni pes tutup, adamlara hyzmat edendigi seniň ýadyňa düşýärmi? Isa resullary bilen iň soňky sapar oturanda, ol dyza çöküp, olaryň aýaklaryny ýuwýar. Biz ondan görelde alsak, Beýik Mugallymy we onuň Atasy Ýehowa Hudaýy örän begendireris.

Gel, indi adamlary özümizden ýokary tutmaga kömek edýän käbir aýatlary okaly: Luka 9:48; Rimliler 12:3 we Filipililer 2:3, 4.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş