Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fg sap. 11 soraglar 1—4
  • Hudaýyň kada-kanunlary bize nädip peýda getirýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň kada-kanunlary bize nädip peýda getirýär?
  • Hudaýyň hoş habary
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ynsabyňyzy terbiýeläň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Hudaýyň hoş habary
fg sap. 11 soraglar 1—4

11-NJI SAPAK

Hudaýyň kada-kanunlary bize nädip peýda getirýär?

1. Dogry karara gelip biler ýaly, bize näme üçin görkezme gerek?

Hudaýyň kada-kanunlary bizi nähili howpsuzlyk çärelerini görmäge höweslendirýär? (ZEBUR 36:9).

Ýaradyjymyz islendik adamdan akyldardyr. Ol söýgüli Ata hökmünde biziň aladamyzy edýär. Aslynda, biz Hudaýdan garaşsyz ýaşamak üçin ýaradylmadyk (Ýermeýa 10:23). Çaganyň ata-enesiniň görkezmesine mätäç bolşy ýaly, bize-de dogry karara gelip biler ýaly Allatagalanyň kömegi gerek (Işaýa 48:17, 18). Hudaýyň kada-kanunlary bize nähili ýaşamalydygyny görkezýär. Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň beren ajaýyp sowgady. 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň.

Ýehowanyň kada-kanunlary bize şu günler nädip gowy ýaşap bolýandygyny we gelejekde nädip tükeniksiz bereketleri alyp bolýandygyny öwredýär. Hudaý biziň Ýaradyjymyz bolandygy sebäpli, Onuň bize görkezme bermäge doly haky bar. Şol sebäpli biz Hudaýyň söýgi bilen berýän görkezmelerine, ýagny kada-kanunlaryna minnetdar bolup, olary şatlyk bilen ýerine ýetirmeli. Zebur 19:7, 11; Ylham 4:11-i okaň.

2. Hudaýyň Sözi bize nädip görkezme berýär?

Mukaddes Ýazgylardaky käbir kanunlar Hudaýyň bizden köp ýagdaýlarda nämä garaşýandygyna düşünmäge kömek edýär. Emma käbir kanunlar belli bir ýagdaýlar üçin berlen (Kanun taglymaty 22:8). Biz Hudaýyň kada-kanunlary barada oýlanyp, nähili hereket etmelidigine düşünjek bolmaly (Süleýmanyň tymsallary 2:10—12). Meselem, Mukaddes Ýazgylarda ýaşaýşy bize Hudaýyň sowgat berendigi aýdylýar. Bu hakykat her bir adamyň ýaşaýşyny gymmat saýmalydygyny we işde, öýde hem-de dynç alanymyzda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmelidigini görkezýär. Resullaryň işleri 17:28-i okaň.

3. Haýsy iki tabşyryk has wajyp?

Isa iki sany wajyp tabşyryk barada aýtdy. Birinjisi, her bir adam Allatagalany tanamaly, Ony söýmeli we Oňa wepaly gulluk etmeli. Biziň gelýän kararlarymyz şu tabşyryga gulak asýandygymyzy görkezmeli (Süleýmanyň tymsallary 3:6). Bu tabşyryk boýunça ýaşaýan adamlar Hudaý bilen dostlaşýar, hakyky bagtyň eýesi bolýar we ebedi ýaşamaga mümkinçilik gazanýar. Matta 22:36—38-nji aýatlary okaň.

Isa pygamberiň beren ikinji tabşyrygy başgalar bilen parahat ýaşamaga kömek edýär (1 Korintoslylar 13:4—7). Bu tabşyryga gulak assak, Hudaýyň göreldesine eýerip, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolarys. Matta 7:12; 22:39, 40-njy aýatlary okaň.

4. Hudaýyň kada-kanunlary bize nädip peýda getirýär?

Bagtly maşgala

Hudaýyň kada-kanunlary maşgala agzalaryna birek-biregi söýmegi we agzybir ýaşamagy öwredýär (Efesliler 4:32; Koloseliler 3:12, 14). Şeýle-de Hudaýyň Sözi nikanyň hemişelik bolmalydygyny ündeýär. Bu kanun nikany bozmakdan goraýar. Matta 19:4, 5-nji aýatlary okaň.

Biz Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar boýunça ýaşasak, maddy taýdan zyýan çekmezlige kömek eder we ýüregimize rahatlyk berer. Meselem, şu günler ýolbaşçylar işe dogruçyl we zähmetsöýer adamlary, ýagny Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýanlary almak isleýärler (Süleýmanyň tymsallary 10:4, 26; Ýewreýler 13:18). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar bize baryňa kaýyl bolmagy we Hudaý bilen dostlugyňy maddy zatlardan gymmat saýmagy öwredýär. Matta 6:24, 25, 33; 1 Timoteos 6:8—10-njy aýatlary okaň.

Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip, biz öz saglygymyzy hem gorap bilýäris (Süleýmanyň tymsallary 14:30; 22:24, 25). Meselem, Hudaýyň kanunynda arakkeşlikden gaça durmaly diýilýär. Bu bizi ölüme eltýän kesellerden we betbagtçylyklardan gorap saklar (Süleýmanyň tymsallary 23:20). Ýehowa spirtli içgileri çeniňi bilip içmegi gadagan etmeýär (Zebur 104:15; 1 Korintoslylar 6:10). Hudaýyň kada-kanunlary biziň diňe bir edýän işlerimize däl, eýsem, pikirlerimize-de gowy täsir edýär (Zebur 119:97—100). Emma Hudaýyň hakyky gullukçylary Onuň kanunlaryna diňe peýda almak üçin eýermeýärler. Olar muny Ýehowany şöhratlandyrmak üçin edýärler. Matta 5:14—16-njy aýatlary okaň.

«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 12 we 13-nji baplaryndan köpräk maglumat tapyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş