148-nji aýdym
Ýeke-täk Ogluňy berdiň
Ýehowa, Atamyz,
Çekýärdik biz azap.
Ogluňy iberip,
Etdiň sen azat!
Indi biz her bir gün,
Ýaşarys seň üçin,
Aýdarys dünýäde,
Seň eden her işiň.
(GAÝTALAMAK)
Ýeke-täk Ogluňy,
Berdiň biziň üçin,
Şoň üçin joşup bu gün,
Aýdym aýdýas seniň üçin.
Özüňe çekýärsiň,
Söýgiň, mähriň bilen.
Mukaddes adyňy,
Söýýäs ýürekden.
Emma has-da uly,
Bir sowgat etdiň sen,
Ýeke-täk Ogluňy,
Iberip sen gökden.
(GAÝTALAMAK)
Ýeke-täk Ogluňy,
Berdiň biziň üçin,
Şoň üçin joşup bu gün,
Aýdym aýdýas seniň üçin.
(SOŇKY SETIRLER)
Eý eziz Atamyz, kabul et dogamyz,
Minnetdar ýalňyz Ogluňy bereniň üçin.
(Şeýle-de Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:9 serediň.)