Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fg sap. 9 soraglar 1—5
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
  • Hudaýyň hoş habary
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Maşgalaňyz agzybir we bagtly bolsun!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Hudaýyň hoş habary
fg sap. 9 soraglar 1—5

9-NJY SAPAK

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

1. Maşgala bagtly bolar ýaly nikany näme üçin resmileşdirmeli?

Är-aýal nikasyny kanun taýdan resmileşdirmeli

Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary bagtly Hudaý Ýehowa ýazdyrdy. Ol ähli maşgalalaryň hem bagtly bolmagyny isleýär (1 Timoteos 1:11). Maşgalany Hudaý döretdi. Maşgala bagtly bolar ýaly, nikany kanun taýdan resmileşdirmeli. Bu maşgala ojagyny goraýar we är-aýala hem-de çagalara özlerini rahat duýmaga ýardam edýär. Mesihçiler nikany resmileşdirmek babatdaky ýerli kanuna hormat goýmaly. Luka 2:1, 4, 5-nji aýatlary okaň.

Allatagala nika nähili garaýar? Ol nikanyň ömürlik bolmagyny isleýär. Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny isleýär (Ýewreýler 13:4). Ol är-aýalyň aýrylyşmagyny ýigrenýär (Malaky 2:16). Emma är ýa-da aýal ýanýoldaşyna biwepalyk etse, Hudaý nikany bozmaga we täzeden maşgala gurmaga rugsat berýär. Matta 19:3—6, 9-njy aýatlary okaň.

2. Är-aýal biri-birine nähili garamaly?

Bagtly är-aýal

Ýehowa är-aýalyň biri-birini goldamagyny isleýär (Gelip çykyş 2:18). Är maşgalabaşy hökmünde, maşgala agzalarynyň maddy taýdan aladysyny etmäge we olara Hudaý barada bilim bermäge jogapkärdir. Ol aýalyny janyny aýaman söýmeli. Är-aýal birek-biregi söýmeli we hormat goýmaly. Olaryň ikisi-de bikämildigi sebäpli, biri-birini bagyşlamagy öwrenmeli. Efesliler 4:31, 32; 5:22—25, 33; 1 Petrus 3:7-ni okaň.

3. Maşgala bagtly bolmasa näme etmeli?

Eger maşgalada kynçylyklar dörese, onda är-aýal biri-birine söýgi bildirmäge jan etmeli (1 Korintoslylar 13:4, 5). Hudaýyň Sözi kynçylygy çözmek üçin aýry ýaşamagy maslahat bermeýär. 1 Korintoslylar 7:10—13-nji aýatlary okaň.

4. Çagalar, Hudaý size nähili durmuş arzuw edýär?

Öýde ene-atalar çagalaryna kömek edýär

Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Siz ýaşlyk günleriňizi şatlyk bilen geçirer ýaly, Allatagala size iň gowy maslahatlary berýär. Ol siziň ata-eneňize gulak asmagyňyzy isleýär, sebäbi olar sizden has paýhasly we tejribelidir (Koloseliler 3:20). Şeýle-de Ýaradyjymyz Ýehowa siziň Onuň islegini berjaý edip, durmuşdan şatlyk tapmagyňyzy isleýär. Efesliler 6:1, 2; Matta 19:13—15; 21:15, 16-njy aýatlary okaň.

5. Ata-eneler, siz çagalaryňyzyň bagtly bolmagy üçin näme edip bilersiňiz?

Ene-atalar çagalary bilen gürrüňdiş bolýar

Siz çagalaryňyzy iýmit, egin-eşik we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmäge jan etmeli (1 Timoteos 5:8). Emma çagalaryňyzyň bagtly bolmagy üçin, siz olara Hudaýy söýmegi we Ony tanamagy-da öwretmeli (Efesliler 6:4). Bu babatda siziň özüňiz görelde görkezmeli. Çagalar siziň Hudaýy söýýändigiňizi görseler, bu olaryň ýüregine güýçli täsir eder. Hudaýyň Sözüne esaslanan maslahatlar çagalaryňyzyň pikirini gowy tarapa özgertmäge kömek eder. Kanun taglymaty 6:4—7; Süleýmanyň tymsallary 22:6-y okaň.

Siz çagalaryňyza ruhlandyryjy we öwgüli sözleri aýtsaňyz, olara köp peýda getirer. Emma çagalara käte düzediş hem-de temmi bermeli bolýar. Şeýle terbiýe çagalary erbet işleri etmekden gorar we bagtly ýaşamaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 22:15). Emma temmini hiç haçan zalymlyk ýa-da rehimsizlik bilen bermeli däl. Koloseliler 3:21-i okaň.

Ýehowanyň Şaýatlary ata-enelere we çagalara kömek etmek üçin birnäçe kitaplary çap etdiler. Bu kitaplar Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Zebur 19:7, 11-nji aýatlary okaň.

«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 14-nji babyndan köpräk maglumat tapyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş