Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jl sap. 13
  • Kimlere pioner diýilýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kimlere pioner diýilýär?
  • Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Pioner gullugy Hudaý bilen dostlugyňy berkidýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sen umumy pioner bolup gulluk etmäge taýynmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
jl sap. 13

13-NJI BÖLÜM

Kimlere pioner diýilýär?

Pioner wagyzçy adamlaryň köp bolýan ýerinde wagyz edýär

Kanada

Pionerler wagyz edýär

Öýden-öýe wagyz

Pioner Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär

Mukaddes Ýazgylar okuwy

Pioner Mukaddes Ýazgylary öwrenýär

Şahsy okuw

Öňde ýöreýän we başgalar üçin ýol açýan adama köplenç «pioner» diýilýär. Isa pygambere hem pioner diýse bolar, sebäbi ol adamlara gutulyş ýoluny açmak üçin ýer ýüzüne geldi we bütin ömrüni wagyz işine bagş etdi (Matta 20:28). Şu günler onuň göreldesine eýerýän mesihçiler «şägirt» taýýarlamak işine köpräk wagt sarp etmäge jan edýärler (Matta 28:19, 20). Olaryň käbiri bolsa, pioner gullugyna başlady.

Pionerler — doly wagtly gullukçylar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisi hoş habary wagyz etmek işine gatnaşýarlar. Emma olaryň käbiri pioner bolup gulluk edýärler. Olar her aý 70 sagat wagyz edip biler ýaly, ýarym gün işleýärler. Käbir wagyzçylar bolsa, ýörite pioner gullugyna bellenilýär. Olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýärler we wagyz işine her aý 130 sagat ýa-da ondan hem köpräk wagt sarp edýärler. Pionerler sada ýaşaýarlar we ýaşaýyş üçin gerekli zady Ýehowanyň üpjün etjekdigine ynanýarlar (Matta 6:31—33; 1 Timoteos 6:6—8). Emma doly wagtly gulluk edip bilmeýän wagyzçylar kömekçi pioner bolup, aýda 30 ýa-da 50 sagat wagyz edýärler.

Pionerler Hudaýa we adamlara bolan söýgüsini görkezýärler. Isa ýaly biz hem adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdadygyny görýäris (Markus 6:34). Şol sebäpli biz adamlara şu günler we gelejekde bagtly ýaşamaga kömek edýän bilimi berýäris. Pionerler adamlara ruhy taýdan kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýarlar. Muny etmäge olary adamlara bolan söýgi höweslendirýär (Matta 22:39; 1 Selanikliler 2:8). Bu gulluk olaryň imanyny berkidýär, Hudaýa has-da ýakynlaşdyrýar we köp şatlyk tapmaga ýardam edýär (Resullaryň işleri 20:35).

  • Pioner diýip kime aýdylýar?

  • Käbir wagyzçylary doly wagtly gulluk etmäge näme höweslendirýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş