Siz Hudaýa ynanýarsyňyzmy ýa-da ewolýusiýa?
Durmuşyň manysy barmy? Ewolýusiýa taglymatyna uýýan alym Wilýam Prowaýn şeýle diýýär: «Şunça ýyllaryň dowamynda ewolýusiýa hakda öwrenen zatlarymyz biziň durmuşymyza güýçli täsir edýär». Soňra ol şeýle netijä gelýär: «Meň pikirimçe, durmuşyň hiç hili manysy ýok».32
Eger alymyň sözleri dogry bolsa, durmuşyň hiç hili manysy bolmazdy. Biz ebedilik ýok bolup giderdik. Bu dünýäde diňe eden ýagşy işlerimizi we neslimizi galdyrardyk. Oýlanyp görüň, biziň beýnimiz, zehinimiz, durmuşyň manysy hakdaky oý-pikirlerimiz tebigatyň tötänden döreden zady bolardy.
Ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlar «Hudaý ýok» ýa-da «Ol adamlaryň aladasyny etmeýär» diýip öwredýärler. Eger şeýle bolsa, biziň gelejegimiz syýasy, dini ýolbaşçylara we alymlara bagly bolardy. Taryha ser salsak, olar adamlaryň durmuşyna awy gatdylar. Uruşlary, dawa-jenjelleri turzup, agzalalyk döretdiler. Eger ewolýusiýa taglymaty dogry bolsa: «Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris» diýen şygar boýunça ýaşamaly bolardyk (1 Korinfliler 15:32).
Emma Mukaddes Kitapda Allatagalanyň «ýaşaýşyň Gözbaşydygy» ýazylan (Zebur 36:9). Şu sözleriň çuňňur manysy bar.
Eger Mukaddes Kitapda ýazylanlar dogry bolsa, durmuşyň manysy bar. Beýik Ýaradan özüne gulak asýan adamlara gowy durmuşy wada berýär (Nesihat 12:13). Şol durmuşda uruş, dawa-jenjel, agzalalyk, hatda ölüm hem bolmaz (Zebur 37:10, 11; Işaýa 25:6—8).
Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar hak Alla iman edip, oňa gulak asyp ýaşamagyň bagtly edýändigine göz ýetirdiler (Ýahýa 17:3). Olaryň imany subutnamalara esaslanýar. Dogrudanam, ýaşaýyş öz-özünden döremedi, ony hak Alla ýaratdy.