Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 24 sah. 127—131
  • Hiç haçan ogrulyk etme!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hiç haçan ogrulyk etme!
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Halypamyzyň agşam nahary
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 24 sah. 127—131

24-NJI BAP

Hiç haçan ogrulyk etme!

1—13. a) Adam näme üçin ogrulyk edýär? b) Ilkinji ogry kim we ol näme ogurlady? ç) Biziň ählimiz nähili nädogry islege garşy göreşmeli? d) Iuda Iskariotyň nädogry islegi nämä eltdi?

KIMDIR BIRI seniň zadyňy ogurlapmydy? ~ Şonda sen özüňi nähili duýduň? ~ Kim ogrulyk etse, oňa ogry diýilýär. Ogryny bolsa hemmeler ýigrenýär. Seniň pikiriňçe, adam nädip ogry bolýar? Ol ogry bolup dogulýarmy? ~

2 Biz adamlaryň günäli dogulýandygyny bildik. Biziň ählimiz bikämil. Emma hiç bir adam ogry bolup dogulmaýar. Ogry gowy maşgaladan hem çykyp biler. Belki, onuň ene-atasy, doganlary we jigileri dogruçyl adamlardyr. Emma adam pula ýa-da zada gyzyp, ogrulyk etmegi mümkin.

3 Sen ilkinji ogrynyň kimdigini bilýärmiň? ~ Gel, bu barada oýlanaly. Beýik Mugallym gökde ýaşanda, onuň kimdigini bilýärdi. Ol ogry — perişdedi. Eger Hudaý perişdeleriň ählisini kämil edip ýaradan bolsa, onda ol nädip ogry bolduka? ~ 8-nji bapdan bilşimiz ýaly, şol perişde başga biriniň zadyna göz gyzdyrdy. Onuň nämä göz gyzdyrandygy ýadyňa düşýärmi? ~

4 Alla Adam ata bilen How enäni ýaradansoň, şol perişde olaryň özüne sežde etmegini isledi. Onuň beýle etmegi nädogrudy. Adamlar diňe Hudaýa sežde etmelidi. Şol perişde Adam ata bilen How enäni özüne sežde etdirip, ogrulyk etdi! Şeýdip, ol Şeýtan Iblis boldy.

5 Ogrulyk etmäge näme sebäp bolýar? ~ Özüňki bolmadyk zady islemek. Bu isleg şeýle güýçli bolýar welin, hatda gowy adamlar hem erbet işleri edýär. Käbir ogrular hiç haçan ökünmeýär we düzelmeýär. Şeýle adamlaryň biri Isanyň resuly Iuda Iskariotdy.

6 Iuda ogrulyk etmegiň nädogrudygyny bilýärdi. Sebäbi ol ýaşlygyndan Hudaýyň Kanunyny öwrenýärdi. Ol Hudaýyň öz halkyna gökden: «Ogrulyk etme» diýenini bilýärdi (Müsürden çykyş 20:15). Iuda ulalandan soň, Beýik Mugallyma duşup, onuň şägirdi bolýar. Soňra Isa ony 12 resulynyň biri edip saýlaýar.

7 Isa resullary bilen bile köp ýerlere gidýär. Olar bile naharlanýar we ähli pullaryny bir gutuda saklaýar. Isa gutyny götermegi Iuda ynanýar. Elbetde, bu pullar Iudanyňky däldi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, Iudanyň näme edendigini bilýärmiň? ~

Isanyň götermegi ynanan gutudan Iuda pul ogurlaýar

Iuda näme üçin ogrulyk etdi?

8 Iuda gutudaky puldan rugsatsyz alyp başlaýar. Ol puly başgalaryň görmeýän wagty alýar. Hatda ol köpräk pul almagyň usulyny gözleýär. Indi ol hemişe pul barada pikir edýär. Gel, Beýik Mugallymyň ölümine sanlyja gün galanda, Iudanyň erbet isleginiň nämä eltendigini bileli.

9 Isanyň dosty Lazaryň uýasy Merýem gymmat bahaly ýagy alyp, Isanyň aýagyna çalýar. Emma muňa Iuda närazy bolýar. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Ol ýagy satyp, puly garyplara bermelidigini aýdýar. Aslynda, ol ogurlamak üçin guta köpräk puluň atylmagyny isleýär (Ýahýa 12:1—6).

10 Isa Iudanyň Merýeme hiç zat diýmeli däldigini aýdýar. Sebäbi Merýem ýagşylyk etdi. Isanyň aýdan sözleri Iuda ýaramaýar. Şol sebäpli ol baş ruhanylaryň, ýagny Isanyň duşmanlarynyň ýanyna gidýär. Olar Isany gije hiç kimiň görmeýän wagty tussag etmek isleýär.

