Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 20 sah. 54—sah. 55 abz. 8
  • Isanyň Kana şäherinde görkezen ikinji gudraty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň Kana şäherinde görkezen ikinji gudraty
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň görkezen ilkinji gudraty
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Mesih pygamberligi berjaý etdi
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • A7-Ç Isa pygamberiň ömri — Isa Jelilede wagyz edýär (1-nji bölüm)
    Mukaddes Kitap
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 20 sah. 54—sah. 55 abz. 8
Emeldar Isadan ogluny sagaltmagyny soraýar

20-NJI BAP

Isanyň Kana şäherinde görkezen ikinji gudraty

MARKUS 1:14, 15; LUKA 4:14, 15; ÝAHÝA 4:43—54

  • ISA «HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ GOLAÝLANDYGY» HAKDA WAGYZ EDÝÄR

  • EMELDARYŇ OGLUNYŇ SAGALYŞY

Isa Samariýada iki gün bolup, soňra önüp-ösen ýerine Jelilä gaýdýar. Ol Ýahudada wagyz işini uly möçberde alyp barsa-da, Jelilä dynç almaga gaýtmaýar. Gaýtam, ol bu ýerde has-da köp wagyz edip başlaýar. Emma Isa adamlar gowy seslener öýtmeýärdi, sebäbi «pygamber dogduk mekanynda hormatlanýan däldir» (Ýahýa 4:44). Şägirtleri Isanyň ýanynda galmagyň deregine, öýlerine gaýdyp, öňki işleri bilen gümra bolýarlar.

Isa näme hakda wagyz edýärdi? Onuň habary: «Bellenilen wagt geldi, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba edip, hoş habara iman ediň» diýen sözlerden ybaratdy (Markus 1:15). Adamlar muňa nähili seslenýärler? Jeliläniň ýaşaýjylarynyň aglabasy Isa hormat goýup, ony gowy garşy alýarlar, ýöne muny Isanyň aýdýan habary üçin däl-de, görkezen gudratlary üçin edýärler. Sebäbi olaryň käbiri birnäçe aý mundan öň Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime baranlarynda, onuň eden gudratlaryny görüpdiler (Ýahýa 2:23).

Isa gullugyna Jeliläniň Kana şäherinde başlaýar. Bu ýerde ol suwy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezipdi. Isa ikinji sapar gelende, bir oglanyň ölüm ýassygynda ýatandygyny eşidýär. Ol Hirodes (Antipas) patyşanyň emeldarynyň ogludy. Ýadyňyza düşýän bolsa, Hirodes patyşa suwa çümdürýän Ýahýanyň başyny aldyrypdy. Onuň emeldary Isanyň Ýahudadan Kana gelendigini eşidende, ýörite onuň ýanyna Kapernaumdan gelýär. Isany tapanda, ol: «Halypam, çagam ölmänkä tizräk geleberi» diýip ýalbarýar (Ýahýa 4:49).

Isa oňa: «Bar, gidiber; ogluň sagaldy» diýýär. Ol adam Isanyň aýdan sözlerine juda geň galan bolmaly (Ýahýa 4:50). Muňa garamazdan, ol Isa ynanyp, öýüne gaýdýar. Ýolda barýarka, hyzmatkärleri öňünden çykyp, oňa hoş habary buşlaýarlar. Hawa, oglanjyk gutulypdyr! Ol oglunyň nädip we haçan sagalandygyny soraýar.

Olar: «Düýn onuň gyzgyny gaýdanda, sagat ýedi töweregidi» diýip jogap berýärler (Ýahýa 4:52).

Isa oňa öýüňe gidiber ogluň sagaldy diýýär

Şonda emeldar munuň Isanyň: «Ogluň sagaldy» diýip aýdan wagtynda bolandygyny bilýär. Şondan soň ençeme hyzmatkäri bolan bu baý adam tutuş öý-içerisi bilen Mesihiň şägirdi bolýar.

Isa Kana şäherinde iki gudrat görkezýär, ýagny suwy şeraba öwürýär we syrkaw oglanjygy gözi bilen görmese-de, 25 km uzaklykdan sagaldýar. Elbetde, ol mundan başga-da gudratlary görkezýär. Emma Isanyň şu eden gudraty onuň Jelilä dolanyp gelendigini äşgär edýär. Bu onuň Hudaýyň iberen pygamberidigini subut edýärdi. Ýöne onuň: «Pygamber dogduk mekanynda hormatlanýan däldir» diýen sözleri ýerine ýetermi?

Bu Isa öýüne Nazarete dolananda aýan bolar. Ol ýerde Isa näme garaşýar?

  • Isa Jelilä dolananda näme hakda wagyz edip başlaýar we adamlar oňa nähili seslenýär?

  • Isa Kanada nähili gudrat görkezýär we bu nähili netije berýär?

  • Isanyň Kapernaumda ýatan syrkaw oglanjygy sagaltmagyna näme üçin täsin waka diýse bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş