Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy sah. 317
  • Isanyň göreldesine eýermek üçin...

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň göreldesine eýermek üçin...
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy sah. 317
Isa syrkaw adama duýgudaşlyk bildirýär

Isanyň göreldesine eýermek üçin...

DUÝGUDAŞ BOLUŇ

Isa kämildi, şol sebäpli oňa adamlary biynjalyk edýän zatlar mahsus däldi. Muňa garamazdan, ol adamlaryň ýagdaýyna gaty gowy düşünýärdi we olara duýgudaşlyk bildirýärdi. Ol adamlara kömek etmek üçin elinde baryny edýärdi, hatda ynsan üçin mümkin bolmadyk zatlary-da etmäge taýyndy. Hawa, onuň duýgudaşlygy adamlara kömek etmäge höweslendirýärdi. Bu hakda oýlanmak üçin 32, 37, 57 we 99-njy baplary okap bilersiňiz.

ELÝETERLI BOLUŇ

Dürli ýaşdaky adamlar — garry bolsun, ýaş bolsun, Isanyň ýanyna çekinmän baryp bilýärdiler. Sebäbi ol özüni başgalardan beýik hasaplamaýardy ýa-da işli edip görkezmeýärdi. Ol adamlar bilen içgin gyzyklanýardy, şonuň üçin hem olar özlerini Isanyň ýanynda arkaýyn duýýardylar. Bu babatda 25, 27 we 95-nji baplarda gürrüň berilýär.

ELMYDAMA DOGA-DILEGDE BOLUŇ

Isa elmydama Atasyna ýüzlenip, ýürekden doga edýärdi. Ol muny ýeke özi we başga-da wepaly gullukçylary bilen bile edýärdi. Isa diňe bir nahar iýende däl, eýsem, başga wagty hem doga-dilegde bolýardy. Doga edende, ol Atasyna minnetdarlyk bildirýärdi, ony şöhratlandyrýardy we wajyp karara gelmeli bolanda, ondan görkezme soraýardy. Bu hakda 24, 34, 91, 122 we 123-nji baplardan bilse bolar.

DIŇE ÖZ ALADAŇYZY ETMÄŇ

Isa käte dynç almak islese-de, başgalara kömek etmek üçin özünden geçýärdi. Ol özüni ýeriň-gögüň diregidir öýdýän adamlardan düýpgöter tapawutlanýardy. Bu babatda hem ol nusga bolup durýar we biz onuň göreldesine eýerip bileris. Onuň bu häsiýetini öwrenmek üçin 19, 41 we 52-nji baplary okap bilersiňiz.

GEÇIRIMLI BOLUŇ

Isa geçirimli bolmak hakda öwran-öwran öwredýärdi. Ol bu häsiýetiň wajypdygyny şägirtlerini we beýleki adamlary bagyşlap görkezdi. 26, 40, 64, 85 we 131-nji baplary okasak, onuň şu häsiýeti hakda oýlanyp bileris.

YHLASLY BOLUŇ

Pygamberlige görä, ýehudylaryň köpüsi Mesihi kabul etmezler. Şeýle-de duşmanlary ony öldürmelidiler. Şu zatlary göz öňünde tutsak, Isa tagalla etmegiň peýdasy ýokdur diýip bilerdi. Emma ol hakyky seždäniň tarapyny tutmak üçin jan edýärdi. Şeýdip, ol biperwaýlyga ýa-da garşylyga duş gelýän şägirtleri üçin ajaýyp görelde galdyrdy. Munuň üçin 16, 72 we 103-nji baplara serediň.

PESGÖWÜNLI BOLUŇ

Isanyň bilimde we akyldarlykda deňi-taýy ýokdy. Ol kämil bolany üçin beden we akyl taýdan daş-töweregindäki islendik adamdan ukyplydy. Muňa garamazdan, ol başgalara pesgöwünlilik bilen hyzmat etdi. 10, 62, 66, 94 we 116-njy baplarda bu hakda gaty gowy sapak berilýär.

SABYRLY BOLUŇ

Resullar we beýleki adamlar Isanyň göreldesine eýerip bilmedik ýa-da aýdanlaryny berjaý etmegi başarmadyk ýagdaýlarynda, ol hemişe sabyrly bolýardy. Olar Ýehowa bilen dostlaşyp biler ýaly, Isa käbir möhüm zatlary gaýtalamakdan ýadamaýardy. 74, 98, 118 we 135-nji baplary okap, Isanyň sabyrlylygy hakda oýlanyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş