136-njy aýdym
Gökde Patyşalyk guruldy!
Ýehowa, ýeke-täk Hudaý,
Ýaşaýarsyň baky.
Ogluňy etdiň hökümdar,
Ol saňa wepaly.
Guruldy gökde Patşalyk,
Ýer ýüzüne eder şalyk.
(GAÝTALAMAK)
Ýok, ýok şübhe asla,
Bolarys biz tizden halas.
Patşa boldy Isa,
Ýalbar, gelsin ol basymrak.
Şeýtanyň az galdy wagty,
Gaharly ol örän.
Bu dünýä bolsa-da ýaman,
Kömek edýär iman.
Guruldy gökde Patşalyk,
Ýer ýüzüne eder şalyk.
(GAÝTALAMAK)
Ýok, ýok şübhe asla,
Bolarys biz tizden halas.
Patşa boldy Isa,
Ýalbar, gelsin ol basymrak.
Perişdeler aýdym aýdyp,
Ýaşaýar şadyýan.
Ýere zyňylansoň Şeýtan,
Gökde ýokdur ýalan.
Guruldy gökde Patşalyk,
Ýer ýüzüne eder şalyk.
(GAÝTALAMAK)
Ýok, ýok şübhe asla,
Bolarys biz tizden halas.
Patşa boldy Isa,
Ýalbar, gelsin ol basymrak.
(Şeýle-de Dan. 2:34, 35; 2 Kor. 4:18 serediň.)