Ýaşlaryň sowallary
Gadyrly ýaşlar!
Gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaý sizi gaty gowy görýär. Ol siziň bagtly ýaşamagyňyzy isleýär. Ýöne siz: «Şu dünýäde bagtly ýaşap bolýarmy?» diýip, geň galýan bolmagyňyz hem mümkin. Elbetde, bu barada oýlanmak nädogry däl. Sebäbi biz durmuşda köp kynçylyklara duş gelýäris. Gündelik durmuşdaky gaýgy-aladalardan ýaňa käte şatlygymyzam ýitirýäris. Bolsa-da, söýgüden doly Atamyz biziň dadymyza ýetişýär! Ol bize öz Sözi arkaly görkezme berip, durmuşyň çarkandakly ýollaryndan ýöremäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylar ençeme ýyl mundan ozal ýazylan bolsa-da, ondaky maslahatlar häzire çenli gymmatyny gaçyrmady (Zebur 119:98, 99; 2 Timoteos 3:16, 17).
Bizem şu kitaby sizi ýürekden söýýändigimiz üçin taýýarladyk. Biz siziň bagtly bolup, durmuşda iň gowy zatlara eýe bolmagyňyzy isleýäris. Şonuň üçin bu kitaby ýöne bir okap çykman, her gezek kynçylyga duş geleniňizde, ony ýene-de eliňize alyp, gerekli maslahatlary gözleseňiz gowy bolar. Biz şu kitaby, esasanam, siziň ene-atalaryňyz bilen gowy düşünişip ýaşamagyňyz üçin çykardyk. Onuň käbir bölümlerini ene-ataňyz bilen bile okap öwrenersiňiz diýip umyt edýäris. Ene-ataňyzyň akyl-paýhasyndan we durmuş tejribesinden köp zatlary öwrenjek boluň!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty