146-njy aýdym
Siz muny meniň üçin etdiňiz
Dogruçyl adamlar işleşýär ýürekden,
Sadyk, mesh edilen adamlar bilen.
Şoň üçin olara,
Sylag berer Isa,
Eden işlerini unutmaz asla.
(GAÝTALAMAK)
«Olary goldasaň, meni goldaýaň,
Maňa bolan söýgiň bolýandyr aýan.
Olar üçin etseň, meň üçin edýäň.
Diýmek, sen meni ýürekden söýýäň,
Şonuň üçin senden razy men örän».
Suw berip suwsamda, naharlap aç wagtym,
Mydam kömek etdiň meň mätäç wagtym.
Şonda biri:
«Haçan kömek etdim?» diýer,
Isa-da oňa şeýle jogap berer:
(GAÝTALAMAK)
«Olary goldasaň, meni goldaýaň,
Maňa bolan söýgiň bolýandyr aýan.
Olar üçin etseň, meň üçin edýäň.
Diýmek, sen meni ýürekden söýýäň,
Şonuň üçin senden razy men örän».
«Wepaly bolduňyz siz maňa ýürekden,
Wagyz edip meniň doganlam bilen».
Indi Patşa diýer,
Sagyna seredip:
«Geliň, Jennetde ýaşaň hezil edip».
(GAÝTALAMAK)
«Olary goldasaň, meni goldaýaň,
Maňa bolan söýgiň bolýandyr aýan.
Olar üçin etseň, meň üçin edýäň.
Diýmek, sen meni ýürekden söýýäň,
Şonuň üçin senden razy men örän».
(Şeýle-de Sül. tym. 19:17; Mat. 10:40—42; 2 Tim. 1:16, 17 serediň.)