Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 136 sah. 308—sah. 309 abz. 10
  • Jelile deňziniň kenarynda

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Jelile deňziniň kenarynda
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa ýene şägirtlere görünýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol gorkusy we şübhesi bilen göreşdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol synaglarda wepaly galdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 136 sah. 308—sah. 309 abz. 10
Isa Petrus bilen görüşýär

136-NJY BAP

Jelile deňziniň kenarynda

ÝAHÝA 21:1—25

  • ISA JELILE DEŇZINIŇ KENARYNDA GÖRÜNÝÄR

  • PETRUS WE BEÝLEKILER HUDAÝYŇ SÜRÜSINI BAKMALY

Isa resullary bilen geçiren iň soňky gijesi: «Men direlenimden soňra, sizden öňürti Jelilä bararyn» diýipdi (Matta 26:32; 28:7, 10). Ine-de, şägirtleriň köpüsi şol ýere barýar. Ýöne olar Jelilede näme etmelidiler?

Şonda Petrus ýanyndaky alty resula: «Men balyk tutmaga barýaryn» diýýär. Olar: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýýärler (Ýahýa 21:3). Olar tutuş gije bir balygam tutup bilmeýärler. Jahanyň ýüzi ýagtylyberende, Isa kenarda peýda bolýar. Emma resullar ony tanamaýarlar. Ol: «Balalarym, siziň iýere zadyňyz barmy?» diýip soraýar. Olar: «Ýok!» diýip jogap berýärler. Şonda Isa: «Tory alyň-da, gaýygyň sag tarapyna taşlaň, şonda tutarsyňyz» diýýär (Ýahýa 21:5, 6). Olar şeýle bir köp balyk tutýarlar welin, hatda tory-da çekip bilmeýärler.

Şonda Ýahýa Petrusa: «Ol Halypamyz!» diýýär (Ýahýa 21:7). Petrus muny eşidenden, balyk tutan wagty çykaran eşigini geýip, deňze bökýär-de, kenara tarap ýüzýär. Aralyk ýüz metre golaýdy. Galanlary bolsa balykdan doly tory yzlaryna süýräp, ýuwaşlyk bilen gaýykda ýüzüp barýarlar.

Kenara ýetende, olar «oduň üstünde bişip duran balygy we ýanynda duran çöregi görýärler». Isa: «Tutan balygyňyzdan biraz getiriň» diýýär. Petrus 153 sany uly balykdan doly tory çekip, kenara çykarýar! Isa olara: «Geliň, ertirlik ediniň» diýýär. Olaryň hiç biri: «Sen kim bolarsyň?» diýip, soramaýar. Sebäbi hemmesi onuň Isadygyny bilýärdi (Ýahýa 21:9—12). Bu şägirtleriniň topar bolup ýygnanyşanlarynda, Isanyň olara üçünji gezek görnüşidi.

Isa olaryň her haýsyna iýmäge çörek bilen balyk berýär. Soňra ol, belki-de, tutulan balyklary görkezip: «Eý Ýahýanyň ogly Simun, sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýip soraýar. Petrus Isanyň tabşyrýan işini ileri tutarmy ýa-da balykçylygy? Ol: «Hawa, Halypam, seni juda söýýändigimi özüň bilýärsiň» diýip jogap berýär. Şonda Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýýär (Ýahýa 21:15).

Isa ikinji sapar: «Eý Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýärmiň?» diýip soraýar. Petrus, megerem, Isanyň näme diýjek bolýanyna düşünmän: «Hawa, Halypam, seni juda söýýändigimi özüň bilýärsiň» diýip, ynamly jogap berýär. Isa ýene-de: «Guzularymy bak» diýýär (Ýahýa 21:16).

Soňra Isa üçünji gezek: «Eý Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýärmiň?» diýip soraýar. Petrusyň pikiriçe, Isa onuň wepalylygyna şübhelenýän bolmaly. Şonuň üçin ol: «Halypam, sen ähli zady bilýärsiň; seni juda gowy görýändigimi hem bilýärsiň» diýip, nygtap aýdýar. Isa-da Petrusyň etmeli işini nygtap: «Guzularymy otlat» diýýär (Ýahýa 21:17). Hawa, jogapkär doganlar Hudaýyň sürüsine gelýän adamlaryň aladasyny etmeli.

Isa Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirendigi üçin, ony jezalandyryp öldürdiler. Häzir bolsa ol Petrusa-da gelejekde şeýle ölümiň garaşýandygyny aýdýar. Isa oňa: «Sen ýaşkaň, özüň geýnip, islän ýeriňe gidýärdiň. Ýöne garran çagyňda, sen eliňi uzadarsyň, seni başga biri geýindirer we islemeýän ýeriňe alyp gider» diýýär. Emma soňra: «Yzyma eýermegiňi dowam et» diýip, ony höweslendirýär (Ýahýa 21:18, 19).

Petrus Ýahýany görende, Isadan: «Halypam, bu hakda näme aýdarsyň?» diýip soraýar. Dogrudan-da, Isanyň gowy görýän resulynyň gelejegi nähili bolarka? Isa Petrusa: «Eger men gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, bu näme üçin seni biynjalyk edýär?» diýýär (Ýahýa 21:21—23). Petrus başgalara garaman, özi Isanyň yzyna eýermelidi. Muňa garamazdan, Isa resullaryň içinde Ýahýanyň iň köp ýaşajakdygyny we onuň Patyşalykda Isanyň gelşi hakdaky görnüşi görjekdigini aýdýar.

Elbetde, Isa başga-da köp işleri etdi. Olary hatda ençeme kitaplar hem sygdyryp bilmez.

  • Resullaryň Jelilede näme etjegini bilmeýändikleri nämeden görünýär?

  • Resullar Jelile deňziniň kenarynda oturan Isany nädip tanaýarlar?

  • Isa jogapkär doganlaryň etmeli işini nädip nygtaýar?

  • Isa Petrusa nähili ölümiň garaşýandygyny nädip görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş