Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 114 sah. 264—sah. 265 abz. 4
  • Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Isa pygamberiň gelmegi nämäni aňladýar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 114 sah. 264—sah. 265 abz. 4
Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

114-NJI BAP

Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar

MATTA 25:31—46

  • ISA GOÝUNLAR WE GEÇILER HAKDAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR

Isa ýaňyja Zeýtun dagynda on gyz we talantlar hakdaky mysallaryny gürrüň bermegini tamamlady. Ol resullaryň Mesihiň «gelmegi» we dünýäniň soňy baradaky soragyna jogap berende, sözüni jemlemek üçin goýunlar bilen geçiler baradaky iň soňky mysaly gürrüň berýär.

Başda Isa wakanyň nähili ýagdaýda bolup geçjekdigini suratlandyrýar. Ol: «Ynsan oglu-da ähli perişdeleri we uly ygtyýar bilen gelende, şöhratly tagtynda oturar» diýýär (Matta 25:31). Esasy orny tutýan adamyň Isadygyny bilmek kyn däl, sebäbi ol köplenç özüne «Ynsan ogly» diýýärdi (Matta 8:20; 9:6; 20:18, 28).

Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

Mysalda beýan edilýän waka haçan ýerine ýeter? Isa «ähli perişdeleri... bilen gelip, şöhratly tagtynda oturanda» ýerine ýeter. Ol öň «Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat» hem-de perişdeleri bilen geljekdigini aýdypdy. Bu haçan bolmaly? «Agyr muşakgatyň yzyýany» (Matta 24:29—31; Markus 13:26, 27; Luka 21:27). Hawa, mysalda gürrüň berilýän waka gelejekde, ýagny Isa öz şöhraty bilen gelende ýerine ýeter. Şonda ol näme eder?

Isa şeýle düşündirýär: «Ynsan ogly... gelende... ähli halklar onuň öňüne ýygnalar, şonda çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler. Ol goýunlary sag tarapynda, geçileri bolsa çep tarapynda goýar» (Matta 25:31—33).

Eýsem, goýunlara näme bolar? Isa: «Soňra Patyşa sagynda duranlara şeýle diýer: „Atamyň ýalkan adamlary, geliň, dünýäniň başlangyjyndan bäri siziň üçin taýýarlanylan Patyşalygy miras alyň“» diýýär (Matta 25:34). Goýunlara näme üçin şeýle bereket eçiler?

Patyşa muny şeýle düşündirýär: «Men açdym, naharladyňyz; suwsapdym, suw berdiňiz. Men ýolagçydym, myhman aldyňyz; geýere eşigim ýokdy, geýindirdiňiz. Syrkawdym, aladamy etdiňiz, tussaglykdadym, habarymy aldyňyz». Goýunlar, ýagny «dogry adamlar» Patyşadan haçan şeýle ýagşy işleri edendiklerini soranda, ol: «Iň kiçi doganlaryma eden zatlaryňyzy maňa etdigiňizdir» diýip jogap berýär (Matta 25:35, 36, 40, 46). Olar bu ýagşy işleri gökde etmeýärler, sebäbi ol ýerde keselçilik ýa-da açlyk bolmaýar. Diýmek, bu aýatlarda ýer ýüzünde Mesihiň doganlary üçin edilýän işler göz öňünde tutulýar.

Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

Eýsem, geçiler babatda näme diýse bolar? Isa: «Patyşa çep tarapyndakylara şeýle diýer: „Eý nälet siňenler, ýanymdan aýrylyň-da, Iblis we onuň perişdeleri üçin taýýarlanylan ebedi oda gidiň. Sebäbi men açdym, naharlamadyňyz; suwsapdym, suw bermediňiz. Ýolagçydym, myhman almadyňyz; geýere eşigim ýokdy, geýindirmediňiz; syrkawdym we tussaglykdadym, aladamy etmediňiz“» diýýär (Matta 25:41—43). Geçiler muňa mynasyp, sebäbi olar Mesihiň ýer ýüzündäki doganlaryna etmeli ýagşylykdan el çekýärler.

Resullar çykarylan hökümiň üýtgemejekdigine we onuň hemişelikdigine düşünýärdiler. Isa olara: «Ol (Patyşa) hem: „Size dogursyny aýdýaryn, iň kiçi doganlaryma etmedik zatlaryňyzy maňa-da etmedigiňizdir“ diýip jogap berer. Bular ebedilik kesilip taşlanar, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» diýýär (Matta 25:45, 46).

Isanyň resullaryna beren jogaby ähli şägirtlere oýlanmaga we garaýyşlaryny hem-de edýän işlerini barlamaga kömek edýär.

  • Isanyň goýunlar we geçiler mysalyndaky «Patyşa» kimi aňladýar we ondaky waka haçan ýerine ýetmelidi?

  • Goýunlar nädip Isanyň razylygyny gazanar?

  • Näme üçin käbir adamlar geçilere çykarylan höküme sezewar bolar we gelejekde goýunlar bilen geçilere näme garaşýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş