Siz Ýehowanyň islegini berjaý etmek isleýärmisiňiz?
Biz siziň şu broşýura arkaly Ýehowanyň Şaýatalary bilen tanyşmak üçin wagt sarp edendigiňize çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Elbetde, siz biziň ýerine ýetirýän işlerimiz we guramamyzyň hereket edişi bilen ýakyndan tanşansyňyz. Bu broşýura size şu günler Ýehowa Hudaýyň islegini kimiň ýerine ýetirýändigine düşünmäge kömek edendir diýip umyt edýäris. Biz sizi Hudaý barada bilim almagyňyzy dowam etmäge, öwrenen zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza we dost-ýarlaryňyza gürrüň bermäge hem-de ýygnak duşuşyklarymyza yzygiderli gatnaşmaga höweslendirýäris (Ýewreýler 10:23—25).
Siz Ýehowany näçe gowy tanadygyňyzça, şonça-da Onuň size bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirersiňiz. Netijede, siz hem Hudaýy söýýändigiňizi görkezmek islärsiňiz (1 Ýahýa 4:8—10, 19). Emma siz muny nädip edip bilersiňiz? Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermek näme üçin wajyp? Size Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge näme kömek eder? Bu soraglaryň jogabyny tapmaga size Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän wagyzçy ýardam edip biler. Şeýdip, siz we siziň maşgala agzalaryňyz «Hudaýyň söýgüsinde» galyp, «ebedi ýaşaýşa» gowşup bilersiňiz (Ýahuda 21).
Biz sizi «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitapdan sapak geçip, hakykata çuňňur düşünmegiňizi isleýäris.