GOŞMAÇA MAGLUMAT
Baýdaga tagzym etmek, saýlawda ses bermek we graždan gullugy
Baýdaga tagzym etmek. Ýehowanyň Şaýatlary gimn aýdylanda, baýdagyň öňünde dyza çöküp, tagzym etmegi ýa-da ogşamagy dini däp hasaplaýarlar, sebäbi bu gutulyşy Hudaýyň däl-de, döwletiň ýa-da onuň ýolbaşçylarynyň berýändigini aňladýar (Işaýa 43:11; 1 Korinfliler 10:14; 1 Ýahýa 5:21). Şeýle ýolbaşçylaryň biri gadymy Wawilonyň patyşasy Nebukadnezardy. Öz beýikligi we dini yhlasy bilen raýatlarynda täsir galdyrjak bolup, güýçli hökümdar uly heýkel gurdurýar hem-de saz çalnanda — muny gimn bilen deňeşdirse bolýar — ähli adamlaryň oňa sežde etmegini buýruk berýär. Emma üç ýewreý oglan Şadrak, Meşak we Abednego, hatda janlary howp astynda bolsa-da, oňa sežde etmekden ýüz öwürýärler (Danyýel, 3-nji bap).
Taryhçy Karlton Heýsiň aýtmagyna görä, biziň asyrymyzda «baýdak — milletparazlyk dininiň baş nyşany bolup, oňa sežde edilýär. Ýanynda baýdagy göterip geçenlerinde, erkek adamlar telpegini çykarýarlar; şahyrlar baýdagyň hatyrasyna goşgy düzýärler, çagalar bolsa gimn aýdýarlar». Ol şeýle-de milletparazlygyň hem öz «mukaddes günleri», ýagny baýramçylyklary bar diýdi. Meselem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 4-nji iýul (Garaşsyzlyk güni) hem-de öz «mukaddesleri we gahrymanlary», «ybadathanalary» ýa-da mukaddes ýerleri bar diýdi. Braziliýada dabaraly ýygnanyşyk geçirilende, bir ýokary wezipeli harby emeldar şeýle diýdi: «Baýdaga hormat goýulýar... Watana tagzym edilişi ýaly, baýdaga-da sežde edilýär». Hawa, bir ensiklopediýada bellenilişi ýaly, «baýdak hem haç ýaly mukaddes hasaplanylýar».
Ýokarda agzalan ensiklopediýada şeýle diýildi: «Döwlet gimnleri watana söýgini wasp edýär we olarda köplenç halky ýa-da onuň hökümdarlaryny goramak barada Hudaýdan dileg edilýär». Şol sebäpli Ýehowanyň gullukçylarynyň baýdaga tagzym etmek we döwlet gimnini aýtmak bilen bagly dabaralary dini zat hasaplamaklary akylsyzlyk däldir. «Amerikanyň ruhy» atly kitapda Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalary ABŞ-nyň mekdeplerinde baýdaga tagzym etmekden ýa-da oňa wepaly bolmaga kasam etmekden ýüz öwürmegi barada şeýle diýilýär: «Ýokary kazyýet gelen kararlarynyň birinde, ahyrsoňy, günde geçirilýän şol adatlaryň dine degişlidigini tassyklady» (The American Character).
Ýehowanyň halky Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk däplere gatnaşmasa-da, başgalaryň islegine hormat goýýarlar. Şeýle-de olar baýdaga döwlet nyşany hökmünde hormat goýýarlar we kanuny hökümetleri «ýokary häkimiýetler» hem-de «Hudaýyň gullukçylary» hökmünde kabul edýärler (Rimliler 13:1—4). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary «ähli adamlar, şol sanda patyşalar, ýokary wezipäni eýeleýänler üçin» doga etmeli diýen maslahata gulak asýarlar. Şeýtsek, «bu bize mundan beýläk-de parahat we asuda ýaşamaga, Hudaýa wepaly bolup, ähli zady yhlasly ýerine ýetirmäge kömek eder» (1 Timoteos 2:2).
