153-nji aýdym
Wagyz etmegiň täsiri
Gör, nähili gowy,
Bersek ýaşaýyş suwy.
Ömrüň bolýar manyly,
Aýdyp hoş habary.
Çeksek biz zähmeti,
Göreris bol rehneti.
Hudaý saýlar päkleri,
Görüp ýürekleri.
(GAÝTALAMAK)
Joşýar ýürek, bolýarys şat,
Jandan-tenden edip hyzmat.
Goý, Hudaýyň Beýik ady,
Şöhratlansyn baky.
Gör, nähili gowy,
Tapsak ruhy syrkawy.
Gözlesek duşar hökman,
Galmaz bizde arman.
Kimsi bizden gaçýar,
Kimler arany açýar.
Saklap bilmez hiç bir zat,
Gorky hem bize ýat.
(GAÝTALAMAK)
Joşýar ýürek, bolýarys şat,
Jandan-tenden edip hyzmat.
Goý, Hudaýyň Beýik ady,
Şöhratlansyn baky.
Gör, nähili gowy,
Hudaý berýär goldawy.
Ýehowa etmek hyzmat,
Biziň üçin hormat.
Begenýäs ýürekden,
Gürleşip mähir bilen.
Wagyz edeliň goýman,
Ol bolmaz her zaman.
(GAÝTALAMAK)
Joşýar ýürek, bolýarys şat,
Jandan-tenden edip hyzmat.
Goý, Hudaýyň Beýik ady,
Şöhratlansyn baky.
(Şeýle-de Res. iş. 13:48; 1 Sel. 2:4; 1 Tim. 1:11.)