Ata-enelere maslahat
Siz çagalaryňyza nähili iň gowy sowgat berip bilersiňiz? Çagalary söýmeli, terbiýe bermeli we goramaly. Elbetde, siz olara iň gymmatly sowgady, ýagny Ýehowa barada bilimi we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty berip bilersiňiz (Ýahýa 17:3). Şeýle bilim ogul-gyzyňyza hatda çagalykdan Ýehowany söýmäge we Oňa ýürekden gulluk etmäge kömek eder (Matta 21:16).
Ata-eneleriň köpüsi çagalarynyň gysgajyk sapaklary we ýumuşlary gowy görýändiklerine göz ýetirdiler. Şol sebäpli biz «Körpeler üçin sapaklar» atly broşýurany höwes bilen hödür edýäris. Şu broşýuradaky sapaklar ýönekeýje berlen. Suratlar we oňa degişli sözler ýörite üç ýaşa çenli çagalar üçin taýýarlandy. Her sapakda ýumuşlar hem bar. «Körpeler üçin sapaklar» atly broşýura oýnamak üçin däl-de, eýsem, çagalar bilen bile okap, pikir alyşmak üçin çap edildi.
Biz bu broşýuranyň çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty «oglanlykdan» öwretmäge kömek eder diýip umyt edýäris (2 Timoteos 3:14, 15).
Siziň doganlaryňyz,
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty
[3-nji sahypadaky surat]