Saýlawlarda ses bermek. Mesihçiler adamlaryň ses bermek hukugyna hormat goýýarlar. Olar saýlawlara garşy çykmaýarlar we saýlanan häkimiýete tabyn bolýarlar. Emma olar halklaryň syýasy işlerinde bitaraplygy saklamagy berk ýüregine düwdüler (Matta 22:21; 1 Petrus 3:16). Ýaşaýan ýurdunda ses bermek mejbur edilýän bolsa ýa-da saýlaw meýdançasyna barmadyklara garşy çäre görülýän bolsa, onda mesihçiler näme etmeli? Dur düzlügine baran Şadrak, Meşak we Abednegony ýada salyp, mümkin, şeýle ýagdaýa düşen mesihçi ynsaby ýol berse, ses berilýän meýdança baryp biler. Emma ol bitaraplygyny bozmakdan ägä bolmaly. Ol aşakdaky alty prinsipi göz öňünde tutmaly:
Isanyň şägirtleri «dünýädäki adamlar ýaly däl» (Ýahýa 15:19).
Ýehowanyň Şaýatlary Mesihiň we onuň Patyşalygynyň wekilleridir (Ýahýa 18:36; 2 Korinfliler 5:20).
Mesihçiler ýygnagy Hudaýa agzybir iman edip, onuň agzalary bir-birini Mesihiň söýşi ýaly söýýärler (1 Korinfliler 1:10; Koloslylar 3:14).
Kimdir birini wezipä saýlan adamlar onuň işine şärik bolýar. (1 Şamuwel 8:5, 10—18; 1 Timoteos 5:22-nji aýatlardaky prinsiplere üns ber.)
Ýehowa ysraýyl halkynyň adamlardan patyşa saýlamak islegini, Özüni ret edilen ýaly saýdy (1 Şamuwel 8:7).
Mesihçiler dürli syýasy garaýyşly adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada batyrgaý wagyz etmeli (Matta 24:14; 28:19, 20; Ýewreýler 10:35).
Graždan gullugy. Kä ýurtlarda döwlet häkimiýeti harby gullukdan boýun towlaýanlara belli bir wagtyň dowamynda graždan gullugyny etdirýärler. Şeýle meselä duş gelsek, biz doga etmeli, ruhy taýdan ýetişen mesihçi bilen maslahatlaşmaly, soňra bolsa ynsabymyza we bu mesele boýunça bilen zatlarymyza görä karara gelmeli (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5; Filipililer 4:5).
Hudaýyň Sözünde: «Hökümetlere we häkimiýetlere... gulak asmak, her bir oňat işe taýyn bolmak... we paýhasly bolmak» maslahat berilýär (Titus 3:1, 2). Şuny ýatda saklap, özüňe şeýle sowallary ber: «Eger men graždan gullugyna razy bolsam, mesihi bitaraplygymy bozup, ýalan dine goşularynmy?» (Mika 4:3, 5; 2 Korinfliler 6:16, 17). «Graždan gullugy meniň ýygnakdaky borçlarymy ýerine ýetirmegimi kynlaşdyrarmy, hatda goýduryp bilermi?» (Matta 28:19, 20; Efesliler 6:4; Ýewreýler 10:24, 25). «Ýa-da bu gulluk maňa mesihi gullugymy has yhlasly, hatda Hudaýa uzak wagtly gulluk etmäge mümkinçilik berermi?» (Ýewreýler 6:11, 12).
Eger mesihçi terbiýelenen ynsabyna görä, türmä gitmän, graždan gullugyna razylaşsa, imandaşlary ony gelen karary üçin ýazgarmaly däl (Rimliler 14:10). Eger ol şeýle gulluga razy bolmasa, şonda-da başgalar onuň kararyny sylamaly (1 Korinfliler 10:29; 2 Korinfliler 1:24).