11 Iuda baş ruhanylara: «Eger men Isany size tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýýär.

12 Olar hem Iuda otuz kümüş pul berjekdigini aýdýarlar (Matta 26:14—16).

13 Iuda puly alyp, Beýik Mugallymyny satýar. Şeýle ýamanlyk eden adamy göz öňüne getirmegem kyndyr, dogry dälmi? ~ Hawa, pul ogurlaýan adam iň soňy şeýle erbet iş edýär. Ol puly adamlardan, hatda Hudaýdanam köp söýýär.

14—21. a) Akan näme üçin ogrulyk etdi? b) Dawut we onuň ogly Abşalom nämäni ogurlady? ç) Alla ogrulyga nähili garaýar? d) Ogry bolmaz ýaly näme etmeli?

14 Belki, sen: «Men hiç bir zady Hudaýdan köp söýmerin» diýýänsiň. Sen şeýle pikir edýän bolsaň, gaty gowy. Emma Isa Iudany resul edip saýlanda, ol hem şeýle pikirde bolandyr. Ogrulyk eden adamlar hem başda şeýle pikir edýärler. Gel, men saňa olaryň käbiri barada gürrüň bereýin.

Akan dony we altyn tokgasyny alýar; Dawut Batşeba seredýär

Akan we Dawut nähili erbet zatlar barada pikir etdi?

15 Olaryň biri Beýik Mugallym dogulmazyndan has öň ýaşan Hudaýyň gullukçysy Akandy. Ol owadan dony, altyn tokgasyny we kümüş pullary görýär. Bu zatlar onuňky däldi. Mukaddes Ýazgylarda şol zatlaryň Ýehowanyňkydygy aýdylýar. Sebäbi olar Hudaýyň halkynyň duşmanlaryndan alnypdy. Emma Akan şol zatlary şeýle bir alasy gelýär welin, hatda olary ogurlaýar (Ýeşuwa 6:19; 7:11, 20—22).

16 Indi başga mysala seredeli. Gadymy döwürde Ýehowa Dawudy ysraýyl halkynyň patyşasy edip saýlaýar. Bir gün Dawut Batşeba diýen owadan aýaly görýär. Ol Batşebadan gözüni aýyrman, ony aýaly edip almak barada oýlanyp başlaýar. Emma Batşeba Uryýanyň aýalydy. Şonda Dawut näme etmelidi? ~

17 Dawut Batşebany aýal edinmek barada pikir etmeli däldi. Emma ol pikir etmegini bes etmeýär. Şol sebäpli Dawut ony öýüne getirýär. Soňra ol Uryýany öldürdýär. Dawut näme üçin şeýle erbet işleri etdikä? ~ Sebäbi ol başga biriniň aýalyny almak isledi (2 Şamuwel 11:2—27).

Abşalom bir adamy gujaklap dur

Abşalom nädip ogrulyk etdi?

18 Dawut patyşa eden işine ökünýär. Şol sebäpli Ýehowa ony öldürmeýär. Emma indi Dawudyň öýünde köp kynçylyklar başlaýar. Onuň ogly Abşalom Dawuda derek patyşa bolmak isleýär. Ol Dawudyň ýanyna gelen adamlaryň öňünden çykyp, olary gujaklaýar we ogşaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy» diýilýär. Şeýlelikde, şol adamlar Dawuda derek Abşalomyň patyşa bolmagyny isleýärler (2 Şamuwel 15:1—12).

19 Sen hem Akan, Dawut we Abşalom ýaly nämedir bir zady almak isläpmidiň? ~ Eger biz biriniň zadyny soraman alsak, ogrulyk etdigimiz bolar. Ilkinji bolup ogrulyk eden Şeýtanyň nämäni isländigi ýadyňdamy? ~ Ol adamlaryň Hudaýa däl-de, özüne sežde etmegini isledi. Şol sebäpli Şeýtan Adam ata bilen How enäni özüne sežde etdirip, ogrulyk etdi.

20 Adam zadyny kime bermelidigini özi çözýär. Aýdaly, sen dostuň bilen olaryň öýünde oýnaýarsyň. Olaryň öýünden bir zady alyp, öz öýüňe äkitseň dogry bolarmy? ~ Eger dostuňyň ejesi ýa kakasy almaga rugsat bermese, bu nädogry bolardy. Sen nämedir bir zady soraman alsaň, ogrulyk etdigiň bolar.

21 Seni ogrulyk etmäge näme iterip biler? ~ Biriniň zadyny almak islegi. Seniň ogrulyk edýäniňi hiç kim görmese-de, kimiň görýändigini bilýärmiň? ~ Ýehowa Hudaý. Biz Hudaýyň ogrulygy ýigrenýändigini unutmaly däl. Sen Ýehowany we ýakynyňy söýseň, hiç haçan ogrulyk etmersiň.

Mukaddes Ýazgylarda ogrulyk etmegiň nädogrudygy aýdyň düşündirilýär. Gel, bu barada okaly: Markus 10:17—19; Rimliler 13:9 we Efesliler 4:28.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş