Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 10 sah. 28—sah. 29 abz. 7
  • Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň çagalygy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýaş Isa ybadathanada
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa hemişe gulak asýardy
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 10 sah. 28—sah. 29 abz. 7
12 ýaşly Isa ybadathanadaky ýehudy mugallymlara sorag berýär

10-NJY BAP

Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär

LUKA 2:40—52

  • ON IKI ÝAŞLY ISA MUGALLYMLARA SORAG BERÝÄR

  • ISA ÝEHOWA «ATAM» DIÝÝÄR

Bahar aýlarydy. Ýusup hemişekisi ýaly, maşgalasyny alyp, dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär. Olar Kanuna görä, her ýyl Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime barýardylar (Kanun taglymaty 16:16). Nazaretden Iýerusalima gitmek üçin takmynan 120 km ýol geçmelidi. Her kim ýola höwes bilen taýýarlyk görýärdi. Isa 12 ýaşlaryndady, ol baýramçylyga we ybadathana ýene-de baryp biljekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

Isa we onuň maşgalasy üçin Pasha diňe bir günlük baýramçylyk däldi. Pasha baýramyndan soň ýedi gün dowam edýän Petir baýramy başlaýardy (Markus 14:1). Şol günlere Pasha döwri diýilýär. Nazaretden Iýerusalime baryp, yzyňa dolanmak üçin iki hepde wagt gerek bolýardy. Emma şu gezek Isa bilen bolan waka zerarly syýahat has uzaga çekýär. Bu waka olar Iýerusalimden öýüne gaýdyp gelýärkäler bolýar.

ŞATLYKLY SYÝAHAT

Isa we onuň maşgalasy ybadathana gaýdýarlar

Ýylda üç sapar Iýerusalime gidip, baýramçylyklary bellemek hemmeler üçin şatlykly wakady (Kanun taglymaty 16:15). Isa Iýerusalime gidende, dürli ýerleri görýärdi, olaryň geografiýasyny öwrenýärdi we Hudaýa sežde etmek üçin başga ýerden gelen adamlar bilen tanyşýardy. Gör, nähili ýatdan çykmajak syýahat bolandyr!

Ýusup bilen Merýem, olaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, hemmesi bile demirgazyga tarap öýüne barýardylar. Olar Isa ýanlarynda gelýän adamlaryň arasyndadyr öýdýärler. Emma gije düşlänlerinde, Isanyň ýokdugyny görýärler. Ony näçe gözleseler-de, tapyp bilmeýärler. Şonuň üçin Ýusup bilen Merýem yzyna Iýerusalime gaýdyp, ony şol ýerde gözläp başlaýarlar.

Olar Isany iki günläp gözleýärler, emma tapyp bilmeýärler. Ahyry, üçünji gün diýlende, olar ogluny ybadathanadaky uly otaglaryň birinden tapýarlar. Isa ýehudy mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňleýärdi we sorag berýärdi. Olar bolsa Isanyň düşünjesine haýran galýardylar.

Isa we onuň maşgalasy ybadathana gaýdýarlar

Şonda Merýem: «Oglum, sen näme üçin bizi alada goýduň? Kakaň ikimiziň seni gözlemedik ýerimiz galmady?» diýýär (Luka 2:48).

Isa ata-enesiniň onuň nirededigini bilmeýändigine geň galyp: «Siz näme üçin meni gözlediňiz? Eýsem, meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýýär (Luka 2:49).

Soňra olaryň hemmesi bile Nazarete dolanýarlar. Isa öňküsi ýaly Ýusup bilen Merýemiň tabynlygynda galýar. Ol ulalyp, kemala gelýärdi we akyldarlykda barha artýardy. Isa ýaşlygyna garamazdan, hem Hudaýyň, hem adamlaryň razylygyny gazanýar. Hawa, Isa çagalygyndan diňe bir ruhy taýdan däl-de, eýsem, ata-enesine hormat goýup, gowy görelde galdyrdy.

  • Isa her ýyl bahar aýlary maşgalasy bilen nirä gidýärdi we näme üçin?

  • Isa 12 ýaşyndaka, Ýusup bilen Merýem Iýerusalimden gaýdyp gelýärkäler näme bolýar we Isany nireden tapýarlar?

  • Isa ýaşlara nähili görelde galdyrdy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş