151-nji aýdym
Hudaýyň ogullary aýan bolar
Bolar aýan örän tizden,
Saýlanan ogullar.
Olar gökde Isa bilen,
Hökümdar bolarlar.
(GAÝTALAMAK)
Saýlananlar aýan bolar,
Gökde Isa bilen.
Sylagyny alyp olar,
Ýeňşe ýeter tizden.
Eşder tizden saýlananlar,
Surnaýyň sesini.
Patşalaň patşasy Isa,
Ýygnar ählisini.
(GAÝTALAMAK)
Saýlananlar aýan bolar,
Gökde Isa bilen.
Sylagyny alyp olar,
Ýeňşe ýeter tizden.
(GEÇIŞ)
Mesih hem ruhy ogullar,
Ederler söweşi.
Soň bolar Guzynyň toýy,
Göklerde ebedi.
(GAÝTALAMAK)
Saýlananlar aýan bolar,
Gökde Isa bilen.
Sylagyny alyp olar,
Ýeňşe ýeter tizden.
(Şeýle-de Dan. 2:34, 35; 1 Kor. 15:51, 52; 1 Sel. 4:15—17 serediň.)