31-nji aýdym
Biz Ýehowanyň Şaýatlary!
1. Adamlar but ýasaýar,
Alladan daş ýaşaýar.
Güýçlüdir hak Hudaý,
Ýokdur oňa taý.
Butlaň bolsa jany ýok,
Gelejegi bilenok.
Olar adamlaň ýasan zady,
Bolmaz butlaryň şaýady.
(GAÝTALAMAK)
Biz Ýehowaň Şaýady.
Gorkman aýdýas hak zady.
Ýah gelejegi aýdýar mydam,
Aýdany bolýar hökman.
2. Her kime edip wagyz,
Diýseň şatlanýarys biz.
Aýdýarys batyrgaý,
Gidip dyngysyz.
Ine, şeýdip hakykat,
Köpleri edýär azat.
Olar ösüş edip gün-günden,
Wagyz eder biziň bilen.
(GAÝTALAMAK)
Biz Ýehowaň Şaýady.
Gorkman aýdýas hak zady.
Ýah gelejegi aýdýar mydam,
Aýdany bolýar hökman.
3. Yhlasly edip wagyz,
Hudaýy beýgeldýäs biz.
Höküm güni hakda,
Aýdýas dyngysyz.
Kim ýaşasa aýypsyz,
Bagyşlanar gürrüňsiz.
Şaýatlyk etmek berýär şatlyk,
Umyt hem-de parahatlyk.
(GAÝTALAMAK)
Biz Ýehowaň Şaýady.
Gorkman aýdýas hak zady.
Ýah gelejegi aýdýar mydam,
Aýdany bolýar hökman.
(Şeýle-de Iş. 37:19; 55:11; Ezek. 3:19 serediň.)