Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 90 sah. 212—sah. 213 abz. 7
  • Isa — direliş we ýaşaýyş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa — direliş we ýaşaýyş
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • «Men... ynanýaryn»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Isa Lazary direldýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Men onuň... direljekdigini bilýärin»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Doganyň direler»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 90 sah. 212—sah. 213 abz. 7
Merýem Isany görende, onuň aýagyna ýykylyp, aglap başlaýar

90-NJY BAP

Isa — direliş we ýaşaýyş

ÝAHÝA 11:17—37

  • ISA LAZAR ÖLENDEN SOŇ GELÝÄR

  • «ADAMLARY DIRELDÝÄN WE OLARA ÝAŞAÝYŞ BERÝÄN MENDIRIN»

Isa Pereýadan gaýdyp, Iýerusalimiň gündogarynda 3 km uzaklykda ýerleşýän Betaniýa obasynyň golaýyna gelýär. Merýem bilen Marta dogany Lazaryň ölümine hasrat çekýärdi. Olara teselli bermäge köp adamlar gelipdi.

Merýem Isany görende, onuň aýagyna ýykylyp, aglap başlaýar

Biri Marta Isanyň gelendigini aýdýar, ol hem ony garşylamak üçin ylgap gidýär. Marta oňa: «Halypam, sen şu ýerde bolan bolsadyň, onda doganym ölmezdi» diýip, uýasy Merýem bilen dört günden bäri näme hakda pikir edýändigini aýdýar. Emma bu sözler Martanyň umydynyň ýokdugyny aňlatmaýardy. Ol: «Ýöne seniň Hudaýdan dilän zadyňy Onuň berjekdigine men häzir hem ynanýaryn» diýýär (Ýahýa 11:21, 22). Marta Isanyň kömek etjekdigini duýýardy.

Isa oňa: «Doganyň direler» diýýär. Marta bu sözleri eşidende, Isa gelejekde boljak direliş hakda aýdýandyr öýdýär. Şonda Ybraýym pygamber we başga-da ölen adamlar direler. Hawa, Marta gelejekde direlişiň boljakdygyna birjik-de şübhelenmeýärdi. Şonuň üçin ol: «Men onuň gelejekde direliş bolanda, direljekdigini bilýärin» diýýär (Ýahýa 11:23, 24).

Ýöne Isa häzir bir zatlar edip bilermikä? Ol Hudaýyň özüne ölüleri direltmäge ygtyýar berendigini Marta şeýle düşündirýär: «Maňa iman eden ölse-de, ýene ýaşar. Her bir ýaşaýan we maňa iman edýän adam gaýdyp hiç haçan ölmez» (Ýahýa 11:25, 26).

Isa muny aýtmak bilen, şägirtleriniň hiç haçan ölmejekdigini göz öňünde tutmady. Galyberse-de, resullara aýdyşy ýaly, onuň özi hem ölmelidi (Matta 16:21; 17:22, 23). Ol iman etsek, ebedi ýaşap biljekdigimizi göz öňünde tutdy. Hawa, gelejekde köp adamlar direler, emma soňky günlerde ýaşaýan Hudaýyň wepaly gullukçylary ölümi asla datmaz. Her niçik-de bolsa, Isa iman edýän adam ölüm ukusynda hemişelik ýatmaz.

Ýadyňyzda bolsa, Isa: «Adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin» diýipdi. Onda ol ölenine birnäçe gün bolan Lazara kömek edip bilermikä? Isa Martadan: «Sen muňa ynanýarmyň?» diýip soraýar. Ol hem: «Hawa, Halypam, men seniň Mesihdigiňe ynanýaryn. Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, sen Hudaýyň dünýä gelmeli Oglusyň» diýip jogap berýär. Marta Isanyň bir zatlar etjekdigini bilip, uýasy Merýemi çagyrmak üçin öýüne ylgap gidýär. Ol hiç kime bildirmän uýasyna: «Mugallym geldi, ol seni çagyrýar» diýýär (Ýahýa 11:25—28). Merýem hem dessine turup, Isanyň ýanyna gidýär. Adamlar ol Lazaryň mazaryna aglamaga gidendir öýdüp, onuň yzyna düşüp gaýdýarlar.

Merýem Isany görende, onuň aýagyna ýykylyp, aglap başlaýar. Ol: «Halypam, sen şu ýerde bolan bolsadyň, onda doganym ölmezdi» diýip, Martanyň aýdan sözlerini gaýtalaýar. Merýemiň we tutuş märekäniň aglaýanyny görüp, Isanyň ýüregi gyýylýar. Ol gaty tolgunyp, saklanyp bilmän aglaýar. Muny gören adamlar Isanyň Lazary gowy görendigine göz ýetirýärler. Käbiri bolsa: «Körüň gözüni açan adam, heý-de, Lazaryň ölüminiň öňüni alyp bilmezmidi?» diýişýärler (Ýahýa 11:32, 37).

  • Isa Betaniýanyň golaýyna gelende, obada nämeler bolýardy?

  • Marta direlişe näme üçin ynanýardy?

  • Isa Lazara kömek edip biljekdigini nädip görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş